19:50 Mongollara rahmet okadan osmanly paşasy: Guýujy Myrat legendasy | |
MONGOLLARA RAHMET OKADAN OSMANLY PAŞASY: GUÝUJY MYRAT LEGENDASY
Taryhy makalalar
Osmanlynyñ iñ rehim-şepagatsyz paşasy Guýujy Myrat weziri-agzam (baş wezir) bolanda, Anadoly, Şam, Halap we töwerekleri gozgalañçylaryñ elindedi. Myrat paşa müñlerçe adamy gylyçdan geçirip, kellelerini-de guýulara atyp, Anadoly-da territorial bitewiligi we howpsuzlygy täzeden ýola goýupdy Osmanly döwletiniñ ady dürli hili gep-gürrüñler bilen doly paşalarynyñ başyny megerem Guýujy Myrat çekýän bolsa gerek. Guýujy Myrat paşanyñ haçan doglandygy belli däl: baş wezirlikde wagty "Men togsan ýaşan piri-panydyryn (ötegçidirin)" diýen sözlerine seredip, onuñ doglan ýyly boýunça käbir çaklamalary öñe sürüp bolýar. Ýaşynyñ mazaly ötüşendigine garamazdan, döwlet apparatynda ýokary wezipeleri eýeländigi üçin oña "Goja Myrat paşa" hem diýlipdir. Goja-Guýujy Myrat paşanyñ aradan çykan wagty bolsa 1611-nji ýylyñ 5-nji awgusty diýlip, çeşmelerde habar berilýär. Käbir çeşmelerde aslynyñ bosniýalydygy aýdylýanam bolsa, "hyrwadyýn-nesil we rumyýul-asyl" diýlişinden çen tutup, Horwatiýadan gelendigini çaklaýarlar. Ýanyçarlar merkezinde uruşda ýesir düşüp gelipdirmi ýa bolmasa adaty döwşürme sistemasynyñ düzgünleriniñ çäginde ýetişdirilenmi... bilýän ýok. Käbir çeşmelerde kakasynyñ adynyñ Abdyrahman diýip geçmegi, aslynyñ bosniýalydygyna ýorulýar. Guýujy Myrat paşa Köşk tälimini sipahi (pyýadalara serenjam berýän atly-ýaragly esger) çininde tamamlan Myrat paşa Müsüre ugradylýar. Ol bu ýerde kethudalyk wezipesinde işleýär we begzadalaryñ hormatyny gazanyp bilen işgär hökmünde tanalýar. Müsürden gelensoñ Stambulda Çerkez agalygy wezipesine bellenen paşa Ýemende ýüze çykan gozgalañlaryñ basylyp ýatyrylmagy üçin 1569-njy ýylda Sinan paşanyñ birliklerine goşulýar. Bir ýyldan soñ Müsüriñ haj emiri wezipesine bellenýär. Müsürde gazanan üstünlikleriniñ yzyndan Ýemen beglerbegi wezipesine bellenýär. Müsürde birnäçe wezipede işländen soñ az wagtlygam bolsa Trablus-Şam beglerbeglige bellenýär, emma wezipesine gelmänkä Stambulda tussag astyna alnyp, zyndana salynýar. Tussag edmeginiñ añyrsyndaky sebäp hökmünde bolsa, Emir Aly atly birini öldürip, baýlygyny öz hasabyna geçirmegi görkezilipdir. Myrat paşa ýöñkelýän aýyplary boýun almandyr. Ahyrynda Garahusar-Şarky sanjakbegligine (prowinsiýasyna) bellenmegi onuñ aklanandygyny görkezýär. Ferhat paşanyñ başlan Şark ýörişi Myrat paşa üçin öwrülişik sepgidi bolýar. Bu ýöriş bilen birlikde 1583-nji ýylda Garaman beglerbegi wezipesine bellenmegi ýyldyzynyñ täzeden ýalkym saçmagyna getiripdir. Myrat paşa heniz wezipesini kabul edip almanka Dulkadyr beglerbegligine bellenmegi ol hakyndaky gep-gürrüñleriñ dowam edendigini görkezýär. Ferhat paşa bilen gatnaşan uruşlaryndan soñ 1584-nji ýylda Myrat paşa Halap beglerbegligine bellenipdir. Türk-Eýran uruşlary Myrat paşa Eýran bilen 1585-nji ýylyñ 25-nji oktýabrynda bolan uly uruşda Osmanlynyñ ýeñilmegi bilen ýesir düşýär. Taryhyñ oýnuna seretseñizläñ, Guýujy Myrat paşa eýran goşunyndan gaçyp barýarka, büdräp suwly guýa düşmegi netijesinde ele düşýär. Myrat paşa ýesirligini şeýle gürrüñ beripdir: Ajamlylar bizi ýesir alanda, ýesirler Şa Ysmaýyla gowşurylýardy. Ol ýesirleriñ käbirini öldürmegini, käbirleriniñ serhet zastawalaryna, käbirleriniñ bolsa zyndana ugradylmagyny buýurýardy. Sarygym kellämden zyñlyp gidipdi we eşiklerim (beglerbegidigini görkezýän eşikleri) üstümde däldi. Diñlenme gezegim gelip ýetende: "Sen kim bolarsyñ, esger? Çiniñ näme?" diýip sorady. Men "Sipahi bolarmen, gapy garawullaryndan" diýip jogap berdim. Ol maña: "Ýalan sözlediñ, sen hanlar hany bolmaly (eýranlylarda paşalara, ýagny harby serkerdelere han diýlipdir)" diýdi. Ol meni geýen serwalimden (şalwar, ýagny don) tanady, çünki ol atlazdandy. Soñra maña görkezme berdi we adamlarym bilen bile zyndana ýollady. Men türmedekäm "eger halas bolsam, Haremeýni-Şerifefndäki" garyp-gasarlara on müñ altyn sadaka bererin" diýip, öz ýanymdan niýet etdim". Myrat paşanyñ ýesir düşen guýusy 1590-njy ýyla çenli ýesirlikde bolan Myrat paşa ýaraşyk şertnamasynyñ baglaşylmagy bilen Stambula gaýdyp gelmegi başarypdyr. Myrat paşa ýesirlikden soñ Kiprde (iki gezek), Trablus-Şamda, Diýarbekirde, Şamda, Rumelide beglerbegi wezipelerinde işläpdir we has soñra wezir wezipesine bellenipdir. Myrat paşanyñ syýasy karýerasyndaky iñ esasy üstünlikleriñ biri 1606-njy ýylda gol çekilen Žitwatorok şertnamasydyr. Paşanyñ bu üstünliginden soñ weziri-agzam wezipesiniñ gapysy açylypdyr. • Myrat paşa we jelaly gozgalañlary Jelaly gozgalañlary meşhur pitneçileriñ başyny çekýän Şeýh Jelalynyñ adyndan ruhlanyp, oba ýerlerinde dörän gozgalañlarynyñ umumylykda atlandyrylyşydyr. Bu gozgalañlar wagtal-wagtal yktykatlaýyn we häsiýetleýin ugra gönükse-de, köplenç ýagdaýda ykdysady krizislerden we döwlet dolandyryşynda bolýan adalatsyzlyklardan gözbaş alýardy. Guýujy Myrat paşa wezirlige bellenende iñ uly gozgalañy turzan jelalylaryñ başynda kürt taýpasyndan bolan Janbolatogly Aly bardy. Birnäçe begligi basyp alan Janbolatogly Aly osmanly agalygyna uly howp abandyrýardy. Myrat paşa 1607-nji ýylda Oruç düzlüginde ele salan Janbolatogly Alyny we onuñ 45 müñ adamlyk goşunyny paýhynlap, iñ uly jelaly gozgalañyny basyp ýatyrdy. • Jelaly gozgalañlary Ele salynan ýeke jelaly ýesir alynmady we kellelleri kesilip, guýa atyldy. Uruş meýdanyndan gaçyp sypmagy başaran Janbolatogly Aly täsin öwrüm edip, gizlinlik bilen Stambula geldi we soltana sygynyp, günäsiniñ geçilmegini sorady. Patyşa jelalylaryñ baş serdary Janbolatogly Alyny bagyşlap, Temeşwar beglerbegligine belledi. Myrat paşa jelaly awyny dowam etdiripdir we sebiti doly diýen ýaly arassalapdyr. "Topçular kätibiniñ taryhy" ("Topçular Kâtibi Tarihi") eserinee Myrat paşanyñ ýeñişleri şeýle setirler bilen beýan edilipdir: "Owal-a Üngürüsy feth etdi, Janpolatyñam kärin eýledi zar. Soñra Ibni Kalenderä ýöreýip, Anda-da kyldy kuwwatyn izhar. Şebi-ruz eýläris reja Hakdan, Tutulyp ol pelid ola berdar. Geldi bir gazy diýdi taryhyñ: Sydy ibn Kalenderi serdar". • Myrat paşanyñ guýujylygy Myrat paşanyñ adynyñ yzyna "Guýujy", (Kuýujy, ýagny Guýyçy, Guýyhon) lakamynyñ tirkelendigi barada iki çaklama öñe sürülýär: Bularyñ birinjisi - guýa büdräp ýykylmagy bilen eýranlylara ýesir düşmegi, ikinji sebäbi bolsa - (kürtlerden we aglaba bölegi türkmenlerden düzülen) kyrk müñe golaý jelalynyñ kellesini kesip gazdyran guýularyna, çukurlaryna doldurmagydy. Myrat paşa kelleleri diñe guýylara doldurmak bilenem çäklenmän, kesilen kellelerden diñleri galdyryp, halk köpçüliginiñ we jelalylaryñ ýüregine gorky salypdyr. Osmanly hukugynda jelalylaryñ raýat hasaplanmandygy, hatda musilman hem saýylmandygy sebäpli beýle wagşyýana gyrgynçylyk geñ görülmändir we ulamalardan garşylyk görmändir. Gaýtam şol döwrüñ çeşmeleriniñ aglaba böleginde Myrat paşadan öwgi bilen söz açylýar: "Köp wagt bäri ol bedroýlaryñ edenleri ugruna bolup, biloñurgalary ýazdyrylmandy we meýdany kär-zardan kowulmandy. Döwranlary dolanyp, il-halka gün berenokdylar. Bir sebäp tapyp serkeşlik ederdiler we düzgün-tertibe boýun egmezdiler. Emirleriñ, begleriñ aýdanlaryny diñlemezdiler. Edenleri ugruna bolup, gorky-ürki ýatlaryndan çykyp gidipdi. Oşol sebäpden olary gylyçdan gaýry zat bilen ýola salyp boljak däldi". ("Myrat paşanyñ wakalarynyñ beýany" / "Murad Paşa Vukû‘âtı Târîhi") "Ajaýyp asyr. Kösem" ("Muhteşem Yüzyıl: Kösem") teleserialynda Guýujy Myrat paşa / Jihan Ünal Peçewi jelalylaryñ toba etmedik "imansyz" adamlar bolandygy sebäpli Myrat paşanyñ gandöküşliklerini aklamaga synanyşýar: "Merhum Myrat paşa merdi-merdana we soltanlygyñ namysyny goramaga borçly adamdy. Bir gezek jelaly jelalylaryñ hataryna goşulan adamyñ imana gelmejekdigi, merdi-mülhit bolup toba etmejekdigi, ýeri gelende imanyna-da, yslamyna-da, tobasyna-da ynanyp we öldürmekden başga ýol bilen düzedip bolmajakdygy bellidi". Kätip Çelebiniñ pikiriçe, bu gyrgynçylyklar döwleti gaýtadan janlandyrypdyr: "Röwşen ýüzli weziriñ serdarlygynda ençeme müñ ilaty paýhynlamak we öldürmek arkaly dini-döwleti janlandyrypdylar". Solakzade Guýujy Myradyñ eden işlerini ýere-göge sygdyrmadyklaryñ biridir: "Sekbanlaryñ (serhetçi esgerleriñ) we hasaby bolmadyk zalymlar topbagynyñ reýisleriniñ käbirlerini syýasatyñ eli bilen iki eplä taşlady, kemal we şöhwetlerini basyp ýatyrdy. Serkerdeleriniñ we tabynlygyndakylaryñ ownukly-irili aglabasy gynama penjesi bilen bokurdagyndan asyldy. Parlak gylyjynyñ şuwwuldysy bilen osmanly ýurtlarynyñ sahifelerini (sahypalaryny, ýagny welaýatlaryny) jümlesinden päk eýlediler. Ot sowuran süleleri bilen synalarynyñ harmanyny ýakyp, zafar-peýjer yslam tuglarynyñ ýarymaýynyñ ýalkym saçmagyna sebäp boldular". "Naimada" hem ýazylanlary iñ soñky mysal hökmünde dykgatyñyza ýetireliñ. Munda aýdylanlara ynansañ, Guýujy Myradyñ mäkäm pozisiýasy bolmadyk bolanlygynda Anadoly diýen ýurtdan nam-nyşan galjak däl eken: "Eger bu jeñu-jeladetleri etmedik we döwletiñ goşunyny bu ýere çekmedik bolanlygynda Anadoly ýurtlarynda beýle diýar galmajakdygy mälimdi..." Osmanlynyñ iñ rehim-şepagatsyz paşasy Guýujy Myrat weziri-agzam (baş wezir) bolanda, Anadoly, Şam, Halap we töwerekleri gozgalañçylaryñ elindedi. Myrat paşa käbir çeşmelerde 80 müñ, käbirlerinde 40 müñ adamy gylyçdan geçirip, kellelerini-de guýulara atyp, Anadoly-da territorial bitewiligi we howpsuzlygy täzeden ýola goýupdy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Penşenbe 08.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |