04:14 Resenziýa / satiriki hekaýa | |
RESENZIÝA
Satiriki hekaýalar
Serdar Wepaýewiç ýazyp oturan resenziýasynyñ soñky nokadyny goýanda, gije sagat ikiden agypdy. Ol öz-özünden hoşal bolup ýerinden turdy, gerinjiredi. Otagyñ içinde ikibaka gezim etdi. Ol ýene-de iş stolunyñ başyna geçdi. Çalam-çaş bolup ýatan kagyzlaryny rejeleşdirdi. Içini gepletdi. Diýmek, resenziýa taýýar diýen ýaly, uly işi ýok. Mümkin o ýerine-bu ýerine kak-sok etmeli bolar. Ony heran-haçanam edip boljak, çep elimizden gelýär. Ýöne häzir gyssagly bir gerek zat, olam haýsy bolsa-da, bir awtoryñ täzeje çykan goşgular ýygyndysy, onda ýerleşdirilen goşgulardan birnäçesiniñ atlary we olardan parçalar. Aý, o zatlaññam ýarasy ýeñil-le, ýeri taýýar dur. Çykan güni gütüledip goýaýmaly. Umuman aýdanyñda, resenziýa taýýar. Indi kitabyñ çykaryna garaşybermeli. Hemişeler yzy üzülmän çykybam durandyr weli, gerekleseñ gapyşar. Ýa indi şahyrlaram goşgy ýazmasyny goýup, proza geçäýdilermikä?! Beýle zad-a bolup bilmez. Olaryñ ýazanyny çykaryp dursañ-a, edil bir ýylda bäş kitaby ýazaýjagam barmyka diýýän. Onda näme? Gyzylbaşlar... ýok. Sebäbi bolmasa, kitab-a çykmaly. Ol hökman çykar. Onda kitap çykýança, resenziýany ýene bir gezek gözden geçirmeli. "Göwrümi taýdan şeýle uly bolmadyk bu kitapça şahyryñ ikinji (bu sanyñ üýtgemegi hem ähtimal) kitaby. Awtoryñ heniz ýaşdygyna garamazdan, onuñ poeziýa äleminde uly we ynamly ädim edendigini turuwbaşdan bellemek gerek. Ol poeziýada özünjñ hakyky ýüzüni görkezmegi başardy, öz ýodasyny tapdy. Ýodanyñ bolsa yzarlasañ, ýola birigýändigi jedelsizdir. Şahyryñ optimizme ýugrulan sagdyn ideýaly goşgulary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar, olar örän akgynly okalýar hem-de añsat ýatda galýar. Kitapça ynsan mertebesi baradaky ýazylan goşgy bilen açylýar. Ol tebigy zat, çünki adam dünýäniñ bezegi ýa-da eger tutuş dünýäni bir tylla ýüzüge meñzetsek, onda adam ol ýüzügiñ göwher gaşydyr. Ol döredýär, gurýar. Bu goşguda awtor käbir detallaryñ üsti bilen adamyñ jemgyýetdäki orny barada filosofiki pikir öwürýär. Ol goşgynyñ bir ýerinde ine şeýle diýilýär: « » Ýokardaky çeperçilikli ýazylan şeýle goşgularyñ hataryna ine, şu goşgulary hem goşmak bolar. Umuman, şahyr ynsan barada, onuñ jemgyýetdäki orny hakda gürrüñ edende, onda ýokary graždanluk pafosynyñ bardygy duýulýar. Mergenowyñ (bu at şertli at) goşgular ýygyndysynda poeziýanyñ ömürlik obýekti bolan söýgi meselesine uly orun berilýär. Eline galam alyp, heniz söýgi barada ýazmadyk şahyr ýok. Emma Mergenowyñ bu temadan döreden goşgulary weli beýleki şahyrlaryñkydan tapawutlanýar. Ol lenç edilen meñzetmelerden, suwjuklykdan, mahabatly taryplamalardan gaça durýar. Dogry hem edýär. Şahyr döwrümize ýat bolan, ýöne henizlerem ýek-tük saklanyp galan gyz satmak, galyñ almak ýaly könäniñ zyýanly galyndylaryna köre-körlük bilen uýýan çüýrük pikirli nadanlary satiranyñ közüne daglaýar. Şeýle adamlaryñ üstünden ha-ha-haýlap gülýär. Azat söýgi baradaky pikir şahyryñ «...», «...», «...» we şular ýaly başga-da birnäçe goşgularynyñ içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ýygyndydaky goşgulary okanyñda, şahyryñ tebigat gözelligini suratlandyrmakdaky ussatlygyna haýran galýarsyñ. Hatda güle gonjak bolup pelesañ kakýan kebelejigem onuñ nazaryndan sypanok. Mergenowyñ peýzaž lirikasyny okanyñda, onuñ öwüşgine baý setirler bilen «çekýän suratlaryny» synlap doýup bolanok. Oña öz ýanyndan: "Berekella, elleriñe güller bitsin" diýeniñi hem duýman galýarsyñ. Eger hudožnik bolsañ, onda awtoryń her bir bendinden bir kartina ýazmak boljak. Mysal üçin: «. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . » Ine, şu setirleri okanyñda, añyrsyna-bärsine ýetmeýän türkmen sährasy, onda agyp-dönüp ýören goýun sürüleri göz öñünde janlanýar. Göwnüñe bolmasa, onda mäleşip ýören owlak-guzularyñ sesi hem eşidilýän ýaly bolýar. Şeýle goşgular ýygyndyda başga-da kän. Umuman, şahyryñ goşgularyny okanyñda, onuñ goşgysaýyn kämilleşýändigine anyk göz ýetirýärsiñ we oña çaga ýaly guwanýarsyñ. Dogry, kitapçada ýerleşdirilen goşgular barada öwgüli gürrüñi näçe uzaltsañ uzaldyp oturmaly, ýöne bir gazet makalasynyñ çäginde olaryñ ählisi barada aýdyp oturmak asla mümkin däl. Ýöne şeýle hem bolsa, hakykatyñ hatyrasyna biz özümiziñ şujagaz makalamyzda ýygyndynyñ heniz käbir kemçiliklerden halas däldigini hen aýtmalydyrys. Ýygyndydaky käbir goşgularyñ temasy ownuk, şeýle hem olaryñ çeperçiligi gowşak. Ýöne ol kemçilikler elujundan düzedäýmeli kemçilikler. Şonuñ üçin hem olar hakda birbada agyz dolduryp gürrüñ edip oturasy iş ýok. Biz özümiziñ şu synymyzyñ ahyrynda awtora ak ýol arzuw edýäris. Goý, onuñ kitaplarynyñ höwri köp bolsun!» Serdar Wepaýewiç ýazan resenziýasyny ýene bir gezek okap çykdy. Ol pikire gitdi. Be, meniñ munym ýöne öñde biriniñ "Bitmedik ýowşanyñ düýbünde dogmadyk towşan ýatyr" diýşi ýaly, bir zat bolaýmasyn? Aý, ýok-la! Bolmanda-da ekiz taýy ýaly biri-birine meñzeş resenziýalar häli-şindi çykyp dur-la. Kyrk bolmasa, kyrk bir eken-dä! Onsoñam bular ýaly zatlary edýän ýeke biz däl ahyry. Ynha, şu kompozitorlaram mydama diýen ýaly öñürti sazyny ýazyp, soñam sözlerini gözleşip ýörler. Näme bu-da bir şol pisint zatdyr-da. Dogru-da walla! Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||