02:17

Sensiz

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 466 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024
Baýrak / Goşgular - 16.08.2024
Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024
«Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024
Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024
Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024
Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024
Блондинка / Goşgular - 25.07.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 mango  
651
Adyrlykda ( agyrlykda) aýak yzym galmaz-a,
—-
okaýanlaň gomunda, (okeanlaň)
—-
Täzeden göz gezdirip ýalňyşlary düzediläýse....

0
2 mango  
651
galmaz-a”-laram owadan bolup biler, meň özümä “sensiz meň”-leri has owadan gördüm.
—-
“ Erbetlerden gutulyp

halas bolmak, dynmak... ýaly manysy bolan bu söz häzir türklerde “kurtulmak” görnüşinde ulanylsa-da bizde diňe sagalmak, saglygyňa gowuşmak, keselden saplanmak manysynda ulanylýar öýdýän. Aslynda, edil keselden gutulup bolşy ýaly erbetlerdenem gutulyp bolýan bolmaly.
—-
“ Seni söýelim bäri sözlerime gabanýan

“sözlerimden gabanýan” bolmalymyka?
—-
“ÿabany otlara,
güldür öýdüp abanýan

“abanmak” gödek eşdilenokmy?
“Üstüme abanyp durma” diýilnde islenilmeýän hereket üçin otrisatel aýdylýan söz. Otam bolsa ony gül hasaplanyňa, garaz gülüňe näme sebäpden abanjak?

0
3 mango  
651
Seni söýelim bäri,
Seň saçlaryň tolkunyn,
gizläp ähli gözlerden,
diňe özüm seredýän,
seň sözleriň söýegne,
diňe özüm söýenýän,

Ine, bu ýeri welin Ybraýym däde, haýranymy hekgertdi.
Beter gawy!
Ähli gözlerden, sözlerden gizleýşiň ajaýyp.
Ine, gabanmak, ine mährem... (ine intim diýsem bolarmyka?)
Ine erkeklik, ol tolkun saçlary ähli gözlerden gizlemegiň, ol sözleriň söýegne diňe özüň söýenmegiň...
—-
Gyz bolan bolsam bu sözlerden soň ol saçlarymy gizlärdim (diňe golaýjyymdan başgasyndan).
Erkek bolanym üçinem ol saçlary gijem bolsa başga gözlerden gizlemegini haýyş etjek... :-)
Ybraýym. Otuz ýyllyk tozan basanam bolsa gowja goşgularyňa minnetdar.

0
4 mango  
651
Dört ýyzzyl basylandyr.
(bäş basmadym, sebäbi bäşi bassyrmaga höwesiňi artdyrmak üçin).

0
5 myhman  
732
mango, ýyldyzlara senden alaýmaly. eliň açyk eken.
Seni söýelim bäri sözlerime gabanýan,
guşlara-da guwanýan,
ÿabany otlara,
güldür öýdüp abanýan,
Seni söýelim bäri,
Seň saçlaryň tolkunyn,
gizläp ähli gözlerden,
diňe özüm seredýän,
seň sözleriň söýegne,
diňe özüm söýenýän,
Seni söýelim bäri
Gözellikde siňe gözüm galmaz-a,
sensiz meň.
şu ýerini, soňky iki setire ýetýänçäm, aýry goşgymyka öýdüpdirin. su ýeri gowy eken. aýratyn goşgy bolmaga-da, bäş ýyldyz almaga-da mynasyp.

0
6 nurgeldiyewam232  
691
Öz-özüme test:
Ybraýym daýyñ goşgularyndan haýsysyny haladyñ?
a)gojalyk(şol goşgyñ ady şeýledi öýdýän)
b)sensiz
ç)ikisem
d)hiç biri

Jogap: b)sensiz.

Ybraýym daýy ine meniñ goşgudan agtarýan çuñlugyma ýetipsiñiz.Gutlaýan.
Pikriñizi beýan ediş stiliñizde erkin forma ýüz urmagyñyz pikriñizi hasam arkaýyn beýan etmegiñize getirýär.Menem ýuwaş-ýuwaşdan şol "erkinlige"barýan.Käşgä hemme šahyrlarymyzam şony saýlasa.Ýöne elbetde arasynda kapyýaly goşgularam okamak gowy.
Sensiz meñ sözi her bendiñ ahyrynda diýen ýaly gaýtalanyp owadan sazlaşyk emele getiripdir.
Indi bir suwuñ ýüzüne çykmaweriñ.Düýpde ýüzmegiñizi dowam ediñ.Döredijilik üstünlikleri arzuw edýän!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]