12:20 Mustapa Kemal we Atatürk | |
MUSTAPA KEMAL WE ATATÜRK
Publisistika
Türk goşunynyñ 1683-nji ýylyñ 13-nji sentýabryndaky Wena yza çekilmesi iki ýüz otuz sekiz ýyldan soñ 1921-nji ýylyñ 13-nji sentýabrynda togtady. Şondan soñ öñe hüjüm etmek döwri başlady… Ýigrimi iki gije-gündiz dowam eden gandöküşikli söweşde ýeñiş gazanan baş serkerde Mustapa Kemal urşuñ ertesi gün eline bir kitap aldy: Žan-Žak Russonyñ biziñ günlerimizde "Jemgyýet şertnamasy" "("Mukawele-i İjtimaiýýe) eserini tekstleriniñ aşagynu çyzyp-çyzyp, sahypalaryna bellikler edip okamaga başlady. Käbir aşagyny çyzan setirlerine "möhüm" belligini etdi. Käbirlerine "ähmiýetli" belligini ýazdy. Ýagny... Baş serkerde Mustapa Kemal uruş döwründe bir ulusy-jemgyýeti-ynsany nähili kemala getirmelidigine kelle döwdi. Sözümiñ başyndaky maglumaty şu maksat bilen getirdim: Ýurdumuzda Atatürküñ intellektual ýüzi doly we dogry tanalýandyr öýdemok. Ýüzleý başlangyç mekdepleriñ derejesindäki maglumatlar bilen gahrymançylyk edebiýaty döredilip Atatürki tanatjak bolýarlar. Onuñ esasanam harby kişiligi öñe çykarylýar. Şol sebäpli mysal üçin, şeýle sowaly bersem: "Atatürk "güýçler bileleşiginiñ" tarapdarymydy, ýa-da "güýçler özbaşdaklygynyñ" tarapdary?" AKP-den başlap JHP-ä çenli "ýeke-täk prezidentlik" sistemasynyñ ûstünde jedelleşýän partiýalaryñ birisi-de muña dogry jogap berip biler öýdemok! Şuña ünsüñizi çekmek isleýärin: DÜÝP MESELE Atatürk "güýçler özbaşdaklygynyñ" esasyny orta atýan Monteskýeni okady: "Kanunlaryñ ruhy" ("Ruhü'l-Kawânin")… Kitabyñ diñe birküç setiriniñ aşagyny çyzdy, sahypalarynyñ gyrasyna hiç hili bellik ýazmady! Indiwidi öñe tutýan Monteskýe - erkinligiñ tarapdarydy. Jemgyýetçilik häkimiýetini öñe tutýan Russo bolsa deñligiñ tarapdarydy. Atatürk bu iki progressiw akyldardan Russonyñ pikirlerine has ýakyn durdy. (Käbirleriniñ Atatürk bilen birmeñzeş düşünje toparyna degişli edýän "jon türkleriñ" we "ittihatçylaryñ" agramly bölegi Monteskýeniñ tarapdarydy!) Atatürk näme üçin Russonyñ tarapdarydy? Dünýäde XIX asyryñ ýetmişinji ýyllaryndan başlap "liberal ykdysadyýet" durgunlyga we çöküşe uçrap, Birinji jahan urşunyñ turmagyna sebäp boldy. Populýar "liberal" (terakki) täsirini ýitirdi. Onuñ imperializme öwrülen ganly ýüzi orta çykdy. Günbatara şübheli göz bilen garap başladylar. Bütin bu zatlary aýyl-saýyl etmezden Atatürküñ neçüýn Russonyñ pikirlerini goldandygyna dogry düşünip bolarmy? Onuñ näme üçin döwletçi-halkçy, ýagny jemgyýetçi bolandygyna akyl ýetirip bolarmy? Indiwidçilik ornuny diñe Türkiýede däl, şol döwür bütin dünýäde jemgyýetçilige berdi. Häzirki wagt raýdaşlyk diýip tanalýan sosial adalatçy solidarizm hut şu zerurlykdan döredi. (Atatürk özem Şarl Žid, Şarl Rist ýaly ykdysadyýetde döwletiñ ýöretmeli işlerini teklip edýän solidarist ykdysatçylaryñ kitaplaryny-da şol döwür okapdy.) Atatürküñ milli agalyk düşünjesi görnüşe agram berýän garaýyşdan ybarat däldi - ilkinji wezipe Günbatara bolan ykdysady garaşlylygyñ-kapitulýasiýalaryñ soñuna çykmakdy. Toply-tüpeñli söweş meýdanynda üstün çykanyñ bilen hemme zadyñ çözüldigi däldi, "gizlin duşman" sizi söwda bilen ýeñýärdi. Ýagny... Doly garaşsyz antiimperialistik göreş alnyp barylmazdan urşy sözüñ doly manysynda gazanmak mümkin dälfi. XIX asyryñ 70-nji ýyllaryndan bäri Günbataryñ tümlüge tarap gönügenini gören Atatürküñ häzirki Ybraýym Kalyn ýaly häkimiýet wekilleri tarapyndan "günbatarçy" görkezilmäge synanşylmagy syýasy demagogik maksatlydyr. Günbatarçy Tanzimat bilen doly garaşsyzlyga esaslanýan respublika nädip bir göz bilen garap bolar? AKP beýlede dursun, hatda JHP-da hem käbirleriniñ Atatürküñ adyny agzasy gelenok! Näme üçin? ■ DUŞMANÇYLYK ETDILER XIX asyryñ ýetmişinji ýyllaryndan başlap başaýlanmalara we uly uruşlaryñ turmagyna sebäp bolan neoliberalizmiñ dünýäde we Türkiýede geçen asyryñ segseninji ýyllarynda gaýtadan garysyna galmagy bilen Atatürk duşmanlygynyñ ýurdumyza sepilmegi tötänlik däl. Günbatara goşulyşmagyñ tarapdary bolan Osmanlydaky Sakyzly Ohannes paşa, Portakal Mikael, Jawit beý ýaly birgiden gatyksyz liberallaryñ dowamyny geçen segseninji ýyllarda "täze kapitulýasiýaçy" Mehmet Altan, Asaf Sawaş Akat, Turgut Özal ýalylar eýeledi! Jemgyýetçilige duşmançylyk etdiler. Döwletçilige (etatizme), halkçylyga garşy gitdiler. Rewolýusionerligiñ içini boşatdylar. Dünýewiligiñ manysyny sylyp-süpürdiler. Milli bazaryny goramagy maksat edinýän nasionalizme "faşist" adyny dakdylar. Atatürke-kemalizme duşman boldular. Halkyñ hakydasyndan-kalbyndan birbada öçürip bilmejeklerini bilensoñlar, Atatürküñ belent mertebesini diñe "harby üstünlikleri bolan" Gazy Mustapa Kemala düşürdiler! Bu pyssy-pyjurlygyñ oýunçylary diñe liberallar däldi. Özüne garşy gönükdirlen oppozison hereketleri bölmegi maksat edinen neoliberalizm ýer ýüzüne milletparazçylykly-etniki syýasatlary galkan edindi. Türkiýede yslamçy hereketlere "12-nji sentýabr" agdarlyşygynda hut şu maksat bilen zat diýilmedi. "Ylymly yslam" proýekti şeýdip durmuşa geçirildi. Merkezi metbugatyñ öz eli bilen kürtçülik intellektual durmuşymyzyñ merkezine şu maksat bilen oturdyldy. Atatürk añ-düşünje durmuşyndan doly çykaryldy, gardroba gabaldy! Añ-düşünjäniñ hili pese gaçansoñ, Atatürk babatda zat bilmeýänler ýa-da az bilýänler ugruny üýtgetdi we ATATÜRK sözünden gaçyp başladylar. Ýogsam bolmasa... Beýik serkerde Mustapa Kemalyñ belent şahsyýetini doldurýan beýik rewolýusioner Atatürkdür. Bu ady biri-birinden goparsañyz neoliberalizmiñ duzagyna düşersiñiz, doly garaşsyzlygy goldaýan anti imperialist bolup bilmersiñiz. Eger şeýle bolýan bolsa, onda JHP-de nä körüñiz bar? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.09.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |