15:26 Sähra we yşk | |
SÄHRA WE YŞK
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gadym zamanlarda bir baý adamyň gözel gyzy bar eken. Ol bir çopan ýigit bilen halaşyp, sähralykda pynhan duşuşýan ekeni. Günlerde bir gün baý muny aňypdyr-da, «Meniň çopana berer ýaly gyzym ýok, ol deňini bilsin!» diýip, gyzyna öýden çykmagy gadagan edipdir. Garawullar gyzy gije-gündiz göz astynda saklapdyrlar. Çopan onuň öýüne ýakynlaşmaga milt edip bilmändir. Şeýdibem, olar uzak wagtlap aýra düşüpdirler. Gyz öýde gysylyp-gowrulyp, hasratdan ýaňa gün-günden saralyp-solup barýarmyş. Baý hassa gyzyny tebibe görkezipdir, ýöne onuň emleriniň hiç hili nepi degmändir. Bolsa-da baý öz ýalňyz perzendine dözüp bilmändir. Baharyň bir güni çopan ýigidi ýanyna çagyryp: «Eger sen hakykatdanam meniň gyzymy gowy görýän bolsaň, oňa bolan söýgiň çyn bolsa, hany, maňa bir gudrat görkez. Onsoň men gyzymy saňa bereýin!» diýipdir. Şonda çopan ýigit näderini bilmän, Hudaýa ýalbarypdyr: «Eý Biribar, bir gudrat görkez, maňa kyn günümde kömek et!» diýip zarynlapdyr. Şol pursat asmandan: «Goý, siziň päk söýgiňiz bu ýagty jahanda baky galsyn!» diýen hoş owaz gelipdir. Olaryň pynhan duşuşan ýeri bolan ak sährada ýüpek ýeller mylaýym öwsüp , ter gök otlar parç bolup, al-elwan güller açylypdyr. Muňa haýran galan baý çopana gyzyny bermäge razylyk beripdir. Ine, şondan bärem her bahar sährada güller açylyp, olaryň päk söýgüsini ýatladyp ýörmüş. • Bilimiň we edebiň gözbaşy Gadym zamanlarda bir dana adamyň uly maşgalasy bolupdyr. Onuň ogullary, gyzlary, gelinleri, agtyk-çowluklary köp ekeni. Ol her gün ertir-agşam çaý başynda, nahar iýlip, töwir galdyrylansoň mesawy söhbetler gurapdyr. Gürrüňleriniň arasynda bolsa: «Eý, eziz perzentlerim, öz mähriban Watanymyzyň, merdana halkymyzyň geçmiş taryhyny, edebiýatyny, milli däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny pugta öwreniň! Soňra olary çagalaryňyza, geljek nesillere öwrediň! Öz milli gahrymanlaryňyzy çyn ýürekden söýüň, ata-babalarymyzyň mübärek ruhlaryny şat ediň! Ogullar atalarynyň, gyzlar eneleriniň kesp-kärlerini öwrensinler hem-de olary ösdürip, kämilleşdirip dowam etsinler! Ine hakyky bilimiň we edebiň gözbaşy şundadyr» diýip, nesillerine berk sargar ekeni. Eziz YKBAL, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |