20:14 Sazyñ jadysy / nowella | |
SAZYÑ JADYSY
Hekaýalar
Gara gaş, gara göz, inçemik gös-göni burnunyň aşagy gyrçuwlanyp timarlanan gara murtly, tolkunly şar gara saçlary egnine düşüp duran akýagyz bu ýaş ýigidiň synasyna ýumşaklyk bilen şaplaşyp duran göm-gök egin-eşigi ony bolşundanam birneme hortap görkezýän ýaly. Ony kime görkezip "şu—türkmen" diýseň hiç kimem ynanjak däl. Üstesine, elindäki ykjam goşhaltasy, has beteriýeňsesinden sapy ýokaryk çykyp duran, daşy gaýyş gap bilen gaplanan gitarasy ony bu ýerlere bir saý-sebäp bilen düşen pereñlä çalymdaş edýärdi. Aslynda, Baýramalynyň mähellesi saýpallaşan demir ýol wokzalynda töweregine göz aýlap duran bu ýigit hakykatdanam Ýewropadan gelipdi. Ol iki ýyl Moldawiýada, häzirki dilde aýdanyňda Moldowada goşun gullugynda,ýene-de üç ýyllap Ukrainada ýaşap, okap, işläp gezipdi. Ol moldowanlaryň, rumynlaryň, günbatar ukrainleriň, ispanlaryň sazlaryny emgenmän çalyp bilýän gitaraçydy. Seýilgählerde, restoranlarda ony “Maestro’’ diýip garşy alýardylar.Günleriň bir güni restorandaky konsertden soň geýnüwli bir adam onuñ ýanyna geldi-de: “Sen restorana gelýänler üçin saz çalyp bermeli sazanda däl.Seniň ornuň başga ýerde bolmaly.Ony men bilýärin...“-diýdi. Dogurdanam, şol günden soň bar zat üýtgedi... Ol köp sazandalaryň arzuw edip ýetip bilmeýän derejesine baryp etdi. Sofi Rotaru... Onuñ adyna, onuñ aýdymlaryna asyk bolmadyk barmydyr... Ýöne şeýle meşhur aýdymçynyñ toparynda sazandarlyk edýan ýaş gitaraçynyň “Oba gaýtjak...’’ diýmegi hemmeler üçin garaşylmadyk bir geň ýagdaý boldy... Indi ýaşlyk, gözel ýaşlyk şol peripisint meşhur aýdymçynyň keşbinde, uzak ýurtlarda galmaly boldy... SSSR atly üýtgeşik döwlet , täsin birleşik, owadan ýurt gözüň alnynda dargap barýardy. Ol özüne “... Olam şonda dagap gitdi. Ýitip gitdi...’’ diýdirmek islemedi. Ýewropaly beýik sazandanyň “Watan küýsegi--- Nostalji” sazy ony oba—yza dolanmaga mejbur edipdi... Wokzalda sermisal bolup duran bu “kesekini’’ uzyn boýly,sadaja egin-başly, kellesi könelişip ugran bagana telpekli bir adam ylgap geldi-de garsa gujaklady. Ol “Çary jan.Doganjygym... Inijigim...’’ –diýip, onuň ýüzünden-gözünden sypalaýardy... Olaryň görüşmänine örän köp wagt bolupdy. Birek-birege aýdara zadyň şeýle köplüginden ýaňa olar gepläp bilmän dymýardylar. Ýürekler dykyn alypdyr, gözler sözleşýär...“Hany,ýör, inim.Ýör bakaly. Beýdip durmaly. Hon-ha, şol gyzyl “Opel’’ biziňki bolmaly’’ –diýip, Handurdy onuň goşhaltasyny elinden aldy. Aga-ini ýola düşdi.Töweregi mähir bilen synlap barýan inisine ol özündäki hoş habary-da gyzgyny bilen aýtmagy makul bildi ýaly. Aýtmaly.Aladasynyň edilýändigini bilse gowy dälmi näme?: - Çary jan,başlyk bilenem gepleşip goýdum. Diplomy bar diýdim. “Gürrüňi bolmaz.Gelen güni aýt,obanyň medeniýet öýi şoňky bolar’’ diýdi.Sözümi ýykmady.Sag bolsun... Çary elini agasynyň egnine goýdy: - Olam sag bolsun,senem sag bol,akgam... **** Ol gyzyl-ýaşyl reňkli, örän uzak, gyzykly hem owadan düýş görüp oýanan adam ýalydy... Dürli milletli uly şäherler, howa menzilleri, o ýurtdan bu ýurda uçuşlar, müňlerçe tomaşaçylaryň öňündäki çykyşlar, bezemen artistler, suw perisi ýaly meşhur aýdymçy zenanyň owazy... “Lawan-da – a – a... Gornaýa lawanda – a- a ...” Bularyň bary başga bir dünýäde, başga bir ömürde. Diňe gitara ... Diňe ýedi kirişli gitaranyň zarňyldysy şol dünýäden bärik uzaýan kümüş şöhleler ýaly gözleriňi gamaşdyrýar ... Ondan aňyrsy düýş. ... Ine, indi ol obada. Garry öýde. Oba –goňşy, ekinzarlyk, mal-gara, medeniýet öýi, zehinlije çagalar,aýdymçylar, sazandalar ... Bir gün ol gijara gelip, öz otagyna girdi. Görse agasy Handurdy gara gazma dutaryny onuň gitarasyna ýaplap goýupdyr ... Biri –birine ýaplanyp, goşalanyp duran dutar bilen gitarany synlap oýa çümen Çary ýylgyrdy. Bu iki saz guralyny ol adam sypatynda göz öňüne getirýärdi. Dutar – agasy Handurdy, inçemik gitara-da onuň özüdi...Bu bir alamatdy. Syrly habardy. Çary oňa düşündi. “Birmahalky köne gürrüňe gaýdyp gelmeli boljag-ow ...Gel, agam. Gel, gürleşeli... Gel, dutarym, seniň bilenem gürleşeli.” Ol dutary emaý bilen eline aldy-da goşa tara bir şelpe kakdy. Dutar zarňyldap gitdi: “Düzüp goýurdyr-ow,zalym çykan.’’ Hakykatdanam, Handurdy özüniň bu syrly çakylygyna inisiniň örän oňat düşünjekdigini bilýärdi. Şonuň üçinem ol bu gezekki gürrüňiň çynlakaý boljakdygyna gözi ýetip duransoň birneme taýýarlyklyja gelipdi. Ol inisiniň sazandarlyk derejesinde gözýetiminiň giňäp, pähiminiňem ýitelendigini aňýardy. Heý, aňmazmyň. Öten agşam deň-duşlary gelende çalan sazlaryny, aýdan gürrüňlerini özüňem diňlediň-ä ... Oglanlar aňk boldular.Özüňem aňk bolduň ... Ol saz bilen sazandanyň arasyndaky, saz çalyp duran sazanda bilen diňleýjiniň arasyndaky çäkler hem baglanşyklar hakynda ýadyňa-oýuňa gelmejek zatlary gürrüň berip otyr-a ... Greklerin sazlaryndaky kakuwlaryň, äheňleriň türkmen sazlarynyň käbirilerindäki öwrümlere edil ekiztaýy ýaly gabat gelşini yzarlaýşyny diýsene ... Ol sazyň jadysy,sazyň güýji--- onuň ynsana ,haýwana,ösümliklere,hat-da suwa-da täsirini ýetirişi hakynda geň-enaýy zatlary gürrüň berip otyr:yanynda şirin sazlar çalynýan gülleriň günsaýyn pajarlap ösýändigini,goh-galmagally,başly-barat çalynýan sazlaryň ýaramaz täsirinden ýaňa ýaňy gögerip başlan gülleriň süllerip solýandygyny alymlar subut edipdirler... Baý-bow, agşam Çary başga-da kän zatlary gürrüň berdi... ... Ýöne barybir düşünişmek gerekdi. Şonuň üçinem Handurdy ilki inisini mazaly diňledi, soňundanam öz pikirini aýtdy: - ... Seniň aýdýanlaryň dogry, Çary jan. Gitarada edip bolýan “oýunlary” dutarda edip bolanok. Tamdyranyň kirşi iki, seniň munyňda ýedi ... Ýöne dutarda nähili “ oýunlaryň” bardygyna sen entek doly göz ýetirip bileňok, inim, ynan- aý ... - Nämäni bilemok? Nämesini bilemok?! Aýt-da! - Ony saňa men aýtmaýyn. Ony saňa ine, şul aýdar... Şuny al-da bir-iki gün diňle. Munda bir uly halypanyň, uly ussadyň sazlary bar. Giden bir yklym... Bah,nähili diýsemkäm... Aňyrsy –bärsi ýok dünýä bardyr... Özi bardyr ... Handurdynyň onuň öňünde ýuwaşlyk bilen goýan ýazgysy Durdy Myradyň, il içinde aýdylyşyna görä aýtsaň Durdy Ketjäniň sazlarynyň ýazgysydy... - Gaýrat et-de, şu sazlary bir-iki gün diňle... **** Elbetde, Çary bu uly halypa hakynda köp gürrüňleri eşdipdi. Onuň “Kän güldi”, “Köçe bagy”, “Jelil” ýaly sazlaryny doly bolmasa-da bölek –büçek çalybam bilýärdi. Ýöne ol Durdy Ketjäniň adynyň aýdym-sazyň gürrüňiniň bar ýerinde nämüçin dilden düşürilmeýändigine, dogrudanam, düşünmeýärdi ... ... Agasynyň aýdanyny ýerde goýmajak bolup ,Çary şol agşam uzakly gije saz diňledi ... Ertesi öýden çykyp,ep-eslije ýol ýöränem bolsa, yzyna gaýdyp geldi-deýazgyly gapyrjagy ýany bilen işine alyp gitdi. Birden ol, üýtgeşik sazly dünýäniň işiginden ätländigine düşündi. Ol nämüçindir Magtymguly şahyryň “Dogdy asmanyň Zöhresi” diýen setirini öz ýanyndan gaýtalaýardy hemem busetiriň aňyrsyndaky gözelligi synlaýan ýaly öz kalbyndaky ýakymly duýgylara meýmireýärdi. Ikinji gije ol ilki gitarasynda şol sazlaryň täsin öwrümlerini gaýtalap gördi. Soň ol belli-külli dutara geçdi-de halypanyň yzyndan “kowmaga” başlady. Ýok. Halypa ýetdirer ýaly däl. Ýöne onuň yzyny yzarlamak, “basyp giden yzlaryndan seresaplyk bilen basyp görmek” örän gyzykly. Ol bu ýodalary - ýollary nirden tapdyka? Ol bu öwrümli ýodalaryň şeýle owadan jülgä getirjekdigininädip bildikä?! Göräýmäge, halypa halk aýdymlaryny saz bilen setirme-serir sanap barýan ýaly. Ýöne ol birden aýdymyň şirin-şeker ýerine ýetýär-de ony owaz dünýäsiniň giňişliklerinde seýran etdirmäge alyp gidýär ... Onsoň ol aýdymyň şerbetli manysy sazyň akymynda aýlanyp, pyrlanyp akyp barýar ... Onuň aralaşýan ýagty gülzarlygy sazandanyň kalbynyň bagy –bossany ... Heý, bu gözelliklerdenem ganyp bolarmy?! Heý, bu lezzetdenem aýrylyp bolarmy?! Üçülenji gün agşam ol utanyp –çekinip agasynyň ýanyna bardy-da oňa elini uzatdy: - Han däde, bagyşla ... **** Ol özüniň bu täze açan saz dünýäsindan boş çykmak islemeýärdi. Bu bossandan gujagyň doly güldesseli çykmasaň bolmaz-a. Ussadyň her bir sazyndaky inçelikleri bogun-bogun söküp, onuň ýörän ýodasyndan ýöremeli. Ýöne bu gaty çynyň bilen ýapyşaýmasaň, başartjak zadam-a däl. Heniz aýatda bar mahaly oňa şägirt bolubam yzyna eýgerip bilmän ýollarda sudur bolup galanlar az däl ahyryn... Bolmasa,senem şolaryň biri bolup galarsyň-da...Ol “Garry ezizim” sazynyň goýy hem şirin pelsepesini yzarlap, onda halypanyň şekilini görjek bolýardy.Nämedendigine özem düşnenokdy ,ýöne ol şu sazda ussat bilen gürleşip biljekdigine ynanýardy. **** Halypa hakyndaky gürrüňler biri-birinden üýtgeşikdi.Ony gören, tanan-bilen adamlaryň gürrüň bermeklerine görä Durdy Myrat örän ketje, örän öýkelek, birtöwra adam ekeni. Saz çalyp otyrka diňleýjilerden kimdir biri gatyrak “Ho-o–w” diýende çalyp oturan sazyny kesip, öýkeläp turup gidiberendigini-de gürrüň berýärler. Şol gezek toýdan şeýdip turup gidende saz diňläp oturan adamlaryň ýary Durdy sazanda , ýary “Ho-o-w” diýip, gatyrak gygyran adama käýinipdiler. Dogrudanam, kimiň günäkärdiginem biler ýaly däl... Ol nämüçin beýle ynjyk bolduka?! Ýa, bu ynjyklygam dälmi ýa?! ...Gedemlikmi?! Tekepbirlikmi?! ... Aý, ýok ,bu beýle däldir.Özüne ,belki-de çalyp oturan sazyna hormat goýulmagyna aşa talapkär çemeleşýänligindenmikä?! Dogrusy, bu uly ussadyň şu ýagdaýy hakynda gürrüň etmegem çetin.Sunça ýyldan soñ,su wagt “ birhiliräkdi“ diýip ýatlasañam ol öýkeläýjek ýaly bolup dur... Ýok. Onuň ruhuny ynjytjak ýeke sözi hem aýtmak bolmaz. Sözüň nähili zatdygyna, sözüň güýjüniň nähili güýçdügine ondan gowy düşünen adam barmydy näme... Ol “Essalawmaleýkim, Durdy aga. Aýyň pylançasyna, pylankesiň toýy bar. Baýragyň ýetiriljekdir. Toýa barmaly...” diýip , gelen çakylykçylaryň çakylygyny kabul etmän kowup goýberen gezegi-de bolupdyr. Soň kim gelip ýalbarsa-da ol töwellany kabul etmez eken ... Käbir pukara, ýuwaş –ýumşak adamyň toýuna özi baryp, uzakly gije saz çalyp gaýdýan halatlaram bolupdyr... Hawwa, ol şeýleräk,geň ýagdaýly adam ekeni .... **** ... Çary her sapar ussat hakyndaky gürrüňleri diňläniňden soň, “Garry ezizimi” çalmaga başlaýardy. Dutarda gaýta-gaýta çalanyndan soň, gitarasyny eline alýardy-da bu sazyň käbir iniş-çykyşly öwrümlerini inçelik bilen alyp çykýardy... Birdenem, ol halypanyň bu hokga gahary geläýmesin diýen pikiri göwnüne getirýärdi-de tisginip gidýärdi. Soň esli wagtlap gitara tarap elini uzadyp bilmän ýaýdanar ýörerdi... ... Ussadyň sazlaryndan onuň ruhyny duýmak Çary üçin kyn zat däldi. Sebäbi sazlaryň çalnyşy gaýduwsyz hem gözeldi. Bu iki nepislikden many çykarjak bolup ol her hili pikir-hyýallara gelýärdi: “... Ol şalaryň – şazadalaryň, hanlaryň –soltanlaryň, serkerde-serdarlaryň neslinden bolaýmasa ... Şeýledir ... Ol hökümdar ýaly. Onuň elinden gelýän iş hiç kimiň elinden gelenog-a. Ol şuňa düşünýän bolmaly. Şonuň üçinem onuň ýanynda, onuň huzurynda sözlejek sözüňi bilmeli. Onuň mertebesiniň, hatyrasynyň näderejede beýikdigine düşünmeli. Her bir işiň özüne laýyk bahasy bolmalydyr-a...” Onuň meýdana çykyp, ýandak çapyp, küde edip satýan döwri bolan geň wakanyň aňyrsynda näme manynyň ýatandygyna düşündilermikä ?!Bir gezek onuň ýandak küdesini kimdir biri juda arzan diläpdir. Şonda ol ýaňky geleniň ýüzüne-de seretmän barypdyr-da öz azap edip ýygnan ýandak küdesini otlap goýberipdir ... ... *** Ol halypa hakynda şu hekaýaty ýatlanynda dutary eline alaýardy-da “Ýandyrar” sazyny çalmaga başlaýardy. Ýöne bu sazda ýangyn däl-de gaýrat hem merdi-merdanalyk duýgulary owaz bolup akmaga baslaýardy.” Wah, halypa ... Beýdeniň bilen olaryň içi ýanasam ýok-la, ýöne seniň welin içiň sowaýandyr ...” ... Ussat hakyndaky gürrüňleri diňledigiçe onuň çalan sazlaryna çuňňur hem ýeňillik bilen düşünmäge başlaýandygyny ol aňdy. Sazlary öwrenmegem ýeňilleşýän ýaly. Sazlar bilen bu gürrüñleriñ ulasygy niredekä? Ony saýgarmagam añsat däl.Ýöne bir zat belli , ussat baradaky ýatlamalardan soñ çalynýan sazlar nurana bolaýýar. Durdy sazandanyň “Ketje” lakamyny alyşy hakynda saz ýa-da poema ýazaýmaly bir gyzykly gürrüň bar. Siz ony bilýänem dälsiňiz. Bu gürrüňi meşhur bagşy Amansaçly Anna birmahallar meniñ köne dostum Aşyr Salyha gürrüň beripdir eken... ... Oba Şükür bagşy gelipdir. Bagşy-sazandalaryň bary onuň daşyndamyşyn. “Şu oglanyň zehini üýtgeşik” – diýip, on-on iki ýaşly Durdyny diňläp görmegi obadaşlary Şükür bagşydan haýyş edipdirler. Durdy sazçalypdyr, ussadam diňläpdir. Şonda halypanyň oňa göwni ýetipdir-de: “Dur, oglum ,dur hany. Bes et... Tüweleme, tüweleme...” diýip, sözüni gutaryp- gutarmanka ýaňky ýaş ýigdekçe dutary gapdalda emaý bilen goýupdyr-da ümsüm çykyp gidipdir. Onuň nämüçin çykyp gidendigine Şükür bagşy birbada düşünmändir.Şonda Durdy öýlerine gelip, içki jaýa kürsäp giripdir-de öz dutaryny alyp, joşgun bilen ýaňky ýarty galan sazyny boýdan –başa täzeden çalypdyr. Ejesi onuň bolşuna haýran galypdyr. Sorap görse: “Halypa meniň sazymy doly diňlemedi” diýip, gözlerine ýaş aýlapdyr. Onsoň ejesi sazanda ogluny Şükür bagşynyň ýanyna ýamaşgandan alyp barypdyr. Oňa gözi düşende Şükür bagşy: “Gel, gel, Ketjäm ... Hany, gel bärik, Ketjejigim” diýip, onuň başyny syýpalap, ötünç sorap, ýene-de bir saz çalyp bermegini ondan haýyş edipdir... Ýöne oglanjyk saz çalmandyr... **** Aýlar-günler geçip dur,ýöne sazlaram, sazyň gürrüňlerem hemişe onuň ýanynda. Halypa hakyndaky söhbetleriň birinde oňa uzakdaky obalaryň birinde Durdy aganyň gyzynyň ýaşap ýörendigini, onuň öýünde-de sazandanyň dutarynyň bardygyny aýtdylar. Özem käbir özüne göwni ýetýän sazandalar mahal-mahal baryp, onuň dutarynda birlän- ikilän saz çalybam gaýdýarlarmyşyn. Ýalanmy-çynmy, Alla bilsin, şol daýza dutary edil kakasynyň çalyşy ýaly kim çalyp bilse şoňa sowgat berjekmişin diýibem gürrüň bar ýaly ... Bu geň habar Çaryny örän tolgundyrypdy: “Boş gürrüň bolaýmasa ...” -diýip, ol öz ýanyndan ikirjiňlense-de hyýalynda eýýäm ussadyň dutaryny emaý bilen syýpalapalaşdyryp görýärdi... Bar bolsa, göräýmeli...” Indi onuň eglenmejegi bellidi ... Salgysyny aldy, gözläp, sorap- idäp barmaly gapa-da bardy. Dogrudanam , “Il agzy-keramat” diýleni. Gartaşan daýza içki jaýdan daşy mahmal gaply syrdam-bütin dutary getirip, onuň öňünde goýaýdy:”Al ,görseň gör-äý”... Ýaş sazanda mukaddes Kitaby açýan ýaly içinden bilýänje dogasyny okap: “Bissimylla!” -diýdi-de dutary gabyndan çykardy... **** Onuň maksadyndan dänmek hyýaly ýok. Indi ol şu dutara hut özüniň mynasypdygyny subut etjekdi.Şonuň üçinem ol bu ýere bir sapar däl,kän sapar gatnady.Ol gelende-de sowgat-serpaýlyja gelýärdi, uzak eglenmänem ussadyň dutarynda bir-iki saz çalyp gaýdýardy.Ýöne her gezek saz çalyp bolanyndan soň , garry daýza sesini çykarman gabyna salyngy dutary onuň elinden alýardy-da içki jaýdaky ýküň üstynde goýýardy.”Gelip dur,oglum”-diýip,hoşamaý söz bilenem ugradýardy.Bir sapar ol “Kakamyň sazlaryny gowja çalyp biýän bir oglan bar .Geliň-de bir diňläp görüň”-diýip, başga obalarda ýaşaýan öz ogul-gyzlarynam çagyryp bu ýaş sazandany olara diňledip gördi. Ahyr bir gün Çary özüni hem dünýäni undup “ Garry ezizimi” çaldy... Daýza görgüli ýaşlygyny,öz öýlerini ýatlady. Kakasy törki öýde saz çalýan wagty hiç kim onuň üstüne girip bilmezdi... Ol çaga wagty gapynyň daş ýüzünde ejesi bilen bileje oturyp saz diňlemegi endik edipdi.Şonuň üçin bolsa gerek,Çary saz çalanda-da ol endigine görä şol jaýyň gapysyny çalarak açyk goýup,özi agtyklary bilen başga jaýda oturýardy... Bu gezek onuň göwnüne gapynyň iç ýüzünde kakasy saz çalyp oturan ýaly boldy.Saz tamamlanandan soň,daýza çala açyk gapyny doly açdy-da içerik girdi... Kakasyna derek ýaş sazanda otyr... Gabyna salmanka garry ene dutary onuň elinden aldy-da : ---Kakam pahyry diňlän ýaly boldum.Al-aý,şu dutar seniňki bolsun—diýdi.Çary az salym başyny aşak salyp dymdy-da penjegini haýallyk bilen egnine geýip,gapa tarap ýöneldi.Eli dutarly garry daýza-da nämüçindir birhili howsala düşdi-de onuň yzy bilen bile daşaryk çykdy. --- Wiý... Dur,ogul.Dur hany... Al, ahyryn muny... Birdenem, ol indi oňa ýalbaryp oturmagyň hiç hajatynyň ýokdugyna düşündi.Garrynyň diline bir söz geldi,ýöne ol aýdyp boljak söz däldi... “Ene,aý,ene.Oňa nämmold-aý” –diýip,agtygy onuň synyndan tutup irginsiz çekeleýärdi... ... Ýas sazanda yzyna garaman howludan çykyp gitdi. Ahmet Halmyrat | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |