20:34 Peterburgmy Moskwa: Siz oýun edýärsiñizmi? | |
PETERBURGMY MOSKWA: SIZ OÝUN EDÝÄRSIÑIZMI?
Ýol ýazgylary
Ep-esli wagt geçenden soñ Peterburga gidenimde, geçmişden hem-de şu günden birnäçe çapraz düşünje we duýgy kellämi gorjalady Sowet Soýuzyna birnäçe ýyl öñ birinji gezek Moskwadan gadam basypdym. Birdenkä, şol ýyllar şunça wagta çekjegini bilmedik başdan geçirmäm az salymda gutaraýjak ýaly duýdum: 7-8 gün soñ meni otla mündürip, entek görmedik-eşitmedik ýurdum Moldawiýa Sowet Sosialistik Respublikasyna ugratdylar. Daşary ýurtlylara rus dilini öwretme we sowet ýaşlarynyñ ýokary okuw jaýyna girmezden öñki bilimleriniñ esasy ugurlary bilen tanyşdyrma maksady bolan taýýarlyk kursuny paýtagt Kişinýowda okamalydym. Birýarym aý gijigip okan taýýarlyk kursumy tomsuñ başynda gutardym. Yzyndan "öndürijilikli tomusky dynç alyşy geçirme" ündewine eýerip, Moldawiýanyñ sowhozlarynyñ birinde ir-iýmiş ýygýan ýaşlara goşuldym. Tomus gutaransoñ sowet ýaşlary bilen bile okamaly bäş ýyllyk "ýokary bilim" üçin gerek-ýarak zatlarymy ýygnamagyñ ugruna düşdüm. Maña Leningradyñ Döwlet uniwersitetinde okamalydygym aýdyldy. Emma meniñ Moskwa gidesim gelýärdi. SSSR - köp derejede Moskwa diýmekdi. Gyzyl ploşad we Kreml şol ýerdedi. "25 kilometrden öwşün atyp duranam" Moskwady. Ony şeýle setirler bilen wasp eden Nazym Hikmetem şol ýerde ýatyrdy. "Ýok, bolmaz. Türkiýäniñ ilçihanasy-da Moskwada. Mesele döräp biler". Ýalñyşmaýan bolsa, ýüzlenmäme berilen resmi däl jogapda şeýle setirler bardy. Çünki Türkiýäniñ Kommunistik partiýasynyñ agzasy hökmünde şol ýerik ugradylýardym we mümkin boldugyndan "kän göze ilmejek" bolmalydy. Men "Leningrad nämäme gerek? Men Moskwada okamak isleýärdim-ä!" diýip zeýrendigimçe, ýanymdakylar maña göwünlik berýärdi. Olaryñ biri kän wagt geçenden soñ dogry aýdandygyna göz ýetiren gysgajyk jümle bilen şeýle diýipdi: "Leningradda ýaşamagyñ nähili aýratynlykdygyny bileñok". * * * Tomsuñ ahyrynda Leningrada gitdim. Bäş ýyldan soñ elimde şindize çenli ýeke ýerde ulanmadyk "gyzyl diplom" we "rus dili mugallymy" sertifikaty bilen Leningraddan gaýtdym. Ömrümiñ iñ gyzykly ýerleri şu iki jümläniñ arasynda geçdi. Men soñky jümläniñ manysyny sorasañyz, elbetde size hemme zady aýdyp biljek däl. Çünki ýaşlaryñ iñ hezil döwri köplenç talyplyk ýyllaryna gabat gelýär, şol ýyllaram bilimiñ ýany bilen hatda bilimden has köp şahsy durmuşynyñ açyşlary we belentli-pesli synaglary bilen doludyr. (Ýazgymyñ şu ýerine ýetenimde, size aýdyp bilmejek birtopar zadyñ käbirlerini keýpihon ýatlamak üçin çaý içmäge arakesmä çykdym. Gynanmañ, men siziñ şahsy syrlaryñyzy soramog-a?). Ilkibaşda häzirem örän syýasy ýaşlardan bolandygym sebäpli Sowet Soýuzynyñ adamlara beren sosial artykmaçlyklaryna üns berip, sosializmi saýlamak we SSSR-e gelmek bilen nähili dogry iş edendigimi pikir edýärdim. Garşylaşýan ýakymsyzlyklarym bolsa, heniz "umumy akymy bozmaýan" käbir kadadan çykmalara girýärdi... Şol wagt Leningrada uçursyz haýran galmagymyñ ýene bir tarapy onuñ "faşizme garşy goranyşy" bolupdy. Ikinji jahan urşunyñ iñ aýgytlaýjy tapgyrlarynyñ birinde 1941-nji ýylda Faşistik Germaniýa bar güýjüni toplap Leningrada sürünýärdi, nemes faşistleri sowet ýurdunyñ ikinji belgili şäherini basyp alyp, diñe harby däl, şol bir wagtyñ özünde syýasy we moral taýdanam uly ýeñiş gazanmaga çytraşýardy. Gabaw astyna alynan şäheriñ goranyşda geçen agyr günleri 900 güne çekipdi. Ýüz müñlerçe (käbirleriniñ aýtmagyna görä bir milliondan gowrak) adam wepat bolupdy. Diñe okdan we bombalardan däl, şäher ilatynyñ köpüsi añzakly gyş aýlarynda açlykdan we doñubam gyrlypdy. Leningrad elden giden bolsa, Baltika porty we töweregi-de elden giderdi. Belkäm, Stalingrad ýeñşi-de bolmazdy. Uruş başga hili gutaryp, Ýewropa faşizmiñ penjesine düşüp bilerdi. Ýeñiş gazanan Leningrada "gahryman şäher" adyny beripdiler. Gahrymançylyk elbetde hormata mynasyp. Emma durmuşda hormat bilen deñ derejede, hatda ondanam has wajyp duýgy bar: Söýgi, yşk... * * * Söýgi diýlende, elbetde iş başgaça bolýar... "Men leningradly diýeniñ bilen, ony goşawujyñ içine alyp ýa jübiñe salyp bileñok, onuñ deñiz-derýasyndan, kanalyndan emele gelen mawy gurşawynyñ, taryhy ploşadynyñ we köçeleriniñ, muzeýleriniñ, köşkleriniñ, teatrlarynyñ içinde özüne çaklañja ýer açyp, ynam bilen şol ýere ýerleşýärsiñ. Şeýdende-de birnäçe milletden millionça "leningradly-peterburglynyñ" bolşudyr gidişi bilen, ýuwaşlygy we medeniýetliligi bilen köp ýerde moskwalylardanam, başga şäherlilerdenem tapawutlanýandyklaryny görýärsiñ. Bu ýer häzirem pula we wagtyñ beýleki ejizliklerine boýun egmändir. Russiýada bu ýere "medeniýetiñ paýtagty" diýilýär. "Demirgazykdaky paýtagt", "Ak gijeleriñ şäheri", "Demirgazygyn Wenesiýasy", "Ýewropa açylan penjire" we başga-da birnäçe lakamlary bar. Ýöne iñ esasysy-da bular däl, owadanlygy. Diñe owadanlygy-da däl, hüý-häsiýeti. Ýagny şäheriñ her ädiminde duýulýan özüne mahsus häsiýeti, aurasy... Ol ýerik gidip, şeýle duýgylara başdan geçirip görmedige bulary düşündirmek kyn. Şäheriñ Dostoýewskiniñ, Çernyşewskiniñ, Leniniñ ysy gelip duran köçelerini bagryña basmazdan, taryha we edebiyata açylan Newskiý prospektinde eýläk-beýläk geçmezden, derýa bilen Moskwa otly duralgasynyñ arasynda keýpihon ýadamazdan bolmaz. Agzymyz deñize duýulýan söýgä öwrenişip gidipdir, emma bärde Baltika deñizinden zyýada Newa derýasyna göwün bereniñizi duýman galarsyñyz. Ýüzden gowrak kanal bilen şäheri gurşap alýan inçelige, Tomusky daçalyga, dünýäde deñi-taýy bolmadyk Ermitaž muzeýine, 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasynyñ bolan Köşk meýdanyna, Pawlowsk we Puşkin ýaly ýer togalagynyñ behişdi şäherçelerine aşyk bolarsyñyz. Soñra ol söýgi kalbyñyzdaky başga söýgilere çyrmaşar. Muny gürrüñ bereniñizde aýagyñyzyñ ýerden üzülendigini duýman galarsyñyz. Köp zat aýdyp biljegem bolsa, sözüni bäş-üç sany üzlem-saplam jümleler bilen jemlän, aslynda iriziji däldigi duýulýan adamlaea mahsus gyzyklanma çeşmesine öwrülersiñiz (megerem bu jümle beter optimistik röwüşe bürendi öýdýän, ýeri bolýa-la). * * * Geçen hepde Russiýanyñ iñ esasy halkara çäresi hasaplap boljak Peterburg Halkara Ykdysasy Forumyna (SPIEF) gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gitdim (hemme zady Günbataryñ ölçegi bilen garyşlap düşünýänler üçin "Russiýanyñ Dawosy" diýäýeýin, eger isleseñiz). Mälim bolşy ýaly, Ukrainadaky uruş sebäpli indi bu forumda Putiniñ ýanynda dünýäniñ iñ güýçli döwletleriniñ we kompaniýalarynyñ ýolbaşçylary oturanokdy. Afrikadan we Aziýadan gelen wekilleriñ köplügi göze ilýärdi. SPIEF-iñ geçýän günlerinde atom bombasy we jahan urşunyñ turma ähtimallygy barada kän zatlar aýdyldy. Forumda tomaşa edip boljak kän zar bardy-da ýöne... Emma ýygnanyşyklary gijäniñ bir wagty gutaran şol günleriñ agşamlary, hatda gijeleri ("ak gijeleri") juda täsindi. Köne dostlarymy we kursdaşlarymy gördüm. Ilkibaşda Newskiý prospekti we Newa derýasynyñ boýy ýaly söýýän ýerlerimiñ birnäçesinde pyýada aýlandym. Bir bölegini şu ýerde siziñ dykgatyñyza ýetiren onlarda fotosurata düşürdim. Meşhur rus şahyry Puşkiniñ doglan gününiñ 250 ýyllygy mynasybetli geçirilen medeni çärelerden birine - gijäniñ bir wagty 01:30 ýaly ümsüm çagynda örän estetiki galkynyşy ýatladýan köprüleriñ açylýan pursatyna müñlerçe (belki-de on müñlerçe) adam bilen bilelikde tomaşa etdim, öñümizdäki derýadan yüzlerçe, belki-de müñlerçe gaýyk geçdi. "Şu ruslar täsin adamlar" jümlesi telim gezek kellämi gorjalady durdy. Medeniýetde, sungatda, ylymda, sportda, ylymyñ iñ kyn ugurlarynda "täsin" sözüni çaña garyp biljek derejede üstünlik gazanyp bilýärler. Syýasatdyr häkimiýet bilen aralaryndaky baglanyşyk daşardan seredýänleriñ añsat düşünip bilşi ýaly däl. Patyşalara, baş sekretarlara, prezidentlere, syýasy liderlere goldanýan "ketdelere boýun bolmaga meýillilik", "döwlete bolan ynam", "Günbatara garşy hem haýrangalyjylyga hem-de duşmançylyga ýelken açyp biljek aşa gyzyklanma"... Hawa, hawa, "şu ruslar täsin adamlar hakykatdanam"... Köne dostlarymyñ biri meni aljyratjak bolýar: "Arada "Kyrk ýyldan soñ Moskwany gaýtadan açmagyñ begenji hem gynanjy" ady bilen ýazan makalañy okap geñ galdym. Ol ýerik köp gidýäniñ üçin Peterburg-Leningrada bolan söýgiñi ýatdan çykaraýjakdyñmy eýse?" Käbir soraglara we tankydy belliklede jogap bermegiñ ýerine sessizje gülümsiremegiñ has gowudygyny durmuş maña öwretdi. Emma sessizlik uzap başlanda, onuñ ynjalyksyzlanma ähtimallygy galñap biler diýip, köne ýatlamany ýatlap gülüşdik: "Peterburgmy Moskwa, siz oýun edýärsiñizmi?" Hawa, bu ilkinji soragy we dowamyndaky ulumsy goşulmany hem Peterburgyñ hem Moskwanyñ tarapyny tutýan adamlaryñ nädip özlerinden arkaýyn aýdyp bilýändiklerine köp gabat geldim. Has dogrusy, menem käbir köpbilmişlere şol soragy ulumsy eda bilen beresim gelýär: "Peterburgmy Moskwa, siz oýun edýärsiñizmi?" Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 22.06.2024. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |