19:03 Myhman / hekaýa | |
MYHMAN
Hekaýalar
Ol ýol boýy boýnuny süýndürip, gözlerini elek-çelek edip gelşine, giň jahana nebsewürlik bilen nazar aýlaýardy. Bu ýerler onuň üçin diýseň täsindi. Ömründe görmedik zatlary—hatar-hatar tutlar, süri-süri sygyrlar, goýunlar...—bularyň bary oňa üýtgeşik görünýärdi. Ne trolleýbus bar, ne-de awtobus. Käwagt bir maşyn geçip gidýärdi. Inkubatordan bileje çykan ýoldaşlarynyň içinden aýratyn özüniň saýlanyp alnyp gaýdylandygyny ýatlanda bolsa, ol hoşwagt ýylgyrýardy. “Bolsa-da, köpüň içinden meniň owadan sesimi saýgaryp bilipdirler. Bu gum-gukluk ýerde meniňki ýaly şirin sesi diňläp, lezzet almagam nämä degmeýär ahyry. Adamlaň içi gysýandyr”. Obanyň içine ýakynlaşdyyklary saýy, ak horazyň geň galyjylygy barha güýçlenýärdi. Bu ýeriniň towuklary onuň gülküsini tutdurýardy. Ses-üýnlerini çykarman, çüňkleri bilen nämedir bir zatlar dörüşdirip ýören towukdyr horazlary synlap, ol iç gepletmesini dowam etdirdi. “Bi nä, gana boýalan ýaly, bularyň bary çym-gyzyl”. Perleriniň kä ýerleri ýaşylymtyl, kä ýerleri gögümtil-gyzyl öwsüp, tawus guşlary ýatladýan towuklary synladygyça, böwreginiň böküşi batlandy. “Bularyň samsykdygyny! Gyzyl-ýaşyl peri başyňyza urjakmy diýsene. Ýeri, şeýdip tüýsüňizi dürlüläniň bilen akylyň artýarmy?!” Soňra ol bir towuklara, birem öz keşbine nazar aýlap, buýsançly serini barha belent tutýardy. “Gör, men nähili akja. Şolar ýaly gyzyl-ala bolmanyma-da şükür edýän”. Adam ony birhaýukdan soň çaklaňja ketegiň içine goýberip gitdi. Baý-bow! Onuň düşüp ýören ýerini diýsene. Asyl, ol keşplerine myrryhy tutup gelýän towuklarynyň arasyna getirilen bolsa nätjek. “Şeýle boljagyny bilen bolsam, Adam bilen ömür gaýtjakmy diýsene! Arassaja şäherde hezil edip ýaýnar ýörerdim” diýip, ak horaz içini gepletdi. Seňrigini ýygryp, ketegiň içine ser saldy. Bolsa-da, ketegiň iç-ä arassady. Törde daýaw, gyzyl kekeç horaz alkymlaryny çişirip, heşerlenip otyr. “Seniň tumşujagyňa-da basym kakaryn. Bu al-ýaşyl mahluklara akja kethuda gowy gelşer” diýip göwün ýüwürtdi. Ganatlaryny kakyp, ketegiň içinde telim gezek eýläk-beýläk gezim etdi. Onuň töweregindäki towuklar bolsa, täsin myhmany haýran galmak bilen synlaýardylar. Esli dymyşlykdan soň gyzyl kekeç horaz ümsümligi bozdy. —Myhman, bagyşla welin, gelen ýeriňe ilki Taňry salamy berilýändir... Ol ýene nämedir bir zatlar diýjek boldy. Emma ak horaz onuň sözüni soňlatmady. Bir topar gyzyl-goňur ýelekli zatlaryň öz ýüzüne gelişlerini myhman özüne namys bildi. Ol çepiksizje göwresini çaýkap, kejirlik bilen dillendi: —O zatlar... siz üçin... beýle bir hökmanam dälmikä diýýän. Bolduňyz meň başyma medeniýetliler. Onuň jogaby obanyň sadaja towuklaryny ör-gökden getirdi. Obaly towuklar üşerilişip, gözlerini petretdiler. Olaryň özüni beýle geňleýişlerine ak horazyň bolmajysy bolýardy.Saryja çüňküni buýsanç bilen barha ýokaryk tutýardy. Şo halatam ýaşajyk towuklaryň biri çalasyn ýöräp geldi-de, ak horaza ganatlaryny uzatdy. —Be, munuň perleriniň täsinjedigini. Durşuna ap-akja. Ganatlaryna duýdansyz kakylmagy bolsa, obaly towugy serpmeden gaýdana dönderdi. —Ganatyňy ýakynlaşdyraýma. O hapa çapaklaryň bilen meniň akja perlerimi hapalaýsaň, gözüňde ot ýakdyryn. Eýäme aýdyp, seniň şu ketekden ýoguňa ýanaryn—diýip, şäherli horaz sesine bat berdi. Obaly towuklar ýaş towugy basym öz ýanlaryna çekdiler. Gün batar uçurlarydy. Birdenem ak horaz sen-men ýok, jüýjelikden saýlanmadyk sesine bat berip başlady: —Ü-ü-ü-ü-üýý... Adamlar! Gün eňek atyp başlady. Agşam şamyny taýýarlaň! Ü-ü-ü-ü-üýý... Onuň şaňňy sesi towuklaryň gulaklarynda ýaňlanyp, beýnilerini gazady. Ak horaz dem alman, sesini barha ýaňlandyrýardy. Ahyrsoňy gyzyl kekeç horaz çydam etmän dil ýardy: —Akja myhman, geliň düşünişeliň. Görýän welin, siz oba belet däl öýdýän. Bizde diňe daň agaranda gygyrmaly. Emma ak horaz ony diňlemegem islemeýärdi. —Eý, gyzyl sakgal, sakgalyň reňkini üýtgedäýmänkäm, lal bol. Senden zat soralanok! Maňa akyl bererçe, sen kim bolupsyň! Uzak ýeriňiz ketegiň dört diwary. Durmuşdan gaty yza galýaňyz. Men, indi şäheriň jümmüşinden—durmuşyň tüýs akgynly ýerinden gelip, obanyň sölpülerinden zat sorarynmy?! Biz şäherde çala gymyldy bolsa gygyrýas. Gün dogjak wagtam, dogansoňam, günorta boluberende-de, bolansoňam gygyrýas. Öýläniň ýetip gelýäninem habar berýäs, öýle bolannam. Günüň ýaşjagynam, ýaşannam. Adamlaryň näçede işe baryp, näçede çykmalydygynam aýdýas. Işe ir barýany görsegem, işden gijä galýana duşsagam, ýalňyşyny duýdurýas. Haçan telewizor görmeli, haçan söndürmeli—bu zatlary habar bermegem unudamzok. Garaz, bokurdagymyzdaky howa akymy owazsyz çykarylýan däldir. Şeýtmeseň, adamlar gaty başagaý bolupdyrlar. Olaryň köp zatlary unutmaklary mümkin. Onsoňam näme, bokurdak horazlara gygyrmak üçin berlipdir. Şonuň üçinem demiň gelip-gidip durka, gygyrmak gerek. Hawa, gygyrmaly... Onuň eňegine jaň kakylan ýalydy. Gözlerini süzüp, şeýle bir joşýardy welin, öz sesine özi meýmiräp barýardy. Hatda ketekdäki towuklaryň ganatlary bilen gulaklaryny ýapyp duranlarynam saýgaranokdy. —Siz ýalta. Ýaltalygyňyz sebäplem gygyrmagy gaty azaldypsyňyz. Çokýan däneleriňiz, neneň bokurdagyňyza tegek bolaýanok. Siz hatda içýän suwuňyzam ödäňzok. Utanç gerek, utanç! Eýäňe wepalyja bolmaly, hawa, wepalyja! Ü-ü-ü-üýý... Adamlar! Gün doly ýaşdy! Ü-ü-ü-üýý... Eşidýäňizmi?! Nahar başyna geçiberiň! Ü-ü-ü-üýý... Towuklar çydam edip uzak saklanyp bilmediler. Köpçülik bolup haýyş etdiler: —Bes edäý-how, dogan jan! Gulagymyzy kamata getirdiň. Ýöne ak horaz olaryň sesinem eşidenokdy. Häzir onuň hyýalynda başga zatlar janlanýardy. Ine, ol uzyn gije yhlas bilen gygyryp, daňy atyrýar. Goňşular irden hojaýynyň ýanyna ylgap gelýärler. “Goňşy jan, nähili owadan sesli horajyk tapypsyň. Wah, bize-de şoň ýaly horaz ýetdiräýsedi” diýişýärler. Ak horazyň hojaýyny bolsa yhlasly horazyna diýseň buýsanýar. Ol ak horazyň hyzmatyny nazarda tutup, ony ketegiň towuklarynyň serdary edip saýlaýar. Ine, onsoň ol gaýşarylyp, bujagaz agzy ýellijelere, baý, diýenini etdirer-ä. Nädersiň, hol çişýän horazam suwa gaçan pişige dönäýse. Ýogsa-da ak horazyň şeýle bir serdar bolasy gelýärdi welin, hiç zadyň çeni däldi. Towuklara dänejigem islese berer, islemese-de bermez. Olary islän wagty ýatyryp-turzar. Ketege-de salasy gels-ä, salar, salasy gelmese-de, gülberini arkasyna daňar goýbär. “Nädersiň onsoň, bujagazlar meniň bilen des-deňje seslerini goşaýsalar!” Şu zatlary ýadyna düşürende, ak horaz obaly towuklaryň maslahatyny içigaralyk diýip bildi. “Ähä, meniň ketege kethuda boljagyma gözüňiz gidýämi? Gitse, gidip geçsin! Nädersiňiz, şo häkimligi ertiriň özündejik ele alaýsam!” Şeýle oýlar bilen ak horaz bolmajysy boldy. Ganatlaryny pasyrdadyp, ketegiň içini ak çaňa bulady. —Sem boluň, däne ýagylary! Sem boluň! Gaýratyňyz bolsa, sesime ses goşuň! Ýogsa-da myňňyldyňyzy eşitmäýin! Ol özüniň hojaýynyna wepalydygyny görkezjek bolup, pişesine yhlas bilen ýapyşdy. Hatda garbanmakdanam boýun gaçyrdy. —Ü-ü-ü-üýý.. Adamlar! Doýan bolsaňyz, telewizor görüp başlaň! Ü-ü-ü-üýý! Ýatmaga wagt boldy. Telewizorlary söndüriň! Ýogsa ertir işe ýetişmelisiňiz. Ü-ü-ü-üýý.. Dokuzda işe barmagy unutmaň! Şu ýerde ýaşajyk towuk onuň belent owazasyny böldi: —Obada işe has ir—gün dogmanka gidilýär. Häzir pagta ýygym döwri ahyr. Dokuz giç bolýar. Emma ak horaz ýeň bermedi: —Men size gelenje wagtym diýmedimmi? Siz durmuşdan yza galýaňyz diýip. Bu ýerde tertip-düzgün girizmek gerek.Şäherde işe dokuzda çykylýar. Men özüm berkje düzgün girizerin bu ýerde. Ü-ü-ü-üýý... Adamlar! Eşitdim-eşitmedim diýmäň! Ertir işe sagat dokuzda çykmalydyr. Ü-ü-ü-üýý! Daň agarjak bolýar! Ü-ü-ü-üýý... Ýöne welin daňa çenli yhlas bilen sesine bat berse-de, ak horaza günüň dogşuny buşlamak nesip etmedi. Ol uzyn gije Adamyň ukusyny bimaza etse-de, onuň ertirlik naharynyň tagamyna-ha diýseň lezzet berdi. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |