11:18 Nury Halmämmet: Her zadyň hakyky şekli onuň aňyrsynda | |
HER ZADYŇ HAKYKY ŞEKLI ONUŇ AŇYRSYNDA
Edebi makalalar
Ýyllar geçdi. Açlygam geçiberdi. Uruşdan gelen maýyp-müjriplerem başyna düşene kaýyl bolup başladylar. Şol günleriň birinde Bäherdendäki ýetimhanadan birtopar çagany Gyzylarbadyň ýetimhanasyna, başga bir topary hem Baýramalydaky ýetimhana äkitdiler. Baýramala ugradylanlaryň arasynda Nury hem bar. O indi ösüp, berkeşip başlapdyr. Ulaldygyça Nury ejesine has köp meňzäp başlady. Aýratynam onuň gözleri, edil ejesiniň gözleri ýaly, gamdan dolup, göz hanasy giňäp, has çuňalyp başlady. Dymmalygy welin gitmedi. Daýnadan furgonly gelýärkäler ilkinji gezek gören otlusyna mündüler, Tejene ýetilende gaty eleşan geýnüwli bir agsak adam wagona mündi. Ol münenden zaryn aýdyma başlady. Hem owaz zaryndy, hem sözleri zaryndy. Bir garyş oglankam bakdyň-bejerdiň, Senden başga howandarym ýok meniň-ow. Enemiň ornunda gol süýdün berdiň, Golum tutan dosty-ýarym ýok meniň-ow. Nury bu owaza oýandy. Biri aglaýarmyka öýtdi. Başyny göterip seredende, gedaýa çalymdaş bagşyny gördi. O bagşa biri köpük uzatdy-da: “Işan aga, bir ýagşy doga okap ber, soňundanam “Ýok meniňi” aýdyp beräý” diýdi. Işan aga doga okanda-da aglaýan ýaly owaz bilen okady. El göterensoň, ýaňky köpük berene bakyp, “Ýok meniň” diýen aýdymy başdan-aýaga aýtdy. Beýle ýanda ýene bir adam köpük uzatdy-da: “Işan aga, meniň üçinem “Ýok meniňi” aýdaý” diýdi. Işan aga ýene aýtdy. Şeýdip, bir wagonda bäş-alty gezek “Ýok meniňi” aýtdy. Asyl, ähli kişi “Ýok meniňi” haýyş edýär. Işan aga-da şondan başga aýdym bilmeýäne çemli. Nury Işan agany gaty nebsewür diňledi. Ejesi ýogalany bäri beýle ýürekdeş, beýle mährem, beýle gamgyn aýdym diňlemedik Nura bu örän täsir etdi. Ony pagyş-para eretdi. Üstesine-de aýdym tamamlanýar, aýdym başlaýar. Näçe ýyllaryň, näçe adamlaryň sowuklygyndan ýaňa, halys berçin bolan oglan ýüregi, mähremlige, ýumşaklyga teşnedi. Daýnadan gaýdany bäri ol ilkinji gezek öz derdine dertdeş aýdym diňledi.Ol öňem aýdym-saz diňläpdi, ýöne bu aýdym ýaly däldi, bu tüýs Nurynyň ýetim ýagdaýy hakdaky aýdymdy. Bu aýdym Nurynyň kalbynda çöküp, üstüni dürli wakalar örten ýatlamalary birden oýaryp goýberdi. Aýdymy aýdan kişi hem Nura örän ýakyn göründi. Nury o bagşy bilen salamlaşasy, tanşasy geldi, onuň boýnuna böküp gujaklasy geldi. Bagşy agsaklap gelşine Nurynyň deňine geldi weli, Nury oňa gaty içgin bakdy. Bagşy muny duýdy, örän gamgyn bakyp, Nura baka öwrüldi weli, Nury tas ony gujaklapdy. Ol bagşyny deňinden geçiresi gelmedi. Özünden uzaklaşdyrsa, bu ýakymly pursatyň ýitip gitjekdigini duýdy. ─Işan aga, salawmaleýkim. ─Waleýkim es-salam, oguljygym. Tüweleme, adam bolýaňyzmy? Gaýrat ediň, gaýrat ediň. ─Işan aga, pulum ýok weli, maňa-da ýaňky aýdymy aýdyp beräýiň. ─Wah, pul dileýän barmy, oglum?! Saňa iki gezek aýdyp bereris. Gürrüňi bolmaz, köşek. Işan aga Nurynyň ýanynda oturyp, oňa garap aýdyma başlady. Işan aganyň berýän duýgulary Nuryny gutarnykly eretdi. Ol hökman suratçy bolar. Işan aganyň bu ýumşak oturşyny hökman çeker. Aýdym tamamlananda Işan aga Nurynyň çignini sypap-sypap goýberdi. Hasasyna direnip turdy. ─Taňryýalkasyn, Işan aga. Jogap bolmady. Diňe ýakymly baş atdy. Bagşynyň damagy doldy. Ol agsaklap beýleki wagona sessiz geçip gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |