19:59 Oradur pajygasy | |
ORADUR PAJYGASY
Taryhy makalalar
"Gaýgy-hasrat eýeläpdir kalbyny, Ony egsip bilmez ýyllar, asyrlar. "Zemini uruşdan goralyñ!" - diýýär, Mermere öwrülip, köýen nesiller." Bu setirler belli şahyrymyz Allaýar Çüriýewiñ 1977-nji ýylda Fransiýanyñ Oradur obasynda bolanda ikinji jahan urşunda gitlerçi faşistleriñ elinden wepat bolan oradurlylaryñ ýagty ýadygärligine bagyşlap ýazan goşgusyndan alyndy. Gadymy pereñ topragy özüni gitlerçi jellatlardan azat etmek ugrunda gahrymanlarça wepat bolan onlarça türkmenistanlyny goýnunda saklaýar. Bu barada taryhçy Gara Berdiýewiñ "Partizan ýodalaryny yzarlap..." atly taryhy-dokimental kitabynda gyzykly maglumatlar bar. Şol gahrymanlarymyzyñ kimdigi baradaky gyzykly söhbetimizi ýeneki bir gezege goýup, Allaýar aganyñ Fransiýa eden syýahatynda ýokarda ýatlanan goşgusynyñ döremegine sebäp bolan Oradur obasynyñ pajygaly taryhyna gysgaça göz aýlalyñ. • GIJÄ GALYNAN BÖWÜSME Hawa, Fransiýanyñ haraba öwrülip galan Oradur-sýur-Glan obasy taryhyñ iñ gussaly sahypasyny öz bagrynda saklap gelýär. 1944-nji ýylyñ 10-njy iýuny... Şol gün Lamož şäheriniñ golaýyndaky Oradur obasy gap-gara tümlüge bürendi. Iki ýüz ýedisi çaga, jemi alty ýüz kyrk iki adam nemes däl halkyýetlerden düzülen "Waffen SS" gitlerçi jellatlaryñ birligi tarapyndan zalymlarça ýakylyp öldürildi. Bu pajygaly waka ýaranlyk güýçleriñ Fransiýanyñ Normandiýa oblastyna çykyp, ýurduñ jümmüşine aralaşmaga başlamagyndan bary-ýogy dört gün geçende bolup geçdi. Normandiýa böwüsmesi nemes faşistleriniñ soñunyñ golaýlandygynyñ başlangyjydy. Emma Oradurdaky pajygaly wakanyñ öñüni almakdan welin gijä galypdylar. Gitlerçi jellatlar birmahal çagajyklaryñ agaýana gezip-oýnan parahat obasyny dowzaha öwrüpdiler. Olar obanyñ erkeklerini ahyra, aýal-gyzlary we çagalary-da buthana salypdyrlar. Rober Hebra (1925)... Oradur pajygasy bolan wagty ýañy on dokuz ýaşyndady... Ol şular ýaly ýowuzlygyñ janly şaýady bolan adam. Häzir aýatda diri togsan bäş ýaşly goja Hebra muny şeýle ýatlaýar: “Bizi ahyrda gabap, soñam oka tutup başladylar. Ölenler biri-biriniñ üstüne düşüp, maslyklar gat-gat bolup galdy. Menem şolaryñ biriniñ aşagynda galdym. Soñra ýanygyñ ysy gelip başlady. Ahyry oda beripdiler. Şol wagtam men gaçdym.” Rober Hebranyñ ejesi we uýasy bolsa, oda berlen buthanada ýanyp kül bolan 207 çaganyñ we 247 aýal-gyzyñ arasyndady. Bu ýowuz jenaýaty amala aşyranlara näme bolandyr öýdýärsiñiz? • BARY-ÝOGY BIR ADAM JOGAPKÄRÇILIGE ÇEKILDI Geýns Bart... "Waffen SS"-iñ ofiserlerinden. 1983-nji ýylda suda çykarylyp, ömürboýy azatlykdan mahrum edildi. Bart Oradur pajygasynyñ häzire çenli suduñ öñünde kellesini ýalañaçlan ýeke-täk jogapkärdi. 1997-nji ýylda mazaly garrandygy we saglyk ýagdaýy sebäpli azatlyga çykaryldy. On ýyldan soñ (2007) ýylda aradan çykdy. Žan-Marsel Darhout (1924-2016)... Pajygadan halas bolmagy başaran üç adamdan biri... Ol Germaniýanyñ uruş jenaýatyny edendigini boýnuna almagyna uzak wagtlap garaşandygyny aýdypdy: “Bolsa-da Oradur pajygasyny kabul etdiler. Nemesler muny edendiklerini uzak wagtlap boýun alman gezdiler.” Allaýar Çüriýew Oradurda Oradur obasynyñ biziñ günlerimizdäki haraba öwrülen galyndysy taryhyñ ýowuz günlerinden açylan janly sahypa mysaly häzirem şol öñki duran ýerinde seleñläp otyr... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |