MIRASA SARPA
Ýagmyryň ady diňe bir onunjy synpda däl, tutuş mekdepde dilden düşürilmän gelýärdi. Onuň bu täsin tapyndysy hakynda etrap merkezinde, hatda welaýat derejesinde-de gyzyklanýanlar köpeldi.
Bu şeýle bolupdy. Günlerde bir gün Begmyrat aga agtyklaryny daşyna üýşürip, ertekä çalymdaş gyzykly gürrüňler edip berdi. Gürrüňiniň soňuny bolsa obanyň çetinde ýerleşýän köne gala syrykdyrdy. “Kiçijik mahalymyzda eşiden gürrüňimizde köne galada äpet bir ajdarha ýüz ýyllyklardan bäri giden bir kitaply sandygy saklap otyrmyş diýlerdi. Bu rowaýatyň toslamadygyna tiz düşündik. Obanyň ilersinde, iki deräniň çatrygynda ýerleşen bu galanyň orta asyrlara degişlidigi alymlar tarapyndan anyklanyldy. Bu gadymy galada ilkinji gezek baryp mundan elli ýyl ozal merkezden gelen arheologlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirildi, soňam telim gezek dörüp, agtaryp gitdiler. Okuwçylaryň kömegi bilen ol ýerden tapylan küýze, kepgir ýaly birentek ownuk-uşak zatlarymyzy hem ylmy taýdan öwrenmek üçin gerek diýip öz ýanlary bilen alyp gitdiler” diýdi.
Babasynyň beren bu gürrüňleri agtygy Ýagmyra aýratyn täsir etdi. Şol günden başlabam özüniň boş wagtlaryny bu täsin, içi syrly galanyň töwereginde geçirdi. O ýerik gitmäge bahana-da tapyldy. Okuwdan soň sürüden galan toklularyny hem şol ýere sürerdi. Onsoň toklular-a gök otdan mazaly garynlaryny doýrardy, Ýagmyr bolsa bu ýerden monjukdyr nagyşly küýzäň bölejiklerini, her hili şaý pullaryny-teňňejikleri ýygnardy.
Oglunyň köne galada köw-söw edip ýörenligini aýdanlarynda, öňi bilen ejesi Mamyş ýeňňä bu gürrüňler ýaramady. Ol şol günüň özi ogly bilen gürleşdi.
- Kakyn-silkin bardyr öýdüp gorkaňok. Ýaş başyňa seniň o ýerlerde aýlanyp ýörmegiň gowy däl oglum. Sensizem ol ýeri köwlüp-köwlüp, eleme-deşik edilipdir. Elli ýyl bäri ol ýeriniň barlanma kemi galan däldir. Näme tapanam bolsalar barysyny özleri bilen äkidipdirler. Şodur-da şodur, gaýdyp bu galany unutdylar balam.
- Eje, men ol ýerlere ýöne aýlanýan. Onsoňam nämüçindigini bilemok, bu ýerde bolan bir mahallarky ýaşaýyş meni gyzyklandyrýar.
- Oglum, sen heniz ýaş, ösmeli, ulalmaly. Hiç bolmanda, kakaň ýaly taryh ugrundan bir bilim almaly. Belki, şondan soň bu galany düýpli öwrenmäge wagtyň bolar.
- Kakamyň mekdepdäki muzeýi garyp eje. Frontdan gelen suratlar, hatlar, dürli döwürlere degişli şaýlyk pullar, suw küýzeleri, ýüňden dokalan aýal joraby, horjun, torba, düýe we at arabalarynyň tekerleri, donlar, däne döwülýän gadymy sokular, misden ýasalan gadymy kündük –ine, bar bolany. Ýurt Baştutanymyz hem “Obanyň öz hakyda hem-de ýazuw taryhy bolmalydyr. Her kimiň öz ýaşaýan obasynyň taryhyny öwrenmegi zerurdyr” diýýär. Şonuň üçin men näme tapsam, üýşüripjik kakamyň muzeýine tabşyryn.
– Akylyňa döneýin balam. Haýp, adamlaryň köpüsi seniň ýaly öz ýaşaýan obasynyň taryhy bilen gyzyklanyp durmaýar.
Şu gürrüňden soň oňa ejesem garşy bolup durmady. Şunlukda, Ýagmyryň uzak ýyllap bu galadan tapan dürli döwürlere degişli ululy-kiçili gadymy şaö pullary ýygnanyp, bir sandyk boldy. Bir günem ol synpdaş dostlary bilen ony göterip mekdebe äkitdi. Kakasy hem ony rejeleşdirip, Ýagmyryň adyny, getiren wagtyny görkezip, muzeýiň görnükli ýerinde goýdy.
Şol günlerde hem mekdebe barlagçylar geldi. Olar muzeýe-de baryp gördüler. Olaryň biriniň Ýagmyryň muzeýe tabşyran teňňelerine, gadymy şaý pullaryna göz düşdi, olary esli synlap durdy, sesini welin çykarman gitdi.
Bu wakadan sähel wagt geçip-geçmänkä-de oba arhelog-professorlaryň birnäçesi geldi. Olar barlagçynyň ýöriteläp iberen adamlary bolup çykdy. Göni muzeýiň salgysyny alyp geldiler.Ýagmyryň tapyndylarynyň köne galany täzeden öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatynyň barlygy sebäpli olaryň taryh-etnografiýa institutyna tabşyrylmagynyň zerurlygy, diňe şondan soň olary taryh muzeýine tabşyrmaly diýen karara geldiler. Munuň üçin Ýagmyry instututa çagyryp, taryha goşan şahsy goşandy, görkezen göreldesi üçin ony gymmat bahaly sylaglar bilen sylagladylar...
Ine, bir günem orta mekdebi oňat bahalar bilen tamamlan Ýagmyr mekdebi tamamlan birentek ýaşlar ýaly “Haýsy ýokary okuw mekdebine girsemkäm!” diýip ikirjiňlenip oturmady, ol höwes bildiren arheologiýa-etnografiýa hünärini saýlap aldy. Ýagmyr gadymy halklaryň medeniýetini, durmuşyny öwrenmekde taryhy ýadygärlikleriň, ýazgylaryň aýratyn ähmiýetiniň barlygyna, munuň üçin köpräk gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegine oňat düşünýär. Şonuň üçin hem ol şu käre ömrüni bagyş etmek isledi. Onda şeýle höwesiň döremegine mirasa goýan çuňňur sarpasy sebäp boldy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty