22:13 Päk söýginiň ak gülleri / liriki hekaýa | |
PÄK SÖÝGINIÑ AK GÜLLERI
Hekaýalar
Al asmandan gaýmalap gelýän gar tozgajyklaryny gözügidijilik bilen synlap duran Nowruz: - Megerem bu ýagýan gar gyşyň iň soňky gary bolmaly- diýip çak etdi. Gülälek elligini çykaryp eliniň aýasyny ýagýan gara tarap tutup durşuna: - Gar meniň üçin edil diri bir jandar ýaly, özem şeýle mähriban, ýürekdeş - diýip ýylgyrdy. Onuň ap-akja aýasyna gonup, derrewjigem eräp barýan gar tozgajyklary dogrudan hem enaýydy. Nowruz gar tozgajyklaryna gyzygyp dünýäni unudan Gülälege garap: - Bu gyş şeýle maýyl geldi, asyl goşa bahar diýleni bolaýdy- diýdi. - Mylaýym gyşyň mähre eýlenen ak gary ýagýar. Gülälek bir ýerlerde okan ýa-da eşiden sözlerini ýadyna salmaga synanyşdy: - Nowruz, türkmeniň sahy tomsy, jomart güýzi bar diýýäris, emma biziň gyşymyzyň hem sahy kemi ýok. Başda bir aýyny güýze berýär, soňra bir aýyny ýaza, garaz şeýdip bary-ýogy birje aý öz gyşlygyny edip ýetişýär. *** Nowruz öýe gelenden soňam Gülälegiň aýdan sözleri hakynda oýlandy. Mähirli-üşükli, hamrak häsiýeti bilen sähel wagtyň içinde Nowruzyň ýigit kalbyny özüne bendi eden bu gyz häzirem onuň hyýalynda bahar gülleriniň arasyndan ýeňiljek ädimläp barýar. Baharyň ilkinji aýynda doglandygyna garamazdan Nowruz gyşy söýýär. Gülälek bolsa dekabr aýynda doglan emma edil bahar güli ýaly, ady hem gül ady. Bir gezek Nowruz özüniň gar-ýagmyrly fantaziýalaryndan saplanyp bilmän oturyşyna: - Gülälek, ikimiz doglan günlerimizi çalyşaýaly-da bolmasa-diýip ýylgyrdy. - Sebäbi sen-ä bahary söýýäň, men bolsa gyşyň aşygy. Gülälek elindäki kitaby ýapyp birýana goýýarda owadan ýylgyryp: - Onuň näme zerurlygy bar?-diýip sorady.- Sen näme bahary gowy göreňokmy? - Ýok aslynda men ýaz paslyny, onda-da alabahar günlerini gowy görýän.- diýip Nowruz söze başlady. - Emma hemmeler bahary söýüp, baharyň gözelliklerini taryp edýär weli, men gyşyň ýekesiräp, ýalňyzlykda gynanýandygyny duýýaryn. * * * Nowruz bilen Gülälek ýörite bahar aýynda zähmet rugsadyna çykýarlar. Baharyň älem-jahany serhoş edýän günleri olar bileje bolmagy, ýaşaryp ugran sähra seýle çykmagy, ýaňy janlanyp başlan baglara gezelenç etmegi gowy görýärler. Ýol ugurlarda enaýy bolup dürterip başlan ot-çöpleri eglip ýolaýasy gelýän, emma emaý bilen sypap geçýän Nowruz kä pursat säginip temegini göge tutup, açyk howadan dem alýar. Ýaz asmanynda göksowlut bulutlar lemmer-lemmer bolup zemine inäýerli görünýär. Nowruz töwerekden bir zat agtarýan ýaly delminip durşuna: - Düýnki ýagan gardan birje topbaga galmandyr-da – diýip, ahmyr bilen başyny ýaýkady. Gülälek ak ýüzüne dökülen saçlarynyň tarlaryny yza gaýtaryp: - Gyş geçse gar durmaz...diýen gepem bar-a, Nowruz - diýip ýylgyrdy. Nowruz al-elwan çigildemleriň arasy bilen uzalyp gidýän ýoluň gyrasynda säginip: - Ýöne şeýle ýagdaý bolsa nähili ajaýyp bolardy - diýip oýa çümdi. Gülälek bilesigelijilik bilen: - Nähili ýagdaý aýtsana - diýip özelendi. Nowruz: - Bahar maýyljak howaly gün, gül-gülälekler açylyp dur, ynha birdenem ýeňiljek gar sepeläp ötýär.- diýdi.- Bolup biler-ä şeýle ýagdaý! *** Ertirlik edinip oturan Nowruz el telefonunyň ýakymlyja jyňňyrdaýanyny eşidip ýerinden turdy. Telefonuň ekranynda owadan edilip örülen gara saçlarynyň goşa örümi döşünden goýberilen gyz seredip otyrdy. Nowruz bir täsin ezizlik bilen: - Gülälek jaň edýär-diýip, öz ýanyndan gepläp, telefony aldy. Telefonyň aňrysyndan howlukmaç gyz sesi eşidildi: - Nowruz, derrew geýnip daşary çyksana, saňa bir täsin sowgat taýýarladym. Ýetip gelýän doglan günüňe diýseňem boljak. Nowruz egnine ýeňiljek gyş penjegini geýip, mawy reňkli şarfyny ýaltanmaç boýnuna orady. Daş işikde köwşüni aýagyna sokup durka hem “Bu gyz ýene nämeler tapdyka?!” diýip ýylgyrdy. Mart aýyna mahsus çigreklije howa daşaryny biraz sowuk görkezýärdi. Şeýle ýagdaýy gören ene-mamalarymyz “Bulutlaşyp başlady ýa-da howa gamaşyp dur” diýýärdiler. Egni narynç reňkli žemprli gyzyň boýnundan fotoapparat hem asylgydy. Ýolda Gülälek daş-töweregi synlap barşyna: - Ulag bilen gitseň babamlaryň bagy ýarym sagatlyk ýol –diýip, owadan ýylgyrýardy. Nowruz ulagyna ezberlik bilen erk edip barşyna dagyň etegine ýaplanyp ýatan elwan gülli baýyrlary synlaýardy. Ahyr olaryň ulagy ak-gyzyl güllere bürenip oturan bagyň gyrasyna gelip saklandy. Gülälek mekirje ýylgyryp: - Indi, etjek sowgadym has gyzykly bolmagy üçin ýene bir şert bar - diýip, Nowruzyň boýnundaky mawy reňkli şarfyny alyp onuň gözlerini daňdy.- Ýagny fransuzlaryň aýdyşy ýaly “suýrpriz”. Gözleri daňlan Nowruz Gülälegiň elinden ýapyşyp dähedem-dessem basyp gelýärdi. Diňe töwerekde guşlaryň ýaňlanýan şadyýanja seslerini, hem-de gülleriň, ot-çöpleriň, şüdügär ýeriň buzgunç ysyny alýardy. Bir ýere gelensoňlar Gülälek Nowruzyň gözlerindäki bagy sypyryp aýyrdy. Nowruz täsin görünşiň duýdansyz şaýady bolup haýran galmakdan agzyny açyp durdy. Ak güllerini döküp oturan erik agaçlarynyň arasynda duran Nowruz ýaz ýeline köwsarlap, ýokardan gaýmalap gelýän erik güllerini gözügidijilik bilen synlap: - Edil özi, meniň aýdanym şu-diýip ýylgyrdy.- Edil gar ýagyp duran ýaly, howa bolsa maýyljak. Aýtsana Gülälek, sen bu görnüşi nädip gözläp tapdyň, nädip kelläňe geldi. Gülälek hoşgylaw ýylgyryp: - Ýönekeý, seniň göresiň gelen zat hakda oýlanyp ýaşaýan - diýip jogap berdi. Sylapberdi MUHAMOW, Garagaç obasy-Daşoguz şäheri. 12.02.2019. | |
|
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||