19:45 Mowuz ata | |
MOWUZ ATA Gadymy Lebap topragy Amul-Horezm uly kerwen ýolunyñ ugrunda ýerleşensoñ, özünde gadymyýetden galan ençeme arheologik ýadygärlikleri özünde saklaýar. Olaryñ biri hem welaýatyñ Galkynyş (ozalky Dänew) etrabynyñ Göýnük obasynda ýerleşen Mowuz ata, Şeýdan baba ýaly zyýarat edilýän öwlüýälerdir. ■ Mowuz atanyñ taryhy Taryhy çeşmeleriñ habar bermegine görä bu arheologik ýadygärlik X asyryñ başynda, XI asyryñ aýaklarynda oguzlaryñ gür ilatly ýaşaýyş mekany bolupdyr. Bu ýerde X-XI asyrda türkmenler oturymly ilat bolup ýaşap, kowçum-kowçum obalary emele getiripdirler. ■ Mowuz ata gonamçylygy haçan döräpdir? Bu mukaddes ýeriñ häzirki wagtda uly gonamçylyk, öwlüýä bolup galmagynyñ esasy sebäbi bir wagtlar bu ýerde ýerli ilat bilen keseki basybalyjylaryñ arasynda aldym-berdimli ýowuz söweşler bolup geçipdir. Basybalyjylar Mowuz şäherini - ýagny, Oguz kendi zalymlyk bilen weýran edip, ýerli ýaşaýjylary uçdantutma gyrypdyrlar. Şäherde diri galanlar az bolup, olaram guma siñipdirler. Talanan şäheriñ meýdany soñra watan ugrunda şehit bolan oguzkentli ata-babalarymyzyñ ýatan uly gonamçylygyna öwrülipdir. ■ Mowuz atanyñ häzirki ýagdaýy Häzirki wagtda Mowuz ata arheologik ýadygärligi üsti mazarlar, guburlar we saganalar bilen doldurylan gonamçylyga öwrülen ýagdaýdadyr. Onuñ belentligi 8-9 metre, uzynlygy 90 metre, ini 50 metre barabardyr. Çeti bolsa tekizlige öwrülen depelikdir. Ol günortadan günbatar-demirgazyga tarap inedördül görnüşinde uzalyp gidýär. Ilkibaşda çapar duralgasy üçin gurulan bu ýer wagtyñ geçmegi bilen harby-goranyş maksatly uly berkitmä öwrülipdir. Şol wagtlar ol çig kerpiçden, birneme soñrak bişen kerpiçden üýtgedilip gurlan mähnet galyñ diwarlardan, giñ bassyrmalardan ybarat üsti ýapyk kerwensaraý görnüşindäki gala bolupdyr. Ol duşmanlar tarapyndan ençeme gezek weýran edilip, ençeme gezek gaýtadan dikeldilipdir. Pajygaly wakalar mahalynda gala ýaşaýjylary uçdantutma gyrlyp, şehit bolupdyrlar. Şonuñ üçin bu ýerde uly bolmadyk saganalaryñ, mazarlaryñ gadymy guburlaryñ sany bar, sajagy ýok... ■ Gonambaşysy - Oguz ata Göýnükli ýaşulylaryñ aýtmagyna görä, bu ýerde ilkinji gonambaşy hökmünde wepat bolan gahryman oguz serdary bolupdyr. "Mowuz ata Dänew raýonynda (Göýnükde) oturymly ýer, öwlüýä. Oña öwlüýäniñ ady dakylypdyr". ◇ ◇ ◇ Watan ugrunda wepat bolup Mowuz ata şehitliginde jaýlanan merdana ata-babalarymyzyñ eziz ruhy bizden şat bolsun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |