“NANAM NAN, OWUNTYGAM NAN”
Şu nakyl hemişe maňa bir wakany ýatladýar. O döwrüň mekdeplerinde häzirki ýaly garbanyşhanalar bolmazdy. Onsoň her kim ýany bilen çörek, peýnir, gowurma we şuňa meňzeş azyklardan göterinerdi. Okuwyň ilkinji başlan günüdi. Aslynda mekdebiň birinji synpyna okuwa gelen ýedi ýaşlyja çagalar ownukdy, ýaşdy, ählijesem deňräk boýly oglan-gyzlardy. Ýöne olardan Gylyç atly okuwçynyň welin çagalaryň arasynda zordan boýy görünýärdi, biçak keltedi. Asyl onuň familiýasam Keltäýew bolsa näme? Mekdebe-de uzak ýerden, paý-pyýadalap aşaky obadan gatnaýardy. “Meniň çöregim bitindi. Kimdir biri meniň çöregimi owradypdyr” diýip uly ses edip aglanam şol oglanjyk boldy. Onuň mekdebe alyp gelen bir bölek çöregi owranypdyr. Belki, ol çörek arkasynda göterýän matadan tikilen kitaply torbada owranan bolmagy hem ümkin.bEmma oglanjyk bu zatlaryň pikirini hem etmän, onuň sebäbini özgelerden gördi. Ol uly ses edip, möňňürip aglaýardy. Soňabaka ony diňdirmek hemmä iş boldy. Mugallym nämäniň-nämedigine düşünen hem bolsa ol Gylyç keltäň göwnünden turmak isledi.
- Kimde-kim Gylyç Keltäň torbasyndaky çöregi owradan bolsa, dillensin. Bahym boluň, gelibem Gylyçdan ötünç sorasyn! Ýogsam, menden gowulyga garaşmaň!
Hiç kesden ses çykmady. Gaýtam mugallymyň bu oýnuna düşünmedik okuwçylardan kimdir biri: “Ýoldaş, mugallym, Gylyç kelte meniň çöregimi alaýsyn!” diýip, çöregini uzatdy.
- Ýo-ok, maňa öz çöregim gerek!—diýip, oňa heniz-henizem içi-içine sygman, çyny bilen aglap duran Gylyç kelte jogap berdi.
Mugallym mugallym bolýar. Ol bular ýaly ynjyk okuwçylary indi görmeli däldi. Derhal Gylyjy köşeşdiremgiň tärini tapdy. Dördünji synpda okaýan ogly Amany ýanyna çagyryp:
- Aman jan, oglum, öýe bir baryp gaýt. Ejeň şu gün ir bilen çörek bişirjek diýip otyrdy. Kakam ýarty çörek bersin diýdi diýip aýt. Bar, bar, howluk!—diýip tabşyryk berdi. Aman barşy ýalam yzyna dolanan bolmaly. Onuň elindäki tamdyr çöreginiň ysy iki köçe aňyrdan hem burnuňa urýardy, ol her bir adamyň aňrysyny tamşandyrýardy.
- Ynha, oglum, sen owranan çöregiňi iýme-de şuny iýäý. Ýöne diňe arakesmede iýgin, bolýamy?—diýip, mugallym oglunyň getiren çöregini durşuna Gylyç keltä berdi.
Gylyç kelte aglamasyny goýdy. Soňam:
- Men indi owranan çöregimi näme edeýin?—diýdi. Şonda mugallym:
- “Nanam nan, owuntygam nan” diýipdirler. Ýygnap goý. Öýe baryp, çorba dogran ýaly edip iýersiň! Indikide welin sähel-mähel zada aglamagyn bolýamy?Aglasaň, çagalar üstüňden güler— diýip tabşyrdy.
- Bolýar mugallym, gaýdyp aglamaýyn—diýdi.
- Berekella.Ine, munyň başga gep.
Mugallym soň çörekli meselä gaýdyp gelmedi. Gylyç Kelte-de beren sözünde tapyldy. Ol orta mekdebi üstünlikli tamamlap, ýokary okuw mekdepleriniň birine okuwa girdi. Uzak ýyllardan bäri göreldeli zähmet çekip gelýär. Özi-de uly bir maşgalanyň eýesi.Ýöne çörekli gürrüň ýadyna düşende welin, utanjyndan ýaňa häli-häzirlerem ýüzi gyzaryp, myssa ýylgyraýýar.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty