PARFIÝA DÖWLETI WE ILDEŞLERIMIZIÑ ATLY GOŞUNY
Türkmen halky goja taryhyň alyslyklara uzap gidýän menzilleri içinde öz Watanynyň we milletiniň öňündäki borçlaryny we jogapkärçiliklerini duýmak bilen, türkmen milletini dünýä ýüzüne harby meslege ussat millet hökmünde tanadypdyrlar. Taryhy mysallardan belli bolşy ýaly, türkmen harbylary dagdyr çölleri, düzdir baýyrlary örän çaltlykda aşyp bilen bedew atlaryny minijilik ussatlygynyň naýbaşy derejesinde ulanyp, jeň-söweşleriň harby tilsimleridir usullaryny-da başarjaňlyk bilen ulanmaklyk bilen çaknyşyklarda duşmanlaryndan üstün çykmaklygy başarypdyrlar. Olar özleriniň alyp baran harby hereketlerine uýgun bolan ýarag esbaplaryny ökdelikde ulanyp, eden islendik söweşlerinde möhüm ýeňişleri gazanmaklygy başarypdyrlar. Munuň şeýle bolmagyny, halkymyzyň esger millet bolandygy bilen düşündirip bolar.
Ata-babalarymyzyň düşünjesine görä, her bir türkmeniň atly-ýaragly bolmaklygy türkmençilige laýyk görlüpdir. Eger, ýigitde at hem-de ýarag bar bolsa, şol goç ýigit hakyky türkmen esgeri hasaplanypdyr. Ibn Fadlan hem öz eserinde oguz-türkmenleri barada maglumat bereninde munuň şeýledigini belläpdir. Taryhyň has irki döwürlerinden XX asyryň başyna çenli bolan döwürlerde, milletimiziň her bir boý-tiresiniň başy bolan begler, özleriniň obalaryndan ýygnanan aýratyn bir goşun böleklerini jemläpdirler. Bu goşun bölekleri belli bir taýpanyň başy bolan hanlaryň ýolbaşçylygynda goşun birleşmesini emele getiripdirler. Türkmenleriň atly goşuny her döwürde we her bir döwletde gereklenilen hem-de duşmany eýmendiren harby güýç bolupdyr. Hat-da döwletleriň serhedini hem atly goşun esgerleri bilen goramak uýgun görülipdir.
Ildeşlerimiziň alyp baran ýörişleridir söweşlerinde wepadar atlary eýeleriniň iň ýakyn kömekçileri bolupdyrlar. Gerek bolan halatynda eýeleriniň janyny halas edip, söweş meýdanyndan ýaraly esgerleri alyp çykmaklygy hem türkmen atlarymyz başarypdyrlar. Türkmen atly ýigitleri harby tilsimlerdir usullary ussatlykda ulanmaklyk bilen duşmanlaryndan harby çaknyşyklarda üstün çykmaklygy başarypdyrlar. Olar özleriniň edýän harby hereketlerinde, uýgun bolan ýaraglary ökdelik bilen ulanyp, söweşlerde möhüm ýeňişleri gazanypdyrlar. At üstünde edilen söweşler atly ýigitlerden örän ussatlygy talap edipdir. Ýigitler ellerindäki ýaraglary ulanyp duran mahalynda atlaryny aýaklarynyň kömegi bilen gerek bolan tarapa gönükdirmegi başarypdyrlar. Türkmen atlary söweşe öwredilen atlar bolupdyr. Bu janawerler eýeleriniň aýaklarydyr elleriniň hereketlerinden özleriniň nähili hereketde bolmalydygyna düşünip, eýeleri bilen deň gopupdyrlar. Türkmenleriň söweş atlary çaknyşygyň gidip duran pursatynda garşysyndaky duşmany depip-gapyp, dişläp eýesine ýardam edipdirler.
Ildeşlerimiziň esasy harby güýji atly goşun bolupdyr. Taryhda munuň şeýledigine anyk mysallar bar. Parfyýalylar hem beýleki kowumdaşlarymyz ýaly at bilen bagry badaşan il bolupdyr, olaryň goşunynyň esasyny atly esgerler emele getiripdirler. «Parfiýalylaryň ýeke-täk harby güýji atly esgerlerdir» diýip Tasit ýazypdyr. Munuň şeýle bolmagy, Parlaryň durmuşynyň göçebe çarwaçylykda geçendigini we olaryň esasan gylýalçylyk bilen meşgullanandyklaryny görkezýär. Gadymy eser döredijiler parfiýalylaryň ömrüniň atyň üstünde geçýändigini, olaryň atyň üstünde söweşleri, jemgyýetçilik-syýasy işleri amala aşyrýandyklaryny ýazypdyrlar. Şol sebäpli-de, goşunda atly esgerlere esasy üns berlipdir. Agyr ýaraglanan we ortaça ýaraglanan atly goşun esgerleri demir-polatdan ýasalan, şol döwrüň iň kämil ýaraglarydyr söweş goranyş esbaplary bilen doly üpjün edilipdir, olaryň atlarynyň hem goraýyş zyrhlary ýeterlik kämil derejede bolupdyr. Parfiýa döwletinde ýesir alynan gullara-da at üstünde söweş etmek öwredilipdir, olar ýeňil ýaraglanan atly goşun bölümlerinde gulluk edipdirler, ussatlyk bilen söweşip, gahrymanlykda özüni görkezen gullara azatlyk hem berlipdir. Gadymy ýunan taryhçysy Plutarh, miladydan öňki 53-nji ýylda, Karra diýlen ýerde bolup geçen söweşde parfiýalylaryň atly goşunynyň üýtgeşik harby tilsimi ulanyp, rimlileriň saýlanan goşun saplaryny – legionlaryny ýeňlişe sezewar edişleri hakynda şeýle ýazýar: «...(günüň garşysynda duran) parfiýalylar birden-kä eginlerindäki demir zyrhlaryny ýapyp duran ýapynjalaryny aýryp taşladylar we özleri, alawlap ýanýan oda meňzeş – göz gamaşdyryp ýalpyldap-lowurdap duran Margiana poladyndan edilen tuwulgalarydyr demir donlarynda, olaryň atlary bolsa misdir demirden edilen zyrhlarda duşmanlarynyň öňünde peýda boldular». Bu hadysa duşmany aljyradypdyr, ruhdan düşüriji täsir edipdir. Parlar bolsa, gözi gapylan duşmana tarap at salypdyrlar we rimlileriň legionlaryny derbi-dagyn edipdirler.
Gadymy atşynaslygyň eýesi bolan parlaryň (parnlaryň) döwletiniň kämil ýarag-esbap bilen üpjün edilen güýçli goşuny bolupdyr we ol daşky duşmanlara uly howpy salypdyr. Miladydan öňki döwürleriň soňky asyrlarynda Gündogar halklarynyň köp döwletleriniň harby güýçleriniň düzüminde we ýarag-esbaplar meselesinde uly özgerişlikler bolup geçipdir. Munuň şeýle bolmagy agyr ýaraglanan atly goşunuň sanynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Hökümdar Mitridat II-niň döwründe (123-88 ýý.) Parfiýa döwletiniň goşunynda üýtgetmeler amala aşyrylypdyr, harby güýçlerde esasy ähmiýet berlen atly goşun ýeňil ýaraglanan atly goşun birleşmeleri we agyr ýaraglanan atly goşun birleşmeleri görnüşde iki topara bölünipdir. Agyr ýaraglanan atly esgerleriň atlarynyň bedeni hem edil özleri ýaly tutuşlaýyn goraýjy demir-polat zyrhlar bilen basyrlypdyr, ýeňil ýaraglanan ýaýçy esgerleriň atlarynyň bolsa diňe öň taraplary az-maz goraýyş esbaplary bilen basyrlan eken.
Miladydan öňki III asyryň ortalarynda, gaýry ýerlerden gelen Selewk dikmeleriniň zulmundan ýadan ildeşlerimiz Par taýpasyndan bolan serkerde Ärsakyň öňbaşçylygynda aýaga galyp, Selewkleriň hökümdary Andragony tagtdan inderipdirler. Olar Selewkleriň goşunlary bilen söweşip, derbi-dagyn edip, Demirgazyk Parfiýany eýelänlerinden soňra, özleriniň özbaşdak döwleti gurandyklaryny yglan edipdirler. Demirgazyk Parfiýanyň çäklerine demirgazyk Köpetdagyň dag jülgelerinden başlap, Serdar (öňki Gyzylarbat) bilen Çäçäniň arasyndaky obadyr galalaryň ýerleşen dag etek düzlükleri giripdir. Nusaý bolsa Demirgazyk Parfiýanyň merkezi bolupdyr. Taryhçy Moiseý Horenskiýniň ýazmagyna göra, Al-Iskender Makedoniýalynyň ölüminden 60 ýyl soňra, ýagny, miladydan öňki 263-nji ýylda, Parlaryň (Parfiýa) döwleti gurlup, Ärsak hökümdar diýlip yglan edilipdir. Bu döwlet ulalyp, dünýäniň iň ägirt imperiýalarynyň birine öwrülipdir. Miladydan soňky 216-224-nji ýyllarda hökümdarlyk eden Ärtaban IV-iň döwründe, ýagny, 224-nji ýylda Parfiýa döwleti ýykylypdyr.
Gadymy ildeşlerimiz Parlaryň (Parnlaryň, Partlaryň, Parfiýalylaryň) eýýamyny taryhyň ykdysadyýetdir medeniýet ugurlary boýunça iňňän pajarlap ösen döwürleriniň biri hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Gadymy taryhçy Pompeý Trog: «Parfiýalylar... Rimliler bilen öz aralarynda tutuş dünýäni bölüşip, häzirki döwürde bütin Gündogara agalyk edýärler» diýip nygtapdyr. Munuň şeýle bolmagynda, ildeşlerimiziň atly goşun bölümleriniň möhüm orny bardyr.
Kakajan BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Taryhy makalalar