05:05 Saçakçylar / satiriki hekaýa | |
SAÇAKÇYLAR
Satiriki hekaýalar
Hemişeler işiñ ahyrlarynda Sapar Sapbyýewiç özüni ýadaw duýýardy. Ýogsam onuñ işläp alyp barýan galasy hem ýokdy. Ýöne bu gün-ä ony bir jyn urupdyr. Onuñ häzirki bolşuny diñe synlamaly, söz bilen beýan eder ýaly däl. Ýörände dagy ökjesi edil ýere degmeýän ýaly how! Ol tä öýlerine gelinçä hiñlenjiräp geldi. Gapydan ätländen, Sapar Sapbyýewiç eýýäm başga adam boldy. Onuñ ýüz keşbi üýtgedi. Az salymyñ içinde dürli tarapdan öwüsmegi ussatlarça başardy. Sapar Sapbyýewiçe zehinli aktýordyr öýdäýmäñ. Ýok, ol gurluşyk edaralarynyñ birinde galam ujundan çörek iýýänlerden. Haw-wa! Ine, ol häzir halymsyrap başlady. - Keýwany, bi, kelleler şatylap döwüldi-le how! Hany bir ajyja çök çaýyñ ýokmy? Dursun adamsynyñ işden ir gelenine begenip guş bolup uçaýjak boldy. Ony ýüzüne syldy. - Señem beýdip işden ir geljek wagtyñ bar eken-ow. Çaý gaýnap dur, häzirjek demläp beräýerin - diýip, ol aşhana girip gitdi. Sapat Sapbyýewiç sahna çykjak aktýor ýaly içinden aýtmaly sözlerini gaýtalady. - Sen diýip ölýän, ezizim, ynanaý. Gijeler düýşümde, gündiz huşumda. Wah... Sapar Sapbyýewiçiñ gulagyna bir owaz eşdildi: - Y-na-na-ma-ak... Ol gözlerini güldürip gögüni garady. Ýañky sesiñ eýesi bilen gaýybana gürleşdi. - Ezizim, eýsem men seni ynandyrmak üçin näme etmeli? - Wiý, şonam bileñokmy? Jaýymy remont edip bermeli. Sapar Sapbyýewiç jogap bermezden ozal ýylgyrdy. Haý, onuñam bir gürrüñi bolarmy, dilime bitýä. Içinden edip oturan pikirini duýdansyz daşyna çykardy. - Men taýýar! - Menem taýýar - diýip, onýança Dursun eli çäýnekli gapydan girdi. Sapar Sapbyýewiç ogurlygyñ üstünde tutulan ýaly bir hili aljyrajak boldy. Derrewem özüni ele aldy-da, it ýylgyryşyny edip gözüniñ gytagy bilen diwardaky sagada seretdi. Howlukmaly! - Keýwany, ho tamda ýañy jalbarymy çykaryp goýupdym. Şony bir gowja et-de ütükle, men çaýymy owurtlynçam. - Wiý, jalbaryñy ütükledip indi nirä atlanjak bolýañ?! Sapar Sapbyýewiç şeýle sowalyñ beriljegini öñünden bilýärdi. Şonuñ üçinem onuñ jogaby nagtdy. Dursun sesini çykarmady, onuñ keýpine sogan dograldy. - Bi çagalaram-a ýygnamaly, mamalaryndan. Olary goýup gaýdalyñ bäri baryp näçe gün geçdi - diýip, ol adamsyna başga näme diýjegini bilmän hüñürdedi. Sapar Sapbyýewiç gañryşyna gaýdylsa asla halamazdy. Ol işde-de şeýledi. Ine, häzirem onuñ ýeñse damaryndan tutuldy. Yzgytsyzlandy. Ol diñe bir pikire gulluk edýärdi. Aýalyñ öñünde ýaýýaplamaly däl, hüjüme geçmeli. - Men how saña çaltyrajyk jalbary ütükle diýdim. Sen bolsa müñ gürrüñiñ başyna ýetýäñ. Näme, çagalaryñy gara möwlek iýer öýdýäñmi? Dursun göwünsiz gürledi. - Geýmäge başga zadyñ gyt däl, birini aýagyña sok-da gidiber. Wah, Sapar Sapbyýewiçiñ özüne gezek galsa ol başgasyny geýmäge kaýyl-la. Ýöne özüne öz erkiñ ýetmese nätjek? Biri böwrüne dürtüp dur. Ynha, häzirem onuñ gulagyna şol nätanyş ses eşidildi. - Sapbyşka, seniñ şu jalbaryñ saña gaty gowy gelişýär... Sapar Sapbyýewiç dartylan kirşe döndi. Gahardan ýaña dodaklary müñküldedi. Gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. - Sen, näme, düşüneñokmy how, meñ aýdanyma. Saña şo jalbary ütükle diýilýä. Başgasyny geýjek däl - diýip, ol sandyraýan elindäki käsäni ýerde goýdy. Zöwwe ýerinden galdy. Rejäñ geñ däldigini añan Dursun harçañlaşyp durmany özüne uslyp bilmedi. Sesini çykarman içki jaýa girdi. Ol oturgyjyñ arkasyna atylan jalbary eline alyp, ony mazaly synlady. Onuñ beýleki jalbarlardan üýtgeşik ýerini gözledi. Tapmady. Elbetde, her kimiñ özüniñ eý görýän eşigi bardyr-da. Gyzan ütügiñ astynda ýazylyp giden jalbar dogrudan hem bir hili gelşiklenen ýaly boldy. "Wah, Sapar janhñ biderek ýere göwnüne degipdirin öýdýän" diýip Dursun käýinjiredi. Içini gürledip durşuna ol, näme üçindir, adamsynyñ kiselerini barlaşdyrdy. Yzky jübüden çykan iki sany bilet Dursuny tok uran ýaly etdi. Tisginip gitdi. Hakyt özem şu güne! Bi, betnyşan kim bilen kino gitjek bolýakan? Eý, toba! Dursunyñ ýüzi ütük ýaly lap-lap gyzdy. Gygyrasy geldi. Elindäki jalbary düýrleşdirip bäşinji etaždan gaýdyrjak boldy. Ýok, gyzmalyk etmeli däl, her bir zadyñ anygyna ýetmeli. Görşüñiz ýaly paýhas ýene-de üstün çykdy. Sapar Sapbyýewiç bir gyldan bezenip, ýüzüni ajan hamyr ýaly turşardyp, ýoluna rowana boldy. Häsiýetini üýtgetmek onuñ ýanynda eşekden palan alança-da ýok. Eýýäm ýyrşaryp onuñ erni bir ýerik gelenokdy. Köçä çykandan, elini galdyryp geçip barýan maşyny saklady. Dursun, her näme-de bolsa, adamsynyñ pygylynyñ düzüw däldigini añdy. Etek alty, ýeñ ýedi bolup kinoteatra tarap eñdi. Bir amatlyja, bukuja ýerde gizlenip, gelýänleri synlady. Goşa gumry ýaly ikibir-ikibir gysmyljyraşyp gelýänleriñ sany-sajagy ýokdy. Başga bir gelniñ goltugyndan tutup barýan adamsyna gözi düşäýse, Dursun ýaraly gaplañ ýaly topuljakdy. Ile ryswa edip ýüzüni dyrçanaklajakdy. Ýöne, näme üçindir, Dursunyñ adamsyna gözi düşmedi. Girjekler girip adamlaryñ mazaly aýagy ýygnanyşdy, kinoteatryñ agzy çolardy. Dursun janserek bolup durşuna göwrümine geñeşdi. Atylan ok daşdan gaýtmaly däl. Teatryñ adminstratorynyñ ýanyna baryp, özüniñ näme üçin gelendigini aýtdy. Köpi gören adminstrator eksperiment geçirmekligi makul bildi. Ol oturan ýerinden gapdalyndaky apparatyñ birki sany düwmejigini basyşdyrdy-da, mikrofony aldy: - Üns beriñ! Üns beriñ! Zaldaky oturan erkek adamlaryń dykgatyna! Siziñ biriñiziñ yzyñyzdan möhüm bir iş bilen aýalyñyz gelipdir. Ýuwaşlyjak bilen zaldan çykmagyñyzy soraýarys. Eger-de bäş minudyñ dowamynda çykmasañyz, onda gelen gelniñ haýyşy boýunça zalda çyra ýakyljakdyr. Oturanlaryñ gonjuna gor guýuldy. O näme üçin anyk kimiñ çykmalydygyny aýtmadylarka?! Häzir zaldaky erkekleriñ hemmesiniñ pikiri birdi. Her zat etmeli welin, ele düşmeli däl. Zalyñ şakyrdysy artdy. Her kim guş tutjak ýaly ýapyrylyşyp gapa tarap eñýärdi. Sapar Sapbyýewiç hem ýanyndaky gysmyljyrap oturan zenanyñ ýañagyndan ysgady-da, gapa tarap ýöneldi. Ol kimdir biriniñ aýagyna büdräp, gaýtdy ýüzinligine şarpyldap. Söýginiñ ugrunda ölýänlerem gyt däl ahyryn. Hasanaklap ýerimden galdy. Dykyn alyp duran gapydan zordan çykyp ýetişdi. Ýalpyldap zalyñ çyrasy ýandy. Adminstrator bilen Dursun öz gözlerine ynanman geñirgenşip zala seretdiler. Eý, aman, ýekeje erkek göbeklem ýok. Bu nä boluş?! Ýa bu kino diñe aýallar üçin bolaýmasyn. Ýok, näçe erkek kişiniñ gomadaklaşyp aýallary goltuklap geçenini hut Dursunyñ özi gördi ahyryn. - Ah, siz erkekler! - adminstrator ýuwaşjadan pyşyrdady. Dursunyñ sesi haýbatly çykdy. - Ýok, olar erkekler däl, ýagtylykdan gorkýan saçakçylar! Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |