OGRULAR WE ELI ARASSALAR!..
Obalaryñ birinde iñrik garaldygy her kes ogurlyk etmäge çykarmyş.
Olar öýlerine gelende, gutulgysyz ýagdaýda öz öýleriniñem talanandygyny görerlermiş. Biri-birinden ogurlaýandygy üçin hiç kimiñ ýitirýän zady bolmandyr, gaýtam hemmeler peýda gazananmyş.
Her bir zadyñ antonimi bolşy ýaly, bu obada diñe bir adam ýoluny dogry tutup, halal işläp, agşamlaryna işden soñ öýünden çykman dynjyny alarmyş.
Ogrular onuñ öýüne ýakynlaşanda çyranyñ ýanyp duranyny görüp, alaçsyz yzlaryna dolanmaly bolarmyş.
Bu ýagdaý bet pällerine böwet bolýandygy üçin olary gahar-gazaba mündüripdir.
Bir gün şeýle diýenmişler:
"- Ýeri bolýar, señ özüñ-ä ogurlyk edeñok, düşnükli. Ýöne sen biziñ ogurlyk etmegimize päsgel berip, bizi kyn ýagdaýda goýýarsyñ!.."
* * *
Bu özelenişden ýañky halalhonymyzam gije çyrasyny söndürip daşaryk çykmaga başlapdyr. Ine, bir gün gije ýarymdan soñ öýüne gelende, öýüniñ jürüniñ dikilendigini görüpdir.
Wagtyñ geçmegi bilen elindäki-ujundaky bar zady gutarypdyr we obadan çykyp gitmäge mejbur bolupdyr.
Oba bolsa ýetjek derejesine ýetenmiş.
Ogurlykdan baýan halk indi aýlykly ogrulary saklap başlapdyr.
Baý-garyp deñsizligi barha artypdyr.
Baýlar mal-mülküni, baýlygyny goramak üçin dürli howpsuzlyk çärelerini geçirip başlapdyr.
Hatda obada tussaghana hem gurup, öz baýlyklaryny eldegrilmesiz edipdirler.
El ujunda diñe sogan ýaly soýulmaga garaşyp oturan pakyr-pukaralar galypdyr.
Wagtyñ geçmegi bilen garyp gatlaklar hasam garyplaşyp, açlygyndan ölüpdir.
Ölmän galan iki-ýeke bende obany taşlap gidenmiş.
* * *
Talar ýaly adam galmansoñ, dura-bara baýlar we aýlykly ogrular hem garyplaşmaga başlapdyr.
Baýlar öñki düzgüni dolap getirmek üçin birmahal obadan çykyp giden ýañky arassa adamy özlerine baş etmek isläpdirler.
Onuñ ýaşan ýerini tapyp, gapysyny barypdyrlar we ýagdaýy düşündiripdirler.
Ýañky adam şeýle jogap beripdir:
"- Bir adam diñe eli arassadygy üçin gözlenýän bolsa, onda iş işden geçip, suw señrikden aganlygydyr!..."
* * *
Gürrüñ bermek menden, hekaýatdan many çykarmak sizden...
Uğur DÜNDAR.
"SÖZCÜ" gazeti, 13.05.2022 ý.