23:00 Orator maşyn / satiriki hekaýa | |
ORATOR MAŞYN
Satiriki hekaýalar
Maşynlar indi hemme zatda adamynyň deregini tutup bilýärler. Robot diýip atlandyrylýan maşyn adamlaryň edýän işlerini adamlaryň özündenem oňat edýärler. Adamlar bir zatda ýalňyşaýdyklary, adatça: - “Aý, bolýar-da adamçylykdyr, ýalňyşman bolýarmy...” diýýärler. Robotlarda bolsa oň ýaly zat bolmaýar. Olar çigit ýalyjak-da ýalňyş goýbermeýärler. Häzir Amerikada bir täsin maşyn döredilipdir. Ol maşyn aýdym hem düzüp bilýär. Hawa, hawa, şu eşidip ýören aýdymlaryňyz ýaly aýdymlary düzýär. Onda-da sagatda müňläp, müňläp... Bu aýdymçy maşyny “Knopkalyja Berta” diýip atlandyrýarlar. Onuň ençeme knopkasy bar. Bardy-geldi köne aýdymlar ýüregiňize düşüberse, Berta hanymyň ýanyna baragada knopkasyny basyp goýberäý, ana onsoň ol göwnüňiziň islänje aýdymlaryny wazladar durar. Onsoňam ol hemişe bir aýdanyny gaýtalabam duranok. Her gezek knopkasyny basanyňda, ol seniň göwün islegiňe baglylykda, biriniň yşgyndamyň, bir zadyň gaýgysyny edýärmiň, söýgüliň seni taşlap gitdimi ýa-da gara köpüksiz galypmyň... garaz, edýän pikiriňe baglylykda täze bir zat düzüp aýdýar. - Ezizim, Berta hanym, maňa bir zaryn aýdym aýdyp beriň! – diýen badyňyza, bu maşyn aýralyk aýdymyny eşidesiňiz gelýärmi – ony çalyp berer, janyňyza kast edip ölmegi küýüňe düwdüňmi – ýas marşyny çalyp berer, öýlenmekçi bolduňmy – toý heňini çalyp berer, mahlasy islän zadyňy eşidiber-dä... Meniň pikirimçe, biziň watanymyzyň uçursyz mätäç maşyny traktoram däl, holodilnigem däl, awtomobilem däl, kir ýuwujy maşynam däl... Ýok... Bize aýdym aýdan adamynyň däl-de, çykyp gepleýän adamynyň ýerini tutup bilýän maşyn gerek. Onsoňam şunuň ýaly orator maşyn diňe bir biziň häkimlik ediji partiýamyza däl, hemme partiýalara-da gerek, sebäbi biziň işgärlerimiziň sözleýän sözleri adamlaryň gulaklaryny kamata getirip, halys ýürege düşdi. Ine, indi on ýyl bäri, şol bir heňleri... Biziň häzirki oratorlarymyzyň sözlejek sözlerinem edil bir wagtky Hafiziň, Burhanyň hüwdüli ýa-da gazally plastinkalary aýtdyrylanda, olary plastinka alan firmanyň markasynyň adyny tutanyňdan, mysal üçin, “Oden Rekor” diýeniňden näme aýdyljagyny bar kişiniň öňünden bilşi ýaly, eýýäm bilýändirler. Häkimlik ediji partiýanyň ýolbaşçy işgäriniň: - Öňki düzgün wagtynda... – diýip, başlaýdygy eýýäm onuň näme aýtjagy uly ile aýandyr. Oppozision partiýanyň plastinkasy bolsa: - Biz häkimiýet başyna geçenimizde... – diýip başlaýar. Ine şeýle diýip radiolarda-da, mitinglerde-de, gurultaýlarda-da, on ýyldan dagy bäri şol birsyhly gaýtalanyp ýörlendir. Pet-bizarymyzy çykardy, halys doýurdy. Eger Amerika dostumyz bolup, onuň hakykatdanam bize kömek beresi gelýän bolsa, onda biziň üçin bir orator maşyn oýlap çykaryp iberse, hemme kömeginden degerli bolardy. Goý, ol maşyn bize elektrik güýji bilen tozan sorujy, geýim ýuwujy we sakgal syryjy maşynlardan öňürti gelsin. Iň bolmanda ol maşyn söz sözläniňde beýleki oratorlaryňky ýaly ýüzi gyzyp, biedeplik edip, agzyna gelen zady samraba-ha durmazda. Pähimli adamlaryň aýdyşyna görä, adamlara ýalňyşmak mahsus zatdyr. Oppozision we häkimlik ediji partiýanyň oratorlary bolsa, täze maşynyň haýsy-da bolsa bir knopkasyny basarlar... - Hany, jenap robot, oppozisionerleri heläk edäýjek bir degerli söz sözläň bakaly! – diýip, degişli knopkany basyp goýberersiňiz welin, orator maşyn: - Hormatly graždanlar!.. men inkär edip bolmajak sanlara salgylanyp gepleýärin. geçen ýyla garanyňda 80 prosent köpeldi we şuňa meňzeşler – diýip başlar. Göwnüňize ýakmadymy? Başga bir knopkany basyp goýberiň: - Hormatly graždanlar!.. Ýurduň işini nobata durmalar görýär... Islän zadyňy diňläber... Ýöne bize bir zat kyn düşýär. Ýa biziň howa ýagdaýymyzdanmy, ýa-da başga bir sebäpdenmi nämemi, geň galyp oturmaly, daşary ýurtdan bize gelýän maşynlaryň hemmesi dessine sandan çykaýýar. Ine, mysal üçin, Italiýadan gelen elektrikleşdirilen demir ýollary ýa-da telewizorlary alyp göräýeliň. Bizde asyl bularyň işleýäni ýok. Ynha ýaňky orator maşynyňam bizde işläp biljegi gümana. Ine birden zapas şaýlary tapylman duruberse, ýa-da onuň tersine zapas şaýlary tapylyp, mynyň özi tapdyrman duruberse nätjek. Biziň elimize düşen zat döwülýär. Bütin dünýäde tehniki açyşlar edilýär, bizde bolsa tehniki weýrançylyk açyşy edilýär. Biz müňlerçe knopkaly orator maşyny abat saklap bilsedik. - Şeýle-şeýle knopkaly maşynlary basmaly däl! – diýip, prokurorlar buýruk berip bilerdiler. Şonda ol buýruga boýun egmän, islän knopkasyny basmaga milt eden adam bizde iň zor orator bolardy. Eziz NESIN. Rusçadan terjime eden Daýhan AKMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |