OÑAÝLY SÖWDA
Obadaşymyz Jumat aganyň gapysynda daýaw öküzi bardy. Goja ony iým-suwa zar etmezdi. Ýöne ol öküziň ýakymsyz häsiýeti bardy. Her gün irden eýesi “gezim etsin”diýip boşadyp goýberdigi meýdana tarap giden ýaly edýärdi-de, soň goňşy-golamlaryň melleklerine girerdi. Bag-bakjany paýhyn edip, ter maýsadan garnyny doýrup giderdi.
Oba adamlary häsiýetsiz malynyň il-güne ýetirýän zeleli barada segseni sermelän goja şikaýat etmegiň ebeteýini tapman ýördiler. Şol günleriň birinde goňşy obada ýaşaýan Söýün gassap gojanyň gapysyny kakdy. Onuň käri obalardan semiz mallary satyn alyp, etini etrap bazarynda satmakdy.
Bu myhmanyň matlabyny bilýän goňşy-golamlar bet öküzden dynjaklaryna begenip, hoş habary oba ýaýratdylar. Emma olaryň umydy puç boldy. Myhmanyň söwdasy oňman, yzyna boş gitdi.
- Päheý, onuň diýýän nyrhyna men bu öküzimi satarynmy?- diýip, Jumat aga lapykeç bolan goňşularyna buýsanç bilen gür berýärdi
– Garabaý ýaňy bir ýaşady, gowy bahasy ýetmese ony gassaba tabşyrjak däl. Garrap baranok entek. Ýene birki ýyl gapymda gezse, görübiýris, belki, biriňiziň toýuňyza ýarar. Oba arada o jüre nyrh kesip ýörmerin...
Nurana gojanyň bu “il bähbitli” kararynyň goňşy-golamlara nähili täsir edendigi belli däl, ýöne bir gün aşyryp, Söýün gassap ýene ir bilen ýaşulynyň gapysyny kakdy. Günortanlar bolsa bir ýük ulagy gelip, ýalmawaz öküzi alyp gitdi. Ony il-gün bolup, güýlüp, çekeläp ulaga ýükledir.
– Nesipli ýerine gitdi janawar - diýip, ol Jumat aga ýene-de göwnühoş gürledi. – Şu sapar Garabaýyň bahasy ýetdi. Menem “Tamdyry gyzanda ýap” diýenlerini edäýdim. Käte şular ýaly edip, pursatdan amatly peýdalanmak gerek-dä...
Tiz wagtdan Jumat aganyň gapysynda bi ýuwaş göleli sygyr peýda boldy. Eýsem-de bolsa, öküzli söwdada pursatdan amatly peýdalanan diňe mal eýesi däldi. Söýün gassabam bu geleşikden utulmandy. Oba adamlary hem bir müşgilden dynypdyrlar. Eşidişime görä, gassabyň deslapky şowsuz saparyndan soň bezzat öküzden bizar bolan adamlar üýşüp serişde ýygnapdyrlar. Garabaýyň ýetmeýän nyrhyny daýandyryp, Söýün gassaby obamyza täzeden iberipdirler. Hawa, bu tüýs pederlerimiziň “Ýamandan boýnuňy satyn al” diýenleri boldy.
Şahymerdan SARYOGLY.
Hekaýalar