05:29 Saña näme bolýar? | |
Ynha , onuñ täze alan ulagyna münüp, ilkinji gezek oba arasyna çykyşy. Birhili, hakykatdanam daş – töwerek öñküsinden gözelleşen ýaly. Ýaşyl ýaprak hatar –hatar agaçlar, ýol ýakasynda gyz –gelinler, okuwçylar ... Yollaram, näme oñuşmazça däl ...
Hekaýalar
Wah, munuñ ýumşaklygyny diýsene, ýelmaýa ýaly. Ýeri, sen ýelmaýany nirede görüpsiñ diýsene, ýelmaýa –da munça ýokdur. „ Žiguli “ dagy munuñ ýanynda maşynam däl eken –ä ... Birdenem ol “Haý, „Toýota“, jan „Toýota“ – diýip, hiñlenmäge başlady. Maşynyñ ruluny hamala gyralaryna şaý dakylan deprek ýaly ykjam tutyp , barmaklaryny zarply urup çirtmek çalyp başlady ... „Haý , janyñdan seniñ...“ Süýnüp –sarkyp barýan täze maşynyñ içinde onuñ serine täze- täze arzuw – hyýallar gelmäge başlady: „Gaýraky giñ ýola çykyp, gazyna münäýsemmikäm?! Aý, ýok, entäk elim –aýagym öwrenişsin , howlukmaýyn . Nesip bolsa, indiki hepde Aşgabada basaýyn. Ynha, dälmi ... Ýol ugruna adam duşsa alaryn . Benzin puly bolanda näme garnyña depýärmi diýsene?!“ Ol aýna seredip, barmaklary bilen ösgün saçyny daraklap, öz- özüne gözüni gypdy: „Aý, göreris-dä...“ diýip, köpmanyly ýylgyrdy: „Äkit diýseñ, senem äkidäýmeli bor- da, janym...“ diýip, öz ýanyndan kimdir biri bilen gürleşen boldy. Obanyñ ileri çetine çykanyndan soñ , ol ulagynyñam , özüniñem badyny gowşatdy. Uly ýoluñ ýakasynda ulagyny togtatdyp , daşaryk çykdy. Asman reñk ulagyny , onuñ reñki bilen meñzeş asmany, gözýetime uzaýan goñras meýdany synlady – da ýylgyrdy ... Öz- özüne gep atdy: „ Aý, dost, seniñ –ä täzeräk maşynyñ roluna geçerligiñ bar eken –ä. Seniñem kimdigiñi bildik. Haý – how , baý- bow! Nämelere hyýallanyp, nireleri tozadyp ýörsüñ – eý ... Hany onda – munda oglanlary ýazgaran bolup ýördüñ –ä ... Ýa ... Ýa adam ýagdaýy gowulaşdygyça ýuwaş – ýuwaşdan şeýdip özgeriberýärmikäm – aý ... Aý, ýok edil beýle däldir-le. Beýle däldir. „ Özbek - özüne bek “ diýlenini et -de özüñi berkiräk tut –da ýöräber hany „özgerýärmiñ“ ýa „özgereñokmy“ şonda belli bolar.“ Ol şeýle diýdi –de üst - başyny kakyşdyryp, özüniň bu dürs pikirinden kuwwat tapan ýaly silkinip , saýhallanyp ulagyna mündi – de ýuwaşlyk bilen yza, öýüne tarap ýöneldi ... Şilliñ uzyn, gyzgylt saçly , saryýagyz ýüzi menek – menek ownuk hally bu ýigide deñ – duşlaram, oba adamlaram Jöwlan “gök” ýa Jöwlan “ors” diýerdiler. Diýmezçe –de däldi , onuñ saryýagyzlygyndan beter, gözlerem gökdi , üstesine okamaly ýa ýazmaly bolsa , ýa –da dümtünip başga bir ownuk iş etmeli bolanda , derrew äýnegini dakynýardy. Demir ugry, kompýutermi, telefonmy – Jöwlan gögüñ ýanyna baraýmaly, işiñ –ä bir bitirer, göwnüñden çykaryp näme berseñem „Sen razy bolsañ bolýar“ diýer –de oñaýar. Dogurdanam, Üzümgül bagtly gyz eken. Boýdaşlary muny indi bilýärler. Üzümgül welin bir görende onuñ kimdigini bilipdi. Ol muny häzirem bilýär ... Belki – de bilýändirin öýüdýärdi... Täze maşynyñ rahatlygy ony meýmiredip, asuda pikirleriñ ummanyna alyp barýardy. Ol öz asyl durkuna laýyk duýgular bilen göwnüni hoşlap, añyny durlaýardy: adamlar gowy, özüñ gowy bolsañ – il gowy . Başarsañ kömek etmeli, başarmasañ alajyñ ýok, ýagdaýa görä bolubermeli. Hiç bir kyn zady ýok, bolşuna görä bolubermeli ... „Durmuş ýoly“ diýilýmeýärmi näme? Seresapja bolup ýöräbermelidir – dä ... Şol barmana dükandan çykan Orazjemal gelneje elini galdyryp, oña „duraýsañ“ diýen manyda yşarat etdi. Heý, duldegşir goñşyñy närazy edip bormy? Jöwlan ulagyny sakga duruzdy. Aýnadan kellesini çykaryp ýylgyrdy: - Geliñ, gelneje. Geliñ hany. Baý – bow agtygyñam barmydy? Gel, Gülnar jan, gel , köşek ... Elbetde, Gülnar janyñ elinde doñdurmasy dardy ... Yssy howada ol eýýäm eräp, gyzjagazyñ tirsegine çenli syrygyp barmaklarynyñ arasyndan damyp başlapdy. Haý, hawwa –da nädersiñ. „Düşüñ ýa – da beýtmäweriñ“ diýip boljag-a däl ... Öýe gelende Jöwlanyñ az –kem keýpsizdigini Üzümgül derrew añdy. - Näme, ulagyñ kem ýeri barmy? - Aý, ýok. Gül ýaly ... - Bolýar – la, hany, eliñi ýuw. Çaý –naharyñ taýýar ... Jöwlanyñ kellesine hälki pikir geldi: „Özüñe bek bolmaly.“ Birdenem ol özüne bu sözi ters manyda aýdandygyna düşündi –de : „Hawwa, onsoñ nähili berk bolmaly? Aýt, hany! Goñşy –golamy, tanyş –bilşi, hiç kimi ulagyña mündirmeli dälmi?! Aý, ol -a bolmaz.“ Ol maşynyñ ýanyna bardy –da yzky oturgyçdaky ýagly tegmilleri synlady: „ Gör, ynha, bolmaýan bolsa ... Köwüşleri bilen gelen kirşenleri – de süpür onda. Üzümgüle ýa-da çagalaryña aýt, süpürsinler iliñ tot – tozanyny ...“ Çaý – naharyñ başynda –da bu pikirler ony gününe goýmady. „Baý, özgerersiñ –ä. Özgermejek ýalysyñ. Hany, özgerme –dä göreýin. Mündürmeseñ ýa-da hapalama, eýtme –beýtme diýseñ ýigrenji bolarsyñ. Ýigrenji bolasyñ gelýärmi? Ýok. Onda nätmeli?! Görmezlige salyp, deñesinden geçip gitmelimi?!“ Kimdir biri onuñ gulagyna „Şo dogry bolaýmasa ...“ diýen ýaly boldy. Soñ ol bu ketje pikirlerden ýadadymy nätdimi: „Aý, öljeg – aý, sen ... Ýeri damsa damypdyr – da. Münse münüpdir – dä! Ýeri sen iliñ ulagyna az mündüñmi? Bolduñ meniñ başyma täze maşynly ...“ diýip, öz –özüne sögündi- de telewizora gözüni dikdi: „Täzelikleri bir diñläýinle...“ Ol şu ownuk pikirleriñ ertir özüni başga bir uly synaga saljakdygyndan habarsyzdy. Ol ejizligiñ üstüne atanak çekmekden nämüçindir ejiz gelýärdi. Birmahallar garry mugallymyň “Gowy bolmak aňsat däldir” diýen sözüniň nähiliräk manysynyň bardygy oňa indi – indi az – kem düşnükliräk ýaly bolup görünýärdi. Onuñ „gowulyk“ diýilýän dünýäden daşlaşasy gelmeýärdi.Sebäbi ol onuñ nähili gowy zatdygyna çuññur düşünýärdi. Ýöne her näme –de bolsa bir ýerlerden içýakgyç bir hakykat ony bu ýoldan sowjak bolýan ýaly „Adamlaram birhili – how“ – diýip, köpleriñ gaýtalaýan sözüni onuñ añynda aýlaýardy: „Adamlaram birhili bolupdyr ...“ * * * * * Ol etrap merkezinden oba tarap gaýdybermelidi. Işler bitdi. Aýagyñ aşagynda –da suw ýaly maşyn. Hakykatdanam, oba gaýtmakçy bolup duran garry – gurty, ýaş –ýeleñ, çagaly maşgala bar bolsa, „tañrýalkasyn“ üçin alyp gaýtmak höwesi onuñ ýüreginde bardy. Şonuñ üçinem ol uzak aralykdan eýýäm duralgany gözüniñ gytagy bilen synlap gelýärdi. Geñ ýeri duralgada bir adamam ýok. Ýok bolsa nätjek, ýöräbermeli bolar – da. “Durmuş ýolydyr – da”... Birdenem duralganyñ direginiñ arka ýüzünden kimdir biri enter –tenter bolup çykdy –da , bir eli bilen sütüni gujaklap, beýleki uzyn ganat ýaly elinem salgap başlady. „Dur!“ „Dur!“ Jöwlan ony tanady. Ol - Maşdy Raj. Edil özi. Birdenem: „Içgilidir, gabyr bolsun – laý“ diýen pikir onuñ kellesinden ýyldyrym çaltlygynda geçip gitdi. Täze ulagam şu pikiriñ tizliginden galman duralganyñ deñesinden wazlap geçip gitdi. „Eý –eý, Maşdy Raj, Maşdy Raj. Sen nähili zehinli oglandyñ. Sen nähili aýdymlar aýdardyñ ... Aý, işigaýdan.Şeýdip, dur indi ötene -geçene eliňi-aýygyňy galgat-da.Sen Raj Gapuryñ aýdymlaryny aýdardyñ. Özüñe –de „Raj“ diýdirmegi gowy görerdiñ. On –ha, „Raj“ bolubam galdyñ... Içgi – aýdym, içgi – aýdym ... Aý, bolýan ekeniñ – dä.Raj Gapur nähili güýçli adam eken-aý. Ol ýekeje kinofilmi, ýekeje aýdymy bilen ölmez -ýitmez adama öwrüläýdi. Müňlerçe adam Raj Gapur boljak boldy. Her obada bir Raj Gapur döredi. Ýöne olaryň bary ynha biziň Maşdymyz ýaly ýöne ”Raj ” bolup galdylar...Ýeri, Maşdy bol-da ýaşaber-dä ...“ Geçip gidilen pursatda ikisiniñ gözleri çaknyşypdy. Ol gözler, naýynjar gözler: „Dur! Saklan, Jöwlan , namart bolma!“ diýýärdi. Beýleki gyýa gözler welin: „Sen yzda galdyñ, Raj. Durmuş öñe gitdi. Sen kime gerek“- diýýärdi. Jöwlan duralgada elini salgap galan Maşdy Rajy aýdym aýdyp duran ýaly göz öñüne getirdi. Belki aýdýandyram, keýpi kök adamdyr –da. Ol öz ýanyndan ýumşak ýylgyryp, onuñ hemişe üýtgeşik bir ussatlyk bilen aýdýan aýdymyny aýtjak boldy: „Awara –ýu –u –u...“ Aý, ýok. Bolanok... ... Jöwlanyñ yza dolanyp Maşdy Rajy maşynyna mündürip, alyp gaýdasy geldi: „ Iki – üç sany aýdym aýtsa, oña çenli oba barardyk. Wah, alaýsam boljak eken...“ Maşyn welin, süýnüp barýardy hemem garşydaş sowallar bilen Jöwlany dymmaga mejbur edýärdi: „Aýak üstünde durup bilenok. Gördüñ –ä gözüñ bilen. Üsti –başy sal -sal, ýagmy –kirmi ... Aýdym aýdyp bilermi?! Ögäýse nätjek? Birden öläýse nätjek?“ Jöwlan ulagynyñ ruluna bir –iki sapar ýumruk bilen urdy: „Bes et, how! Gapyşdyrdyñ –la. Ýöräber ýoluñ bilen. Saña zat diýýän ýok.“ * * * * * Ertesi oba erbet habar aralaşdy: „Düýn Maşdy Rajy duralganyñ ýanynda maşyn kakypdyr. Şu gün ugratjaklar.“ Bu habara oba adamlary kän geñem galmadylar. Ýöne geñ galan Jöwlan boldy. Ol: „Wah, düýn men ony gördümem ...“ diýýärdi, ýöne yzyny aýtmaýardy. Dogrusy ondan : „Nirede gördüñ? Haçan gördüñ?“ – diýip soraýanam ýokdy. Ol welin hamala bu sözüniñ yzyny aýdasy gelýän ýaly: „Wah, gördümem welin...“ diýärdi – de hyrçyny dişleýärdi. ... Ol täze ulagyna ahmyrly gözüni aýlaýardy: „ Ana, mündürmeseñ!“ Soñ ol maşyna derek özi gepläp başlady: „Maşyn nätsin.Ulag bir seniñ guluñdyr – da. „Dur“ diýseñ durar, „sür“ diýseñ sürer. Boljagydyr. Sen özüñi günäkärlän bolup oturmasana ... Alyp gaýdanam bolsañ, kysmatynda bar bolsa bir sebäp tapylardy.“ Jöwlan köşeşen ýaly bolýardy: „Wah, ol şeýle –le. Ýöne men beýtmeli däldim ahyryn. Yzyma dolanjagam boldum –a. Dolanaýmalydym. Ýeri, saña näme bolýar? ulagyñ ynsabyñy ozýar – a, Jöwlan! Sen yzda galyp barýañ –a, gardaş. Saña näme bolýar?“ ]* * * * * Ol şu günki synagyñ adalatly çözgüdini tapmak üçin kän pikir etdi. Wagty bilen köşeşip bilmedi. Ol indi nädip hem bolsa bir alajyny tapyp öz ynsabyny rahatlandyrmalydy. Ahyrsoñy ol özi üçin ylalaşykly bir pikire geldi: „Sütünden ýapyşyp, yranyp duranam sen bolma, görmezlige salyp, deñesinden durman geçip gidýänem sen bolma.“ * * * * * Agşamara öýe gelip, ulagyndan düşenden aýaly hemişeki bolşy ýaly hoşamaýlyk bilen gülümsiräp garady –da birdenem biynjalyk bolup: „Saña näme bolýar?“ diýdi. Ol aýalynyň ýüzüne geň galyp seretdi.Ýöne näme jogap berjegini bilmän öýüne girip gitdi. Dogurdanam, üýtgeşik bir bolan zat ýokdy. Ol düýn içgili duran obadaşynyñ deñesinden ulagyny saklaman geçip gitdi... Ulagyna mündürmedi... Ýöne bu gün welin hemme kişiden öñürti ol ýere ylgap bardy, hemem uly bir gussa bilen ony gerdenine aldy...Ynha,bar bolany. | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |