22:23 Sary Saltyk baba | |
SARY SALTYK BABA Sary Saltyk baba (Soltan Sary Saltyk Muhammet Buhary ýa-da Sary Saltyk ata), Balkan ýarym adasynyñ (öñki Ýugoslawiýa ýurtlary) Osmanly döwleti tarapyndan eýelenmezinden öñ günorta Ýewropada jahankeşdelk edip yslam dinini ýaýradan meşhur türkmen derwüşi. ■ Sary Saltyk kim bolupdyr? Legendar şahsyýetligini göz öñünde tutanyñda, onuñ bu ýokary derejä heniz dirikä ýetendigini bilmek bolýar. Sary Saltygyñ ömür beýany bolan "Saltyknama" XIII asyryñ alperenleriniñ gahrymançylykly hekaýatlaryny, görkezen keramatlaryny giñişleýin gürrüñ berýär. Hajy Bekdaş Weliniñ şägirtlerinden bolan Sary Saltygyñ häzirki döwürde birnäçe ýurtda kümmeti bardyr. Bu kümmetlere diñe bir musulmanlar däl-de, ol kümmetleriñ ýerleşen ýerinde ýaşaýan hristiýan ynançly ilat üçin zyýarat edilýän mukaddes ýerlerdir. "Saltyknamada" Sary Saltygyñ 12 mazarynyñ bardygy aýdylýar. Sary Saltyk aradan çykmanka begleriñ we hökümdarlaryñ öz guburyna eýeçilik etmek arzuwlarynyñ bardygyny aýdyp, her höwes edene bermek ücin 12 tabyt ýasadanmyşyn. Iñ köp zyýarat edilýän we meşhur türbesi Türkiýäniñ häzirki Iznik şäherindedir. Aýdylmagyna görä, Sary Saltyk Iznigiñ hristian ilatynyñ yslam dinini köpçülikleýin kabul etmegine sebäp bolan eken. ■ Sary Saltygyñ gubury hökmünde zyýarat edilýän ýerler: 1. Türkiýäniñ Iznik, Diýarbekir, Tunjeli, Nigde, Stambul (Rumeli Feneri), Babaeski, şäherlerinde, Manisa şäheriniñ Ýeşilýurt posýologynda; ■ Sary Saltyk barada habar berýän çeşmeler Sary Saltygyñ ömür beýanyndan söz açan "Saltyknama" Abulhaýyr Rumy tarapyndan ýedi ýylyñ dowamynda ýazylypdyr we 1480-nji ýylda kitap görnüşinde halka ýetirilipdir. ■ Sary Saltygyñ şejeresi Rowaýat edilmegine görä, Sary Saltygyñ şejeresi Hezreti Pygamberimize (s.a.w) we Hajy Bekdaş Welä uzaýarmyşyn. Onuñ şejeresi barada anyk maglumaty "Nakibül Eşraf" atly kitap berýär. Sary Saltygyñ nebereleri häzirki wagtda Türkiýäniñ Tunjeli welaýatynyñ Hozat etrabynda ýaşaýarlar. Ol ýerde hem Sary Saltygyñ kümmeti bar. Hozatdaky Sarysaltyk, Akdogan, Ýurt, Ýer, Gylyçarslan ýaly uly maşgalalaryñ añyrsy Sary Saltyga uzaýar. ■ Peýdalanmak üçin çeşmeler: 1). Öwlüýä Çelebi "Syýahatnama", 3-nji kitap, 2-nji tom, 474 sah; Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |