00:43 Metjit çekişmesi | |
METJIT ÇEKIŞMESI
Publisistika
Gulakdan dolma - başgalardan eşitmek ýoly arkaly edinilen maglumat... Köplenç ýalan-ýaşryk, ýalñyş maglumat bolup çykýar. Hem bu boýunça birgiden syýasy analizler, degerlendirmeler, düşündirmeler berilýär... Häzir muny sosial mediýa ýerine ýetirýär: okamak, gözlemek öz ýerini gulakdan dolma sözlere berdi. Käbir konserwatiw syýasatçylar halkyñ arassa yslam ynanjyny saýlawlarda sese öwürmek üçin nijeme ýyl bäri dini syýasata "serişde" etdi, etmegine-de dowam edýär. Argument hökmünde öñe sürýän zatlary-da hemişe gulakdan dolma maglumatlar... Bular ýaly esassyz, düýpsüz sözleriñ merkezinde yslamyñ gadym mekany jamiler (metjitler) gelýär! Geçen gün Erdogan "Gezide jamiler ýakyldy" diýdi. Ondan öñem "jamide içgi içdiler" diýipdi. Ybadathanalaryñ syýasatyñ meselesi bolmagy täze däl. Kuranda "jami" sözi geçenok, "mesjit" bar. Özem mukaddes kitaba laýyklykda ybadat edilýän her bir ýer mabetdir (hram). Jami - arap dilinde "jem" sözünden gelip çykyp "jemleýän, bir ýere üýşürýän ýer" (şundan ugur alyp, "jemagat", "jemgyýet" sözlerine-de üns berip görüñ -t.b.) manysyny berýär. Ilkibaşda diñe jumga namazy okalýan uly mesjitlere aýdylýan “el-mesjidü'l-jami” sözi X asyrdan bäri gysgaldylyp "jami" diýildi... Metjit (jami) diñe ybadat etmek maksatly gurlan ýer bolman, eýsem, dini bilim we terbiýe berýän, kitaphana, harby we döwlet dolandyryşy üçin edara ediş maksatlary bilenem ulanyldy. Munuñ geñ galarlyk ýeri ýok, bütin ýer ýüzüni ybadat mekany saýýan yslam ýer bilen baglanyşykly toparlanyşmagy dini guramaçylygy, täze döwlet gurmagy we täze jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kemala getirmegi maksat edindi. • YMAM NIKASY Metjit babatda konserwatiw syýasy sferanyñ kellesi bulam-bujar. Hawa, hawa: Günbatarlylaşma meselesinde gödek beýanat beren bir syýasatçy ýene bir sözünde özi bilmezden metjit arhitekturasyna - haşamlylygyna öwgüli sözleri aýdyp bilýär! Meselem, "piwo içdiler" ýalanynyñ zol-zol tekrarlanýan "Dolmabahçedäki" "Bezmi Alem Walide Soltan" metjidi Nikogos Balýan tarapyndan 1853-nji ýylda barokko arhitekturasynda guruldy. Özem barokko stilli metjitleriñ sany diýseñ kän... Şu ýerde öñem ýazypdym: metjidiñ depesindäki gümmeziñ yslam bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ýeri bolýa, arhitektura temasyna girmäli... "Karagöz Hajiwat" kölege oýnunyñ osmanly döwründe metjitlerde-de oýnalandygyny häzir näçe adam bilýärkä? Meselem, Abdylhamyt II-niñ 1896-njy ýylda çykaran düzgünnamasy metjitde teatr oýunlarynyñ oýnalmagyna däl-de, käbir oýunlara senzura girizmäge gönükdirilipdi. Şeýle-de: Diýarbekiriñ Baş metjidinde 1902-nji ýylda teatr oýny gidip durka diwara "teatr - mynapyklaryñ pişesi" ýazgysyny ýazanlaryñ ele salynmagy üç derñew işi açyldy. Özem aýyplanýanyñ nägileligi metjitde oýnuñ oýnalmagyna däl-de, "pereñ äheñli" teatrady! Osmanlyda metjitlerde manzara (peýzaž) suratlarynyñ asylandygyny bilýärsiñizmi? Metjitde ymama nika gyýdyrmagy respublika garşy rewanş almak saýýanlar bir zady bilenok; ymamyñ nika gyýmagyny Mahmyt II gadagan etdi. Bular ýaly mysallaryñ sany bar, sajagy ýok. Şindi-şindilerem jañ sesinden biynjalyk bolýanlar bar. Muny-da dünýewilik bilen baglanyşdyryp, garşy çykylýar. Ýogsam bolmasa buthanalaryñ jañ kakma gadagançylygyny osmanly ýatyrypdy. Metjitlere daşary ýurtly zyýaratçylaryñ girme gadagançylygyny-da osmanly ýatyrypdy... Sanasañ sogany bar... Adamlar okanok, eşden zatlaryny-da çyndyr öýdýärler. Sözümi jemlär bolsam: • ÖZ DÜŞÜNMEK ISLEÝÄNIÑI DUÝMAK Metjit gurşawynda turýan syýasy çekişmeler hemişe respublikamyzyñ gurlan ilkinji ýyllaryny nyşanalaýar. Mysal üçin: Hamala yslam ýa-da osmanly taryhynda görlüp-eşdilmedik, bolmadyk zat ýaly respublika döwründe mehmetjiklerimiziñ (esgerlerimiziñ) metjitleri "basyp alandygy" ençeme ýyllap gara propaganda maksatly ulanylýar. Ýogsam bolmasa metjitler harby maksatlar üçin hemişe-de ulanylyp gelnipdi... Munuñam üstesine Ikinji jahan urşy döwründe goşun bölümlerine gerekli däne ammarynyñ käbir metjitlere ýerleşdirilmegi "Inönü metjitleri agyla öwürdi" sözi bilen düşündirilip, ýurtda dowamly sarsgynly akym döredilýär... Anadolynyñ basylyp alynan döwründe duşmanyñ ýüzlerçe metjidi ýakyp-ýykandygy, weýran edendigi nädip bilnenok? Eýsem: Ykdysady taýdan şeýle kynçylykly döwürde respublikan häkimiýetiñ näçe metjidi abatlandygyny bilenoklarmyka? Mysal üçin 1923-1929-njy ýyllarda metjit abatlama işleri üçin bölünip berlen pullar býužetiñ 0,5%-ni düzdi. Näçe metjide ymam bellenendigini bilenoklarmyka? 1929-njy ýylda 6 müñ 97 sany aýlykly dini işgär bardy. Osmanly döwründe obalarda, posýoloklarda metjit bolandyr öýdýäñizmi? Ýogsam bolmasa şu günki gün Türkiýede metjidi bolmadyk ýekeje obany tapmarsyñyz! Iki ýüz ýyl öñ Osmanlyda 1.600 oba bir metjit düşen bolsa, indi Türkiýede her 500 adama bir metjit düşýär diýen ýaly! Geçen asyryñ ýigriminji ýyllarynda... Respublika "Ymam hatyp" mekdeplerini açan, ylahyýet fakultetini açan, Kuran kurslaryny açypdy. Emma, nämemiş, "dünýewilik dinsizlikmiş!" Näme ýazanymda-da, käbirleri barybir öz düşünmek isleýän zadyny duýýar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |