18:42 Paýhas damjalary | |
PAÝHAS DAMJALARY
Sözler
• Arykdan suw akar, daýhana Huda bakar. • Ir gelen sakada oturar, giç gelen - ýakada. • Suwsuz durmuş ýok, zähmetsiz - rehnet. • Suw atadyr, ýer - ene. • Suwly ýer - gül, suwsuz ýer - çöl. • Ýer görki - suw, suw görki - guw. • Balygyñ diriligi suw bilen. • Damja suwdan tal çykar. • Döwletliniñ ýerinden ýap geçer. • Ýagmyr bilen ýer gögär. • Akan aryk akar eken, bakan döwlet bakar eken. • Töwekgeliñ suwy daga ýörär. • Tereñ suwlar bulanmaz. • Alnyñdan akan suwuñ gadyry ýok. • Ýeriñi bejermeseñ, aç galarsyñ, ýabyñy arçamasañ, puç galarsyñ. • Ekiniñ hemdemi, ýeriñ melhemi. • Suwsana suw bermeseñ, çölde Hydyr neýlesin? • Suw akan ýerine, bagt bakan ýerine. • Suw boýuny ýetirer, dökün hasyl getirer. • Suw - zer, suwçy - zergär. # edebiýatwesungat_2005 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |