OÝUN
Öňden gelýän oglanjygyň egnindäki eşigi sal-saldy, horja ýüzi-de gara çyrşakdy. Elleri arkasyna pugta daňylgydy. Yzyndan nyzamly ýöräp gelýän oglanlaryň welin keýpi kökdi,olaryň hersi oglanjyga bir söz oklaýardy, onsoň her saparam haýsydyr bir düşnüksiz dilde wagyrdaşyp gülüşýärdiler.”Eý, partizan” diýen sözler bolsa has uzagrakdan eşidilýärdi. Olaryň ellerinde oýunjak tüpeňleri-de bardy.
Ýoldan geçip barýan iki aýalyň ünsi oglanlarda eglendi. Uzyndan daýaw aýal elleri bilen ýakasyny ebşitläp tutup, ýuwaşja pyşyrdady:
--Amangül, oglanlaryň öňlerine salyp barýany Akynyň körpesi ýaly-la,hany, siňe seret, seň gözleriň meňkä görä ötgürdir.
--Aý, ýog-a?
--Hä, hä şol gerek?
--Hut şonuň özi. Ony nirä alyp barýarkalar? Seret, seretsene gyz, onuň ellerem arkasyna baglanan, üst-başam...
--Ol neressäniň näme günäsi barka?
--Ulurak garagolluk edäýdimikä?
--Biz-ä bilmedik.
--Hany, sen olary gözüňden sypdyrma, men Nurgüle habar edeýin.
Uzyn boýly aýal ýoluň gyrasyndky howla bakan howlukdy. Salym geçmänkä-de bu ýere Nurgül eje bilen tirkeşip geldi.
Ilki ogluny tanaman, soňam tanap, bolşuna haýpy gelen bolan Nurgül eje oňa bakan topuldy.
--Bährem jan, bu nä boluş, oglum?!--Ene ogluny bagryna basdy, çyrşakly ýüzünden ogşady.
Oglanlar garaşylmadyk bu ýagdaýa aň-taň boldular. Olar Nurgül ejä ýagdaýy düşündirjek boldular, özleriniň kinolardakylara öýkünýändiklerini aýtmak islediler,barybir, Nurgül eje oglunyň elleriniň daňysyny çözüp durka, olary diňlemek hem islemedi.
Bähremiň aýaklaryna çalnan gyzyl reňk Günüň howruna derrew eremek bilen boldy. Muňa gözi düşen Nurgül eje hasam ynjalykdan gaçdy.
--Oglum, aýagyň ganapdyr. Işim gaýtdy...näme boldy, oglum?
Bährem çalaja ýylgyrdy.
--Eje, bu oýun ahyryn.
--Samsyk, mundan hem bir oýun bormy? Hany, sizem ugraň şu ýerden.
Nargül ejäniň haýbagtyndan gorkan oglanlar şol bada duw-dagyn boldy. Ejesiniň dostlaryny kowanyna Bährem gaty gördi. Baryp ýoluň gyrasyndaky daşyň üstünde torsarylyp oturdy. Nurgül eje onuň ýanyna gelip, başyny sypady.
--Oglum, indiden beýläk gödek oýun oýnamaweri.
Nährem ýüzüni galdyrman jogap berdi.
--Eje, atalarymyz uruşda nähili gahrymançylyk görkezipdirler. Biziň hem şolar ýaly gahryman bolasymyz gelýär ahyryn.
Nurgül eje ogluna guwandy. Soňam:
--Oglum, gahryman bolasyň gelse, oňatja okap, edeplije bol. Öňde saňa zähmet gahrymançylyklary garaşýar—diýip, mylaýym dillendi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty