17:08 Monton Janmyradow | |
MONTON JANMYRADOW
Taryhy şahslar
Belki-de, biziň bu ýazgymyz Monton Janmyradow hakda geçen kyrk ýylyň içinde ýazylan ilkinji makala bolsa gerek. Ol 1940-njy ýylyň 18-nji sentýabryndan 1942-nji ýylyň 28-nji iýulyna çenli TSSR Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolup işleýär. Baryp 1938-nji ýylda bolsa Ýazyjylar soýuzynyň çlenligine kabul edilýär. Birnäçe kitabyň awtory bolan bu adamyň köp ýyllaryň dowamynda edebiýat meýdanynda ne ady tutuldy, ne-de onuň döredijiligi öwrenildi. Onuň özi häzir biziň aramyzda ýok. Ol 1980-nji ýylda 71 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ýaşap ýörenliginde şu ýylyň güýzünde segsen ýaşy arka atmalydy. Has takygy, düşnükli bolar ýaly, söhbetimizi başdan başlalyň. 1909-njy ýylda Kakanyň Mahmaldepe obasynda dünýä inen Montonjyga ata-ene mährinden ganmak misser etmedi. Bir ýarym ýaşyndaka ejesinden, dokuz ýaşyndaka-da kakasyndan jyda düşen çaga ýetimçiligiň agyr günlerini başdan geçirýär. Ol 1923-nji ýyla çenli Çäçe obasynda ýaşaýan Sopy Mergen diýen adamyň öýünde bolýar, soňra Tejendäki çagalar öýüne tabşyrylýar. Aşgabatdaky rabfagy tamamlaýar. 1928-nji ýylyň oktýabrynda ol komsomolyň Tejen raýkomynyň birinji sekretarlygyna saýlanylýar. Komsomolyň Baýramaly raýkomynyň birinji sekretary, komsomolyň Kerki okrug komitetinde jogapkärli wezipede işleýär. Soňra M. Janmyradow «Ýaş kommunist» gazetinde bölüme müdirlik edýär. «Sowet Türkmenistany» gazetiniň Çärjew oblasty boýunça habarçysy, şol gazetiň medeniýet, edebiýat, we sungat bölümlerine müdir bolýar. «Sosialistik maldarçylyk ugrunda» atly gazetiň jogapkär redaktory, Ýazyjylar soýuzynda instruktor wezipelerinde işleýär. 1940-njy ýylda Türkmenistan ýazyjylarynyň ikinji gurultaýy bolup geçýär. Gurultaýa TK(b)P MK-nyň birinji sekretary M. M. Foniniň özi gatnaşýar Guramaçylyk plenumynda Monton Janmyradow soýuzyň başlyklygyna saýlanylýar. Ýöne ýyllar geçer. Hatda Monton Janmyradowyň SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çleni bolandygyna güwä geçmeli wagty mundan habarly adamlar sesini çykarman oňarlar. Ol muny subut etmek üçin arhiwden bir topar dokumentleri galdyrmaga, ony degişli guramalara ibermäge mejbur bolar. Gynançly ýeri, bu ýaşuly adamyň eden tagallasy hiç ýerde goldaw tapmaz. ... 1941-nji ýylyň 22-nji iýuny. Beýik Watançylyk urşunyň ilkinji günlerinde beýleki sowet şahyrlary ýaly, Monton Janmyradow hem öz şygyrlary bilen halky söweşe çagyrýardy. Ýeňşiň biziň tarapymyzdadygy hakda uly ynam bilen ýazýardy. Ýöne ol ýurtda mukaddes uruş dowam edýärkä, özüniň arkaýyn ýatyp bilmejekdigi dogrusynda hem pikir edýärdi. Özüniň fronta iberilmegini sorap, TK(b)P MK-nyň şol wagtky sekretary Şaja Batyrowyň ýanyna birnäçe gezek barýar. Emma Ş. Batyrow onuň ornunyň häzirlikçe şu ýerdedigini aýdýar. Ol her gezek sekretaryň ýanyndan lapykeç halda gaýdýardy. – Biziň onuň fronta gitjeginden habarymyz ýokdy. Kyrk ikinji ýylyň tomsunda ol meni iki ýaşlyja gyzym Altyn bilen Tejene ejemiň ýanyna iberdi. Obada birnäçe wagt bolduk. «Özüm idärin» diýensoň obada ýaşap ýörüs. Bararyn diýen wagtyndan ep-esli wagt geçdi. «Raýonlara gidendir-dä» diýip pikir edýän. Bir günem poçtalon hat getirip gitdi. Okap gördük. Montonyň haty. «Çagalary hor-zar etme. Men häzir Leninabatda. Komandirlik okuwynda okaýan» diýip ýazypdyr. Ine, şeýle boldy-da, janym–diýip, Monton aganyň ýanýoldaşy Ogulhally eje söhbetdeş bolanymyzda aýtdy. (Şondan soň Ogulhally söweş meýdanyndan ýazylan uçburç hatlary yzly-yzyna alar. Soňam hat gelmesi kesiler). – Bir günem onuň öldi habaryny aldyk. Başymyza kyýamat inen ýaly boldy. Açlyk belasam birýandan. Aý, garaz, eýdip-beýdip kyrkyny sowduk. Şo gün gyzjagazym Altyn ýanyma geldi-de: – Eje, aglap oturma – diýdi. – Kakam ölen däldir. Diridir. Ýöne men ölerin–diýdi. Çagaň edip oturan bu gürrüňine ör-gökden geldim. «Goý, muň ýaly gürrüň etme, aýyp bor» diýdim. Şondan geçse iki gün geçendir-dä. Köçede oýnap oturan Altyn maşynyň gelýänini görüp, gaçyp birýana sowuljak bolanda büdräp ýere ýazylyp gidýä. Özünden gidip ýatdy. «Waý, kaka jan, waý, eje jan» diýip, pahyrjyk özüne gelip bilmän jan berdi-dä. Şumadam çagaň şo bolup ýatyşy, «kaka jan» diýip, samraýşy göz öňümden gidenok. Birin-ä ine, şeýdip elimden giderdim. Ulujam Kakajanam kyrk sekizinji ýylda Aşgabatda ýer titrände aldyrdym. Ol Aşgabatda tehnikumyň sonky kursunda okaýady. Şol ýyl çagalaram alyp, Tejeniň Lenin adyndaky kolhozyna, ejemleňkä görme-görşe bardym. O ýerik baramyzdan soň ejemem Kakajany görüp gaýtjak diýip, bir haltany gawundan dolduryp, kolhozyň maşyny bilen Aşgabada gaýtdy. Bizem obada galdyk. Baran wagtam ýer titreýä. Ine, ejemem,oglumam beýdip elden giderdim... (Ogulhally şondan soň ýalňyz oguljygy Amandurdyjyk bilen obada galmaly bolar. Göwnüne bolmasa, Monton bir ýerlerden çykaýjak ýaly bolar durar. 1949-nji ýylyň fewralynyň aýazly günleriniň birinde bolsa inçe umyt bilen garaşylyp ýörlen şol adam öz maşgalasynyň bolýan öýüniň bosagasynda peýda bolar. Ogulhally telim ýyllap garaşyp ýören adamsyna gözi düşüp, düýşümmikä diýip oýlanar. Birhaýukdan özüne geler. Alty ýaşlyja oglanjyk bolsa nätanyş adama gözlerini balkyldadyp sereder durar. Çünki onuň öz kakasyny ilkinji gezek görşüdi. Şondan bir aýdan gowrak wagt geçensoň bolsa ony ýene-de yzyna–Sibire ibererler. Çünki şo ýyl ýurtda stalinçilik repressiýa möwjäp ugrapdy. Monton bilen Ogulhally ýene-de aýraçylygyň agyr hupbatyny başdan geçirmeli bolar). ... TSSR Ýazyjylar soýuzynyň başlygy Monton Janmyradow (ol şo döwürde «Sowet edebiýaty» žurnalyna hem redaktorlyk edýän eken) 1942-nji ýylyň iýulynda TK(b)P MK-nyň müdiriniň orunbasarynyň ýanynda bolup özüniň fronta gitjekdigini habar berýär. Soýuzyň apparatynyň işini Aleksandr Aborskä, žurnalyň işini bolsa Mäti Kösäýewe tabşyrýar. Ol ilki Leninabatdaky harby syýasy uçilişede tälim alýar. Şol ýylyň oktýabrynda hem Günbatar frontuň ştabynyň ygtyýaryna iberilýär. Bu ýerde oňa 216-njy atyjylyk diwiziýasynyň rota komandiriniň syýasy bölümi boýunça orunbasarlygyny ynanýarlar. 1943-nji ýylyň 1-nji martyndaky Žizdira derýajygyndan uzak bolmadyk ýerde bolan söweşde leýtenant M. Janmyradow çep golundan ýaralanýar. Gospitalda ýarasyny bejerdip çykansoň ol 326-njy atyjylyk diwiziýasynyň rota komandiriniň syýasy bölüminiň orunbasarlygyna bellenýär. 1943-nji ýylyň noýabrynda oňa starşiý leýtenant çini berilýär. 33-nji armiýanyň 42-nji Smolensk atyjylyk diwiziýasynyň 44-nji polkunda rota komandirlik edip, ençeme söweş operasiýalaryna ýolbaşçylyk edýär. 1943-nji ýylyň 26-njy dekabry. Lzoni stansiýasynyň golaýynda gazaply söweş gidýärdi. Onuň komandirlik edýän 8-nji rotasy ýokary komandowaniýäniň tabşyrygyny ýerine ýetirýär. Rota komandiri M. Janmyradow tabşyrygyň ýerine ýetirilendigi barada we özleriniň indiki söweş hereketleri dogrusyndaky buýruga garaşýandyklaryny habar berýär. Emma batalýon komandiri Donsowdan hiç hili görkezme alyp bilmeýär. Şo mahal hem nemesler rotanyň eýeleýän pozisiýasyny minomýot okuna tutup, tank bilen hüjüme geçmäge taýýarlyk görýärler. Soňky bolup geçen wakalar hakda rota komandiri, starşiý leýtenant Monton Janmyradow şeýle gürrüň beripdi. Muny men bolşy-bolşy ýaly okyjylara hödürleýän: «Sag tarapymyzda ýerleşýän rota komandiri bilen bilelikdäki söweş hereketlerimiz hakda gepleşdik. Emma çepimizdäki rotadan hiç hili jogap bolmansoň, wzwod komandirini öz ýerime goýup, aragatnaşykçyny hem aldym-da, olara tarap ugradym. Emma goňşy rotany nämüçindir öz ýerinden tapmadyk. Şo wagtam on bäş töweregi duşman soldaty ikimizi gabawa aldy. Biz azam bolsak söweşe girdik. Duşman soldatlarynyň birnäçesini öldürdik we ýaraladyk. Ýöne nemeslere bizi ele salmak başartdy. Ýesir alanlaryndan soň meni üç gezek ölüm meýdançasyna çykardylar. Ýöne üç gezegem oky üstaşyr atdylar. Soňky sapar atuwa çykaranlarynda meni beýik bir gorpuň gyrasynda duruzdylar. Soldatlar bolsa komandiriň buýrugyna garaşyp, ýaraglaryny maňa çenäp durlar. Watan şemalyndan soňky sapar dem alaýyn diýdim. Daş-töweregime nebsewürlik bilen nazarymy aýladym. Soň bolsa gorpdan aşak seretdim. Başym aýlanyp, gözüm garaňkyrap gitdi. Ölüm jülgesinde gyzyl gana boýalyp ýatan çagalaryň, aýallaryň, garry-juwanlaryň sany-sajagy ýokdy. Haramzadalar olaň üstüne gum süreýinem diýmändirler. Birdenem göz öňümde uzakda galan çagalam, dost-ýarlar janlanyp gitdi. Dünýäden şeýdep näbelli ötüp gidibermeli bormukam? Meni şagga der basdy. Ýok, men öz janymdan gorkmadym. Soňky deme çenli göreşmeli. Pursaty gelende-de günäkär däldigiňi subut etmeli. Özümi dürsedim-de, çilim soradym. Olar meniň öňümde «Ýaşasyň gelýän bolsa, bize gulluk et» diýip, şert goýup, ýene öňki heňňamlaryna tutdular. Uzak oýlardan soň öz ýanymdan ähli zady ölçerip-döküp, «Razylyk beren bolaýyn, soňam özümiziňkileriň arasyna dolanyp barmaga ilkinji mümkinçilikde özüm bilen bolan ähli wakany bolşy-bolşy ýaly edip gürrüň bererin» diýen karara geldim. Şondan soň nemesler menden: «Fransuz frontuna gitjekmi ýa-da şu ýerde galyp Sowet Goşunynyň tylynda işlejekmi?» diýip soradylar. Şu ýerde galmaga razylyk berenimden soň, olar meni Witebskä ugratdylar. 1943-nji ýylyň 26-njy dekabryndan 1944-nji ýylyň 9-njy martyna çenli Witebskide boldum. Ýöne men olara döwlet we harby syryň ýekejesini-de aýtmadym. Sorag edilen mahalymda hiç hili protokola gol çekmedim. Witebskide 2 aý 10 gün bolanymdan soň meni Sowet Goşunynyň tylyna tabşyryk bilen iberdiler. 9-njy mart güni sagat 9-da Lzoni stansiýasyndan bir ýarym kilometr uzaklykda samolýotdan paraşýut arkaly düşdüm. Ýere düşen badyma hem harby bölümiň gözlegine çykdym. Bölümiň komandirine bolan wakany doly gürrüň berdim hem-de oňa özümiň başga hiç ýerde bolmandygymy aýtdym... 1944-nji ýylyň 10-njy martyndan 16-njy mart aralygynda ol 33-nji armiýanyň ýanyndaky kontrrazwedkada saklanylýar. Sorag edilen döwürde bolan wakany jikme-jigi bilen gürrüň berýär. Şondan soň ol Moskwa ugradylýar. Aýratyn komissiýa tarapyndan ol bäş ýyllyk möhlet bilen azatlykdan mahrum edilýär we zähmet-düzediş lagerine iberilýär. Möhleti gutarandan soň ol 1949-njy ýylda Aşgabada dolanyp gelýär. Bir aý geçip-geçmänkä ýene-de Sibire sürgün edilýär. SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1953-nji ýylyň 27-nji martyndaky amnistiýa hakdaky ukazy bilen tussaglykdan boşadylyp, sud edilenligi aýrylýar. M. Janmyradow agyr guzaplardan soň 1955-nji ýylda Aşgabada gelýär. Respublikan halk döredijilik öýünde folklor boýunça konsultant bolup işe başlaýar. 1959-njy ýylyň 31-nji awgustynda Moskwa okrugynyň harby tribunalynyň karary bilen Monton Janmyradow doly aklanylýar. Ýöne muňa garamazdan, eserleri köp wagtlap çap edilmeýär. Özüniň partiýa hataryna dikeldilmegi barada ýokary guramalara birnäçe gezek ýüz tutýar. Emma netije bolmaýar. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenligine dikeldilmegini sorap ýazan hatlary-da guýa gaçana dönýär. Bir gezek men Monton aga bilen söhbetdeş bolanymda, onuň bir gürrüňi ýadymda galypdyr. – Inim, men dünýäde gowsunam gördüm, erbedinem. Bir-ä ýagşylyk, birem ýamanlyk ýatdan çykmaz eken. Ine, men saňa bir zat aýdaýyn. Sibirden gelip, çagalara eýelik etdim. Aşgabada göçüp geldim. Bir daşgynrak garyndaşymyň öýünde ýaşap ýörün. Pasportymy hasaba goýdurjak bolup köwşümi tozdurdym. Raýispolkomda bu ugurdan işleýän aýalyň asyl meni diňläsem gelenok. Sürgünden gelen adama garaýyş şeýleräkdir-dä. Ine, bir gün ýene lapykeç bolup, onuň kabinetinden çykyp gelýärkäm, zalyň ugrunda bir adam pete-pet geldi. Ol sakga durdy-da, ýüzüme bir çiňňerilip seretdi. «Sen Monton-a dälsin-dä?» diýdi. Menem «Bolup bilsek şoň özi» diýip, degşen boldum. Garsa gujaklady. «Ýör» diýip, goltugymdan tutup, kabinetine saldy. Görüp otursam, ol raýispolkomyň başlygy Töre Ataýew eken. Ozal men Baýramalyda komsomolyň birinji sekretary bolup işlän döwrümde, sekretarlygy şoňa tabşyryp gaýdypdym. Aradan köp ýyl geçse-de ol meni ýadyndan çykarman eken. Oňa başdan geçirenlerimi bolşy-bolşy ýaly aýtdym. Göwünlik berdi. «Hemme zat gowy bor» diýdi. Diýşi ýalam kömek etdi. Köp wagt geçmänkä, oň arkasyndan jaýlam bolduk. Men Monton agany ilkinji gezek, ýalňyşmasam, 1969-njy ýylda görüpdim. Ol şo döwürde halk döredijilik öýünde işleýärdi. Gysgajyk boýly, çepiksije bu ýaşuly işdeş ýoldaşlary bilen degişýärdi. Onuň bilen bile işleşýän ýaş kompozitor Baýram Hudaýnazarow oňa «Monton aga» diýip ýüzlenýärdi. Şonda Baýram maňa «Monton aga bir wagt Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolubam işläpdir» diýdi. Ýöne men dogrusyny aýtsam, ozal beýle ýazyjyň adyna gabat gelmämsoň, känbir üns bermändim. Ýöne soň seredip otursam. Monton Janmyradow otuzynjy ýyllarda respublikan metbugatyň sahypalarynda iň bir aktiw çykyş eden şahyrlaryň biri eken. Onuň dürli ýyllarda «Açylan göz», «Gülälek», «Üstünlik» atly kitaplary neşir edilipdir. «Sowet edebiýaty» žurnalynda bir topar hekaýalary, drama eserleri, powestleri çap edilipdir. Türkmen sowet edebiýatynyň irki döwürlerinde öz eserleri bilen, öz guramaçylyk işleri bilen goşandyny goşan Monton Janmyradowyň adyny biziň unutmaga hakymyz ýok. Çünki ol Oraz Täçnazarow, Hojanepes Çaryýew, Berdi Kerbabaýew, Hoja Şükürow, Nurmyrat Saryhanow, Ata Nyýazow, Şaly Kekilow ýaly onlarça ýazyjy-şahyrlar bilen deň hatarda edebiýatymyzyň ösmegi ugrunda tagalla baryny edipdi. Muny biz hakykatyň hatyrasy üçin aýtmaga borçly. Şonuň üçin hem onuň ady, ýazan eserleri edebiýat öwreniş ylmymyzda doly tutulsa ýagşy. P.S. 1988-nji ýylyň 20-nji awgustynda SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prezidiumy Monton Janmyradowyň SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenligine dikeldilýändigi hakda karar kabul edilenligine göni 50 ýyl dolupdy. Şol ýylyň 14-nji sentýabrynda bolsa SSKP MK-nyň Partiýa Kontrollygy Komissiýasy tarapyndan Monton Janmyradow partiýa hataryna dikeldildi. Şu ýyl bolsa onuň partiýa hataryna kabul edilenine ýarym asyr doldy. Ýöne weli bu zatlary görmek oňa miýesser etmedi. 1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |