13:43 Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk | |
• Çakylyk
Powestler
Şol günden köp wagt geçmänkä, Sary bagşa rus dilinde ýazylan bir hat gelip gowuşdy. «Hormatly Sary bagşy. 1927-nji ýylyň sentýabryndan Aşgabatda ýaş Türkmenistanyň bagşylarynyň uly ansambly açylar. Biz uly hormat bilen, Sizi şol ansambla işe çagyrýarys. Hormat bilen Gaýgysyz Atabaýew.» Bu habar Sary bagşyny biçak tolgundyrdy. Ol bu haty telim gaýta okady. Soň agyr oýa batdy. «Ine, yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar »diýenleri boldy. yhlas bilen agladygam, Gaýgysyz, han ogul onuň yzynda-da durdy. Indiki maslahat!...» Ony ansambla işe çagyrdylar. Ol gitmelidi. Eger, mümkin bolsa ýüreginem alyp gitmelidi. «Bu çagalary nätmeli?» Bu sowal kiçi sowal däldi. Bamy onuň dogup, döräp, ada-abraýa eýe bolan ýurdydy. Ony taşlamak, kyn boljakdy. Onda Sary bagşynyň iň gymmatly zady, ata-babasynyň ruhy ýatyrdy. Ol sazyň yzyna düşüp, ýurt aşyp gitse, olaryň ruhy käýinmezmi?! Ol iküç gün oýlanyp gezdi. Pürlem, Ejeligem, Sary bagşynyň ýassyga bagryny berip ýatyşyny halamadylar. Ýöne hiç kim oňa bu edýäniň däl diýip bilmedi. Ýöne, aýgytly netijä gelmelidi. Sary bagşy ahyry aýgytly netijä-de geldi. – Göçer gideris. Muhammet pygamber «Yrsgyň Çnda-da bolsa baryp algyn, halaldyr» diýipdir. Agşam maşgala saçak başyna üýşende ol pikirini yglan etdi. Pürli kakasynyň bu pikirini makullamajak bolýan ýaly gürrüň etdi. – Kaka, Aşgabat diýeniň pir parsyň, kürtüň, ermeniniň ýurdy ahyryn. Soň bu çagalar nirede ýaşasyn. Nirede okasyn. Barsy ors bolup gidibermese... Sary bagşy oglunyň bu sözüni kän bir alga almady. – Biz göçüp barsak, bagşylar göçüp barsa, bir oba türkmen bolarys. Okuwyň hem bir zady bolar. Depä çyk-da seret, il hanjak bolsa, senem şonjak. Şol ýerde ýaşap ýörenler hem özüni sençe görýändir. Pürli nämüçindir ýene-de tersine tutdy. – Kaka, bolmasa, Gaýgysyzy görüp ýene-de bir haýyş salyp, bagşylary Bama getirer ýaly etseň ýagşy bolardy. Galanynam özüň gör... Sary bagşy oglunyň beýle aýak diremesine düşünmedi. Eger meseläni şu ýerde ýagşy aýdyňlaşdyryp çözmese, onda onuň içegesi ýaly şol süýrenip gidip oturjakdygyna düşündi. Şonuň üçin ol aýgytly söz urdy. – Heý, kakam-eý, henizem bir zady oýlananyňda oglantak bolýaň-da. Sen bir zada düşün ahyry. Hiç kimiň ýadyna düşmän otyrka, at heläk, göt heläk edip, mundan aşgabada baryp, döwlet adamlaryny heläk edip, ansambl açdyran bolsaň. Soňam, «Men Bamyda oturjak. Siz Aşgabatda işläberiň» diýen ýaly gürrüň etseň, heý şaýa, sünnä sygjak zatmy. Sen ansambl bir oýunjak zatdyr öýtme. Il-bende öýüni-işigini, maşgalasyny taşlap, Aşgabada geler. Sary bagşam Bamyda oturarmy?! Henize çenli Sary bagşynyň il işi üçin namartlap, işi ýarpy eden ýeri ýokdur. Şu günüň özünde Aşgabada giderin. Ýer-jaý taparyn. Senem buýtar-suýtar etme-de, ertir çagalary alyp, Aşgabada gel. Gep gutardy... Sary bagşy şol gün otly bilen Aşgabada ugrady. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |