16:41 Medeniýetleriñ ýok boluşy | |
MEDENIÝETLERIÑ ÝOK BOLUŞY
Publisistika
Henson köne pikirleriñ şindizem bizden aýrylyp gidibermeýändigini aýdýar. Häzirem Fiwyny ýok etmek, Karfageni ýer bilen ýegsan etmek, astekleri uçdantutma gyrmak isleýänler bar. Niýetlerini-de her dürli dilde aýdyp durýarlar. "Imperiýanyñ ugry. Harabalygyñ kartinasy" ("The Course of Empire Destruction"), Tomas Kol / Surat: Wikipedia Taryhçy Wiktor Dewid Hensonyñ (Stanford uniwersiteti) "Gyrgynçylykly uruşlar" ("The End of Everything: How Wars Descend into Annihilation") kitaby hakyky çykmaly wagtyndan biraz irräk çap edildi. Kitap basybalyjylar tarapyndan ýeriñ ýüzünden syrylyp-süpürilip aýrylan ýurtlaryñ gürrüñini edýär, ýagny ýene az-kem garaşan bolsa, Gazany we onuñ jellatlaryny-da bu ýurtlaryñ hataryna goşup bilerdi. Emma awtor kitabynda gadymy taryhdan dört mysal bilen çäklenýär: - Fiwy şäheriniñ Aleksandr Makedonskiý tarapyndan ýykylmagy (b.e.öñki 335-nji ýyl); - Szipion Emilianyñ b.e.öñki 146-njy ýylda Karfageni ýok etmegi: - Soltan Mämmet II-niñ 1453-nji ýylda Konstantinopoly basyp almagy; - Iñ soñky hem Kortesiñ 1521-nji ýylda Astek imperiýasyny ýok etmegi. Parahatçylyk hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Adamyñ turuwbaşdan hekaýaty - yzygiderli we täzelenip duran uruşlaryñ soñsuz dessanydyr. Şonuñ üçin taryhçylar we ýazyjylar her ýyl biziñ öñümize has köp ýeñişdir ýeñliş, ýok edilen ýa-da diñe bize olaryñ birmahallar bir ýerlerde ýaşap geçendigini ýatladýan käbir galyndy harabalyklary galan şäherler baradaky kitaplaryny ýagdyryp ýörler. Henson kitabynyñ "Hemme zadyñ soñy: Uruşlar nähili ýok boluşa bakan taýýar" bölüminde bize medeni ýok boluşlaryñ kyssalaryny gürrün berýär. Kitabyñ girişinde Uinston Çerçilliñ 1924-nji ýylda aýdanlaryna ýer berilýär: "Uruş - adamzat nesliniñ turuwbaşdan hemrasy geldi". Grek filosofy Geraklit hasam öte geçip, şeýle diýýär: "Uruş hemme zadyñ başydyr". Henson taryhyñ çuñluklaryna indigisaýy azat boluş meselesinde şonça çäresizlige uçraýar. Bu dünýä diýeniñ durman-säginmän ýykgynçylyga tarap barýan planeta. Elbetde, Henson şeýle diýende Ýakyn Gündogara, ölüm we ýykgynçylyk garaşlylygyna salgylanýar, emma şol bir wagtyñ özünde ruslaryñ we ukrainleriñ arasyndaly soñky medeni genosid söweşiniñ üstünde-de durup geçýär. Munuñ özi bir sakadan gözbaş alyp gaýdýan iki medeniýetiñ baryny-ýoguny orta goýup alyp barýan urşy. Ýönekeý raýatlar ýa-da onuñ özi ýaly hünärmenler bolsun, tapawudy ýok, hemmeämiz ýaly harby hünärmenlerem göwnüçökgün we gorkýar. Dünýä iki jahan urşy wagtynda köne ýaraglary bilen iñ uly gyrgynçylyklaryny etse, häzir Ýakyn Gündogarda çaknyşyklat ulalar ýa-da hytaýlylaryñ esasy gury ýeri Hytaý bilen kiçijik adasy Taýwanlylaryñ arasynda uly uçgun dörese näme bolar? Gadymyýetiñ dünýäsi bilen häzirki zamanyñ dünýäsi örän ynjyk. Dünýäniñ gahrymanlarynyñ 32 ýaşyndaka ölmänkä ähli ýurtlary mynjyradyp ýok eden Aleksandr Makedonskiý ýa-da sürgünde masgaraçylykly ýagdaýda ölmezden öñ imperiýa guran, birgiden imperiýalary-da ýok eden Napoleon ýaly mynjyradyjy obrazdadygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Henson köne pikirleriñ şindizem bizden aýrylyp gidibermeýändigini aýdýar. Häzirem Fiwyny ýok etmek, Karfageni ýer bilen ýegsan etmek, astekleri uçdantutma gyrmak isleýänler bar. Niýetlerini-de her dürli dilde aýdyp durýarlar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 28.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |