20:28 Milisioneriñ maslahaty / monolog | |
MILISIONERIÑ MASLAHATY
Satiriki hekaýalar
Soñky döwürde jenaýatyñ artmagy bilen bize, ýagny milisionerlere hak-u-nähak igenýänler köpeldi. "Milise işlänok, düzgün-tertibe seredenok, aýagyñy uzyn salyp öýüñde arkaýyn ýatyp bolanok, şu bolýan jenaýatlarda olaryñ özüniñem eli barmykan öýdýän" diýen ýaly bor-bolgusyz subutsyz deliller bilen bize gara sürtjek bolýarlar. Pyrryldagyñyz başa barmaz. Bu gürrüñleriñ bary biderek. Hawa, bary biderek, ýoldaşlar! Näme, biz ogry-jümrülere meçew berýändir öýdýäñizmi?! Ýa olaryñ elinden tutup "bar, ogurla" diýýändir öýdýäñizmi?! Gödek ýalñyşýarsyñyz, ýoldaşlar. Olar özleriniñ etjek işlerini biz bilen geñeşenoklar. Ogrulañ şolar ýaly nejis häsiýetleri bar. Şonuñ üçin hem biz olary berk ýazgarýarys, näletleýäris. Häzirki döwürde näme etjek bolsañ, aýdyp edibermeli ahyryn, ähli zada ýol berilýär. Ýurdumyzda demokratiýa gülläp ösýär. Hawa, demokratiýa! Aç-açanlyk! Şama-şaýyrdylyk! Wiý, neme, alternatiw! Kooperatiw!.. Aý, garaz, towugyña tok diýýän ýok. Häzir hemme ýerde üýtgedip gurmaklyk giñ gerim bilen ýaýbañlanýar. Iñ bärkisi ogrular hem bu babatda dek oturanoklar, köp çäreleri durmuşa geçirýärler. Häzir dogryñy aýdylýan döwür. Her hili ajy hem bolsa boýun almak gerek, ogrularyñ gazanýan netijeleri biziñkiden has galarak. Biz arifmetiki progres bilen össek, olar geometrik progres bilen plan-borçnamalaryny 117 prosent ýerine ýetirýärler, a biz bolsak, men-ä aýtmaga-da utanýan. Hawa, öñki durgunlyk ýyllary bolanda, onda olary göçme Gyzyl baýdakdyr pul baýraklary bilen hem sylaglap bolardy. Ýurtda ogrulyk-jümürligiñ şeýle pajarlap ösmegine diñe biz - milisionerler günäkär däl. Ýok, biz özümizde jinnek ýalyjak hem müýn duýamzok, ýoldaşlar. Onsoñam biz ot bolanymyzda niräni ýakaly?! Hä? Bu işde köpçüligiñ, halkyñ, mahlasy, siziñ hemmäñiziñ hemaýatyñyz goldawyñyz gerek. Düşnüklimi?! Käbir gepe düşmez berebekgeýler aýny bolmasa "Siz şo zatlar üçin hak alýañyz" diýen bolýarlar. Hamala diýersiñ, özleri mugt işleýän ýaly. Siz näme, onda, bolçulyk döredeñizok, hä? Magazinler tañkyraşyp ýatyr, suw çaýkalan ýaly. Dörediñ-dä döredýän bolsañyz, bolçulugy. Agzyñyzda aş gatyklap ýörmäñ-de. Size ili tankytla diýseñ, bar başarýan zadyñyz şodur. Gerek zadyñ tapylyp dursa, baran ýeriñden alyp durmaly bolsa, onda ogrularam beýdip iliñ malyna tiñkesini dikip ýörmezdiler ahwetin. Ýa men ýalñyş aýdýanmy?! Ah-ow, doganlar, sizem şo zatlar üçin hak alýañyz-a. Diñe ili kötekläp ýörmäñ-de, özüñize-de bir göz aýlañ. Tijeniñ, gardaşlar, tijeniñ! Hä-ä, öz üstüñizden düşübersem asyl halamarsyñyz. Näme, size haky artdyryp ýazyñ, gözboýagçylyk ediñ, ýa bolmasa brak önümleri öndüriñ diýip berýälermi? Näme, dymýañyz? Tankyt ajymy-süýji? Dadyp görüñ! Meni gürletmäñ, içim ýanyp durandyr, agzymdan çabyrap ýalyn çykýandyr. Geliñ, gowusy siz-ä bize zat diýmäñ, bizem siziñ adyñyzy tutmaly. Gürleşdikmi?! Ýene-de men özüñiz bilen deñ bolmaýyn, spesialist hökmünde degerlije maslahatlar bereýin. Eýsem, jenaýaty azaltmak üçin näme etmeli?! Birinjiden-ä, işe gideniñizde öýde adam galmaýan bolsa, gymmat bahalyja zatlaryñyzy ýanyñyz bilen alyp gidiñ. Gepiñ tümmek ýeri, goşuñyzy arkañyza dañyñ. Goý ogrular butlaryna kakyp ät galsynlar. Ýene-de bir berjek maslahatym işigiñiziñ gulpuny köpeldiñ. Has gowusy, gapyñyzyñ iç ýüzünde ýarak it dañyp goýuñ. Goý, ol gapy açylan badyna ogrularyñ boýnundan aslyşsyn. Itden azajyk añyrrakda bolsa gapan gurup goýmaklygy maslahat berýäris. Has ygtybarly serişdäniñ biri hem arakdyr. Hawa, hawa, geñirgenmäñ, gürrüñ içilýän arak hakda barýar. Özem ýasama arak däl, käbir magazinlerdäki ýaly, hakyky arak bolsun. 40 graduslyk. Ine, şolaryñ iki-üç çüýşesini göze görnüo duranrak ýerde goýsañyz, ogrularyñ jany bolmaz, göni şoña topularlar. Araga bir agzy degen ogry bolsa çüýşäñ düýbüni görmän başga işe ýapyşmaz. Netijede, olar pýan bolup duran ýerlerinde dükgererler. Ynha, işden gelseñiz taýýar tutulgyja ogry ýatandyr, size garaşyp. Onsoñ bizi howlukmañ-da çagyryberiñ, olaryñ gitjek ýeri ýokdur. Umuman, ýoldaşlar, "Hudaýa-da ynanmaly welin, eşejigiñizem berk duşamaly". Meniñ aýtjak bolýan zadym, milisiýa-da ynanyñ, ýöne zadyñyza berkräjik bolaweriñ, adamlar! Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |