22:36 Özgertmeler döwri | |
ÖZGERTMELER DÖWRI
Publisistika
«Döwür kyssasy» atly bu kitabymy men şu ýerde tamamlamalydym. Asyl tamamlapdymam. Çünki, Türkmenbaşy bäri-bärde halkyň başyndan sowular, onuň yglan eden daşyndan seredeniňde posly demirçe-de ýok, «Altyn asyrynyň» bäri-bärde soňy görner, täze döwür başlanar» diýip hiç kimiň ýadyna-oýuna-da düşmeýärdi. Şol bir zady gaýtalap oturmazlyk üçin menem öz kitabymy boldum edip bir gyra süýşüripdim. Emma «heýhanelekçiler» hernäçe: «Beýik... Baky...» diýip gyrgyryşsalaram, bu pany dünýede özünden başga hiç kimiň, hiç zadyň baky-da, beýik-de däldigini, bolup-da bilmejekdigini Biribar ýene bir gezek subut etdi. 2006-njy ýylyň dekabr aýynyň 21-ine, ir sagat onlarda, türkmen radiosy hem-de telewideniýesi tussumandan diýen ýaly Türkmenistanyň Prezedenti Saparmyrat Ataýeiç Nyýazowyň – Türkmenbaşynyň aradan çykandygyny uly gaýgy hem gussa bilen habar berdi. «Üýtgedip gurmak» döwri ýazyjymy, žurnalistmi ýa başga bir kärdäki adammy ýadyma düşenok, orsyýetli biri, Merkezi gazetleriň birine Stalin barada ýazan makalasynda: «Şony alyp gideni, halkyň başyndan sowany üçinem Ajala ýadygärlik dikseň gelişmän durmaz» diýipdi. Bu elbetde ýowuz deňeşdirme. Ýowuz hakykat. Ýöne, hernäçe ajy hem bolsa özüniň şahsy ýowuzlygy bilen Stalin şolar ýaly ýowuz baha mynasyp bolupdy. Türkmenlerden welin, öz diktatoryndan dyndaran ajal barada olar ýaly ajy söz aýdan adam bolmady. Belki, muňa merhum barada ýaman söz aýtmak endigi ädehedinde bolmadyk halkyň geçirimliligi sebäp bolandyr? Belki Türkmenbaşy öz halkyna Stalin ýaly ýowuz daran däldir? Mümkin. Şu zatlaryň belli biriniň ýa hemmesiniň birigip sebäp bolan bolmagam mümkin. Ony wagt görkezer. Taryh o zatlara bu gün bolmasa-da ertir baha berer. Nyrh keser. Çözer. Ýöne, her niçik hem bolsa türkmen halky “Ruhnamasy” we beýleki atalyk kitaplary, şa serpaýlary bilen özüni saňsar eden Türkmenbaşysyndan, Türkmenbaşynyň zamanasyndan ahyry dyndy. Türkmenler tarapyndan beýle bir uly öwgä ýa minnetdarlyga mynasyp bolmasa-da, Ajal öz işini bitirdi. Borjuny berjaý etdi. Konstitusiýa boýunça aradan çykan Prezidentiň wezipesini wagtlaýynça mejlisiň başlygy Öwez Ataýew ýerine ýetirmelidi we dört aýyň dowamynda saýlaw arkaly täze Prezidentlige dalaş edýän adamlaryň saýlawyny gurnamalydy. Şol saýlawa öz kandidaturasyny goýmaklyga welin onuň haky ýokdy. Ýöne, bir ýerden içi Ataýewiň abraýyna nogsan getirýän zyýanlyklardan doly, öň hiç kime mälim bolmadyk wideo ýazgy tapdylar we telewideniýe boýunça halka görkezip, ony şolar ýaly uly wezipäni wagtlaýynça ýerine ýetirmek hukugyndanam mahrum etdiler. Şol ýazgyda Ataýewi sykajaga salýan Türkmenbaşynyň hut özüdi. Ol oňa käýeýärdi, haýbat atýardy. Utandyrýardy. Gürrüň Ataýewiň öz maşgala durmuşy bilen bagly eden gödek hem ýalňyş hereketleri barada barýardy. Birnäçe deliller arkaly günäsi boýnuna goýulýardy. Syýasata dahylly ýeri bolmadyk ol ýazgy näme üçin halka öň görkezilmändir? Görkezilmejek bolsa näme üçin ýazgy edilipdir? Ony menem bilemok, hiç kime-de mälim däl. Netijede Prezidentlik wezipesini wagtlaýynça alyp barmaklygy şol günüň ertesi telewideniýe boýunça çykyş edip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ylym, bilim we medisina boýunça oturbasary Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow öz üstüne aldy. Başy ýumşajyk çal gulakjynly, ýüzüni aşak salyp oturşyna ol Beýk Serdaryň ýoluny gyşarnyksyz dowam etdirjekdigine söz berdi. Birnäçe aýdan soň bolsa ol bäsleşikli saýlawlar esasynda resmi suratda Prezidentlige saýlandy. Şeýdip, täze döwür başlandy. Heýjanelekçiler ony «Özgertmeler döwri» diýip atlandyrdylar. Bu hakykatdanam şeýledi. Ýurt özgerýärdi. Bar zat täzelenýärdi. Ümzük diňe öňe tarapdy. Netijede, menem öň boldum edip bir gyra süýşüren golýazma kitabymy täzeden elime almaly we öňdäki üç bölüme görä birneme gysgarak hem bolsa ýazylman galmaklygy mümkin bolmadyk şu bölümi hem ýazmaly boldum. Çünki, bu döwür halkyň kommunistik partiýa we Türkmenbaşy bilen geçiren galagoply ýyllaryndan bütünleý tapawutlanýardy, ýeke bir döwür däl, eýsem şol döwrüň içinde meniň ýaly emçeme ýyllap işsiz gezip ýören adamlaryňam durmuşlary özgerýär. * * * Berdimuhamedowyň paýyna ähli pudaklary dargan, diňe pöwhe sözleriň hasabyna ýaşap ýören pak syýasatly, çagşan döwleti dikeltmeklik düşdi. Şeýle-de bolsa ol aljyramady. Turuwbaşdan özüni işeňňir hem erjel ýolbaşçy hökmünde görkezdi. Türkmenbaşynyň syýasy, ykdysady, ylmy hem medeni babatlarda goýberen nogsanlyklaryny tutuşlygyna özgertmeklige girişdi. Öňi bilenem ylym-bilim pudagyndan başlady. Gerekmejek zat hökmünde ýapylan Ylymlar Akademiýasyny açdy, şonuň bilen bir hatarda aspiranturalary, doktoranturalary dikeltdi, birneme soňrak ylymlaryň kandidatlaryna, doktorlaryna, akademiklere az bolmadyk mukdarda goşmaça aýlyk okuw jaýlarynyň gükünç derejede kemeldilen ýyllaryny öňki kaddyna getirdi. Okuwçylaryň daşary ýurtlara gidip okamaklaryna giň ýol açdy. Mahlasy, özüni şu döwürde ylmy, bilmi ösdürmezden hiç bir pudakda ösüş gazanyp bolmajakdygyna aňryýany bilen düşünýän adam hökmünde görkezdi. Medisina hyzmatlaryny gowulandyrdy, ýapylan saglyk öýlerini dikeltdi, täze şypahanalary gurdurdy. Birnäçeleriniň durkuny täzeletdirdi. Türkmenbäşy tarapyndan türkmene mahsus däl zat hökmünde ýapylan opera sungatyny, hory, simfoniki orkestri täzeden açdy. Esasanam, adam baryny başagaý eden, edara ýolbaşçylaryna bolsa hökmürowanlyk hukugyny beren «kontrakt» sistemasyny ýatyrdy. Pensiýe ulgamy derbi-dagyn edilip, köp adam, hususan-da oba zähmetkeşleri öz alýan ujypsyzja kömek pullaryndanam kesilipdi, Berdimuhamedow ol meseläni hem oňyn we çalt çözdi. Sportyň ýurt boýunça, giň gerim bilen ösmegine türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklaryna mümkinçilik, öňi bilenem şert döretdi. Her welaýatda, hatda etraplarda hem stadionlar gurdurdy. Türkmenbaşy tarapyndan mekdepleriň okuw maksatnamasyndan aýrylan bedenterbiýe sagatlaryny täzeden girizdi. Ruhnamanyň hökmürowanlygyny aradan aýyrdy. Dürli ugurlarda iş orunlaryny döretmek, ýerlerde täze zawodlary, fabrikleri açmak, şeýle-de Türkmenbaşynyň tapbilmezligi, bilmeýän zadyny bilýändirin öýtmegi, bilimlisiremegi we dygysyz gorjap oturmagy netijesinde bagryny ýere beren oba hojalygynyň ezeneginden galdyrmagy bilen, obadan merkeze iş gözläp gelýän ýaşlaryň sany görnetin azaldy. Halk ýerden peýda görüp başlady. Eline pul degdi. Döwlet öňündäki borçnamasyndan artan hasylyny islän bazarynda, hatda biržanyň üsti bilen daşary ýurtlara satmaklyga çenli hukukly edildi. Güzerany gowulaşdy. Kaşaň jaýlar gurdy, daşary ýurt maşynlaryny edindi. Malyna, mülküne eýe boldy. Hususy kärhanalaryň sanynyň artmagy bilen ýurtda haryt, çig mal, azyk üpjünçiligi gowulaşdy. 2012-nji ýylda bolsa olaryň öz partiýasy, neşirleri döredildi. Hatda oba zähmetkeşleriniň, hususanda Ahal welaýatynyň pagtaçylarynyň 1996-njy ýylda, gümmürtik ýagdaýda gürüm-jürüm bolan, yzy çalynanda bolsa bir ujy baryp şa köşgüne girendigi sebäpli goýbolsun edilen ýyllyk zähmet girdejilerine çenli tapdy we gaýdyp berdi. Resminamalaryny bellige almak üçin ýolagçylary we ýolagçy maşynlary sagatlap saklaýan, olary hem ýollaryndan goýýan, hem laplaryny keç edýän polisiýa saklawlaryny şäherara ýollaryndan aýyrdy. Türkmenbaşynyň öz halkyndan gabanjaňlyk bilen gysganan internet ulgamyny hemmeler üçin elýeterli etmek bilen dünýäniň ylmy älemine we bütindünýä maglumatlaryna tarap giň ýol açdy. Daşary ýurtlar bilen syýasy hem ykdysady gatnaşyklary, medeni alyş-çalyşlary gowulandyrdy. Içerki syýasaty hem öz halky üçin amatly bolan şertleriň esasynda gurnady. Ençeme ýyl bäri Türkmenbaşydan başga adamyň ady tutulman gelýän ýurtda sowet döwründe meşhurlyk gazanan emma tas ýatdan çykarylan ýazyjylaryň, hudožnikleriň, kompozitorlaryň atlary radioda, telewideniýede, we metbugat sahypalarynda görnüp başlady. Halk şol adamlaryň döreden eserleri, ömürbeýanlary bilen tanyşdyryldy. Iň bir esasy zat hem Türkmenbaşynyň döwründe möwç alan, tutuş bir nesli gyrgyna beren “ak ajaly” halkyň başyndan sowdy. Gaçakçylygyň dürli ýollary arkaly ýurda giren we hukuk goraýjy edaralaryň hüşgär işgärleri tarapyndan ele salnan geroin, tirýek, beň we ş.m. neşe jisimlerini halkyň gözüniň öňünde tonnalap-tonnalap ýakdyrdy. Döwletiň başynda oturan adamyň islese islendik belany halkyň başyndan sowup, islendik nogsanlygyň soňuna çykyp bilýän ekendigini subut etdi. 2012-nji ýylyň tomsundaky ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin geçirilen synaglarda bolsa, wideokamera ulanmak arkaly gözegçilik güýçlendirip, şu çaka çenli il içinde dernamy ýok uly dert hasap edilip gelnen parahorçylygy hem edil hamyrdan gyl sogran ýaly edip, aradan aýryp boljakdygyny uly ile äşgär etdi. Köp adam okuwa öz güýji bilen girdi. Giribilmediklerem: «Bilseň öz güýjüň bilen girip boljak ekeni, men indiki ýyl taýýarlykly gelerin we hökman girerin, bu ýylky ýykylanymy bolsa özümden görýän» diýşip gitdiler. Iň bärkisi Türkmenbaşy döwründe bütinleý gadagançylyga düşen dutardyr-gyjagyň halk aýdymlarynyň halk bagşylarynyň, sazandalarynyň efir tolkunlarynda eşidilip ugramagynyň özem ençeme ýyllap öz milli sungatyna göýdügen halk üçin uly bir peşgeş boldy. Dutar gadagançylykdan, öňküdenem has güýçlenip çykdy. Öň diňe erkek adamlar çalan bolsalar, indi dutarçy gelinlerem peýda boldular. Ertirine, agşamyna radio we telewideniýe boýunça Türkmenistana, Prezidente wepaly bolmak barada içilýän ýüregedüşgünç halkyň bizar-peteňini çykaran we ýüzüni ýere salan “kasamy” ýatyrdy. Ant içmänem, içirmänem, şert etmänem we etdirmänem ömürboýy ölüme barabar görüp, ony aňrybaş ahlaksyzlyk hasap edip gelen türkmen halky muňa juda begendi. Haryt gytçylygynyň, kartoçka sistemasynyň aýrylmagy, ulag eýelerine ýeterlik möçberde mugt ýangyç berilmegi, dollaryň arzanlamagy, durnuklylandyrylmagy we peýdakeş dollarçy aýallara derek, döwlet nyrhyndan satylýan nokatlaryň açylmagy halkyň gün-güzeranynyň gün-günden ýokary göterilmegine ýardam etdi. Umuman, ýurt başyna geçenden soň Berdimuhamedowyň durmuşa geçiren özgertmeleriniň hemmesini sanap çykmak mümkin däl. Ony dolulygyna göz öňüne getirmek üçin, şu kitabyň öňki bölümlerinde Türkmenbaşynyň salgysyna aýdylan nogsanlyklary sanap çykaýmaly. Ýöne, men indi Berdimuhamedowyň özgertmeler döwrüniň» hut öz ykbalyma eden täsiri, öz durmuşymda bolu geçen özgerişlikler barada hem iki agyz aýdaýyn. Türkmenbaşynyň ýurduny täzelänine ylaýyk üç hepde diýlende, ýagny, 2007-nji ýylyň 13-nji ýanwar güni, Ahal welaýat Bilim müdirliginiň müdiri Jumageldi Muhamedowyň hemaýaty bilen men Ruhabat etrap bilim müdirliginiň Gökje obasynda ýerleşýän «Ýetginjekleriň döredijilik mekdebinde» işläp başladym. Ol mekdepde çagalara her dürli hünärler öwredilip, bir wagtky «Pionerler öýüniň» mirasdüşeri bolup durýan ekeni. Maňa şol obada bar bolan üç sany orta mekdepden ýygnabilen çagamy ýygnap, surat gurnagyny döretmekligi, oňa ýolbaşçylyk etmekligi we şolaryň hemmesini suratdan okatmaklygy tabşyrdylar. Men ol işe uly höwes bilen ýapyşdym. Çünki, her niçik hem bolsa ol meniň öz ugrumdy. Garawulçylyk ýaly melamatly, ýat we kemsidiji iş däldi. Altmyşa golaý çaga ýygnadym. Mekdebiň gollanmaçysy olary toparlara böldi, raspisaniýe düzdi, her toparyň gelmeli günleri, sagatlaryny belli etdi. Raspisaniýe boýunça işim her gün günortan sagat birlerde tamamlanýardy. Düzgün boýunça şondan soňam men iň bolmanda öýlän bäşlere çenli oňa-muňa güýmenip, şol ýerde eglenmelidim. Ýöne, hem-ä okuw otaglarynyň ýetmezçilik edýändigi zerarly käbir gurnak toparlarynyň öýlän gelýändikleri, hemem mekdep ýolbaşçylarynyň daş ýerden gatnaýandygym, esasanam ýaşuly adamdygym üçin eglişik etmekleri netijesinde men sapaklarymy gutaryşym ýaly obadan çykyp Arçabil ýoluna düşýärdim we duş gelen maşyna münüp Aşgabada gaýdýardym. Gatnaw ýagdaýy gowudy. Arçabiliň, Bagyryň we Gökjäniň öz awtobuslaryndan başga şol ýol bilen Ruhabada, Gökdepäniň obalaryna gatnaýan her dürli reňkdäki «Gazel» kysymly mikroawtobuslaryňam sany-sajagy ýokdy. Olar ýoluň ugrunda edil ýaz kebelekleri ýaly iki ýana gaýmalaklaşyp, pelesaň urşup ýördüler. Hyrhlaram gymmat däldi. Mekdepden çykyp uly ýola barýançam men birnäçe dükanlaryň, dermanhananyň, oba kontorasynyň, suratçynyň şeýle hem kaşaň oba klubynyň gapdalyndan geçmeli bolýardym. Şol edaralaryň işigindäki üýşüp duran adamlaryň uly-kiçi barysy menň bilen göwünjeň salamlaşýardylar hal-ahwal soraşýardylar, Aşgabat ýaly ýerden gatnap çagalaryna hünär öwredýändigim üçin minnetdarlyk bildirýärdiler, oba arçyny bilen gürleşip mellek ýer almaklygymy, ol ýerden jaý salyp göçüp gelmekligimi maslahat berýärdiler. Ol gürrüňçilikler maňa ýaraýardy, lezzet berýärdi, ýadawlygymy aýyrýardy, işe bolan höwesimi artdyrýardy. Şonuň üçinem, her gün gaýdanymdan soň ol ýere dolanyp barmaga, ýene-de şol adamlar bilen gürleşmäge eýýäm ysnyşmaga ýetişen okuwçylarym bilen duşuşmaga kärdeş mugallymlarym bilen görüşmäge howlugýardym. Gökjeli okuwçylar Büzmeýindäki hünärment mekdebiniň okuwçylary ýaly tertipsiz ýa galmagalçy däldiler. Oba ýerdedigine, her hojalykda ulynyň-kiçiniň işiniň ýetikdigine hususan-da howanyň sowukdygyna, okuw otaglarynyň ýyladylmaýandygyna garamazdan, olar gün yrman sapaklaryna gatnaýardylar, uly höwes bilen okaýardylar, öwrenýärdiler. Has tapawutlanýanlaryny käte Aşgabada alyp gaýdýardydym we şekillendiriş sungaty muzeýine, sergi zallaryna, haýwanat bagyna, täze açylan seýil baglaryna aýlaýardym. Ilkinji türkmen hudožnigi Bäşim Nuralynyň adyny göterýän, respublikan çeperçilik mekdebine eltip, okuwçylaryň surat çekişleri bilen tanyşdyrýardym. Zalyň ugrunda asylgy duran suratlary synladýardym. Olaryň many-mazmunlaryny düşündirýärdim. Köpçüligiň üýşen ýerlerine, hususanda, bazarlara eltip, dürli hereketdäki adamlardan nabroskalar, etýudlar etdirýärdim, dolanyp baranymyzdan soň bolsa olaryň, şol çeken suratjagazlaryndan özboluşlyja sergijagazlar gurnaýardym. Bu zatlar olara iňňän gowy täsir edýärdi, sungata bolan höweslerini artdyrýardy. Çagalaryň şeýdip, sähelçe wagtyň içinde suratkeşlik ýaly ajaýyp hünäri ele alyp baryşlaryna beýleki mugallymlaram, mekdep ýolbaşçylaram iňňän begenýärdiler. Maňa köp-köp sag bolsun aýdýardylar. Şol ýerde men ýarym ýyl, ýagny, tä tomus kanikulyna çenli işledim. 2007-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan bolsa Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynda işe başladym. Maňa Binagärçilik we dizaýn kaferdrasynyň üçünji ýyllyk okuwçylaryny galam we reňk arkaly surat çekmekden okatmaklygy tabşyrdylar. Meniň ýaly düýn-öňňünem döwlet ýolbaşçysynyň hut özi tarapyndan yzarlanyp, howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri tarapyndan eleklerde elenip, hatda garawulçylyga-da alynman, alynaýanda-da dört aýdan soň yzyndan ýetilip «soraşşeniýe» bilen çykarylyp goýberilýän adamyň şolar ýaly abraýly okuw jaýyna gepsiz-gürrüňsiz işe kabul edilmeginiň özem ýurtda göze ilerlik derejede özgerişlikleriň bolup geçýändigine, Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňki Prezidente görä iňňän giň we göwne jaý syýasat alyp barýandygyna şaýatlyk edýärdi. Uzak wagtyň işsizliginden, üznüksiz ýanamalardan soň, bir wagtlar gara sanawda bolandygyma garamazdan, hiç kimden gypynç etmän işe alandygy üçin, Çeperçilik akademiýanyň şol wagtky rektory, diýseň syratly, inçemik, saryýagyzrak, ulyny-uly, kiçini-kiçi ýerinde sylamagy başarýan sypaýy hem görmegeý gelin Maýa Muhammedowna Durdyýewany men heniz-henizlerem hormat bilen ýatlaýaryn. Mundan buýana hem diňe şol duýgular bilen ýatlaryn. Çünki, men ol ýere çagyrylyp barmandym. Dostlarymyň birinden, şol ýerde boş ýer bardygyny, mugallym gözleýändiklerini eşidipdim-de, töwekgelçilige salyp, tussumandan baraýypdym. Ol ýerde-de öz okuwçylarym bilen basym öwrenişdim. Dostlaşdym. Şonuň üçinem, olary edil öz çagalarym ýaly gowy görýärdim. Olaram meni gowy görýärdiler. Sylaýardylar. Gaharymy getiräýjek zatlary etmejek, aýtmajak, birden geläýende-de basymrak açjak, ýazjak bolýardylar, buýurýan ýumuşlarymy mümkingadar ýerine ýetirmeklige, iki gezek gaýtalatmazlyga çalyşýardylar. Men diňe surat çekmekligi öwretmek bilen çäklenmän, eýsem okuwçylaryň edebiýat, teatr we kino sungaty, taryh babatdaky düşünjelerinem her hili soraglar, gürrüňçilikler arkaly barlap durýardym. Edep-ekram, terbiýe meselelerine-de ünslerini çekýärdim. Ýazan kitaplarymy okamaga berýärdim. Elbetde, olar asylam edepden, terbiýeden daşdaky adamlar däldiler, ýöne, ýaňky sanan zatlarym babatda welin, ýagdaýlary ýabygorlydy. Bütindünýä ýa rus edebiýaty barada-ha gürrüňem ýok welin, hatda düýn-öňňin ýaşap geçen türkmen ýazyjy-şahyrlaeynyňam atlaryny bilmeýärdiler. «Şu günküleri bir bilýäňizmi», diýip sorasaňam: «Bamy özi olar şu wagtam» diýşip gülüşýärdiler. Ýöne, bu meselede olary günäkärläp bolmaz. Çünki, olar Ruhnamadan, Türkmenbaşynyň şanyna aýdylýan pöwhe, ýüregedüşgünç, tükeniksiz öwgilerden başga hiç zat öwredilmeýän mekdepleri gutaryp gelen çagalar. Zamananyň öndüren miweleri. Döwrüň ýetişdiren hasyllary. Bir zat ekip başga bir zat alyp bolmaýar. Günde-günaşa telewizora çykyp, çala başy gowşan «şama-şaýyrdyly» goşgulary, süwümsiz sözleri bilen halkyň gulagyny kamata getirýän «heýjanelekçileriň» şahyram, ýazyjam, asla hiç kimem däldiklerini bolsa olar ýagşy bilýärdiler. Şonuň üçinem kinaýaly ýylgyrýardylar. Berdimuhamedowyň täze syýasat bolsa olary entek türkmen medeniýeti bilen doly tanyşdyryp ýetişmändi. Ähli zat yraň-daraň edip ýaňy aýaga galýardy. Ýeke bir o däl, umuman alanyňda okuw jaýynyň öz ugrundan berýän hünäriniňem derejesi pes. Ol ýerde sungata senet hökmünde seredilýär. Akademiýada okaýandyklaryna garamazdan, okuwçylar hatda çeperçilik mekdepleriniň, uçilişşeleriniň kurslarynda öwredilýän iň bir ýönekeýje usullardanam bihabar. Sebäbi, tötänden düşen, öň ol ugurdan hünär öwrenmedik, hatda galam hem tutup görmedik okuwçy köp. Hakyna seredeniňde ol okuw jaýyna eýýäm hemmetaraplaýyn taýynlykly, diňe döredijilik babatda ösmeli okuwçylar kabul edilmeli. Olar ol ýerde surat çekmäni öwrenmeli däl-de, döredijilik taýdan kämilleşmeli. Olaryň arasynda bolsa, «Okuwa girenimde surat çekmäniň nämedigini bilemokdym» diýýänleri-de ýok däldi. Bu ýagdaýy şol ýerde işläp ýören, sowet döwründe merkezi şäherlerdäki çeperçilik institutlarynda okap, bütindünýä şekillendiriş sungatynyň esaslarynda tälim alyp gelen, şol ýol bilen kämillige ýeten ýaşuly mugallymlar hasam äşgär duýýarlar, ýöne, olaram hiç zady üýtgedip bilmeýärdiler, çünki, şol okuw jaýy şol düzgüne eýýäm bütin durky bilen girişipdir, şol düzgün onuň inine-boýuna mazaly siňipdir, ýaýrapdyr. Şol sebäplem, sungatyň dogry ýoluna düşmek üçin edilýän her bir çakylyga, her bir duýduryşa ters ýola werziş bolan ýaş mugallymlar öz melleklerine atylan kesek hökmünde garaýardylar. Çünki, olar öz ýalňyşlaryny görmeýärler. Şol zatlara häki bir bolaýmaly zat hökmünde garaýarlar. Iň bärkisi şol ýerde žiwopisiň göze görnüp duran talaplaram berjaý edilmeýärdi, ýerine ýetirilmeýärdi. Adyndan belli bolşy ýaly žiwopis – bu janly ýazuw, dürli reňkleriň sazlaşyp bir owazy – simfoniýany emele getirmegi. Her bir reňkiň öz dili, öz owazy ýeri, ýerine ýetirilmeli borjy bar. Olar biri-birlerinden aýry ýaşap bilmeýärler. Ol ýerde asla eser ýazylmaýar-da, reňklenýär, edil jaýyň diwarynyň ýa-da sandygyň reňklenişi ýaly ilk-ä haýsam bolsa bir reňk bilen tutuşlygyna, tekiz reňklenýär, soňam gara reňk bilen ýüzi-gözi çyzylýar. Hakykat-da welin, asyl-ha bir reňkli närse bolmaýar. Bir zady berk bellemek gerek, ýagny, surat çekmäni, kompozisiýa düzmäni öwreneniň bilen seniň entek hudoşnik boldugyň däl. Elbetde, o zatlaram gerek, ýöne, iň esasy zat eseriň jany, damary, gany bolmaly. Tomaşaçy alkymyna gelende oňa mähir, nur saçmaly. Ýaşamaga ukyply bolmaly. Şol zatlar bolmasa, onuň ömri gysga bolýar. Uzaga gitmeýär. Belli bir döwre syýasata kimedir birine wagtlaýynça gulluk edip, hyzmat bitirip bilýär, şol döwrüň gutarmagy bilenem ömri tamam bolýar. Men okuwçylarymyň gulaklaryna ine, şu zatlary guýjak bolýardym. Köpüsi alýardam, ýöne, olara orta ýoldan üýtgemek kyn bolýardy. Olaryňam beýlekiler ýaly kellelerini agyrtman aňsat ýol bilen gidesleri gelýärdi. Üstesine ol ýerde okuwçylar naturanyň üstünde işlemek diýen ýaly ýörelgelerdenem daşlaşypdyrlar. Asla naturadan işlemelidirem öýdenoklar. Şekillendiriş sungatynyň taryhy bolsa: Natura hudožnigiň ikinji mugallymydyr, döredijilik ýoluna düşeniňden soň ony isleseň unut, başyňdan aýlap ur, ýöne, okuwçy wagtyň ony öwren, onda-da örän berk öwren, jikme-jik öwren, ýat tut, şony bilseň kämil wagtyň kendiriň ýüzünde nähili oýunlar etseňem kärdeşleriň seni sylarlar, bolmasa sylamazlar, çünki, şonsuz sen bir aýagy döwük tagan ýalysyň, aýak üstünde durup bilmersiň» diýip öwredýär. Olar welin, janly bolsun, jansyz bolsun tapawudy ýok, naturany öz telefonlaryna surata düşürýärler, öýlerine barybam kompýutere salýarlar-da, şapyrdadaga-da göçüräýýärler. Işe başlan günlerim natura üçin bir rus zenany bilen gürleşdim. Ol ertesi dokuza gelmelidi. Emma on bolubam gara bermedi. On birlerde, sapak gutaryberende geldi. Men ondan näme üçin wagtynda gelmändigini soradym. Azajygam gatyrgandym. Ol geň galdy. Gözlerini tegeläp, gaşlaryny gerip durşuna: «Siz näme, meni oturdyp çekjekmisiňiz» diýdi. Men: «Eýsem näme, hut şonuň üçinem size pul tölenýär ahyry» diýdim. Şondan soň ol şo çaka çenli hiç kursuň okuwçylarynyňam özüni oturdyp çekmändiklerini aýtdy. «Gelen günüm olar meni öz telefonlaryna surata düşürýärler. Şol surat boýunça-da işleýärler. Men bolsam islän wagtym gelýän, gelenimden soňam kitap okap oturýan ýa başga bir zatlara güýmenýän. Sizde bular ýaly düzgüniň bardygyny bilemok» diýdi. Telefon arkaly işlemeklik okuwçylaryň gündelik durmuşyna şeýle bir ornaşypdyr welin, men bir gezek olaryň şonsuz barmaklarynam gymyldadaslarynyň gelmeýändiginiň şaýady boldum. Bir okuwçy şonda sapaklaryň diwardan asylgy raspisaniýesiniň öňünde durup, telefonly elini dik ýokary galdyrýardy, aýaklarynyň daraklygyna galýardy-da, «Ýa Alla» telefonyň surata düşürýän düwmejigine basyp goýberýärdi. Has ýokarky grafalary düşürmek üçin bolsa, boýunyň ýetmeýändigi zerarly duran ýerinde «diriň-diriň» bökmeli bolýardy. Elbetde, bu zatlar üçinem okuwçylary günäkärlemek kyn. Olary durmuş, döwür şol güne saldy. Bir elerine telefon, bir ellerine-de kompýuter berdi-de, goltuklaryndaky kitaplaryny aldy. DBD-i, telewizor, gandöküşikli, ýüregedüşgünç atyşykly «užasly» daşary ýurt filmlerem üstesine. Şol zatlaryň garşysyna garaçyny bilen göreşýän ýaşlary şol belalardan daşlaşdyrmak üçin özüni aýaman jan çekýän terbiýeçi bolsa ýok. Terbiýeçilik hökmünde edilýän herketleriň hemmesi ýüzleý. Başdansowma. Galyberse-de birsydyrgyn gelip-gidip dursalar, çärelere gatnaşsalar, başlarynda akgaýma tahýalary, eginlerinde akja köýnekleri, boýunlarynda garaja galstuklary bolsa okuwçylardan başga bir üýtgeşik zat talap edilibem durlanok. Men elbetde, öz okuwçylarymdan tä gaýdýançam naturanyň üstünde işlemegi, telefondan peýdalanmazlyklaryny talap etdim. Düşündiriş işlerini geçdim. Şu wagtdan şular ýaly ýalňyş ýol bilen gitseler, soň dogry ýola düşmekligiň kyn boljakdygyny düşündirdim. Men barmazymdan öň näme eden bolsalar, ýa gaýdanymdan soň ýene-de umumy akyma düşen bosalar, ol meniň günäm däl. Meniň edýän talaplaryma welin olar gowy düşünýärdiler, gaty görmeýärdiler, özlerem kejikmeýärdiler, menem kejikdirmeýärdiler, dert-azar meniň öwredişime görä işlemäge çalyşýardylar. Ýöne, eýýäm uly kursuň okuwçylaryfyklary sebäpli, telim ýyllap öwrenişenje endiklerinden saplanybilmän ejir çekýärdiler, heläk bolýardylar, kösenýärdiler. Her ýarym ýyldan soň akademiýa boýunça geçirilýän synaglarda welin, men beýleki kurslaryň öý işleriniň arasynda kitaplardan, žurnallardan, otkrytkalardan yhlas bilen görürilen dünýä belli sportsmenleriň, aýdymçylaryň, hindi aktýorlarynyň suratlaryny görýärdim. «Näme üçin beýdýäňiz», diýip berýän soragyma bolsa: «Näme göçürmek bolanokmy» diýen ýaly içýakgyç sorag eşidýärdim. Ýarymýyllyk synaglaryň birinde beýleki kurslardan bir okuwçy şu ýylyň öý işleriniň arasy bilen, öň akademiýada naturaçy bolup işläp giden bir ýaşulynyň gapdaldan çekilen portretini goýdy. Men oňa: «Bu ýaşuly baryp-ha geçen ýyl ýogaldy. Sen nädip onuň suratyny şu ýarymýyllykda çekip ýörsüň» diýdim. Onuň welin tüýem gymyldamady. «Dogry, ol öldi. Ýöne, men bu suraty ýoldaşlarymyň biriniň şol ýaşuly şu ýerde işläp ýörkä çeken suratyndan göçürdim» diýip, göwni bir ýaly jogap berdi. Menden: «Hä-ä, şeýlemidi Ýa? Olar ýaly bolsa bolýa. Seňki dogry» diýen ýalyrak jogaba garaşdy. Tamasy çykmandan soňam: «Näme, göçürmek bolanokmy» diýen manyda gaşlaryny gerip ýüzüme soragly seretdi durdy. Geň ýeri mugallymlaryň arasynda-da şolar ýalylaryň arkasyny alýanlary, goldaýanlary, şol işleri üçin olara «öý işinden» ýokary bahalar goýýanlaram tapylýardy. Çünki, ol ýerde mugallymçylyk edip ýörenleriň aglabasy düýn-öňňin şol okuw jaýyny tamamlap işe galan, şol tertip-düzgüniň içinde gaýnap bişen, göçürme keseline werziş blan ýaş oglan-gyzlardy. Olaryň özlerem edil öz okuwçylary ýaly başga bir ýoluň bardygyny bilmeýärdiler. Öz barýan ýollaryny dogrudyr öýdýärdiler. Ýene bir zat şol ýerde ugallym bolup galmak üçin, hünär we ylmy derejäň ýokary bolmagy hökman däl. Pasportyňda Aşgabat ýazgysy bolsa, jaýyňam bar bolsa, başga şert ýok. Okuwçylary bolsa telefon okadar, kompýuter okadar, natura derek kitaplar, otkrytkalar ulanylar, garaz bir alajy bolar. Göçürme keseli barada sözümizi jemläp aýtsak, belli bir ýagdaýlarda, ýagny, okuw maksatnamalaryna laýyklykda ýörite «kopiýa» sapaklary bolýar. Şol sapaklarda okuwçy öz mugallymynyň gözegçiligi astynda muzeýlere baryp, nusgawy hudožnikleriň dünýä meşhur işlerinden «kopiýa» edýärler, olaryň reňk alyşlaryny, reňkleriň sazlaşdyrylyşlaryny, eseriň kompozision gurlyşynyň inçe syrlaryny öwrenýärler. Duş gelen zadyňy göçürip ýörmek, naturadan daşlaşmak bolsa, sungatyň ganym duşmany hasap edilýär. Egerde, okuwçylaryň arasynda her dürli nyşanjagazlaryň lagapetleriň eskizlerini kompýuter arkaly ýerine ýetirip bilýänleri bar bolsa, synag wagty asyl-ha ýekeje surat asmadyk halatlarynda-da iň ýokary baha bilen geçirip goýberýärler. Telim wagtlap okuwdan boşadylýan wagtlaram bolýar. Bu hususanda hökümet buýurmalaryny ýerine ýetirýän okuwçylar babatda şeýle. Çünki, olar hökümete arzan düşýär. Mugt işçi güýji bolup durýarlar. Eden işleri üçin pul talap etmeýärler. Dogry, okuwçylaryň arasynda-da, mugallymlaryň arasynda-da sungatyň inçe syrlaryna düşünýän, ony doly manysynda öwredesi, öwrenesi gelýänleri ýok däl. Ýöne, olar azlyk. Üstesine-de «Duza gaçan duz bolar» diýlişi ýaly, olaram kem-kemden ýüküň agdyk tarapyna bakan yraň atanlaryny bilmän galýarlar. Umuman, ýaman zat ýaýragyç bolýar. Şonuň üçinem, meniň pikirimçe, haýal etmän daşary ýurtlaryň dünýä belli çeperçilik institutlaryna, akademiýalaryna adam iberip, şu okuw jaýy üçin mugallymlaryň taýýarlanmagy zerur. Edil Büzmeýiniň «Hünärment» mekdebindäki ýaly bu ýerde-de sapaga gelmedik okuwça «gm», gijä galana «gg», sapagyna ýetişmedige ikilik goýmak, talyp hakyndan kesmek bolanok. Bu, ýokardan berilýän görkezme. Tertip. Düzgün. Şony bozdugyň sen özüň günäkär bolýaň. Diýmek, sen okuwçylaryň ýetişiginem gazanybilmänsiň, gowy okadybam bilmänsiň. Kursunda galdyrmak, okuwdan çyarmak barada-ha gürrüňem ýok. Gepiň gysgasy hiç hili temmi beriş mehanizmi ýok. Bir okuwçyny okuwdan çykarandan on mugallymy işden kowany administrasiýa üçin kän amatly. Bu ýagdaý ýeke bir Çeperçilik akademiýasynda däl, ähli okuw jaýlarynda-da şeýle. Bu ýagdaýy okuwçylaryň özlerem aňýardylar we “Iň bolmanda üçlük bilen-ä geçirersiňiz stipendiýamyzam berersiňiz” diýip, arkaýyn aýdyp bilýärdiler. Öň Uniwersitetde işläp pensiýä çykan sakal goýberip ýören bir dostum bardy. Bir gün ony öň bile işleşen kärdeşleri yzyna çagyrdylar. Iň bolmanda ýarym iş hakylyk işläp bermegini haýyş etdiler. Bu-da razy boldy. Sakgalyny syrdy. Işe başlady. Alty aý ýaly işläp-işlemänem yzyna gaýdyp geldi. Men onuň näme üçin beýle çalt gaýdandygyny soradym. Şonda ol şeýle diýdi: «Men öňkülerim ýaly garaçynym bilen okatjak boldum. Jan etdim. Emma okuwçylar bir gün daşyma üýşdüler-de: «Ýoldaş mugallym! Sen bize sapak öwretjek bolup janyňy ýakma. Özüňi gynama. Barybir öwredibilmersiň. Gowusy sen bize öz başyňdan geçiren zatlaryňdan gürrüň beri, gerek bolsa bizi diňle. Barybir biziň hemmämiziň okuwmyzy gutaryp işlejek ýerlerimiz belli» diýdiler, diýip, dostum esli wagtlap, syrylan sakgalynyň ýerini gysymlap oturşyna uly gynanç bilen aýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |