18:38 Sankt-Peterburg depderi | |
SANKT-PETERBURG DEPDERI
Goşgular
• Watan Ýok, entegem howluganok doňmaga, Döwletli akymy goja Newanyň. Pikirlerim gaýyp boldy ummaga, Salgysyny alyp dogduk obamyň. Men muny bilýärdim has ozaldanam, Dözmezim şu Watan, janym il-günüm. Mylaýym, akmeňiz rus gözellerem, Ýüregmi eýeläp bilmedi meniň. Ýok, asylam başgarakdy aladam, Däldi bi ylahy derwüşçiligem. Nadylam etmändim men ene-atam, Görmändim öýdýän gargyş alybam. Diňe bir zat, Ýaşap ýören diýaryň, Hemem oň üstünden bakýan asmanyň. Gymmatyn bir pursat bilerim ýaly, Meni bärik alyp gaýtdy ykbalym. Bu güzaý ülkede, Sowuk wokzalda, Irkilip oýansam düýş görüp hemem, Bilýärin her pursat gözleri ýolda, Käbäm diňe dymyp garaşýar maňa. Söwer ýary mundan boş gitmesin diýp, Ýarlar serpaý etse ogul bäbegi. Ata ojagyndan daş gitmesin diýp Bosaga gömýäler onuň göbegin. Heňňamlardan miras nurana yrym. Nämüçin bu ýurtda girýär düýşüme? Sowuk zynjyrlaryň halkasyn gyryp, Ol kalbyma mähir odun üýşürer. Men oňa düşünýän gussaly halda, Düşünýän kalbyndan dömen halyna Bosagaň astyna göbegmi däl-de, Käbäm ýürek bagym gömen ýaly-la?! 23.11.2019 Kazanskiý sabor *** Gara daşly seri duman bu daglar... Magtymguly Durmuş ikimizden näme isleýär? Näçe oýlansam-da bilip bilmedim. Gerşime ner ýükün urdy esseläp, Birbada özüme gelip bilmedim. Meni ýeriň bir ujyndan çykaran, Ykbalymyň iň başynda galypsyň. Men diýen ärleri dyza çökeren Hijrän bolup bokurdaga dolupsyň. Meger gaýtalanýar gadymy taryh, Aşyk ýene mejnun diýip at aldy. Belki bu duýgular bolardy ahyr, Emma kalbym saňa öňden adagly. Çigin düşdi meniň göwün bagyma, Indi saňa ömür-baky bagly men. Ýat ýurtlara ýesir düşen çagymam, Gara daşly, seri duman dagly men. Duýgularyň beýany ýok jikme-jik, Yşk köňlümi seň köňlüňe kökerdi. Seň kalbyňa has-da golaý bolsun diýp, Ykbal meni ýat ýurtlardan çykardy. 17.11.2019. Sankt-Peterburg Ploşad Wostaniýa • Gar ýagan güni Bu ýerlere süýt guýlan deý ak boldy, howa säher howasyna meňzeýär. Zer ýapraklar gar astynda ýok boldy, Ýörün indi, Men bir zad-a gözleýän. Sessiz-üýnsüz, kenarynda Newanyň, dymyp gezmelemek bolsada ajap, aýdym edip ýürekdäki namamy, sesimiň ýetdigne gygyryp biljek. Hiç kime geň gelmez beýle boluşym. Köpügören piterlileň hümerem biparh synlap aglaýşym ýa gülüşim, ötägider, bary için hümledip. Hiç seredip bolanok ak asmana, Gar ýagýar. A kalba ot goýlan ýaly. Az galypdyr duýgularym çogmaga, Bolupdyr bar ýerler süýt guýlan ýaly. 13.11.2019. Piter Wsewolžskiý şosse. • Hyýal Meni söýüp, menden şazada ýasan, Ýanyp-köýüp, alys-uzakda ýaşan. Mähriban ynsan. Ýeke-täk Alladan täk meni soran, Soňra tapjak bolup kän ýyl soraglan, Sessiz-üýnsüz zar aglan. Müň ýola degen soň paltalar daşa, Peýda etmäninde gözleriň ýaşam. Dur, dur beýle diýme, gözýaşa boglup, Sendel owal, senden kemmagal doglup Hiç tapylman seni agladan oglan. Seret, Bir baksana, garşyňda ine, Şol öňküsi ýaly, gömelteý sada, Bolmasa-da ak at münen şazada, Kän sapar küýseglän, düýşünde gören, Seň adyň gursakda göterip ýören, Şahyr oglan, köne egin-eşikli, Wah, ýöne aradan ýyllar geçipdir. Menziller çat açypdyr. Ol ýyllardan ýiten ýaşlygmy gözläp Tapmdym. galypdyr ýekeje bir zat, Seniň gardanam ak päkize yşgyň. Hem meň gözlerimde galan gül keşbiň. 23.10.2019. Moskwa. Howrino-Sankt Peterburg • Aprel küýsegi S.Geldiýewe Aprel gelse giderin men Pitere, Gyzyl ot bolanda siren daragty. Degme, bolsun duýgularym bitertip, Oňa derek däldir kalbym garaňky. käte çökeňkirlän ruhum belende göterip başarýar bigam, hoş sesiň: -Ýalançyda ýaşap ýörmüň galandar. Oňatmydyr halyň-ahwalyň seniň? Uzak aýdyp oturmaryn derdi-hal, Gezek indi her ýan ykmaň sagady. Entek görüp ýetişmedik ýerlem kän, Meselem Anglter myhmanhanasy. Hemem her bir geldi-geçer, biderede, Ol diýar syryny açmandy asla, Ýöne ýörmän ak gijeli Piterde, Meň täze älem açamagym ahmal. Kalba eýerlenen dyzmaç hyýallar, Ýaşlygyň göçgüni öçmez didede, Nesip bolsa, ynha basym, bu ýazda Aprel gelse giderin men Pitere. 20.02.2020 Sankt-Peterburg – Aşgabat. | |
|
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |