11:55 Öte söýgi / hekaýa | |
ÖTE SÖÝGI
Hekaýalar
Gurbanjemala oba arasynda-da, mekdepde-de hemmeler Guba diýerdiler. Onuň hakyky adyny ýekeje adam dogry tutýardy. Ol Gurbanjemalyň klasdaşy Allamyrat. Ilkibadalar muňa hiç kim ünsem berenokdy. Üns berere esasam ýokdy. Her kimiň öz bolşy bolýar. Kimler sähelçe zadyň aňsat tarapyny gözleýär, kimler her zadyň hakyky bolşuny. Gurbanjemal ýyl geçdigisaýy barha görklendi, barha syratlandy. Baýdak kimin bolup, klasdaşlarynyň arasyndan saýlanyp durdy. Ýüzi mydama gaýmak çalnan ýalydy. Käse ýaly gara gözleri mähre eýlenendi. Her örümi bilek ýaly ýogyn saçlary dyzyndan geçýärdi. Onunjy klasyň bahary diňe Gurbanjemal üçin däl, bütin oba, mekdep üçinem diýseň täsin boldy. Obada: «Allamyradyň ejesi okuw gutaran dessine Guba sözaýdyjy barjakmyş. Ýaşy ýetmese-de, Allamyrady öýerjekmiş. Sebäbi güýzde Allamyradyň on sekiz ýaşy dolýamyş. Onsoň ony gulluga alanlarynda, ejesi öýde ýeke gugaryp galmaz ýaly, gelin edinjekmiş» diýen gürrüň ýaýrady. Bu habar Gurbanjemalyň öz gulagyna-da ýetdi. Dogrusy, bu gürrüňi oňa jorasy hem partadaşy Bahargül aýtdy. Bu habara Gurbanjemalyň begenjiniň çäginiň neneň bolandygyny diýseňiz-läň! Ol, heý, begenmän biljekmi! Allamyrat klasyňam, obanyňam iň naýbaşy ýigidi ahyry! Gurbanjemal üçinem, klasyň, obanyň beýleki ýetişen gyzlary üçinem dünýede Allamyratdan özge gowy ýigit bolmasa näme! Onsoň, gel-gel, şeýle naýbaşy ýigide taý görler-de, Gurbanjemal begenmezmi! «Menem ejemiň ýeke gyzy, Allamyradam ejesiniň ýeke ogly. Ikimizem iki öýe-de hem ogul, hem gyz bolarys!» diýip, Gurbanjemal öz ýanyndan ähli zady kesip-biçdi. «Ejelerimiz bolsa, öň-ä jorady, indem dogan bolarlar». Eger Gurbanjemal Allamyrada çykjak bolsa, bu zatlar hökman şeýle bolaýmalam. Başga hili bolubam bilmez. Diýmek, söýgi üçinem olara päsgelberjek hiç zat ýok. Ejeler razy, perzentler razy. Ýürekleriň birleşmegi üçin mundan başga näme gerek! Hiç zat! Bu habar ýaýrandan soň, Allamyradyň gözleri Gurbanjemaldan aýrylmady. Gurbanjemalyň gözleri Allamyratdan. Klasdaşlaryň, obadaşlaryň gözleri bolsa, olaryň ikisinem sypdyrmady. Ejesiniň habar ýaýradany bilenem oňman, Allamyradyň hut özem Gurbanjemala söz iberdi. Ýigidiň söýgi habaryny gyzyň partadaşy Bahargül getirdi. Bahargül arakesme wagty Allamyrat bilen gapynyň agzynda hyşy-da-wyşy bolup durýardy-da, sapak wagty hem Gurbanjemalahat ýazyp geçirýärdi. Bir gün ol Gurbanjemala şeýle mazmunly hat uzatdy: «Allamyrat menden: «Gurbanjemalyň özi bir maňa çykmaga razymyka?» diýip sorady». Gurbanjemal dessine: «Dünýede meniň üçin şondan eziz ýigit ýok»diýip ýazdy-da, jogap hatyny uzatdy. Bahargül başga bir gün: «Allamyrat: «Göwnüme bolmasa, hemme oglanlaryňam gözi Gurbanjemalda ýaly» diýýär» diýen haty uzatdy. Gurbanjemal bu gezek hat bilen jogap bermedi. Ýöne özüniň Allamyrada jany-teni bilen wepalydygyny subut edesi geldi. Ol şol günden başlap ýaglygyny maňlaýlary bilen ýapyp daňyp başlady. Gara saçlarynam düýrläp, ýaglygynyň içine dykdy. Mekdepden çykdyg-a kellesinden gün geçirmejek bolup, ýüz-gözüni saraýan kolhozçy gyzlara döndi. Ýaglygyny bütin kellesi bilen daňdy. Şonda onuň diňe gözleri ýyldyrap görünýärdi. «Men diňe Allamyrat üçin şeýdýän. Başga kişi indi hiç wagt maňa seredip bilmez» diýip, ol jorasy Bahargülüň ýanynda nygtap-nygtap aýtdy. Ýatsa-tursa, Gurbanjemalyň bar pikiri Allamyradyň göwnünden turmak boldy. Ol mydama: «Nädemde şony begendirip bilerkäm?! Nädenimde Allamyrat meniň diňe özüni söýýänime ynanarka?» diýip pikir öwürýärdi. Şeýle pikir bilen ol günleriň bir güni has aýylganç zat oýlap tapdy oturyberdi. Ýeňiniň içinden goluna kiçiräk aş pyçagy berk daňdy. Ýeňi juda uzyndy, barmaklaryna ýetip durdy. Şeýle bolansoň, pyçak daňlanyny hiç kim bilerli däldi. Ýöne özüniň bu bolşuny ol Allamyrada ýetirmek isleýärdi. Sebäbi ony çenden gowy görýänini ýürekden subut etmek gerekdi. Sapak başlanyp, mugallym heniz klasa girip ýetişmändi. Gurbanjemal partadaşy Bahargülüň böwrüne barmagyny çalaja dürtdi-de, onuň ünsüni özüne gönükdirdi. —Ine, Allamyratdan başga haýsy oglan maňa lak ataýsa, şuny böwründen geçirjekdirin—diýibem, jorasyna öwran-öwran gepini tekrarlady.—«Guba şeýdip ýör» diý-de, Allamyrada-da aýdaý. Beýleki oglanlaram, goý, eşitsinler. Gaýdyp maňa seretmezlerine gowy bor. Jorasynyň goluna daňlan pyçagy görüp, Bahargülüň ýüzi garört bolup, dodaklary tirpildedi. Gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Partanyň aşagynda goýýan sumkasyny çykaryp, derrew jorasy bilen özüniň arasynda goýdy. Turup gidäýjegem boldy. Ýöne birden başga ýere geçibermegiňem ebeteýini tapmady. Gepläp bilmän, dili tutuldy. Diňe baş atyp oňdy. Şol gün arakesmeden soň bolsa, üýtgeşik zatlar başlandy. Ilki bilen Allamyradyň ýüzüne gara bulut çökdi. Gaşlary çytylyp, keýpi bozuldy. Öňler gyzy gözleri bilen iýip barýan ýigit oňa tarap gaýdyp gabagynam galdyrmady. Gaýtam, onuň gelýänini görenden, ýylandan gaçýan dek bolup, çete okduryldy. Bütin klas Gurbanjemala üşerilip bakdy. Hatda oňa ýakynrak partada oturýan oglanlaryň bary iň çetki hatara düzüldiler. Gyzlar hem oňa seretmejek bolup, onuň bilen gürleşmejek bolup çalyşýardylar. Gapyda dagy onuň bilen pete-pet geläýselerem, üstlerine möjek oklanan dek bolşup, patanaklaşyp, çete gaçyşyp ugradylar. Şol gün sapak gutaryberende bolsa, Gurbanjemaly mekdep direktorynyň klasdan hem mekdepden daşary terbiýeçilik işleri boýunça müdiri Ogulbike Jumaýewa öz ýanyna çagyrdy. Terbiýeçi müdiriň ýanynda Gurbanjemallaryň klas ýolbaşçysy Artyk Mämmedowam bar eken. —Guba jan, sen ýaraňokmy?!—diýip, Ogulbike Jumaýewa başdan onuň bilen mylaýym gepleşmäge çalyşdy.—Doktor çagyraýaly?—Şeý diýibem, ol Gurbanjemalyň ýanyna gelip, onuň maňlaýyny elläp gördi. —Men-ä ýaraýan...—diýip, Gurbanjemal ýüzüni aşak salyp oturyşyna pessaý gepledi. Mugallymlar birbada gepi nämeden başlajakdyklaryny bilmediler. —Biri göwnüňe degen bolsa-ha, aýt, Guba, özüm temmisini bereýin—diýip, Artyk mugallym hem sypaýy gep gozgady.—Çekinme-de, aýdaý sen! —Meniň-ä göwnüme degýänem ýok—diýip, Gurbanjemal şol bir hörpde sypaýyçylygy elden bermän gepledi.—Degibem bilmezler... Çyn gürrüňe geçiläýmese, bolmajakdygyny aňan Ogulbike mugallym ahyry gönüledi: —Guba jan, hiç kim göwnüňe degmeýän bolsa, näme üçin ýanyňda pyçak göterýäň? Bu söz aýdylanda, Gurbanjemal gaty çalasynlyk bilen sag elini çep eliniň ýeňine ýetirdi. Barmaklary gizlenýänçä, ýeňini çekdi. Ýüzi dym-gyzyl boldy. Ýöne sesini çykarmady. —Soňky wagtlar seniň ýaglyk daňşyňam üýtgedi—diýip, Ogulbike mugallym sypaýyçylygy elden bermän dowam etdi.—Ýaramaýan bolsaň-a, özümiz gürleşeli, sen şäher doktorynda birki hepdejik ýat-da geläý!.. —Men doktora gitjek däl!—diýip, Gurbanjemal ör-gökden geldi.—Haýyş edýän, meniň ýaglyk daňşyma-da, hiç işime-de goşulmaň. Bu zatlary men öz bagtym üçin şeýdýän! —Mekdebe pyçakly gelip bolmaz-a, Guba jan!—diýip, Ogulbike mugallym salykatly dowam etdi.—Şonsuzam seň bagtyňa hiç kim badak atyp bilmez. Biri bir zat diýse, biz bar-a! —Bolýa, getirmesiz bolsa, pyçagy ertir goýar geläýerin—diýip, Gurbanjemal mugallymlary bilen ylalaşdy.—Ýöne ýaglyk daňşym welin, öňküsi ýaly bolar... Şondan soň Gurbanjemal gaýdyp goluna pyçak daňmady. Ýöne eýýäm boljak iş bolup, boýa siňdi. «Gowşak bilýä, sapak öwretjek» diýen bahana bilen partadaşy Bahargül hem indi başga gyzyň ýanyna geçdi. Gurbanjemalyň bir özi galdy. Ol hiç zada ünsem bermedi. Ilden artykmaç gepem soramady. Şol, ýaglygyny maňlaýy bilen sarap daňşyna, öz pikir-hyýallary bilen gümra boldy ýördi. Allamyrat hakdaky arzuwlary bilen ýaşady. Ine, şeýdip okuw tamamlandy. Klasdaşlaryň hersi bir ýerik guş bolup, ganat ýaýyp gitdi. Kim okuwa gitdi, kim işe. Gurbanjemal hiç ýere-de gitmedi. Ýogsa, okamak islese, ejesiniň garşy bolmajagynam bilýärdi. Ýöne ol Allamyradyna garaşýardy. Tomsuň beýniňi gaýnadýan yssy günleriniň birinde ejesi çörek bişirmek üçin hamyr ýugurdy. Gurbanjemala tamdyra ot salmagy tabşyrdy. Gurbanjemal tamdyryň başyna odun baryny getirdi. Pikirlere gümra bolubam, getiren odunlarynyň baryny atyp gutaranynam duýmady. Ejesi gelenden, tamdyryň odunyň artykmaç düşenligini aňdy. —häý, indi çöreklerimiz gaçmasa-da biri. Ody gereginden artyk ýaksaň, çörek ýa-ha gara köýük bolýandyr, ýa-da gaçýandyr, gyzym, şony hergiz unutmagyn—diýip, ejesi ody dörüp durşuna Gurbanjemala sargyt etdi. Ejesiniň diýşi ýaly boldy. Ýapylan çörekleriň bary sypyrylyşyp, küle gaçdy. Azaby reýgan bolan ejesi gara dere batyp, öýe gitdi: —Ertir başga bişiräýeris. Gaçan çörekleri ýygna-da, sygryň iýmine ataý. Gurbanjemal eline ýeňlik geýip, küle gaçan ýarym hamyr çörekleri tamdyrdan çykarmaga durdy. Şol wagt onuň ýanyna obanyň toý çakylykçysy Mirap aga geldi. Ol Gurbanjemalyň eline çakylyk biletini tutdurdy-da, ýene tigrine münüp, gelşi ýaly hem yzyna dolandy. Çakylyk biletiniň ýüzünde Allamyrat bilen Bahargülüň suraty ýanaşyk durdy. Olar Gurbanjemaly öz toýlaryna çagyrýardylar. Gurbanjamal bilete göz gezdirensoň, ysgyn-mydardan gaçyp, özüni lampa ýere goýberdi. Küle gaçan çörekler ýatdan çykdy. Ýüregi agzyndan çykara gelip, başy aýlandy. Bütin dünýe ters öwrülene döndi. Gyzyň göz öňünde özüniň mekdebe goluna pyçak sarap baran güni janlandy. Allamyradyň, klasdaşlarynyň soňky günler näme üçin özünden çeke duranlaryna ol häzir göz ýetirdi. Goluna pyçak sarap, telek iş edenine-de ol diňe häzir düşündi. Küle gaçan çörekler birkemsiz ýanyp, tamdyrdan tüsse hem ýanyk ys çykyp ugrady. Bu bolşy synlap oturyşyna Gurbanjemal maňlaýyna patladyp, nala çekdi: «Wah, has öteräk söýäýdim öýdýän men!..» Onuň nalasyny özünden başga hiç kim eşitmedi... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |