13:54 Ogýust Kontyñ umydy Osmanly we yslam medeniýetidi | |
OGÝUST KONTYÑ UMYDY OSMANLY we YSLAM MEDENIÝETIDI
Edebi makalalar
Žale Parla aramyzda ýaşap ýören iñ uly edebi tankytçylarymyzyñ biri. Bizem bilýän zatlarymyzyñ köpüsini şondan öwrendik. Emma "Atalar we ogullar. Tanzimat romanynyñ epistomogiki esaslary" atly kitabynda beren käbir kesgitlemeleri ýalñyşlykdanam has beter, aýyplaşmasyn welin, özüni respublikaçy saýýan "kadyköýli daýzalaryñam" isteriki sloganlaryny aşmakdan ejiz gelipdir. Tanzimat döwrüniñ romany "kaka" sanjysy edebiýatşynasymyzyñ-da aýdyşy ýaly iñ wawwaly sanjylaryñ biridir. "Intibahda" Ali beýiñ, "Araba söwdasynda" ("Araba Sevdası") Bihruz beýiñ, Felatun beýiñ, Rakym ependiniñ kaka obrazynyñ kemterliginden ýa-da ýalñyşlygyndan doludygy jedelsiz hakykat. Tankytçymyz Tanzimat döwrüniñ intelligensiýasynyñ "kaka" sanjysyna yslam medeniýetimiñ eginlere ýüklän agyr ýük hökmünde baha bermek bilen, ýazyjy-şahyrlaryñ talaplaryny orta atanda, ony diñe yslam medeniýetiniñ ýüki bilen çekip boljakdygyny aýdýar. Yslamyñ progrese bolan çemeleşmesini birküç sany hadysa salgylanmak bilen çäklenmegi we hasam beteri bu pikieinji şeýle dar mysallara esaslandyrmagy uly ýitgi bolup garşymyza çykýar. Žale Parla Kim bilýär, Žale halypa bu kitabyny ýazmanka merhum mugallymymyz professor Fuat Sezginiñ tema boýunça ýazan işlerini okan bolsa, has başgaça zatlary ýazsa ýazar ýörerdi. Eserdäki intelligensiýamyzyñ "kaka" sanjysy hakykatdanam üstünde durulmaly tema. Üstesine bu sanjyny diñe Tanzimat döwrüniñ intelligensiýasynyñ üstünden öwrenip bolmaýar. Merhum şahyr Erdem Beýazitiñ hem aýdyşy ýaly yzasy şindizem dowam edýän sanjy: "Belki-de, bu ýurtda adamlar iñ köp kaka sanjysy bilen iñleýär, kaka diýlende ýadymyza iñ köp çagalygymyz düşýär! Ýatlamalañ jyklaýan perdesinden syzylýar geçip giden günler! Şolar bilen dawaly, şolar bilen söwdalydygymyz! Iñ köpem kaka ýoklugynyñ hasraty bilen gyzdyrýarmyş wagt aýralygyñ ýarasyny! Adam kaka bolansoñ añlaýar myş kakasyny!" Welhasyl, Tanzimat döwrüniñ ýazyjy-şahyryna dolanyp geler bolsak, onuñ tejribesine weledzyna aýyplamasyny ýöñkemek, şeýle-de muny güýjüni yslam medeniýeti bilen elementleşdirmek hemme zatdan beter aýypdyr. Tanzimat döwrüniñ düýbüni tutujylar we ýetişdiren ilkinji nesli taryhymyda seýrek gabat gelýän tejribä, giñ gözýetime eýedir. Munuñ başyny sadrazam (baş wezir) Mustapa Reşit paşa çekýär, Mithat paşanyñ yzyna eýerijilerem bu akymyñ okuwçylarydyr. Mustapa Reşit paşa Tanzimat döwrüniñ syýasatçylarynyñ we intelligensiýasynyñ Günbatarda diýseñ uly at-abraýy bolupdyr. Kont, Lamartin, Dýuma, Renan ýaly birbada ýada düşýän Günbatar akylynyñ we edebiýatynyñ düýbüni tutujylar osmanlylara uly üns beripdirler we pikir alşyp durupdyrlar. Hatda olaryñ arasynda bir bölegi Stambula-da gelip-gitmäge ýaltanmandyr. Şeýle içýakgyç sowaly orta atman bilemzok: - Häzir aramyzda ýaşap ýören Homskiý ýaly dünýä belli akyldarlaryñ näçesi haýsy türk ýazyjy-şahyrynyñ pikirine üns berip, onuñ bilen dostlukly pikir alyşýar? • Kontdan hat bar Geçmişde Mikelanjelo di Lodowiko, Buonarroti Simoni, Leonardo da Winçi ýaly akyldarlaryñ ýurdumyza gelmäge synanyşandyklary we ýazan hatlary bizi elmydama heýjanlandyryp gelen temalaryñ biri boldy. "Genuýadan Leonardo atly kapyryñ ugradan resminamasy bilen hatynyñ nusgasy" asy bilen hezil edip okaýan habarnamamyzda Da Winçinuñ Stambula gelme islegine şaýatlyk edýäris: "Men ejiz bende, jenabymyzyñ Galatadan Stambula köpri gurdurjak bolýanyny eşitdim. Läkin bu işi oñarjak adam tapmandyklaryny bildim. Bu işi oñarjak guluñyz sizi arzuwyñyza gowuşdyryp biler. Köpri ýokary gatyñ üstünde gurulmaly. Ýöne beýle ýokary gatly köpriniñ üstünden hiç kimiñ geçmäge ýürek etmejegini bilýänim üçin iki gyrasyny tagta gözenekler bilen örterin. Gaty şolar ýaly ýokardan taslamagymyñ sebäbi, aşagyndan ýelkenli gämileriñ arkaýyn geçip bilmegi üçindir. Hojaýyn hezretleri razylyk berse, Anadolynyñ kenarlaryna çenli ýetjek, gerek bolsa açylyp-ýapylýan köpri hem gurup bilerdim. Bu ýerdr suw elmydama hereket edip duransoñ, kenarlaryñ daşmazlygy üçin bir alajyny oýladym. Munuñ bilen suwuñ akymy sütünlere we kenara zeper ýetirip bilmez. Enşalla, soltan hezretleri, bu ejiz gulunyñ sözlerine ynanjyny bagyşlar-da, ony hemişe hyzmarynda görmegi islär we jogap bermek lutfuny gysganmaz". Ogýust Kont Şeýle-de okyjysyna keýp berýän ýene bir wakalaryñ biri Ziýa paşanyñ fransuz prozasynyñ görnükli wekili Aleksandr Dýuma bilen gatnaşydyr: "Bir gün oturan otagymyñ gapysy kakyldy. Içerik barmeniñ tüýsünde bir fransuz girdi. Ol meni boýdan-başa synlady. Elini ýüreginiñ üstüne goýup, şol wagta çenli görmedik hereketimi etdi. Ýeke agyz gürlemän maña tarap gaýtdy. Men geñ galdym. "Bu nämäñ alamaty?" diýmäge-de goýman, barmene meñzeş fransuz gelende edişi ýaly üýtgeşik hereketleri etdi-de, çykyp gitdi. Onuñ elime gysdyran kartyna seretdim. Ýüzüne Aleksandr Dýuma diýip ýazylan eken. Arkasyna seretdim, el bilen iki setir ýazylypdyr: "Epeý müddetdir (ep-esli wagt bäri) Parižde bolup ýören şark (gündogar) şahyrynyñ garbyñ (günbatar) garyp şahyrynyñ külbesine gelmezligi ynsapmydyr (gelşiklimi)?" Otagda bizden başga-da iki aýal bardy. Owadan, özüneçekiji aýallardy. Diýseñ bezemen geýnen aýallaryñ özüni alyp barşyndan, gülüşlerinden we oturyşlaryndan Parižiñ sungat işgärleriniñ arasynda entäp ýören ýeñles gylykly zenanlardandygy bellidi"[/i]. Ziýa paşa aýallara sypaýyçylyk edip, olaryñ gözelligine we akyl-paýhasyna öwgüli sözleri aýdanda, Dýumadan garaşmadyk sözlerini eşidipdir: "Fransuz medeniýetiñ iñ soñky gelip ýeten derejesi jelepçiligiñ aç-açan formasydyr. Men muny geljegimiz üçin örän erbet görýärin. Biziñ durmuşymyzyñ ajaýyp özüneçekiji taraplary bar. Dogry. Emma siziñ aýdymlaryñyz ýaly elhenç şahyrlaryñyzam bar. Ajaýyp häkimleriñiz bar. Serediñ, Sagdy (Şirazy)..." Ahmet Hamdi Tanpynaryñ aýtmagyna görä, beýik şahyr we syýasatçy Lamartin Gebzäniñ töwereginde bir ýerde ýer kireýine alyp, Osmanla göçüp gelmegi meýilleşdiripdir. Osmanlyny gowy gören intelligensiýanyñ arasynda iñ täsinleriniñ başyny Kont çekýär. Onuñ sadaretden (baş wezirlikden) boşadylan Mustapa Reşit paşa ýazan haty biri-birinden täsin detallar bilen doly. • Gul bazarlarynyñ ýatyrylmagyna öwgi Kontyñ ýazan hatynyñ birinji paragrafynda diýdimzor hasaplaýan ýewropaly liderlerini berk ýazgarandan soñ gul bazarlaryny ýatyran we progresi goldaýan öñki sadrazam Mustapa Reşit paşany öwüp arşa çykarypdyr: "Onuñ alyhezretleri. Biziñ döwrümiziñ Ýewropasynda Şarkyñ (Gündogaryñ) syýasaty bilen Garbyñ (Günbataryñ) syýasatynyñ arasynda ullakan gapma-garşylyk bar. Sosial hereketi dolandyryp bolmaz ýaly ýagdaýa gelen garply häkimiýetler indi maddy düzgüniñ göni goralyp saklanmagyna mejbur edilen, munuñ bilen birlikde rewolýusion ýagdaýy hemişelik dowam etdirmäge meýil bildirýän kör diýdimzorluga amal edýärler. Halklaryñ hakyky manyda başynda oturan şarkly ýolbaşçylar bolsa, her hökümetiñ ikitaraply funksiýasyny talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin hemişelik tagalla edýärler: Gowulyga çagyrmaga we erbetlige garşy göreşmäge dyrjaşýarlar. Bu asylly herekete häzir Türkiýede Russiýadaky bolşundan has az üns berilýän däldir. Siziñ ýolbaşçylyk eden döwrüñiz täzelikçi soltanyñ janly synanyşygyny pähim-paýhasly terzde dowam etdirmek bilen munda şowly paýa eýedir. Ýekeaýallylygyñ ajaýyp nusgasyny hödürlemek we osmanly paýtagtyny hapalaýan gul bazaryny ýatyrmak bilen yslam medeniýetine şu günki gün iñ uly goşandy goşan ikitaraply ösüşi mynasyp habar berişiñiz hiç wagtam ýatdan çykmasa gerek. Hakyky filosofa Garpda bolşy ýaly Şarkda-da garaşýan düşünje taýdan we sosial täzelenişe dahylly sistematiki düşünje şahsy taýdan nukdaýnazarlarymyza hödürlemäge iteren hususy motiwler şulardyr". Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, Žale Parla yslamy progrese ýük hökmünde intelligensiýamyzyñ egnine ýüklese-de, Kont beýle düşünmändir: "Orta asyrlardan bäri saýlama beýinleriñ teologiki taýdan erkinleşmegi dürli-dürli formalara geçse-de, Garpda bolşy ýaly Şarkda-da mejbury ýagdaýda birmeñzeş ädimleri ädýär. Özem bu erkinleşme anyk çaknyşykdan gözbaş alýar: bu çaknyşyk iki ýekehudaýlylygyñ pozitiwizme mahsus uniwersallyk bilen oñşuksyzlygy görkezýän pikirleriniñ umumy peýdazsyzlygyny anyk formada bildirtýär. Ynanjynyñ has gönümel we dolandyryşynyñ has praktiki bolşundan reallyga elmydama ýakynlygy sebäpli katolikligiñ paýhas goruna garanda yslamyñ paýhas gory pozitiwizmiñ ahyrky hökmürowanlygyna has az garşy çykýan bolsa gerek". Kontyñ pygamberimiziñ (s.a.w) deñsiz-taýsyz rewolýusiýanyñ başlandygyny aýdanda, munuñ yzynyñ akgynly dowam etmändigine-de geñ galýandygyny bilip bolýar: "Deñsiz-taýsyz Muhammet dogmatlardan ýaña biri-birine eriş-argaç bolan Rimdir Wizantiýanyñ iki dininiñ düýpli gapma-garşylygyny synlamak arkaly iki beşeri häkimiýetiñ adaty bölünişigine mahsus düşünjewi-ahlak ýokardalygy hakyky bolşy görüp, boýun etdi. Emma onuñ kämil formadaku sosial paýhasy bu ajaýyplygyñ teologoki prinsipe ornuny çalşan medeniyetden has ösen medeniýeti talap edýändigine düşündi. Haýrana goýjak derejede bolsa-da, heniz kemala gelmedik synanyşygyñ mejbury şowsuzlygyny öñünden duýýanlygyndan, has ýönekeý we teologizmiñ tebigaty has amatly geçiş (faza) gurmak bilen çäklendi. Netijede Şark aýal-gyzlar bilen işçileriñ tapgyrlaýyn erkinleşmegi ugrunda amala aşyran hakyky katolik režimiñ öñbaşçylyk eden sosial rewolýusiýasynyñ ajaýyp inisiatiwasyny Günbatara bermäge mejbur boldy. Emma şarklylar bu anyk girişi sypdyrman gelen uly hereketiñ ahyrky netijelerine eýe bolmaga bizden has werziş hala geldiler. Çünki şeýle ýagdaýda olar döwrebap garplylar üçin ynançlarynyñ aşa mistiki häsiýetlerinden we aýragybam emeli režimleriniñ öz-özünden çagşaýşyna içgin metafiziki bulaşyklykdan gelip çykýan belli-başly düşünjewi-sosial kemçiliklerden goralyp saklanýardy". Biziñ öz ýazyjy-şahyrlarymyz häzir yslamy Tanzimat döwrüniñ intelligensiýasynyñ egninde ýük hasaplaýap durka, Kont yslamy rewolýusion sozulma garşy kepillik hökmünde görmeýär: "Pozitiw din hernäçe talap edilýän taýynlyklaryñ ählisini duýduryp, diñe Garpda orta çykyp bilenem bolsa, yslamy Şarky onuñ ahyrky kabulyna iñ gowy suratda taýynlanan görnüşde kabul etmek gerek. Beýleki bir ýandan yslam halklary rewolýusion bozulma garşy kepillik astyna alypdyr, çünki režimi ýoldan çykan prinsipi çuññur synplandyranda, dogmaty hiç bir ýagdaýda protestant ýa-da deistik sozulmany öz içine almaýardy. Şol bir wagtyñ özünde yslam ýolbaşçylary teoretiki göz öñüne getirmeler bilen bularyñ praktiki düşünjeleriniñ arasynda has az kemçilikli öwüşgin berensoñ, mydama bitewilige dahylly garaýyşlara göz ýetirmäge taýýarlamak arkaly häkimiýetleriñ adatdan daşarylygyny gorapdyr". Kont setirleriniñ dowamymda Sezaýy Karakoçyñ "Direliş" teoriýasyna nezire ýazýan ýalu adamzadyñ direlişini yslam medeniýetiniñ direlişinde we özeninde görkezýär: "Diýmek, filosoflaryñ ýokardakylara düşünmeýändikleri sebäpli aşakdakylara ýönelme mejburyýetinde galýan garply inisiatiwa içgin anarhistik çaýkanyşyga pursat bermezden Şarka ahyrky täzelenme agalyk ediji ýagdaýa gelip biler. Men musulman pähim-paýhasyna degişli bular ýaly taryhy baha bermäni synlap, ilkinji aljyraññylyk giderilenden soñ we belli-başly aladalaryñ pikir edilmedik biçüwde öz-özünden çözülen ýagdaýynda bu pähim-paýhasyñ taýýar obrazlarynyñ pozitiw diri kabul etjeklerine şübhelenemok. Hiç bir metafiziki geçiş (fazasy) degişli edilmezden yslamdan pozitiwizme göni geçmek bilen (musulmanlar) özlerini beýik pygamberlerine dahylly haýrana galdyryjy maksatlaryñ eýerijileri hökmünde duýarlar. Adamzat kulty Muhammediñ hemmetaraplaýyn beýgeldilişini anyk görnüşde sistemasyna goşýar". Şu günki günem yslamyýeti pozitiwist tutaryklar bilen progrese aýakbagy hasaplaýanlar eýsem-de bolsa pozitiwizmiñ atasy Kontyñ şular ýaly pikirlerini okanda, näme diýip näme aýdarkalar? *Hatyñ doly görnüşini "Ogýust Kont. Yslamyýet we pozitiwizm", (terjime eden Özkan Gözel, "Dergâh" neşirýaty) kitabyndan okap bilersiñiz. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Sişenbe, 04.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |