15:29 Mülhit / fantastiki horror | |
MÜLHIT
Mistika we fantastika
- Ýeri, Aşgabat ýaly ýerden jähennemgalanyñ bäri ýanyndaky gadymy harabaçylygy dörjelemäge gitdiñ, tañ etdiñ. Bir zatlar tapdyñmy onsoñ? Heý, içi doly altyn dinarly küýze dagy çolpyña ilmedimi? Aýalynyñ teýeneli gürrüñi Seýranyñ piñine-de däldi. Duzly suwa ýatyrylan azotly şilliñ hyýarlar ýaly bir aýagyny içi köpürjikli suwdan doly wannanyñ erñeginden sallap, uzaboýuna keýpihon hiñlenjiräp ýatyşyndan, ýene, gör, nirelere hyýallanýandygyny añmak kyn däldi. Ýöne aşhanada güýmenip ýören aýaly Laçynyñ aýdan täzeligi Seýranyñ etsem-petsemini düýbünden başga ugra gönükdirdi. - Gyýw, habaryñ barmy? Seýran äwmedi. Ýatan ýerinden bir çilim otlandy. Owurdyny tüsseden dolduryp, burnunyñ deşiklerinden zogduryp goýberdi. - Nämeden habarly bolmaly? Birhaýukdan soñ hammamyñ gapysyndan äñeden Laçyn habaryny aýtmaga howlukmady. Gaýtam äriniñ üstünden güldi. - Bolup ýatyşyna seret meýdiñ. Şü, zährimaryñam goýaýma hiç ýanyñdan. Hajathana gireñde iýip-içip oturmasañ razy indi men-ä. Seýran gutarañkyrlan çilimini iñ soñky gezek işdämenlik bilen sordy-da, püçegini hajathananyñ unitazyna pitikläp goýberdi. Püçek "jolp" edip suwly unitazyñ içine düşdi. Uludan bir ardynjyrady we aýalyna azgyryljak ýaly etdi. - Bol, näme aýtjak bolsañ, aýt-da otur. Ýogsamam, ýap gapyny daşyndan! - Neme, bi Garrygala bara-a... - Hawa? - Dag içinde Durdyhan diýip oba barmyşyn. - Bilýän. Onsoñ? - Ana, şol obada 154 ýaşly garry aýal barmyşyn. Tüýs saña gerekli adam. - Goýsana, dörtburçam bir ýylan bolarmy? Ýüz dört diý, ýüz on dört diý. Daşary ýurtlarda 100-110 ýaşan adamlar käýarym duş gelýä diýip eşidýädim. Ýöne 154 ýaşa ýeten bardyr öýdemok. Onda-da Türkmenistanda. - Bar, bar. Barmyşyn. Ynanmasañ sorap-idäp gör. Garryny görseñ-ä, taryha degişli birgiden zatlary öwrenip bilerdiñ. Seýran aýalynyñ aýdan täzeligine ynanjagyny-ynanmajagyny bilmedi. - Bäh, 1854-nji ýylda doglan bolaýýamy? Garrygala söweşinden bir ýyl öñ. Häzir bolsa 2008-nji ýyl, şeýle dälmi?.. Laçyn eýýäm gapyny daşyndan ýapyp aşhana ýönelensoñ, Seýranyñ soñky soragyna jogap beren bolmady. Seýran ertiriñ özünde 154 ýaşly garryny görmek we ondan geçmiş barada gyzyklanýan sowallaryna jogap tapmak islegi bilen ýene bir çilim otlandy... * * * Dañ bilen howul-hara ertirligini edinen Seýran Durdyhana tarap ýola düşermen boldy. Laçyn adamsynyñ jalbaryny ütükläp durşuna: - Seýran, ýol ýakyn diýip Arçmanyñ üstünden, dag ýolundan gidäýmegin. Asfaltsyz ýol, maşynyñy zaýalarsyñ. Uzagragam bolsa ýol ýagşy, Gyzylarbadyñ üstünden git. Özem ýolugra adam bolsa-da alyber, benzin puluñ bolar. - Özüm bilerin ony. Sen öz işiñi et. Äriniñ sözüniñ üstüne söz diýse, almytyny şobada alýan Laçyn gaýdyp dil ýarmady. Diñe gapydan çykjak bolanda "Sag gidip, aman gel" zordan pyşyrdady. 154 ýaşly garrynyny görmek höwesi bilen alñasaýan Seýran ýolda hiç kimi mündürmedi, gidende-de göni dag ýolundan sürdi. Awtolulagynyñ tizligini 100-150-den düşürmän gidensoñ, tegelek iki sagada Durdyhan obasyna ýetdi. Kiçijik oba. Obanyñ ortasyny Sumbar derýasy kesip geçýär. Derýanyñ her iki tarapynda dag daşyndan salnan 15-20 sany öý bar. Her ýyl birki sapar däli-porhan bolýan Sumbar joşan gezekleriniñ birinde obanyñ köprüsini alyp giden bolmaly. Obanyñ adamlary ikilenç köpri gurmaga gurplary çatmansoñ, adam geçer ýaly demir-dümür oklaşdyraýypdyrlar. Seýran başga edere işleri ýok ýaly ýoluñ gyrasynda ir bilen döwre gurap kart oýnap oturan ýaş oglanlardan idegläp gelen öýüni sorady. Garrynyñ öýi derýanyñ añyrky kenarynda eken. Seýran awtoulagyny bärki kenarda, kart oýnap oturan oglanlaryñ golaýragynda goýup, köprä tarap ýöredi. Ol köprüden geçip barýarka, derýanyñ hanasyna göz aýlady. "Häk, gözüñe döneýin, Sumbar... Adyñ Sumbar bolup galaýypdyr. Gurap neñeñ bolupsyñ. Birmahal garrygalaly oglanlar "Obanyñ uly köprüsinden dik başaşak suwa bökýädik, suwa düşýädik, adamyñ budy ýaly lakga balyklary tutýadyk" diýip öwünýärdiler. Indi-hä, her ýerde-her ýerde warryklaşyp ýören gurbagalaryñdan başga topugy ýapjak suwuñam galmandyr, ..." Seýran gözleýän salgysyna bardy. Giñ howluly jaý. Howluda restoranyñ ofisiantlary ýaly on-on bäş sany hyzmatçy ýaş oglan-gyz ikibaka çapydyklap ýör. Jaýyñ depesinde-de "154 ÝAŞLY GAHRYMAN ENÄ TAGZYM" diýen ullakan ýazgy bar. Seýran howludan ätländen, onuñ ýanyna hyzmatçylaryñ biri ylgap geldi. - Hoş geldiñiz, agam. Salawmaleýkim. Aýdybermeli?! - Waleýkimessalam, inibatyr. Men dogry geldimmi, 154 ýaşly daýza şu ýerde ýaşaýarmy? - Dogry geldiñ, agam. Edil özi. Gel, geç. - Garrynyñ özi barmy? Görüp, gürleşip bolýarmy? - Bolar agam, näme bolman - Hyzmatçy oglan çetdäki üsti çerepisa telärli gapyny görkezdi. - Şo gapa giriber. Seýran bärden baranda, hasasyna söýenip, beren soragyña jogap berip duran ak saçly garry aýaly görjekdi. Otagyñ ortarasyna ýazylan düşekde el-aýagyny serip, saçlary bireýýäm düşen, agzynda ýeke dişi galmadyk, agy bilen garasy gatyşan bulançak şully gözli we nämedir bir zatlary samrap ýatan garry mülhidi görende endamy jümşüldäp gitdi. "Aý, hawa-da, 154 ýaşasañ şundan gowy boljakmyñ diýsene. Şu ýaşa ýetişine haýran..." Otagyñ içinde-de hyzmatçy oglan-gyz az däl eken. Asyl, görüp otursa, hyzmat edip ýören oglan-gyzlaryñ barsy şu kempirden örñän nesiller bolsa näme. Garrynyñ hemme hajaty ýatan ýerinde bitýän bolmaly. Sebäbi, hyzmatçylaryñ biriniñ elinde käse, biriniñ elinde çemçe, ýene biriniñ elinde garşok bardy. Garrynyñ edil gapdalynda ýalañaç oglan çagajyk däbşenekläp ýatyrdy. Oglanjyk ýaşasa ýañy bir ýaşan bolmaly. Çaga birdenkä mydyr-mydyr edip ýatan garrynyñ ýüzüne bökdi. Çirkin gygyran garry ony ýüzünden aýyrjak bolup garabaşyna gaý boldy. Geñ göräýmeli, oña güýç-kuwwat nireden geldikä? Ýap-ýañam gollaryny ysgynsyz gymyldadyp ýatan garry, edil şumat eline düşäýseñ dagy, kim bolsañam bogup öldürjege meñzerýärdi. Seýran üçünji asyrynyñ bir gyrasyndan gädip ugran garrydan onuñ gören-eşiden, başdan geçiren zatlaryny soramakdan umydyny üzdi. Çünki onuñ ýüzüne ýapyşan çagajyk garrynyñ ýüzüniñ hamyna ýelimlenen ýaly boldy. Çaga göz açyp-ýumasy salymyñ içinde gaýyp boldy. Ýok, gaýyp bolmady öýdýän. Garry barha ulalyp barýan we bygyr-bygyr edip bir eýlä-bir beýlä süýnýän gorkunç ýüzüni dyrçanaklap, ýyrtaýjak-ýyrtaýjak bolýardy. Ýöne, hernäçe çytraşsa-da, hamynyñ içinde bökjekleýän çagany çykaryp zyñyp bilmedi. Gaýtam, garrynyñ tutuş göwresi onuñ häzirki gorkunç ýüzüniñ görnüşine öwrüldi duruberdi. Ortada kelemiñ ululygynda düýrügip ýatan bir tokga gyzylymtyk ete meñzeş närse emele geldi. Mundan artyk synlap durmaga Seýranyñ bogny ysmady. "Mysalañ gursun, ýaşyñam gursun, özüñem gura!" Ol ylgap daş çykan badyna "Näme hyzmat?" diýip ýanyna gelen hyzmatça diýýäñmem diýmän jyrmak bilen boldy. Seýran ýañky zat yzyndan kowalap gelýän ýaly awtoulagyna özüni oklady. Ol awtolulagyny işledensoñ, rula mañlaýyna diredi. Ugramanka aýalyna jañ etdi. Sögünip gahar-gazabyny gowzadasy geldi. Içiñi ýakaýyn diýen ýaly, Laçynyñam telefony öçük berdi. Añyrdan "Abonentiñ telefony öçürlendir ýa-da ol hyzmat ediş çäginden daşdadyr!" diýip eşdilen zenan sesine beterem myrryhy atlanan Seýran telefony gahar bilen awtoulagyñ yzky oturgyjyna zyñyp goýberdi. Telefonyñ bir janly zada degenini duýdy. "Beh, ýañky kart oýnap oturan bezzatlañ biri girip oturaýdymyka?" diýip içini gepleden Seýran "Ñä-ä-ää..." bolup ýañlanyp giden sese ýüregi ýarylara geldi. Ol ýalt edip yzyna bakanda, gören zadyna ynanasy gelmedi. Awtoulagyñ yzky oturgyjynda bir ýaşly çagajyk bilen garry mülhidiñ birikmeginden emele gelen närse onuñ üstüne bökmäge peýlenip durdy. Seýran mundan soñ hiç zady bilmedi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||