15:25 Seret-de otur / henekli hekaýa | |
SERET-DE OTUR
Satiriki hekaýalar
Bilýänsiňizle ýigit diýlen üç hili bolýandyr. Şahuser her kime ýetdirmez, serbeser bir bolaweriň, derdeseriň-ä Hudaý saklasyn. Obanyň ileri çetinden bir ýigit gelýär. Şahuser däl, serbeserden pesräk, derdeserden belendiräk. Bili gysga pyçakly, bir eli ok ýaýly, beýleki elindäki boş haltasyndan dag towugynyň ýelegi görnüp dur. Öňünden çykan oňa lak atýar. - Allak han, ýeri nähili, aw ganlymy? - Hawa, ganly, ganly. Agşam dag horazynyň gowurmasyny iýerin diýseň baraý. Hamala keýik awlan däldirin öýdenok. Allak hanyň ýüklüje, aw ganly gelýänini görüp, gelni görgüliniň tas erni gulagyna ýetipdi. Allak hanam hil bir iş bitiren ýaly goş haltasyny başaşak silkdi. Anatomiýa sapagynda ulanylýan skelet ýaly bir zat gütüläp ýere düşdi. Dag towugynyň ýelegem otaga ýaýrap gitdi. Gelni görgüli ony çekinibräk eldäp gördi. Gymyldy hereket ýok. - Munuň jany ýog-a. - Dagy men ony bir menzilden pasyrdadyp diri getireýinmi? - Munda et ýog-a, durşuna süňk bilen ýeleg-ä. - Dagy o ýerde saňa bäş wagtyna iým berlip saklanan towugy taýynlap goýandyrlar öýdýäňmi? - A-heý, bu haram-a. Özem daş ýaly gatap gidipdir-ä. - Aý, ýumşak bolanda ýassyk edinip ýassanmak aladaň barmy? Bu goha goňşy-golam ýygnandy. Allak han goňşularyna içini döküp şeýle gowzady: - Geçen gezek towşan hininiň agzynda agşama çenli irikgä bolup oturyp, diri towşan getirip berdim. Bu aýallara hem ýaranmak kyn-how. Halal diýen bolup, haram diýen bolup. Geçen gezek towşanly haltany eline berip: "Seret, şunuň içinde diri towşan bardyr” diýdim. Ol nädendir öýdýäň. Eliňi sokup, sermedi-de: ”Eý-waý elimden dişledi” diýip towşany gaçyraýdy. “O nä beýtdiň?” diýsem. “Özüň seret diýmediňmi?“ diýýär. Şu gezek weli, jürüňi dikendirin. Ynha, dag towugy. Gaçyp gitjek ýeri ýok. Hezil et-de, seret-de otur. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |