13:55 Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi | |
• Duşagy tisgindiren agy sesi
Powestler
Sary bagşy birneme aýak üstüne galdy. onuň derdi sabaşan ýaly boldy. bu gara gyş gazaply gelse-de, Sary bagşy kän bir tär edip bilmedi. Pürli dagy çöle gidip, dört düýe ýüki sazak alyp geldiler. Şol sazak hezil berdi. Sary bagşy pejiň gapdalyny hiç kime bermän ýaza ýetdi. 1934-nji ýylyň fewralynyň ortalarydy. Gyş gazaply gelenden soň, ýaz birhili ir oýanan ýaly boldy. meýdanlar eýýäm, fewralyň ortalarynda göm-gök boldy. – Men Şükür halypanyň ýerine baryp geleýin – diýip, Sary bagşy öýe maslahat saldy. Güýziň güni bolandan soň, hiç kim onuň raýyny ýykyp bilmedi. Wraçlar hem oňa açyk howada köpräk bol diýýärdiler. Belki, bir sebäp bilen, onuň derdi-belalary dep bolar. Belki, Duşagyň howasy onuň dermanydyr. Pürli kakasynyň bu pikirini makullady. – Ýöne, bile gidibereli, kaka. – Ýak, kakam. Men halypanyň huzyryna tirkenjeňli barmaýyn. Ýüregimde berç bolan dertler bar. Belki, ýeke bolsam, dökmäge peýdasy deger... Ýaşulynyň sözüni ýykyp biljek adam bu öýde ýokdy... ...Sary bagşy daň bilen Duşakda otludan düşdi. Küren obanyň içine girmän, demir ýoluň ugruny alyp, daga tarap ýöredi. Ilerde seleňläp, Şükür bagşynyň öýi göründi. Birden Sary bagşynyň damagy hykga doldy. Gursagyna kimdir biri agyr ýumruk bilen ýelmän ýaly boldy. ol birden ýeňläp gitdi. öýkeni, bokurdagy açyldy. Ýaşly gözlerine Şükür bagşynyň keremli didary doldy. Sary bagşy Şükür bagşynyň öýüniň gündogar burçuna bardy-da, sesinde baryny edip, ses etdi. – Wa-aý, dogan-e-eý! Baý diýeýin-eý... Ol elindäki dutaryny, horjunyny taşlady-da, baryp, ýykylyp, şükür bagşynyň öýüniň işigini ogşady. – Waý, dogan-eý, waý diýeýin-eý... Birküç adam ylgaşyp geldiler-de, Sary bagşyny ýerden galdyrdy. – Goýuň, goýaweriň... Sary bagşy köşeşenokdy. Ol uly hesret älemi bilen, garaňky boşlugyň aralygynda eräp durdy. – Ýörüň, öýe baralyň. Ýörüň... Sary bagşy elini bulady. – Işigi açyp beriň. Işige tagta kakylandy. Ony derrew açdylar. Sary bagşy şyr-takyr içerä girdi-de, Şükür bagşynyň oturan ýeridir öýden ýerine baryp, tüňke düşüp, silkinip-silkinip aglady. – Razy bol, halypa, gelip bilmedim, razy bol... Ol nämedir bir zatlar diýip eňreýärdi. Emma bu ýere üýşen adamlar oňa düşünmediler. – Sary bagşy! Sary bagşy gelipdir. Ýerine gelip bilmändi-de... Sary bagşynyň Duşaga gelenini il-gün şol bada eşitdi. Şükür bagş’ynyň öýüniň töweregi toý märekesine meňzedi. Daşarda ojak asdylar. Içerä düşek ýazdylar. Peç oturdyp, gaýgyrman ot ýakdylar. Içeri Şükür bagşynyň baryndaky ýaly şagalaňa eýe boldy. Sary bagşy düşegiň üstünde ýassyga ýanyny berip, derdini diňläp otyrdy. – Şükür bagşy ölende «Sary bagşy, Sary bagşy» diýip, erbet gygyryp jan berdi. Näzbibi enemizem (Patma enäniň çyn ady) soň yzyndan hem gitjek boldy. Emma... Adamlar Sary bagşyny üç günläp hiç ýere goýbermediler. Mazaly dördünji gün Pürli bilen Mylly ynjalman, Sary bagşynyň yzyndan geldi. Sary bagşy adamlar bilen degşip-gülüşip otyrdy. Ol oglunyň gelenini görüp, gaty begendi. – Kakam, agşam Şükür halypanyň obadaşlaryna bir aýdym-saz edip bereli. Soň ertir otly bilen gidip, Bamyda-da bir aýdym-saz edeli. Meniň ýagdaýym häzir gowy. Soň beýle ýagdaý boljakmy, bolmajakmy, Alla bilýär. Agşam daşarda ody uludan ýakdylar. Howa mylaýymdy. «Sary bagşy aýdym aýtjakmyşyn» diýip, Kaka, Tejen gapdallarynyň ilaty süri-süri bolup gelipdiler. At gaýtarym meýdan adam bolup durdy. Sary bagşynyň aşagyna galyň-galyň keçeleri, düşükleri ýazdylar. Arkasyna içmek ýapdylar. Pürli bilen Myllam onuň gapdalyna ornaşdy. Sary bagşy Allany çagyryp, aýdym bossanynyň bir ujyndan girip başlady. Onuň öňki sesi bozulup, täze, juda üýtgeşik ses emele gelipdi. Kesel onuň bokurdagyny ýagşy bişiripdi. Näzikleşdiripdi. Onuň jukguldysyna hesel garylan ýalydy. Hyňranmasy hyňňyrakdan gelen, süýjüdi. Doýar ýaly däldi. Ol iki aýdymy ýapbaldakdan aýtdy. Soňra damana dyrmaşdy-da, «Näzli baýrama» geçip gitdi. Howanyň mylaýymlygy, bagşynyň üýtgeşik owazy, goja yhlasy, gyjak bilen Myllynyň dutarynyň bagşa berýän gurbaty Sary bagşyny üýtgeşik ylhama eýe edýärdi. Ol nämüçindir, «Daş galdyny» mäle-ýe-mäleýe aýtdy. «Heserlä» gussa çaýdy. «Gözelimi» birhili, kineli, heserli aýtdy. Soňam birden «Ýigitlik çaga» dyrmaşyp başlady. Özem öň hiç haçan etmeýän işini etdi. «Gelmeseň owarram, gelmeseň, gelmeseň, ah-he-eý, gelmese-e-e-seň owarram ýigitlik çagy...» diýip, bu oýnam sözi ep-esli mahallap, çeýnäp, çeýnäp, soň tüýkürüp goýberdi. Adamlar Sary bagşy beýle beýik, beýle eziz bagşydygyna düşünip, indi demlerini, düýtlerini alman, galdyraşyp otyrdylar. Sary bagşy iň soňky aýdymyny «Görogly» dessanyndan «Sürdüm, armanym galmady» bilen tamamlady. Adamlar bagşydan doýanokdy. Sary bagşy ýassyga gyşardy. – Men boldum, adamlar. Indi meniň ogullarymy bir diňläň. Hany, Şükür halypa galdymy? Menem galmaryn. Ýöne, men size ine, şu iki oglumy goýup giderin. Şular size Sary bagşyny küýsetmez... Pürli öňi bilen gözlerini tutdy-da, ýerinden turup, garaňka siňip gitdi. Myllam dutaryny öňüne goýdy. – Hany, Mylly, bir saz çalyp bersin-dä, onda – diýip, märekeden biri gygyrdy. Sary bagşy Myllynyň ýüzüne garady. – Men, men Sary bagşynyň öňünde saz çalyp bilmerin, adamlar... ...Adamlar daňa golaý dargaşdylar. | |
|
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |