22:20 Sizem jogapkärsiñiz | |
SIZEM JOGAPKÄRSIÑIZ
Publisistika
Bizde hemişe ýañsylanyp gelindi. Hernä iñlis gazeti "Guardian" ýazandan soñ bilip galdyk: Fransiýanyñ Medeniýet ministrligi kompýuter oýunlary pudagyndaky iñlisçe sözlere düşünilmeýändigini tutaryk edinip, tehnologiýada iñlis dilini ulanmagy gadagan etdi. Fransuzlaryñ döwlet diline nähili üns berýändigi, bu meselä juda jogapkärçilikli çemeleşýändikleri äşgär. Şeýle-de olar Ýewropanyñ ýerli dilleri boýunça şertnamasyny 1958-nji ýylyñ konstitusiýasyna garşy gelýär diýip oñlamadylar! Bu ýurda gidip görenler bilýändir: iñlis dilini bilýändiklerine garamazdan siziñ bilen fransuz dilinde gürleşýärler. A biziñ Günbatar haýranlygymyza näme diýjek? "Iñlisçe bilenok" diýip indi käbir ýolbaşçylar ýañsylanýar! "Iñlis dilini bilmedik wezipede oturyp bilmez" düşünjesi ornapdyr! Şonuñ üçinem käbir ýolbaşçy dil bilýändigini görkezjek bolup aksentli dili bilen gülkünç ýagdaýa düşýär... Pensioner ilçi Çynar Aýdemir ýatlamasyny paýlaşdy: "- Merhum Korutürk iñlis dilini bilýändigine garamazdan "Prezident öz dilinde gürlär" diýen pikirdedi... Birinji gezek ilçi kabul edende synag üçin Çankaýa köşgüne bir sagat öñünden gelmegini haýyş etdiler. Meni prezidentiñ kabulhanasyna salanlarynda, "Siz arka tarapymda çepde oturarsyñyz. Aýdanlarymyñ barsyny terjime etmegiñi isleýärin. Iñlisçe bilýändigim üçin ilçiniñ sözlerini saña aýdyp bererin. Emma siz ýene-de men oña düşünmeýän ýaly barsyny terjime edip berersiñiz" diýdi". Ýene bir mysal bereýin: • ATATÜRK REWOLÝUSIÝASY Pensioner ilçi Bozkurt Aran ýazdy: "- Klaus Kinkel 1992-1998-nji ýyllarda Germaniýanyñ Daşary işler ministri bolup işledi. Ol Ýewropada özüni ykrar etdiren täsirli syýasatçydy. Täsin tarapy, Germaniýa ýaly ýurduñ daşary işler ministridigine garamazdan, nemes dilinden başga dil ulanmazdy, gatnaşýan ýygnanşyklaryna terjimeçi äkiderdi". Gürrüñimiz daşary ýurt dilini bilip-bilmezlik däl-de, eýsem döwlete wekilçilik edýänleriñ öz ýurdunyñ gymmatlygyna eýe çykyp-çykmazlygydyr! Dil - döwleti döwlet edýän iñ möhüm prinsipdir... Jemgyýetiñ başdan geçiren taryhy diline siñýär... Atatürk dil rewolýusiýasyny nämüçin geçirendir öýdýärsiñiz? Türk diliniñ öz gözelligini, baýlygyny orta çykarmak, ony dünýä dilleriniñ arasynda öz mynasyp ornuna ýaraşýan belent derejesinde oturtmak üçin... Galyberse-de, halk bilen döwletiñ birmeñzeş diliniñ bolmagy üçin... Atatürk baýlygynyñ belli bir bölegini Türk Dil guramasynyñ hasabyna näme sebäpden geçirendir öýdýärsiñiz? Ýogsa-da, DP-Menseres hökümeti 1951-nji ýylyñ býužetinden bu guramanyñ hasabyna geçirilmeli puly näme üçin kesdi? "12-nji sentýabr" harby-döwlet agdarlyşygy-Ewren hökümeti näme sebäpli bu guramany ýok etdi? Bir ýurdy dilden başlap medeniýet bilenem basyp alyp bolýar.... Türk dili az salymlyk wagty hasaba almanymyzda, ýene hüjüm astynda. Dünýäde haýsy jemgyýetiñ öz dili bilen gatnaşygy Türkiýedäki ýaly agyryly problema öwrüldikä eýse? Türk diliniñ arkasynda durmagy faşistlik bilen baglanyşdyranlary gördi bu ülke! Şu günki gün türkçe gürlemäge utanýan nesil bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolduk, gynansak-da... Gynansak-da, indi türkçäni ýoýmak ýoña öwrülipdir diýen ýaly... Diliñ kesekileşmegi medeniýetiñ kesekileşmegine sebäp bolýar... Türk dili müñlerçe ýyla arkasyny daýap türk medeniýetini ýaşadyp gelýär... Unutmañ: dil, adalga we sözlük çalşygyny diñe dilçi alymlar etmelidir diýen ýalñyş düşünje bar. Ýöne muña sizem jogapkärsiñiz. Dil - döwletiñ baýdagydyr. Baýdagy ýere düşürmäñ. • DIL BILEN GABAMAK Fransuzlar gadagan edýär. A biz näme? Dilimiziñ iñlis dili tarapyndan basylyp alynmagynyñ nädip öñüni alarys? Gürrüñsiz, ylmy-tehnologiki ösüşe garşy bolamzok. Her oýlap tapyşyñ täze söz-adalganyñ döremegine sebäp bolýandygyny gowy bilýäris. Siwilizasiýa, hususanam bilim "adalgasyz" ýöremez. Muña boýun alyngy bolandygymyz üçin näme etsek gowy bolar? Çalt ösýän tehnologik eýýamda daşary ýurt dilleriniñ hüjüminden türk dilini nädip gorarys? “Saýlama medeniýet patarrakysyna” garşy tapawutlyklyk – jogapkärçilik döredip bilerismikä? "Tanzimat" döwründe sözüñ, düşünjäniñ türkçe garşylygyny gözlemegi o diýen azar edinen bolmady. Osmanly intelligensiýasy "ýasama osmanlyça" gürleşip, dilujy elitalygyny dowam etdirdi! Şu günki gün muny dowam etdirip bolmaz. Tehnologiýanyñ türk dilini bozmagyna göz ýumup bilmeris. Türkçe adalgalary ulanyşa girizmek gerek. "Kompýuter" sözüniñ ýerine "bilgisaýar" sözi erbet boldumy? Agah Syrry Lewent "Toslama näme? Toslamaçylyk diýip nämä diýilýär?" makalasynda pikirini şeýle düşündirdi: "Täze many añladýan sözler gözlenende we tapylanda türk diliniñ gurluşy we kadalary göz öñüne tutulmalydyr..." Dogry aýdýar. Şahsylaşdyrma işleri zorluk ulanmazdan sadalyk bilen edilmeli. Jemlär bolsam: Agalyk ediji synpyñ daşary ýurt diline haýranlygy bolsa, ýaşlar başlyklaýyn, halkam daşary ýurt dili bilen gabalar! Ýeri, gaty añyrlara - gadymy hytaý dili barada aýdyp durjagam däl, arap-pars dillerine garşy düýn göreşen türk dili indem iñlis diline garşy döş gerýär. Biziñ hemmämiz nijeme müñ ýaşly türk dilimizi goramaga borçludyrys... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |