18:07 Samolýotda / hekaýa | |
SAMOLÝOTDA
Hekaýalar
Wilnýus-Moskwa aralygyna gatnaýan samolýot heniz asmana göterilip-göterilmänkä, stýuardessa gyzyň ýakymly sesi kemerleri guşanmalydygyny ýolagçylaryň ýadyna saldy. Meniň bir oturgyç aňry ýanymda egni goňur şinelli, dodaklary sowuga gaýzygan, harby gullugyny tamamlap, öýlerine gaýdyp barýan bir esger ýigit otyrdy. Ol stýuardessa gyzyň sesine eşidenine mähetdel, edil diýlişi ýaly edip, oturgyçdan aşak sallanan gowşurma kemeriň taraplaryny tapyp, biline guşandy, onuň bu bolşy biz bilen bir hatarda oturan, samolýotda guşanmak hökmanam däl diýen pikirli iki boýdaş gyzda ýaňsyly ýylgyrmanyň döremegine sebäp boldy. Gyzlaryň inçe ýüzlüsi gülküsini görkezmezlik üçin, bir eli bilen agzyny tutdy. Saçlaryny tylla reňke boýan, ýüzi agyn düwürtik bolup duran gyz bolsa, illýuminatora sereden bolup, jorasyna tarap göz aýlap öz ýaňsyly gülküsini gizledi. - Beýle pugta guşanmaňda uçup salondan çykyp gidäýerin öýdýärmikän? - Ilki gezek samolýota münip görşi dagt bolaýmasa. Gyzlary synlap, bularyň häzir tüýs ýeriň ýarygyna güläýýänjä döwürleri-dä diýip oýlanamsoň, irkilme niýeti bilen arkamy oturan kürsüme ýapladym. Samolýot göterilmeli belentligine galyp birsalym uçansoň, salonyň howasy kemsiz maýlady. Ýolagçylar ýeke-ýekeden, ör galyşyp, birneme giňişäp oturmak üçin, eginlerindäki galyň geýimlerini çykaryşdyryp, ýörite geýim-gejim goýulýan ýerde ýerleşdirdiler. Esger ýigit iliň soňragynda ornundan turup, egnindäki goňur şinelini çykardy. Ýaňy bir özümi ukynyň örüsine atyp irkilip ugran ekenim. Iki gyz ýene-de öz aralarynda esger ýigit hakynda pyşyrdaşyp başlady. - Hiý... a-gyz, oňa seret-le! - Näme bar? - Soldatyň döşüne seret... - Sag tarapdan üçünji nyşana diýýäň dälmi? - Hawa. Biz ony samolýota münip gören däldir öýdüp ýaňsyladyk welin... Ol-a samolýota münmek däl, ondan bökübem ýören ekeni. - Desantçy. - Edil özi. Öwrülip esgere tarap sereden wagtym men onuň döşünde "Otliçnik paraşýutçy" nyşanyny gördüm. Esger ýigidiň ýaňky, gyzlara gülkünç bolup görnen hereketleri, onuň uçmakdan elheder alyp ýaýaplamagynyň alamaty däl-de harby bölümde süňňüne siňen endikleriň biri ekendigi şundan soň öz-özünden bize belli boldy. Gyzlar bir-birleriniň ýüzüne "Biziň çakymyz-a beýle bolaýdy" diýen äheňde uýatly seredişip gülümsireşdiler. Esger ýigit töwereginde bolýan zatlardan bihabardy. Ol öz oturan kürsüsinde oňaýly ornaşyp, samolýotyň birsydyrgyn sesine meýmiräp, gözlerini ýumup, oýaly-ukuly halda oýurganýan ýaly bolup otyrdy. Käte onuň dodaklary sähelçe çyzylyp, ýylgyrma alamatlary ýüzüne çaýylyp gidýär... Belki, ol häzir özüniň esger bolup öýlerine barşyny - şatlykly pursadyny düýşünde görýändir. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||