18:36 Oýan ýar | |
OÝAN ÝAR
Goşgular
Men ýanyñda, Sen ukynyñ bimary, Meni goýup, uka gözi gyýan ýar. Saçlaryñy sypap, berip timary, Kalbym bilen pyşyrdaýan "Oýan, ýar". Sähranyñ ysy gelýär demiñden, Şol sähranyñ ummanyna emendim. Süýr-depämden sallan arzuw kemendin, Özi uklap meni derde goýan ýar. Ömür ýatyr sabalaryñ badynda, Ýalñyş hat deý meni bozma ýadyñdan. Şir sypatlym aýlanaýyn adyñdan, Ynam mekdebinde maña uýan ýar. Saña bir köşk gurdum göwün şährimden, Soltan bol-da gandyr şalyk mähriñden. Öñ kän dadypdym gamyñ zährinden, Gözlerimden ähli derdim duýan ýar. Kalbyñ ýaly juda gözel gijeler, Size myhman bolan duýgym inçeler. Bize Hakdan peşgeş gelen bijeler, Indi gaýdyp gaýtalanmaz oýan, ýar. ◆ ◆ ◆ Meniñ gamgynlygym dogry bellediñ, Men nädeýin käte şatlyk bermeseñ. Otdan çyksa semenderem ölýändir, Ataşda lowlasam gaty görme sen. Sen öldürseñ eý-waý, kül bolaryn men, Gaýta ýetir iñ saýhally odunym. Panyñ üç gün ýylysyna ynanma, Sowuk güni geregi bor odumyñ. Sesýetim ýol ~ bize daş bolup ara, Şygyrlarym bir gün ýetirer ahy. Meniñ öz ýaramy özüm bejerşim, Gökde ýyldyz gördi, derýada mahy. Umyt käsäm boşap barýar, gör indi, Onuñ doljagyna özüñ söz berdiñ. Ak mañlaýy gara daşa degene, Özüñ hossar çykyp, özüñ ýüz berdiñ. Indi bolsa seniñ juda işiñ kän, Çykyp barýan, belki çykdym ýadyñdan. Akpamyk deý bir gün bararyn ýanyña, Etegime salyp ýakan oduñdan. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||