21:31 Nury Halmämmet: Günlerde bir gün... | |
GÜNLERDE BIR GÜN...
Edebi makalalar
Nury dostlary bilen bir garyndaşyny görmäge çöle gidýär. Maşynlary hem ejizje “Zaporožes”. Gidişin her depeden geçjek bolanlarynda maşyny itekläp-itekläp, ahyry, barýarlar. Garyndaş gowy hyzmat edýär. Gaýtjak bolanlarynda-da bildirmän, maşynyň ýük salynýanyny düme gawundan doldurýar. Gaýdyşyn hasam kösenýärler. Şähere ýetiberenlerinde bir zat gerek bolup ýük salynýany açsalar içi doly gawunmyş. Soň Nuryny öýüne eltenlerinde gawun berjek bolsalar almandyr. “Maňa süýji zat bolmaýa. Köke iýsemem burçly çykýa” “Ähli zatda gara bagtym, garpyz kesemde ak çykdy”. Bir daýza gat-gat jaýyň gapysynda bir halta un bilen durka, Nurynyň geçip barýanyny görüp, “Oglum, şu haltanyň bir ýanyndan tutuşsana” diýipdir. Dördünji etaža uny eltỳänçäler Nurynyň eşigi, ýüz-gözi ap-ak bolupdyr. “Käşgä ykbalymyzy-da un sepip agardyp bolsady”. * * * “Şu taýda bir goňşy gije-gündiz pianinosyny tyrňylladyp bizar edýär” diýip, Nurynyň goňşulary polisiýa arz edipdirler. Bir ýaş ýigit eli papkalyja, papagyny gaýşardyp gelip, Nurynyň öýüne girýär. Goňşular “Nähili bolarka?” diýşip jyklaşypdyrlar. Milisioner Nura sorag baryny berip başlaýar. “Onda günäňizi boýun alýaňyz-da”. “Hawa-la.” “Näme saz ýazdyňyz?” “Aýnany” ýazdym” “Şeýlemi? “Aýnanymy?” Bagyşla, agam, tanamadyk-sylamaz diýleni boldy. “Aýnany” ýazan bolsaň, gep gutardy. Goňşular göçüp gidibersinler”. * * * Bir oturylyşykda oglanlar ýerli-ýerden öwünişip başlapdyrlar. Nury bularyň sesini ýatyrjak bolup: “O-how, ýanyňyzda geniý otyrka beýdip öwünmek aýp dälmidir?!” diýipdir. * * * Moskwada okaýarka, Nurynyň ýanyna meşhur ýazyjy Atajan Tagan barypdyr. Ol bir aýdymyň heňini başga bir aýdymyň heňi bilen garyşdyryp hiňlenipdir weli, Nury çydap oturyp bilmändir: “Atajan! Hiňlenmäňi goýsaň, indiki stipendiýamy saňa bereýin.” diýipdir. * * * Moskwaly emelsiz saz öwreniji Türkmenistanly emelsiz bir kompozitor bilen barýarka Nura duşupdyr. Saz öwreniji: “Nuryşka, sen ynha meniň ýanymdaky kompozitor bilen bileje saz ýazsaňyz tegelek onluk bolýar” diýipdir. Nury hem : “Men 1-birlik, ol 0-nol bolýa-da” diýipdir. * * * Nury tiz uklagan ekeni. Bir gezek Moskwanyň “Rossiýa” myhmanhanasynda ýylyja suwa düşeýin diýip, Nury wannada meýmiräp uklap galypdyr. Suw aka-aka aşaky gatdan damyp başlanda duýup, gelipdirler. Nuryny oýaryp, ýetirilen zyýanyň jerimesini alypdyrlar. Kompozitor Nury Halmämmet bilen şeýle waka boldy diýip, Aşgabada, kompozitorlar birleşigine hat ýollapdyrlar. Nurydan bir kem tapyp bilse hezil edinýän başlyk-kompozitor elinde hälki haty bulaýlap, “Ine, seniň janyň meniň elimde” diýende, Nury: “Ýalňyşma, jany beren alýandyr” diýipdir. * * * Bir topar bolup, Bäherdene myhmançylyga gidipdirler. Myhman ýeri hem olary dagda aw awlamaga äkidipdir. Agşam altyda çeşme başynda duşuşmaly edişip, daga siňipdirler. Alty bolanda Nurydan özgeler gelipdir. Onsoň az wagt garaşyp durupdyrlar, soň “Nury-da Nury” bolşup gygyryp görýärler. Nurydan habar ýok. Nuryny taşlab-a gidip biljek däller. Onsoň gowak-gowak, gaýa-gaýa, dere-dere söküp, Nuryny gözleýärler. Çar ýany tümlük bürände hasam howsala düşüp başlaýarlar. “Nury-y!” diýip aldygna gygyrýarlar. Aw edeninden geçen, özi gurda-guşa aw bolmasa razy. Gije on bir töwerekleri paltasy daşa degen ýoldaşlary näme etjegini bilmän durlar. Ýene gözläp başlamaly, taşlap gitmeg-ä bolmaz. Ahyry, bir agajyň düýbünde tüpeňini ýassyk edinip, gaty berk uklap ýatan Nuryny tapýarlar. Surnugan dostlar hem begenýärler hem gaharlanýarlar. “Nury nire-aw nire”. * * * Nuryny esgerlige aljak bolup çagyrýarlar. Bir kişi Nurydan: “Agramyň näçe?” diýip soraýar. Nury: “Altmyş” diýip jogap berýär. Şo mahal Nurynyň ýanynda duran dosty: “Altmyşyňam elli dokuzy saz” diýip söz goşýar. * * * Aşgabadyň merkezinde ýazyjy Hojanepes Mele bilen Hudaýberdi Diwanguly Nura sataşýar. Ondan-mundan gürrüň edip birsalym duransoňlar, elbetde Nurynyň pulsuzlygyny bilýärler-de, bir taksi tutup, kireýini berip Nuryny öýüne ugradýarlar. Az salymdan ýaňky taksi gaýdyp gelýär. Içinde-de Nury bar. “Öýümi tapyşaýmasaňyz, men-ä tapman geldim”. Olar ynanmaýarlar. Ahyry, bile gidip Nurynyň öýüni tapyşypdyrlar. * * * Nury bilen aỳaly Moskwada bir konserte gidipdirler.Konsert Nura ỳaramandyr-da daşarky jaỳda kofe içip oturypdyr. Konsert gutaransoň aỳalyny görüp, ylgap baryp, geň galỳp:”Senem konserte geldiňmi?”diỳipdir. * * * Nury saz ýazyp başlansoň, bir gün şa, bir gün geda bolup ýaşaýar. Ol ömründe diňe sekiz aý sagatly, aýlykly işde işleýär, galany döredijilik bilen. Onsoň bir gün pul tapman, kimden dilejegini bilmän aýlanyp ýörkä, oňa kompozitor Rejep Allaýar duşýar. Ol: “Nuryjan, on manatjyk karz tapylmazmy?” diýýär. Nury sessiz-üýnsiz gidýär-de birinden on manat karz alyp, Rejep Allaýara berip goýberýär. * * * Garyplyk Nurynyň iň ýakyn dosty bolýar. Başga bir garyp dosty, meşhur aýdymçymyz Myrat Diwana Nurynyň ýanyna karz dilemäge gelýär. “Gonorar almadymyka?” O döwürler tamamlanan iş üçinem gonorar almak gaty kyndy. Myrat Diwana bir mahallar,garyplyk zerarly, Çaýkowçkiý konserwatoriýasynda okap ýörkä, arzan düşer öỳdüp, Bakuwyň Gajybekow adyndaky konserwatorisyna geçip, meşhur Bilbiliň elinde okaýar hem-de ondan maddy ýardam alýar. Ol puljagazynyň ýarsyny, Moskwada galan dosty Nura iberýän ekeni. Ynha, olar ýene nädip pul tapjaklaryny bilmän otyrlar. Ahyry, Myrat Diwana ýol tapỳar. Kerim Gurbannepesiň “Altyň biri” şygryna saz ýazýarlar, Myrat Diwanada-da aýdýar. Ol aýdymy Medeniýet ministrligine satyp, ýüz elli manat alýarlar. Onsoň iki gün patyşa ýaly, üçünji gün ýene gedaý ýaly ýaşaýarlar. * * * Türkmen bagşylaryny öwrenmekde uly iş eden Akmuhammet Aşyry Nury öýüne alyp gidipdir. Barsalar öýüň dulunda bir kişi öli ýaly ýatyrmyş. Akmuhammet Aşyr o ýatany gaty içgin synlap başlapdyr. Nurynyň bolsa göwnibirmiş. Nury: “Täze bir opera ýazýan, “Ýusup-Züleýha” esasynda” diýip, pianinonyň başyna geçipdir, hezil edinip çalypdyr. Akmuhammet Aşyram lezzet alyp diňläpdir, emma göz gytagyny şo ýatandan aýyrmandyr. O ýatana birhili gümanly bakyp başlapdyr. Nury: “Türkmeniň sazy gaty baý, gaty çuň. Simfoniýa ýazjak diýip, kelle döwüp ýörmeli däl. Türkmen sazyny simfoniki orkestre akylly-başly geçirip bolsa, başga zat gerek däl” diýipdir. Akmuhammet Aşyr Nuryny diňläpdir, diňlese-de bir gözüni ýatandan aýyrmandyr. Onsoň o ýatan gabaklarynyň aşagyndan emaý bilen jyklapdyr weli, görse Akmuhammet Aşyr oňa hüwi ýaly bakyp otyr . Ýatan şo bada gözüni ýumupdyr. Gümany dogry çykan Akmuhammet Aşyryň oturyp mazasy bolmandyr. Daşary çykylanda o kişiniň kimligini bilesi gelip Akmuhammet Aşyr Nurydan sorapdyr. ─Men-ä oňly tanamok.” Aýalym bilen uruşdym, az wagt bärde bolaỳyn”diýip geldi. Aýalyndan basylan meňkä geläýýä. Bu gelen indi üçünji bolýa. * * * Nurynyň aýdymlary şowly çykansoň, bir şahyrsumak öz goşgularyny berýär-de “Gaýrat edip, şu goşgularyma saz ýaz” diýýär. Nury “Goşgularyňy okaýyn” diýýär. Aýlar geçýär, ýene jaň gelýär, ýene jaň , soň şahyrsumagyň özi gelýär. Nury Magtymgulynyň bir tomlugyny elinde tutup, “Şu barka, seňki ýaly goşgy ýazylmaz. Gowusy, sen ýazma-da Magtymgulyny okaber” diýýär. Nurynyň şöhraty ýyldyza ýetensoň, onuň garşydaşlary Nura: “Özüni geniý däldir öýtmeýär” diýip, hüňürdeşýärkäler, Nury bir gün olaryň üýşüp oturan otagynyň gapysyny açypdyr-da: “Ýeriňizden turuň! Geniý geldi” diýip, olary hasam öjükdiripdir. * * * Nury Rejep Rejep bilen bilelikde dört el bilen pianino çalmany halaýar ekeni. Onuň iň köp çalýan sazy─Borodiniň “Knýaz Igor” operasyndan polowesleriň tansy ekeni. Ol muny türkmen heňi hasaplapdyr. Onuň iň köp diňläni türkmen sazlary ekeni. Kämahal ol bir sazy ýigrimi gezek dagy diňleýän ekeni. Ol sazçylyk uçilişede okaýarka Gurbannazar Nurym, Çary Begler dagy bilen bir otagda ýaşapdyr. Gije ýarynda olary oýaryp, saz diňleýän gezegi köp bolupdyr. “Türkmen sazynyň hersiniň aňyrsynda tutuş simfoniýa ýatyr”. * * * Garyplyk Nuryny gaty gyssan gezekleriniň birinde ol radio boýunça eşitdirilýän sazlarynyň hakyny aljak bolup Rejep Gutlyýewiň ýanyna köp gatnapdyr. O wagtlar Rejep Gutly radionyň sazly gepleşikler redaksiýasynyň başlygy ekeni. Nury soňky gezek gelende Rejep Gutlynyň ýakasyndan tutup, penjirä baka çekipdir: ─Ýa hakymy alyp berersiň, ýa-da ikimizem penjireden gidýäs. Aç öldüm näme, etaždan gaçyp öldüm näme?! R. Gutly şobada Nuryny buhgalteriýa eltip, hakyny alyp beripdir. * * * Beýik hudožnik Yzzat Gylyjow wagtal-wagtal döredijilik adamlaryny öz kabinetine üýşürip, çaý içişlik guraýan ekeni. Şonda Sahy Jepbar “Ak ýüzli Maralymy” aýdyp başlapdyr weli, Nury ylgap baryp pianino çalyp, bagşyny yzarlapdyr. Dutar, pianino we bagşynyň sesi şeýle bir sazlaşypdyr, şeýle bir şirin bolupdyr. Ony diňlänler henizem unudanoklar. * * * Nury kompozitorlaryň döredijilik öýlerinde ýaşap-işlemäni gowy görýär. Iwanowo-Woznesenskide dynç alýarka, garga gaty kän ekeni. Ol gargalary içgin synlapdyr. “Gargalar adamlaryň üstünden gülýär”. * * * “Wah, Nury diýsene! Ol joşgunly ýazmany söýýärdi. Üns berseň, ähli sazynda içki joşgun güýçlüdir. Ol heň-melodiýa tapmaga ökdedi. Heňem-simfoniýanyň maňzy-da. Nury suratam gowy çekýädi. “Kompozitor bolmasam, hudožnik bolardym” diýýädi. Kämahal dirižýorlyk etjek bolubam dyzaýardy. Ol ökde pianistdi. Dutaram çalýardy”. Bu Orazgeldi Berdiýewiň ýatlamasy. * * * “Nuryny hem, meni hem Magtymguly baýragyna hödürlediler. Ýöne ikimize-de baýrak bermediler. Onsoň bir-biregi göremizde ýaňsylap: “Salam, laureat” diýşerdik. Nury türkmeniň ýüregini saza geçirdi. Onda beýik millilik bar. Ol aşaky dodagyny köp çeýnärdi”. Bu heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň ýatlamasy. * * * Nurynyň edähetleri hakda köp gürrüňler bar. Ol ýöräp barýarka barmaklaryny klawişe basýan ýaly edýän ekeni. Sag elini ýokary galdyryp, süýem barmagyny açyp-ýumýan ekeni. Köçeden barýarka birden durup, az salymdan ýene ýöräp gidýär. Dodagyny sessiz hereketlendirýär. Oturylyşykdan sessiz, birden turup gidip, pianino çalmak. Asmana – jaýyň potologyna bakyp, göz gyrpman ýatmak, birden böküp tutup, galama ýa-da pianino ýapyşmak. Janygyp bir zatlar diýersiň, o saňa seredýänem bolsa, seni görmez, eşitmeş. Kämahal gujaklaşyp salamlaşar, käte seni görmän deňiňden geçer gider... * * * Nury pyýada ýol bilen barýarka, öňden barýan bir ýaşulynyň hiňlenip barýanyny eşidýär-de, şo ýaşulynyň ädimine görä ýöräberýär hem-de diňleýär. Ýaşuly uzak ýöreýär. Nury-da yzynda. Ahyry, o ýaşuly “Hajy golagy” hiňlenip barýarka özüne gelýär we yzyna garap: “Inim, nirä geldim-äý men?” diýýär. Nury bolsa “Hajy golaga” diýýär. * * * Suwly Ýaran diýen hudožnik Ierusalimde bir restoranda otyrka Nurynyň sazy ýaňlanyp başlaýar. Onsoň Suwly her gün şo restorandan nahar iýipdir. Her günem Nurynyň sazlaryny diňläpdir. “Onuň sazyny diňläp, Türkmenistany gören ýaly boldum. Amerikada-da, Germaniýada-da Nuryny gowy diňleýärler”. * * * Bir oturylyşykda bir kompozitor: “Meniň sazlaryma halk düşünenok. Ýene elli ýyldan menden beýik kompozitor bolmaz diýipdir. Adatça, öwünjeň adamlary görende dymýan Nury: “Sen kompozitor däl, hasapçy. Her nokady nirä goýjagyňy hasaplap, duýgyny ýatdan çykarýaň. Joşmasaň joşdurmarsyň. Ol-a ellimiş yzyna ýene bir noly tirkeseňem seni diňlän bolmaz . Duýgusyz saz impotentdir ” diýipdir . * * * Nurynyň her aýdym - sazynyň bir kitaplyk taryhy bar. Artist Çary Seýitli “Ofiser walsy” kinosy hakda ýatlaýar: Nury bilen Leningrada, kino ses ýazdyrmaga gitdik. Nury pianinoda dürli sazlary çalyp otyrka, gapydan birküç kişi jyklap, çekinjeň giripdir. “Ýaňy bir saz çaldyňyz weli, şony, kyn görmän, gaýtalap beräýiň-dä”. Nury haýsy sazlygyny bilmändir. Onsoň çalan sazlaryndan bölejik çalyp, ahyry, “Magtymguly odasy” diýen sazyny çalyp başlanda, ýaňky ors işçileriniň biri gözýaş döküp başlapdyr. Soň Nury maňa “Magtymguly odasyny” çalyp berjek bolanda: “Çaryjan, gel saňa “Ors agladan” sazymy çalyp bereýin” diýdi. Nuryny hakyky görnüşinde görmek islän ony ýa saz çalyp otyrka, ýa-da öz sazy çalynýarka görmelidi. Ol şonda büs-bütin başga adam bolýardy. Annaberdi Atdan pahyr “Ýaşynda” diýip bir aýdym aýdardy. Şo aýdymyň hem öz taryhy bar... Onsoň Leningraddakak Nury uly bir kompozitora çaň etdi. Aňyrdan: “O-ow, Nuryşka, meniň Mosartym, nireden çykdyň? Sen nirede? Näme üçin gelýän diýip duýdurmadyň? Täze sazlaryňy diňläsim gelýä, meniň Mosartym” diýen ses geldi. Nury diýlen edil çaga ýalydy. Bozulmadyk reňk diýip bir söz bar-a. Ana, Nury şo bozulmadyk reňkdi-dä. * * * Nury beýik hudoźnik, portretçi Durdy Baýramow bilen häsiýetdeş ekeni. Olaryň ikisi hem ullakan çaga diýilýänlerden. Durdy Baýram Nurynyň portretini çekip başlapdyr. Nury hem sessiz gelip oturyp gidýän ekeni. Ol irmän-arman on gün gatnapdyr. Durdy Baýram indi galan işi özi etjekdigini, gelmese-de boljakdygyny aýdypdyr. Bir hepde geçensoň: “Durdy suraty nätdikä?” diýip gelse, Durdy hälki suratyň ýüzüni gazap otyr ekeni. Nury birgeňsi, öz ýüzi gazalýan ýaly bolupdyr. Durdy bolsa hiç zada bakman, suratyň ýüzündäki reňki aldygna gazalapdyr. Nury o suratda göwni ýeten ýerjagazlary ýatlap gynanypdyr. Durdy Baýram: “Täzeden başlaýas” diýipdir. Onsoň Nury ýene on günläp gatnap başlapdyr, üstesine-de indi Nurynyň dik duran görnüşini çekensoň, Nury uzak gün dik durmaly bolupdyr. Ol şonda-da ses-üýnsüz gelip gidipdir. Şeýdip portret dünýä gelipdir. Durdy Baýram ýatlaýar: “Nury suratyň, reňkiň sazyna-da örän oňat düşünýärdi. Sergi bolsa, hökman gelerdi. Her kim onuň suratyny çekesi gelýärdi. Mämmet Mämmet pahyr, Ýarly Baýram, Almämmedow, beýlekiler Nuryny çekendirler. Onsoň ýene bir gyzykly waka boldy. Dürli ýurtlaryň hudožnikleri Hindistanda duşuşdylar. Menem bardym. “Her kim öz ýurdunyň aýdymyny aýtsyn” diýip haýyş etdiler. Menem ömrüme aýdym aýdan adam däl. Türkmen bolup dymyp durmak hem aýp. Nuryjanyň “Aýnasyny” gaty gowy görýädim. Şony aýtdym weli, hezil edip el çarpdylar. Soň muny Nura aýtsam, güldi. “Aýnany” Hindistana ýetiripsiň-dä” diýdi”. * * * “Bir gün Moskwa baranda, Nurynyň şeýle bir duýgulary joşupdyr. Ol myhmanhana sygman, türkmen oglanlarynyň ýaşaýan umumy ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp, oglanlary birme-bir gujaklap, gözlerini ýaşardyp: “Meniň türkmenjiklerimiň gelşiklidiklerini! Türkmenler iň owadan halkdyr” diýipdir. Nury Allaberdiniň gürrüňinden. * * * “Ömür dawasy” oýnunda “Duman eglenmez” diýen aýdyma hiňlenýärdim. Nury Halmämmet oýna iki gezek gelip, şo hiňlenmäni diňläpdir. Oýundan soň otagymda ýüzümiň reňkini ýuwup durkam, biri arkamdan gelip gujaklady. Görsem, Nury. Neresse: “Şo heňi oňardyň” diýdi. Nury Allaberdiniň gürrüňinden. * * * Ŷazyjy Hojageldi Nurmyrat ýatlaýar: “Nury bilen Moskwada bir wagtrakda okadym. Nury ýaly zehinli, Nuryňky ýaly ýumşak ýürekli görmedim. Bir gün on birinji mikroraýondaky öýüne barsam ýeke özi ekeni. “Hiç gelmeýäň-le” diýdi. “Saňa saz ýazmaga azar bermejek bolýan” diýdim. “Sen azar bermeseňem, meni öz günüme goýanoklar. Meni alyp ýatjaklar. Başga ýere gidip işlejek bolýan, ýa-da çyrany öçürip oturýan. Sen geleňde çyra bolmasa-da şeýdip kaksaň bolar”. Onsoň ol gapyny nähili kakmalydygyny öwretdi. Umuman, Nury uly filosofdy. Oňa işlemäge şert döreden bolsalar, häzirki goýan sazlaryndan on esse köp goýardy”. * * * Köçeleriň birinden ak saçly bir zenan agras ýöräp barýarka, “Hanha, Nurynyň söýen gyzy” diýdiler. “Hany, güler ýüzlerimiz?! Hany, söýer gözlerimiz?!” O zenanyň gözlerinde Nurynyň keşbi doňup galypdyr. Ol bir golunda agtygyny, ýüreginde Nuryny göterip barýardy. * * * Kinorežissýor Halmämmet Kakabaýew ýatlaýar: “Men “Ýeňi ýoluk” filmimiň ssenarisini Nura okatdym. “Bu men hakda. Bu meniň ykbalym. Men muňa şeýle gowy saz ýazaýyn” diýdi. Biz kinony surata düşürip ýörkäk, Nury hassahana düşdi. Bir baramda: “O kinonyň sazy kellämde ýazylgy. Bir özüme gelsem, hassahanadan çyksam, gül ederin. Maňa üç gün ýeterlik” diýdi. Yz ýanyndanam ýogalaýdy, pahyr”. * * * Nurynyň ýetimhanadan bäri ýoldaşy, belli kinorežissýor Kakow Orazsähedow: Nuryjan gowy oglandy-la. Bir ýazyksyz, gamgynja ýylgyrmasy bardy. Çekinjeň, utanjaň. Gaty sözlemezdi. “Japbaklary” (kinony) ýazga geçirmek üçin, Moskwa gitdik. Saz taýýar däl. “Nuryjan, bu bolşuň bolmaýa” diýsem, şo gün agşam myhmanhana hem gelmedi. Bizem gaty gyssanýas. Ertiri geldi weli, janyny aljak-da. O bolsa rahat. Oglanlara tabşyrdym: “Nätseňiz ediň-de saz ýazdyryň” diýdim. Nurynyň otagyndan telefony aýyryp, ýeke özüniň daşyndan gulplap goýduk. Uzak güni iş bilen selpäp, agşamlyk gelip, gapynyň gulpuny açjak bolsak, gapy açyk, içerde şadyýan sesler eşidilýär. Girsek, Nurynyň birküç sany Moskwaly dosty giň saçagyň başynda şady-horram boluşyp otyr. Nury öz krowatynda diwara bakyp uklap ýatyr. Meniň ýüzüm agyr bolansoň, oturanlaryňam keýpi gaçdy. Men näme etjegimi bilmeýärdim. Saz bolmasa kinony wagtynda tabşyryp boljak däldi. Birsalymdan Nury oýandy. Ol turşuna pianinonyň başyna geçdi-de “Japbaklardaky” aýdym-sazlary çalyp başlady. Meniň ýüzüm açyldy. Myhmanlar, işe azar bermejek bolup, turdular. Menem olary ugratmaga çykdym. “Ýör, bile gideli. Öz ýaşan umumy ýaşaýyş jaýyňy gör. Oturaly. Nura azar bermeseň ýagşy” diýdiler. Şeýdip, men ertir irden myhmanhana dolanyp geldim. Görsem, otagda nota ýazylan kagyzlar dagaşyp ýatyr. Nurynyň özi maňlaýyny klawişlere goýup, uklap ỳatan ýaly. Meniň gelenimi görüp zordan başyny göterdi. Ukusyzlykdan ýaňa gözleri açylanok. “Japbaklaryň” sazyny uzak gije uklaman ýazypdyr. * * * Hojaguly Suwhangulyýew:”Nuryjan ýüpek ýaly ýumşak, öwlüýä ýaly geçirimli oglandy. Onuň saza yhlasy aýdar-diýer ýaly däldi. Men oň bilen sazçylyk uçilişede bile okadym, bir ýyl bir otagda ýaşadym. O bizi gijeler ýatyrmazdy. Yşyk ikä çenli ýanyp, soň öçürilerdi. Bizem hüňür-hüňür edip Nura igenerdik. Ol bir ýerlerden dutar tapyp, ýene bir gün mandolin, gitar getirip, şo tirňildeder oturar. “Bizar etdiň ho-ow, goý şunyňy!” diýýäs weli, ýumşajyk ses bilen “Bolýa, bolýa” diýýä. Ýaňy uklansyň weli, ýene tirňilledip ukudan oýarýady. Onsoň sagat ikide elektrik öçürilýä weli, bu bir ýerden ýag çyra tapyp, krowadyň bir burçunda saza güýmener oturardy. So-oň soň: “Bä-äỳ, Nuryjan, uçilişede heläk edýädiň-äý” diýsem, “Wah, saz gural köp öwrenseň, saz ýazmak aňsat bolýa. Saz çalyp bilmän saz döredýänler kompozitor däl-de kempozitor bolýa” diýip ýylgyrdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |