11:32 Namyk Mustapa Paşa Türkmen | |
NAMYK MUSTAPA PAŞA TÜRKMEN
Taryhy şahslar
● Afriniñ düýbüni tutujy siriýaly türkmen paşasy Namyk Mustapa Paşa Türkmen hakynda Afrin şäheriniñ düýbüni bir türkmen tutupdy... Siriýaly taryhçy Faýad Süleýmanyñ habar bermegine görä, Soltan Abdylhamydyñ ofiserlerinden bolan Namyk Mustapa Paşa Siriýada 22 ýyllap kaymakamlık yaptı. Afrini hut Abdylhamydyñ wezipä bellän türkmeni Namyk Mustapa Paşa gurupdyr. Hawa, Türkiýäniñ Ýaragly Güýçleriniñ alty ýyllap dowam eden terrorçylykly hereketleriñ soñuna çykmak we howp astyna düşen serhetýaka zonalarynyñ asudalygyny üpjün etmek maksady bilen harby operasiýany başlan ýeri bolan Afrini Namyk Mustapa Paşa atly bir türkmen begi gurupdy. Türkiýäniñ "Yeni Şafak" gazetiniñ žuralistlerine interwýu beren siriýaly taryhçy Jerablusda doglan Namyk Mustapa Paşa begiñ ilkibaşda kiçijik oba bolan Afrini ilki şäherçä, soñra şähere öwrüşini şeýle gürrüñ berdi: ■ Ölýänçä Osmanly şapkasyny kellesinden çykarmady... “Jerablusa degişli Daşlyhöýük obasynda dokuz çagaly Mustapa Paşa maşgalasynyñ iñ körpe çagasy bolup dünýä inen Namyk Mustapa paşa türkmenleriñ begdili taýpasynyñ bekmişli tiresiniñ Hajy Aly oýmagyndandyr. Ol Stambulyñ Harby mekdebini tamamlady. Stambul hökümeti tarapyndan Siriýa ugradylan Namyk Soltan Abdylhamyt Hanyñ ofiserlerindendi. Osmanly goşunynda az salym gulluk edenden soñea Siriýanyñ Halap şäheriniñ žandarma gullugynyñ başlygy we şol welaýatyñ prefekti (kaýmakamy, ýagny häkimi) wezipesine bellendi. Siriýa türkmenleriniñ begdili taýpasyndan bolan Namyk Halap Mabatly, Afrin, Şam-Nebik ýaly birnäçe möhüm nokatlarda 22 ýyllap kaýmakamlyk wezipesinde gulluk edenden soñ 1963-nji ýylda Siriýanyñ parlamentinde halk deputatlygyna saýlandy. Namyk Mustapa Paşa Ankara hökümeti bilen aragatnaşygyny hemişe dowam etdirdi we türkmen halkynyñ arkasynda durup, bitiren asylly işleri bilen Siriýa türkmenleriniñ alkyşlaryny aldy. Namyk Mustapa Paşa 1887-nji ýylda doguldy we aradan çykan 1973-nji ýylyna çenli osmanly ofiseri bolup gulluk eden ýyllaryny buýsanç bilen ýat ederdi. Ol iñ soñky demine çenli elindäki hasasyny taşlamady we başyndaky osmanly şapkasyny (fes) çykarmady. Namyk Mustapa Paşa iñ soñky ýoluna ugradylanda jynazasyna şol wagtyñ türk ilçisi hem gatnaşypdy". ■ Namyk Mustapa Paşanyñ adyny öçürdiler Afriniñ düýbüni tutujy hasaplanýan Namyk Mustapa Paşa hakynda ýene bir beýannama Siriýa türkmenleriniñ Lukmanlar birleşiginiñ başlygy Muhtar Fatihden geldi. Namyk Mustapa Paşa begiñ öz agasydygyny aýdan Muhtar Fatih şeýle diýdi: "Namyk Mustapa Paşa türkmen bolup doglanlygyna buýsanýan we Siriýanyñ dürli künjeklerinde özüne berilen jogapkärli wezipelerde işlän beýik şahsyýetdir. Çünki türkmenler özlerinde ençeme artykmaçlyklary saklaýan halkdyr. Türkmenleriñ gahrymançylygy, söweşjeñligi, guramaçylygy dünýäniñ başga hiç halkynda şeýlekin ýokary derejä çykan däldir. Dünýäniñ iñ beýik gahrymanlary türki kowumlaryñ biloñurgasy bolan türkmenleriñ arasyndan çykypdyr. Dünýäniñ iñ şanly ýeñişleri türkmen goşunlarynyñ eserleridir. Dünýä boýunça alanda, hemmetaraplaýyn iñ beýik döwletleri we imperiýalary döredenlerem türkmenlerdir. Ynha, siriýaly gahryman türkmenleriñ merdana ogly Namyk Mustapa Paşa hem 1887-nji ýylda dünýä indi we 1971-nji ýylda aradan çykdy. Türkmen ogly Türkmen Namyk Mustapa Paşa beg 1920-nji ýylda Mabatla kaýmakam edilip bellendi. Şol wagtyñ arhiw materiallarynda Afriniñ ady 70-80 hojalykdan ybarat kiçijik oba hökmünde geçýär. Namyk Mustapa Paşa wezipä bellenen badyma Afriniñ daş-töweregie müñlerçe gektarlyk ýerde zeýtun agajyny ekdirdi. Ekerançylyk maksatly birnäçe tutumly işlere hut özi ýolbaşçylyk etdi. Afrin gysga wagtyñ dowamynda galkyndy we köpçülikleýin göçülip gelinýän möhüm ilatly punkta öwrüldi. Namyk beg soñea Afriniñ merkezine we töweregine täze ýollar çekdirdi we önümçilik kärhanalaryny gurdurdy. Netijede sanlyja ýylyñ dowamynda Afrin gülläp ösdi, ulaldy. Namyk beg 1922-nji ýylda Afriniñ şäherçe statusyny almagyny üpjün etdi we 16 ýyllap şol ýerde kaýmakam bolup işledi. Afrin häzirem Siriýanyñ zeýtun önümçiliginiñ 60%-ni üpjün edýän etrapdyr we bu bolsa Namyk begiñ başyny başlan ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmek maksatnamasynyñ bir parçasydyr". Afriniñ düýbüni tutujy Namyk Mustapa Paşa barada ýene bir beýannama Siriýa türkmenleriniñ Mejlisiniñ öñki başlygy Abdyrahman Mustapadan geldi. Ol hem Namyk Mustapa Paşa begiñ öz agasydygyny aýtmak bilen, 2012-nji ýylda etraby okkupirlän PKK terrorçylykly guramanyñ Afriniñ Mustapa Namyk begiñ adyndaky köçäniñ adyny üýtgedendigini aýtdy. Abdyrahman Mustapa Afriniñ etrap merkezinde altmyş ýyl bäri Namyk Mustapa Paşa beg köçesiniñ adynyñ üýtgedilip, PKK-ly ölen bir terrorçynyñ adynyñ dakylandygyny, diñe şunuñ özem PKK-nyñ hakyky ýüzüni görmäge ýeterlikdigini aýtdy. Siriýa türkmenleriniñ eýýäm ýedi ýyldyr Türkiýede asudalykda ýaşaýandygyny aýdan Muhtar Fatih: "Biz Siriýadan, dogduk depämizden jyda düşenem bolsa, ene watanymyza geldik. Ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli türkmenler watanymyzy goramaga taýýar ýagdaýa geldik. Namyk Mustapa Paşanyñ nebereleri we türkmen watançylary Afrinde "Zeýtun şahasy" ("Zeytin Dalı") harby operasiýasynda türk mehmetjikleri bilen egin-egne berip söweşýärler. Türkmen watançylary Afrindäki harby operasiýasynda möhüm rol oýnaýar. Türkiýe "adamzada, halklaryñ doganlygyna" zeýtun şahasyny uzadýar. "Geliñ, bilelikde parahatçylykde we asudalykda ýaşalyñ" diýýär. "Geliñ, PKK, PÝD, ÝPG, DAEŞ ýaly ähli terrorçylykly toparlanşyklara garşy bilelikde göreşeliñ" diýen çagyryşy berýär. Türkiýäniñ çagyryşy "öz-özüñi goramak" (“meşru müdafaa”) hukugydyr. Bu işde bir halkyñ bir bitewi agzybirligi gerek. Bu bitewi agzybirlik Çanakkale deýin möhümdir. Çünki biziñ gahryman ata-babalarymyz hem Halk, Watan, Baýdak we ähli mukaddesliklerimizi goramak üçin döş gerip söweşipdiler". ■ Peýdalanylan çeşmeler 1). Dürli şahsy arhiwlerde galan hatlar we ýazgylar. 2). "Yeni Şafak" gazeti. 3). "Qirimin sesi". # suriyeliturkmenler | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||