08:58 Mumyýa ýalmawuzlygynyñ depe saçyñy düýrükdirýän detallary... | |
MUMYÝA ÝALMAWUZLYGYNYÑ DEPE SAÇYÑY DÜÝRÜKDIRÝÄN DETALLARY: "ÝEWROPALYLAR 500 ÝYLLAP MUMYÝA IÝDI"
Geň-taňsy wakalar
Ýewropalylaryñ gadymy müsür mumyýalary bilen synagy täze makalanyñ gürrüñi boldy. (AFP) • "Ýewropa korollygy müsür patyşalygyny iýdi" Awstriýaly alym Markus Harmes "Ýewropa taryhynyñ iñ "telbeleç" işleriniñ biri bolan "mumyýa ýalmawuzlygynyñ" howpurgadyjy jikme-jikliklerini gürrüñ berdi. Kwinslend uniwersitetiniñ ynsanperwer ylymlary kafedrasynyñ dosenti Harmes "The Conversation" žurnalynda çykan makalasynda adamyñ jeset galyndylarynyñ em-ýom bolsun diýip iýilendigini we sargylaryñ güýmenje maksatly açylandygyny ýazdy. "Ilki hyýarjymakly mama keselinden (çuma keseli) kelle agyrysyna çenli her dürli keseli bejerip biljegine ynandylar" diýen Harmes, sözüne şeýle etdi: "Yzyndanam Wiktoriýa döwrüniñ halkynyñ kellesine nahardan soñky güýmenjesi bilen baglanyşykly gorkunç pikirler geldi". • Mumyýa iýme telbeligi Harmesiñ pikiriçe, mumyýalaryñ kesellere garşy em boljagyna bolan ynanç adamlary ýüzlerçe ýyllap tagamy berbat önümi iýmegine iterdi. Mumyýalanan bedenlerden edinilen bu önüme "Mumia" diýilýär. Bu, müsür guburlary gazylyp, Ýewropa getirilen mumyýa galyndylaryndan işlenen maddady. Halkyñ baý ýa-da garyp gatlaklaryndan köp sanly adam ýüzlerçe ýyllap bu maddany iýip gezdi. Harmes üwelip külke görnüşine getirilen mumyýalaryñ sarp edilişiniñ taryhyny gysgaça şu sözler bilen añlatdy: XII asyrda farmasewtler spiritual medisina aýratynlyklary üçin mumyýa külkelerini ulanýardylar. Mumyýalar soñky 500 ýylyñ dowamynda synagdan geçen "melhem" boldy. Alymyñ aýtmagyna görä, antibiotikleriñ bolmadyk şol döwründe lukmanlar kelleagyrydan çişleri azaltmak, mama keseli ýaly dürli kesellere garşy kelleçanaklary, süñkleri we eti üwäp geldiler. Ýöne uludan-kiçä hemmeler bu "dermanyñ" derdiñe dep bolýandygyna ynanyp duranokdy. Meselem korol maşgalasynyñ lukmany Guý de Lafonten mumyýanyñ peýdaly dermandygyna hemişe şübhelidi. 1564-nji ýylda Aleksandriýada oba daýhanlarynyñ ölülerinden ýasalan galp mumyýalary görüpdi we adamlaryñ aldawa düşüp biljekdigini añ edipdi. Aslynda, galplyk sebäpli adamlara hakyky antik müsür mumyýalary hemişe tapdyryp durýan zat däldi. Medisinada ulanyljak öli ete hemişe isleg uludy we hakyky müsürli mumyýalaryñ daşalyşy muña ýetenokdy. Farmasewtler we ösümliklerden derman ýasaýjylar XVIII asyra gelinende mumyýalardan ýasalan dermanlary paýlamaga dowam edýärdiler. • Ýewropa korollygy müsür patyşalygyny iýdi Beýleki bir tarapdan lukmanlar antik mumyýalaryñ iñ gowusydygy babatda bir pikire gelmändiler. Başgaça aýdanda, käbirleri täze etiñ we ganyñ birmahal ölüp gidenlerde bolmadyk janlylyga eýedigine ynanýardy. "Täze mumyýa" pikiri iñ asylzada gatlagy-da ynandyrdy. Angliýanyñ koroly Karl II epilepsiýa geçirenden soñ adamyñ kelleçanagyndan edilen dermanlary ulandy we 1909-njy ýyla çenli lukmanlar neýrologik ýagdaýlary bejermek üçin adam kelleçanaklaryndan peýdalandy. Hasam beteri lukmanlar bu mumyýalaryñ faraonlardan ýasalandygyny öñe sürýärdi. Bu bolsa tragikomiki ýagdaý döredipdi. Harmes bu ýagdaýy şu sözler bilen düşündirdi: "Korollyk we ýokary gatlakly aristokratlar üçin mumyýa iýmek korollyga mynasyp bejergi usuly ýaly bolup görülýärdi. Korollyk öz synpdaşy bolan patyşalygy iýýärdi." • Şamlyk, içgiler we güýmenje Harmes XIX asyra gelinende adamlaryñ eýýäm keselleri bejermek üçin mumyýa iýmegi bes edendiklerini aýdýar. Ýöne bulam indi mumyýalardan doly el çekilendigini añladanokdy. Bu gezek Wiktoriýa döwrüniñ adamlary Müsürden getirilen jesetleriñ "bukjalaryny" ýörite geçirilýän oturlyşyklarda üýşmeleñiñ şüweleñini artdyrmak maksady bilen açmaga başlapdy. Napoleonyñ 1798-nji ýylda Müsüre geçiren ilkinji ýörişi Ýewropanyñ gyzyklanmasyny oýandyrypdy. Şonuñ üçinem XIX asyrda Müsüre syýahat eden jahankeşdeler ol ýerde köçede satyn alynan mumyýalary Ýewropa getirmäge başlapdy. 1875-nji ýylda Müsürde köçäniñ ugrunda biri mumyýa satyp duran wagty. (Félix Bonfils / Wikimedia Commons) Harmes "Wiktoriýa döwrüniñ adamlary gadymy müsür mumyýalarynyñ galyndylaryny paýlaşmak üçin ýörite şüweleñleri gurnady" diýýär: Ilkibaşda mumyýalaryñ açylanda medisina taýdan az-owlagam bolsa sylag-hormatdan nyşan bardy. 1834-nji ýylda hirurg Tomas Pettigrew Korollygyñ Hirurglar kolležinde bir mumyýany açypdy. Onuñ döwründe sud-medisina ekspertizalary we operasiýalar halk köpçülügine açyk ýerlerde geçirilýärdi. Emma alymyñ aýtmagyna görä az wagtyñ içinde ýagdaý üýtgedi we medisina-barlag pikiri ortadan sumat boldy. Indi mumyýalar medisina gümralygyndan çykyp, güýmenje beriji pişä öwrüldi. • Mumyýanyñ lagnaty XX asyryñ başynda mumyýa açma şüweleñleri hem seýrekledi. Howpurgadyjy güýmenjäniñ döreden weýrançylygynyñ öwezini dolar ýaly däldi. Arheologik galyndylaryñ soñuna sogan ekilipdi. Yzysüre Tutanhamonyñ mazarynyñ açylmagy täze myş-myşyñ oduny tutaşdyrdy: Mumyýanyñ lagnaty. 1922-nji ýylda britaniýaly arheolog Goward Karter b.e.öñki 1323-nji ýylda Patyşalar jülgesinde 18 ýaşynda aradan çykan faraon Tutanhamonyñ mazarynyñ üstünden bardy. Emma açyşyñ dowamynda Karteriñ ýoldaşlarynyñ birnäçesiniñ duýdansyz ölmegi bu gezek ýewropalylaryñ arasynda mumyýalaryñ näletlenendigi baradaky ynanjy döretdi. Ylmy ekspedisiýanyñ maddy hemaýatkäri Lord Karnarwonyñ 1923-nji ýylda siñek sokup aradan çykmagy bu ynanjyñ döremeginiñ esasy sebäpleriniñ biridi. Goward Karter Tutanhamonyñ mazaryny açyp duranda ("The New York Times" gazefiniñ fotosurat arhiwi / Wikimedia Commons) Gazuw-agtaryş işi bilen baglanyşykly sensassiýa arhitektura ugurlaryna we populýar medeniýetine-de giñden täsirini ýetirdi. "Art Deco" stili çaltlyk bilen ýaýrady, şeýle-de, ýigriminji ýyllaryñ amerikan kinofilmleri müsür dekorasiýalary bilen bezeldi. Ahyrynda "Universal Studios" kinostudiýasy 1932-nji ýylda dünýä belli "Mumyýa" çeper filmlerine esas bolup hyzmat eden "The Mummy" kinofilmini kinomuşdaklaryñ dykgatyna ýetirdi. • Modern mumyýalar häzirem satylýar Biziñ günlerimizde mumyýalar bilen bir hatarda birgiden antiki eserleriñ bikanun ogurlygy dowam edip gelýär. Bikanun ogurlygyñ gara bazardaky gymmatynyñ 3 milliard dollara golaýdygy çaklanýar. "Hiç bir hakyky arheolog mumyýany açmaz we hiç bir hakyky lukman mumyýa iýmegi maslahat bermez" diýýän Harmes sözlerini şeýle jemleýär: "Emma mumyýalaryñ özüneçekijiligi hemişeki güýçlüliginde galýar. Bular häzirem satylýar, häzirem eksplutatirlenýär we häzirem meta (haryt)". Çeşmeler: Independent Türkçe, The Conversation, History Today, BBC Taýýarlan: Çagla ÜREN. 09.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |