20:44 Parižiñ ýalkymlaryndan gorky | |
PARIŽIÑ ÝALKYMLARYNDAN GORKY
Publisistika
Fransuzlaryñ iñ begendirýan tarapy öwrülişikleri, ýöne şol bir wagtyñ özünde iñ gorkuzýan tarapy-da şu. Fransiýa Normandiýa böwüsmesiniñ (Операция «Нептун») segsen ýyllygyny - "taryhyñ iñ uzyn gününi", "halas boluşy", nemes faşistleriniñ gabawyndan azatlyga ýol açan gününi belledi. Eger ýeñilmedik bolanlygynda, dünýä awstriýaly ýefreýtor Adolf Gitleriñki bolaýmalydy. Emma Normandiýa böwüsmesi "döwlet derejesinde bellenýän gün" däldir. Fransiýanyñ döredilmeginiñ güni - Bastiliýa türmesiniñ gapylarynyñ açylyp we Beýik Fransuz rewolýusiýasynyñ güni bolan 14-nji iýulda bellenýär. Şonuñ üçinem Fransiýanyñ döredilmeginiñ güni Normandiýadan has öñ geldi. Eger men fransuz bolan bolsadym, basybalyjylardan halas bolunan güni döwletiñ döredilen güni hökmünde bellenmegini teklip ederdim. Parižiñ halas bolmagy bütin dünýädäki azatlyk hereketleriniñ ýeñişine ýol arďady. Pariž azat bolanda, Günbatar düşünjesi-de azat boldy. Derýanyñ iki tarapynda-da çekişmeler güýjedi. Pariž hakykatdanam pikirleriñ we azatlygyñ şäherine hem-de Ýalkymlar şäherine gaýdyp geldi. Uruş gutaryp-gutarmanka Pariž Londonyñ we Rimiñ ýerini aldy. Intelligensiýanyñ wekilleri we ýazyjy-şahyrlar şu ýerik göçüp geldi, kafe-barlar intellektual mesgenlere öwrüldi. Žan-Pol Sartr, Alber Kamýu, Lui Aragon dünýäniñ iñ meşhur ýazyjylary boldy. Yza galyp barýan fransuz dili täzeden janlandy. Öñdebaryjy hereketler täzeden direldi. Normandiýanyñ azatlygynda möhüm rol oýnan bölegi awtoritar diskurs pikiriniñ ýeñlişe uçramagynda başgalaryñ (ABŞ, Russiýa, Kanada, Angliýa, Awstraliýa) oýnan roludy. Her bir topar Fransiýanyñ halas bolmagynyñ dünýädäki azatlygyñ simwollary bolan intellektual we edebi baýlygyñ halas edilmegine barabardygyny pikir edýärdi. Şondan ýigrimi ýyl geçenden soñ fransuz sagçylary-da galan koloniýalarynyñ azatlygyny ykrar etmäge mejbur bolupdy. Pariždäki Alžir çekişmesi käbir koloniýalaryñkydan has çuñ we has möhüm boldy. Azatlyk Normandiýanyñ derwezesinden Pariže, ol ýerdenem jümle-jahana gaýdyp geldi. Dünýäniñ beýle ahwala düşmegi geñ we şowsuz ýagdaý. Renessansyñ Fransiýasy edil häzie Marin Le Peniñ sesi we keşbi bilen titreýär. Birmahallar Parižiñ halas edilmegine we "Azat Fransiýanyñ" ýeñşine begenen dünýä edil häIe Ýewropada nasizmi gaýtalaýan we faşistik wagşyýanalygy janlandyran sagçy akymdan gorkýar. Muña ýene bir gezek Parižde belli karara geliner: Frabsiýa Makronyñ merkezçiligine eýermegini dowam etdirmelimi ýa-da Marin Le Peniñ diskurslaryna tarap gyşarmalymy? Le Peniñ Ýewropa parlamentiniñ saýlawlaryndaky ýeñişi yglan edilen purdatybda yklymda walýuta kurslary çepbesine çöwrüldi, Makron sowukganlylygyny ýitirdi we Normandiýa böwüsmesiniñ güni gelip ýetdi. Fransuzlaryñ iñ begendirýan tarapy öwrülişikleri, ýöne şol bir wagtyñ özünde iñ gorkuzýan tarapy-da şu. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 14.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |