16:10 Osmanly - osmanly diline garşydy | |
OSMANLY - OSMANLY DILINE GARŞYDY
Publisistika
Gýote "herekete geçen jahylyýetden has gorkunç zat ýok" diýipdir. Erdogan we onuñ şärikdeşleri ideallaşdyrlan Osmanlyny her demde öwüp arşa çykarýarlar. Öwübersinler. Bizem öwýäris, näme üçin öwmäliñ, osmanlylar biziñ ata-babalarymyz. Emma, öwjek bolsañ, bilmegem gerek. Jahylyýetiñ antiwirusy bilimdir. Erdogançylar osmanly dilini bilenok. Olar hiç hili ylmy tutarygy bolmadyk hyýalbentligiñ girdabynda ýüzüp ýörler. Seretseñizläñ, osmanly dilini liseýlerde hökmany okatmaly sapaklaryñ biri hökmünde okuw maksatnamasyna girizjek bolýarlar. Hawa, hawa... Olar pikir edýärler, Türkiýe bir günde osmanly dilini taşlap, latyn elipbiýine geçendir öýdüp! Bu jahyllaryñ osmanly döwründäki osmanly diliniñ üstünde turan goh-galmagallardan, çekişmelerden habary ýok!.. Soltan Abdylhamyt II-niñ döwründe üç gezek Magaryf nazirligine (Bilim ministrligine) bellenen we dokuz aýa golaý bu wezipede işlän Münif paşany (1830-1910) hijem bilýändirler öýdemok!.. Münif paşa şol bir wagtyñ özünde Osmanly döwletiniñ ilkinji bilim edarasy bolan "Osmanly Ylym jemgyýetiniñ" (“Cemiyyet-i İlmiyye-i Osmaniyye”) esaslandyryjysydy. Arap, pars, nemes, iñlis, fransuz dillerini suwara bilýärdi. Şamda, Kairde, Berlinde okady. Osmanlynyñ "aýdyñlanma merkezi" Baby-alynyñ Terjime böluminde ýetişdi. Wolter ýaly Renessans döwrüniñ filosoflaryny osmanly diline terjime etdi. Ýagny... ol dil meselesini teoriýada we praktikada iñ gowy bilýän osmanly intellektualy we döwlet işgäridi. Osmanly diline ýeñilleşdirilen üýtgeşmeleri girizmek meselesini ilkinji bolup dillenenleriñ birem Münif paşady. Ýogsa-da... osmanly dilini näme üçin bökdençlik hasaplaýardylar? Ine, meseläniñ düýp özeni-de şu ýerde... ■ Çekişme çap stanogy bilen başlady Osmanly diliniñ bökdençlik hasaplanmagy XVIII asyryñ başynda boldy. Çünki... Çap stanogy 1727-nji ýyldan başlap gündelik durmuşymyza aralaşdy. Emma kitap çap edýän stanok okyjy-ýazyjy sanynyñ artmagyna getirmedi. Munuñ sebäbi, osmanly dilini okama-ýazma meselesinde döredýän kynçylyklary hem-de onuñ türkçäniñ ses galybyna sazlaşmaýanlygydy. Yzyndan... yzagalaklyga çäre hökmünde mekdepler açmaga başlan Osmanly "dil meselesi" bilen ýene bir gezek garşyma-garşy geldi: alty-ýedi ýylyny bu dili öwrenmäge bagş eden çagalar ýeke haty okap bilenokdylar! Meseläniñ geñ ýeri, mugallymlaryñ ýagdaýy-da okuwçylañkydan gowy däldi! Osmanly dili elipbiý özleşdirmegi kynlaşdyrýardy. Arap harplary türkçe kelimeleri añlatmakdan ejiz gelýärdi. Hareke (belli yşaratlar) goýulmaýan söz bäş-on şekilde okalýardy we şübhesiz bularyñ berýän manysy diýseñ güýçlüdi! (Mysal üçin, kaf, waw, re harplary bilen ýazylan söz "kürk, kürek, gewrek, körük, görk, görün" diýip okap bolýardy.) Ulanylyp ýörlen harplar bilen ýörite atlary ýazmak iññän kyndy. Osmaly diliniñ eýeriji sözleri (комплемент) barada aýdybam durjak däl... Ahmet Jewdet Paşa özüniñ “Kawaid-i Osmaniýýe” eserinde türk dilinde bar bolup, arap harplarynda görkezip bolmaýan sesleri añlatmak üçin bir ýol tapmagyñ gerekdigini ýazdy. Mesele döwletiñ ylmy edarasy bolan "Enjümeni Danyş"-da (ýagny, häzirki Ylymlar akademiýasynyñ mysalyndaky edara -t.b.) ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir harplaryñ üstünde ýörite belgileri-yşaratlary goýmak makul bilindi, emma bulam kynçylygy aradan aýryp bilmedi. Şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçmek isleýärin: osmanly diki çaphana işlerini-de kynlaşdyrýardy. Latyn harplary 30-40 görnüşli harp galyplary bilen çap edilýän bolsa, osmanly dilinde ýönekeýje bir ýazgy üçin azyndan bäş ýüz sany harp galyby gerekdi, munuñam üstesine osmanly dilindäki teksti baglaýjylary üçin bolsa munuñ üç essesiçe harp galyby gerekdi! Ýagny, kitap çap etmek işi duranja derdeserdi. Osmanly döwleti osmanly diliniñ meselelerini çözmek isleýärdi. Hut şonuñ üçinem "täze harplara geçmegiñ" gerekdigini nygtaýan Münif paşany üç gezek Magaryf nazirligine belledi. Her gezek wezipä bellänsoñ, Soltan Abdylhamyt II jahyllardan gorkyp, ony wezipesinden aýyrdy. Çünki... Münif paş metjitlerde berilýän wagyzlarda-da gäwürligi getirmekde aýyplandy! Ýogsam bolmasa, munuñ din bilen baglanşygy ýokdy, mesele tehniki meseledi... ■ Iki ýüz ýyllyk mesele Täze harplara geçmegiñ gerekdigini ilkinji bolup resmi ýagdaýda 1863-nji ýylda sadryagzam (baş wezir) Fuat paşanyñ ýanynda gozgan azerbaýjanly ýazyjy Mürze Fataly Ahundzadady. (Köşkdäkileriñ käbiri latyn elipbiýini bilýärdi. Mysal üçin, XVIII asyrda Soltan Selim III-niñ döwründe fransuz sungat işgäri Melling Kalfa bilen Hatyja soltanyñ arasyndaky hat alyşmalar, latyn elipbiýinde ýazlan türkçäniñ ilkinji nusgalarynyñ biridir.) Hawa... Osmanly döwleti meseläni we meseläniñ çözgüdini bilmän duranokdy, emma çekinýärdi: "yslam elipbiýini nädeñde terk edip bolarka!" Emma... dil meselesi boýunça çekişmeleriñ gowry ýatmady. Mysal üçin... Namyk Kemal şeýle ýazdy: “Biziñ çagalarymyz bäş-alty ýaşynda mekdebe berlip, iki-üç ýylda-da tejwid we hatym çyksa, bäş-alty ýyllap ýazyp-bozup ýörenem bolsalar, ellerine bir gazet berseñ okap bilenoklar. Iki setirlik bir diktant ýazmak dagy nirede gören zady?” ("Hürriyet" gazeti, 05.07.1869 ý.) Gazetler bir-birine hüjüm edip başlady: “Latyn elipbiýine geçilsin” diýen "Terakki" bilen "Jeride-i Hawadisiñ " arasyndaky çekişme birnäçe günläp gitdu. Osmanly döwründe ilkinji bolup albanlar arap elipbiýini ulanyşdan galdyrdylar. Yzyndan... 1879-njy ýylda Stambulda doganlar Abdül we Şemseddin Samiler latyn we grek elipbiýini garyp, stambul elipbiýini döretdi. Bu elipbiýde bir grammatika kitaby we birnäçe okuw kitaby çap edilse-de, kän bir ugrugyp gitmedi. Has soñ... Magaryf nazirligine degişli Imla komissiýasy, intelligensiýanyñ käbir wekilleri tarapyndan döredilen "Yslahy huruf jemgyýeti" we Gazy Ahmet Muhtar paşanyñ ýolbaşçylygyndaky "Yslahy huruf enjümeni" osmanly diline sesli harplaryñ goşmak, harplary aýry ýazmak ýaly üýtgeşmeleri girizdi, emma netije gazanyp bolmady. Osmanlynyñ iki ýüz ýyllyk osmanly dil meselesini respublikamyz 1928-nji ýylda gutarnykly çözdi, okamasy we ýazmasy añsat, çalt öwrenip bolýan latyn elipbiýine geçildi. Bugün Erdogan taryhy yza sarap getirjek bolýar, bolany. Gýote "jahyllar akylly adamlaryñ müñ ýyl öñ jogaplap giden sowallaryny bererler" diýipdir! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.12.2014 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |