17:05 Şygşygyny öldürmek -3/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Soňra men birazajyk içimi sowatdym, howluda Uolter Kaningemiň üstüne topuldym-da, ony burny bilen ýere oýkap başladym, ýöne şol wagt Jim geldi-de maňa ony goýbermegi buýurdy. -Kiçijikler bilen deň bolýarsyň. Men: -Birjigem kiçijik däl-diýdim:-Ol sebäpli men erbet başladym. -Goýsana Gözlüje. Sen näme üçin ony beýdýärsiň? -Onuň ertirligi ýokdy-diýip men Uolteriň iýmiti zerarly nädip ýepbeklenendigimi gürrüň berdim. Uolter aýaga galyp, dymyp diňläp durdy. Onuň ýumruklary çalaja düwülgidi, göwnüňe bolmasa ol biziň ikimiziň hem üstüne topulmagymyza garaşýan ýalydy. Men onuň ýanymyzdan sumat bolmagy üçin oňa aýaklarymy däbşenekledip ugradym, emma Jim egnimden gysyp meni saklady. Uolteri üns bilen birlaý synlady-da, sorag berdi: -Seniň kakaň Köne Saremli jenap Uolter Kaningemmi? Uolter baş atdy. Ol şeýlebir igli hem hordy welin, dogup-döräli bäri doýa garny doýmadyk ýalydy, gözleri Dill Harrisiňki dek mawydy, hemişe ýaşaryp durdylar, gabaklary gyzyldy, ýüzünde gan-pet ýokdy, diňe burnunyň uçjagazy gyzaryp hem öljerip durdy. Ol birahatlyk bilen eşiginiň eginbaglaryny çekişdirip, ildirgiçlerini dartyşdyryp durdy. Jim birdenkä oňa şadyýan ýylgyrdy-da: -Ýör bize ertirlik edinmäge gideli, Uolter!-diýdi:-Biz örän şat bolarys. Uolteriň ýüzi ýagtylyp gitdi, ýöne dessine-de onuň ýüzüne kölege indi. Jim: -Biziň kakamyz seniň kakaň bilen dost. Gözlüje bolsa edil gezip ýören dälibaşyň bar-da. Ol dolanyp saňa barmagyny-da batyrmaz-diýdi. -Muny entek göreris-diýip men gyzaryldym. Näme sebäpli Jim menden bidin beýle wadalary berýär-ä? Ýöne arakesmäniň gymmatly wagty-da gidip barýardy:-Ýeri bolýar-da, Uolter, men seni ýepbeklemerin. Sen nohudy halaýarmyň? Biziň Kelimiz örän oňat biş-düş edýär. Uolter dikilgazyk bolup dodaklaryny dişleýärdi. Biz Jim bilen oňa elimizi salgadyk-da, gitdik, eýýäm Redlilere çenli ýetipdik welin, ol yzymyzdan ulili bilen gygyrdy: -Eý-ý, menem siziň bilen! Uolter biziň yzymyzdan ýetenden soň Jim onuň bilen mesawy söhbete başlady. -Şu ýerde zalym ruh ýaşaýar-diýip ol Redlileriň jaýyny görkezdi:-Sen ol barada eşitdiňmi? -Eşitmän nätjek,-diýip Uolter jogap berdi:-mekdepde birinji ýyl men olaryň hozlaryndan iýip tas ölüpdim. Aýdyşlaryna görä ol bilgeşleýinden olary awulap, haýatdan daşyna oklaýarmyş. Bu wagt biz üç bolup barýandygymyz sebäpli Jim Betnyşan Redliden düýbünden üýşenmeýärdi. Hatda öwnübem başlady. -Bir gezek men eddiljek jaýyň gapdalyna-da bardym-diýip ol Uoltere habar berdi. -Käbirleri bir gezek eddiljek jaýyň gapdalyna-da barýarlar, soň bolsa onuň deňesinden geçjek bolsalar-da ylgap gaçyp ýörler-diýip men asmandaky bulutlara habar berdim. -Kim ol gaçýan, Iňirdi hanym? -Ýeke özüňkäň, sen gaçýarsyň. Biz eýwanymyza ýetýänçäk Uolter özüniň Kaningemdigi hakynda pikir etmegi hem unutdy. Jim aşhana ylgady we Kelpurniýa artykmaç tabak goýmalydygyny habar berdi, bize myhman gelipdi. Attikus Uolter bilen salamlaşdy we hasyl barada gürrüňdeşlige başlady, Jim bilen biz bolsa olaryň gürrüňinde hiç zada düşünmeýärdik. -Men birinji klasda näme üçin otyryn, jenap Finç, düşünýärsiňizmi, men her ýyl ýazda kakama pagta ýygmaga kömek etmeli bolýaryn, ýöne bu wagt bizde ýene-de biri hem ýetişdi, ol hem meýdanda işläp bilýär. -Siz onuň üçin ýer almasynyň bir ölçegini tölediňizmi?-diýip men soradym. Attikus maňa garady-da, başyny ýaýkady. Uolter öz tabagyna nahar alnyp ugrady, özem Jim ikimizi biçak geň galdyran zat, Attikus bilen deň-duşlar ýaly gepleşmegini dowam etdirýärdi. Attikus daýhan hojalygy barada nämedir bir zatlary aýdyp otyrdy, birdenem Uolter onuň sözüni böldi-de, biziň öýmüzde toşap ýokmuka diýip sorady. Attikus Kelpurniýany çagyrdy welin, ol bir golça toşaby alyp geldi. Ol ýanynda durup tä Uolter özüne guýunýança garaşdy. Uolter toşaby gök önümden buglamanyň hem etiň üstüne guýup ugrady. Megerem ol tabagyna bulgurdaky süýdüni hem guýardy, ýöne şu ýerde men saklanyp bilmän, onuň näme edýändigini soradym. Ol howlukmaçlyk bilen toşaply golçany bir gyrada goýdy welin, hatda kümüş gapjagazlar hem şaňňyrdap gitdi, ol elini dyzlarynyň arasynda gysdy. Ýüzüni sallady. Attikus maňa garady-da, ýene-de başyny ýaýkady. Men: -Ol özüniň tutuş ertirligini toşapda gark etdi ahyry-diýdim:-Ol tabagyny doldurdy… Ine şu ýerde-de Kelpurniýa meni aşhana çagyrdy. Kelpurniýa gazaba münüpdi, gazaba münende bolsa ol hemişe nädogry gepläp başlaýardy. Rahat ýagdaýynda ol Meýkombyň iň sowatly adamlaryndan pes geplemeýärdi. Attikus Kelpurniýa ähli garaýagyzlardan bilimli diýen ýaly diýýärdi. Ol maňa garşy gözüni çala akjardyp dikanlady welin, gaşlarynyň arasyndaky gasynjyklar mese-mälim bildirdiler. -Belki kimdir biri biziň iýşimiz ýaly iýýän hem däldir, emma barybir saçagyň başynda olaryň üstünden gülmäge het edäýme!-diýip ol gazap bilen pyşyrdap ugrady:-Bu oglanjyk seniň myhmanyň, goý ol saçagy çeýnäýsin, sen welin, jyňkyňy çykaraýmagyn. Düşündiňmi? -Ol myhman däl, Kel, ol bary-ýogy Kaningem… -Diliňi salajyn goýberme! Onuň kimligi bilen seniň nä işiň! Öýüňe geldimi – diýmek myhman, bu ýerde tumşugyňy göge tutar ýaly hiç zat ýok, gör-ä bujagazy, nähilimiş! Seniň garyndaşlaryň, belki, Kaningemlerden biraz asyllyrakdyr hem, ýöne sen welin olary wejera edýärsiň! Saçagyň başynda edep saklap bilmeýärsiňmi, git-de naharyňy aşhanada iý! Ýumşak ýerime agramlyja şapbat çalmak bilen Kelpurniýa meni aşhananyň gapysyna tarap itekläp goýberdi. Men öz tabagymy aldym-da, ertirligimiň galanjasyny aşhanada iýdim, hernä gowy zady, munuň ýaly kemsidilmeden soň hemmeler bilen bir ýerde oturmaly bolmadym. Kelpurniýa bolsa men: “Ýeri bolýar, şu, çala eýläňe bakdygyň bolýar, giderin-de derýanyň buljum ýerine özümi oklaryn, onsoň ökünip aňyrsyna çykyp bilmersiň. Onsoňam sen eýýäm şu günüň özünde meniň başyma bela inderdiň, hemme zada sen günäkär, näme üçin maňa ýazmagy öwretdiň?” diýdim. Kelpurniýa bolsa: -Hany, sem bol!-diýdi. Jim bilen Uolter maňa garaşman mekdebe gidipdirler. Ýöne Kelpurniýanyň zalymlyklaryna Attikusyň gözlerini açmak, bärde biraz eglenip, soňam Redlileriň jaýynyň deňesinden ýeke özüň güýjüňde baryny edip ylgap geçeniňe degýärdi. -Umumanam ol Jimi menden has gowy görýär-diýip men iň soňunda jemledim we Attikusa ony häziriň özünde kowmagy teklip etdim. -A sen Jimiň oňa senden iki esse az hunaba ýuwutdyrýandygyny aňşyrmaýarsyňmy?-diýip Attikus gaharly sorady:-Men Kelpurniýa bilen häzirem, soňam hoşlaşmak islemeýärin. Biz Kelsiz bir günem oňup bilmeris, sen öňde-soňda bu barada bir gezek bir pikir edip gördüňmi? Onda şeýle, onuň sen barada nähili alada edýändigi hakynda oýlanyp gör, özüňem merhemet et-de oňa gulak as! Düşündiňmi? Men mekdebe dolandym we oturan ýerimden Kelpurniýany ýigrendim oturdym. Birdenem meniň garaňky oýlarymyň arasyny çirkin ses üzdi. Men kellämi göterdim. Klasyň ortarasynda hanym Kerolaýn durdy, gorkudan ýaňa onuň ýüzi gyşaryp giden ekeni. Arakesmäniň dowamynda ol birneme özüne gelip, ýene-de bizi okatmagy dowam etmäge girişen bolara çemeli. -Diri! Diri!-diýip ol çygyrýardy. Oglanjyklaryň hemmesi birden oňa kömege topuldylar. Eý Hudaý-eý, syçandan gorkaýpdyr, diýip men oýlandym. Girdenek lakamly Çarli Litl, diri mahluklaryň ählisine örän seýrek duş gelýän dözümsiz adam, mugallymadan sorady: -Ol nirä gaçdy, hanym Kerolaýn? Tizräk aýdyň! Hany bol gapyny ýap, bejit-diýip ol yzynda oturan oglanjyga buýurdy:-biz häzir ony tutarys. Bahymrak, hanym, aýdyň, ol nirä gaçdy? Hanym Kerolaýn sandyraýan barmaklary bilen ýere ýa-da öz ornuna görkezmedi-de maňa nätanyş bolan bir göhert ýaly oglany görkezdi. Girdenek gaşyny çytdy we ýumşaklyk bilen sowal berdi: -Siz muny ol barada aýdýarsyňyzmy, hanym? Hawa, onuň diridigi göz-görtele ahyry. Ol näme sizi gorkuzaýdymy? -Men gapdalyndan geçip barýaryn, onuň saçlarynda bolsa süýşüp barýar…edil saçlarynda gymyldap ýör-dä…-diýip hanym Kerolaýn zordanjyk gepledi. Girdenek ernini gulagyna ýetiräýjek bolup ýyrşardy: -Bu ýerde hiç hili gorkuly zat ýok ahyry, hanym. Hymh, bit – nähili görülmedik jandar! Rahatlanyp öz ornuňyza geçiň-de ýene-de az-owlak bizi okadyberiň. Girdenek hem meykomblylaryň aglaba köpüsi ýaly, indiki gezek haçan iýip-içmek nesibesinde boljakdygyny bilmeýärdi, emma ol dogabitdi jentlmendi . Ol hanym Kerolaýny tirseginden emaý bilen tutdy-da mugallymyň ornuna çenli ugratdy. -Siz ynjalyksyzlanmaň, hanym,-diýdi-de ol ýene-de goşdy:-Bitlerden gorkmak gerek däl. Men size häzir içmek üçin suwjagaz getirip bereýin. Bitiň eýesini bu başagaýlyk dynnym ýalyjagam tolgundyrmady. Ol kellesini gaşady-da, çagyrylmadyk myhmanyny sermeläp tapdy we iki barmagy bilen ony ýagty jahana çykardy. Hanym Kerolaýn elheder almakdan ýaňa tegelenen gözlerini ondan aýyrmaýardy. Girdenek oňa kagyz bulgurjykda suw getirdi, ol minnetdarlyk bilen içdi welin, ahbetin oňa geplemek ukyby gaýdyp geldi. -Seniň adyň näme, dostjagazym?-diýip ol mylakatlylyk bilen sorady. Göhert gözlerini gyrpdy: -Kimiňki, meniňkimi? Hanym Kerolaýn baş atdy. -Barri Ýuel. Hanym Kerolaýn okuwçylaryň sanawyna göz gezdirdi. -Bu ýerde Ýuel bar, ýöne ady ýazylmandyr. Seniň adyň nähili ýazylýar? -Bilemok. Öýde meniň adymy Barris diýip tutýarlar, bar bolany şu. Hanym Kerolaýn: -Ýeri bolýar-da, Barris,-diýdi:-Meniň pikirimçe biz seni bu günlükçe sapaklardan boşadarys. Sen öýüňe git-de kelläňi ýuw. Ol çekerinden galyň kitaby çykardy-da, onuň sahypalaryny geçirişdirdi, ýeke pursat içinden okady. -Ol zatlara garşy örän oňat öý melhemi… Barris, öýüňe git-de kelläňi garaýagly sabyn bilen ýuw. Soňra bolsa hamyňy kerosin bilen süpür. -O näme üçin beýtmeli? -Nemelerden… bitlerden dynmak üçin. Düşünýärmiň, Barris, senden beýleki çagalara-da geçmegi mümkin, sen muny islemeýärsiň ahyry, dogrumy? Barris ýerinden turdy. Men ömrümde ilkinji gezek adamyň şunuň ýaly hapa bolup bilýändigini gördüm. Boýny gara-çal, elleriniň derisi tozgalap dur, dyrnaklarynyň aşagynda bolsa ýas tutulýar. Diňe ýüzüniň ortarajygy, takmynan bir aýa möçberinde ýeri ýuwulgydy. Ertirden bäri hiç kim oňa üns bermeýärdi, megerem irdenden bäri tutuş klasy meniň bilen hanym Kerolaýnyň güýmändigi üçin bolsa gerek. -Onsoňam, haýyş edýän, Barris,-diýip hanym Kerolaýn üstüni ýetirdi:-ertir mekdebe gelmezden öňürti hökmany ýagdaýda hammama girgin. Göhert hahahaýlap başlady. -Siz meni kowandyryn öýdüp pikir edýärsiňizmi, bikejik? Meniň özüm giderin. Bu ýyllykça men eýýäm ýeterlik okadym. Hanym Kerolaýn oňa düşünmezlik bilen seretdi. -Sen näme diýjek bolýarsyň? Ol hiç zat jogap bermän äsgermezlik bilen ernini gyşartdy. -Ol Ýuellerden, hanym,-diýip uly oglanlardan biri düşündirdi welin, men pikir etdim, ol barybir düşünmez, haçan-da men Kaningemler barada aýdanymda-da ol düşünmedi ahyry. Ýöne hanym Kerolaýn üns bilen diňleýärdi. Biziň mekdebimiz Ýuellerden doludy. Olar her ýyl, ilkinji gün mekdebe gelýärler, soň bolsa taşlaýarlar. Ilkinji günem olary mekdebe gelmäge gözegçi zenan mejbur edýär, ol hem şerife aýtjakdygy barada haýbat atandan soň şeýle bolýar, ondan soň bolsa gözegçi zenan hem hiç zat edip bilmeýär. Ol pikir edýär, olary sanawa girizdim, ilkinji gün mekdebe kowalap dykdym, şonuň bilenem kanuna laýyklykda ähli zat gülala-güllük diýip hasap edýär, soň bolsa bütin ýylyň dowamynda bellik ediň, sapakda bolmady diýip, ine-de bar bolany… -Olaryň ene-atasy nirä seredýär ahyry?-diýip hanym Kerolaýn geň galdy. -Ejeler-ä aradan çykdy-diýip jogap berdiler:-kakalary üçin bolsa boldam bir bolmadam. Bu gürrüň Barris Ýueliň hoşuna gelýändigi mese-mälimdi. -Men birinji klasa eýýäm üçünji ýyl gatnap ýörün,-diýip ol buýsanç bilen habar berdi:-Eger-de birazajyk gaýrat etsem, indiki ýyl dagy ikinjä geçirmekleri-de ahmal. -Haýyş edýän, otur, Barris!-diýip hanym Kerolaýn pyşyrdady. Ine şu ýerde welin mugallyma ýalňyşdy. Şoňa çenli Ýuel hemme zada çydap durdy, emma indi welin, gazaba mündi. -Beýle bolaýmaz! Girdenek ýerinden turdy. -Ony goýberiň, hanym,-diýip ol maslahat berdi:-Ol nejis oglan, ýöne nejis. Bärde bir bulam-bujarlyk eder, biziň aramyzda bolsa körpejeler hem bar. Girdenegiň özem ýerden ýeke garyş saýlanan welin, emma şonda-da Barris Ýuel oňa tarap öwrülende, ol çaltlyk bilen elini kisesine sokdy. -Eý, eý, seresap bol,-diýip ol haýbat atdy:-ýogsa “wah” diýmäkäň janyňy alanymy-da duýman galarsyň. Göteril, hany, şu ýerden. Barris özünden iki esse kiçi oglanjykdan gorkan bolara çemeli, hanym Kerolaýn hem onuň ýeke pursatlyk aljyraňňylygyndan peýdalanmaga howlukdy. Ol: -Bar, Barris, öýüňe gaýt,-diýdi:-Ýogsa sen direktor bilen iş salyşmaly bolarsyň. Her niçik-de bolsa men oňa bu zatlaryň ählisi barada habar bermäge borçly. Ýuel syrtardy-da, äwmezeklik bilen dähedem-dessemläp, işige garşy ýöneldi. -Al kakmyş, habar beriber berseň! Tapyldy bir sümükli mugallymajyk, öňem sen ýalylary kän gördük biz. Pikir edýär, özi meni kowýandyryn öýdüp. Bilip goý, meniň özüm gidýärin! Isledim-de gitdim! Ol ýene-de az salym durdy-da, mugallymanyň hakykatdan hem aglaýandygyna göz ýetirdi. Diňe şondan soň aýaklaryny ýaltalyk bilen ýerden süýräp, ötägitdi. Biziň hemmämiz mugallymanyň daşyna üýşdük, her kim başardygyndan hanym Kerolaýny köşeşdirip ugrady. Nejis, bu Ýuel…bu dogry däl ahyry…onuň ýalylary okatmagyň hem derkary ýok… meýkomblylar beýtmeýärler, hanym Kerolaýn, biziňkiler beýle iş etmeýärler…gynanmaňsana, hanym…hanym Kerolaýn belki, siz, bize ýene-de bir zatlar okap berersiňiz? Pişikler barada dogrusy, belli bir derejede gyzyklyrak hem ýaly boldy… Hanym Kerolaýn ýylgyrdy, batly sümgürdi we: “Meniň mähribanlarym, sag boluň, indi bolsa ýerli-ýeriňize geçiň” diýdi. Soňam kitabyny açdy-da, näme üçindir öýüň içinde ýaşaýan gurbaga barada up-uzyn hekaýa bilen tutuş birinji klasy gümürtik ýagdaýa saldy. xxxxx Haçan-da men şu günüň dowamynda dördünji gezek (eýýäm ikinji gezek bolsa ylgap) Redlileriň jaýynyň deňesinden geçmeli bolanymda, edil şu jaý ýaly meniň göwnümi hem gamaşyk duýgular doldurýardy. Eger-de bütin okuw ýyly şunuň ýaly galagoply hadysalardan doly bolsa, onda dogrusy bu gyzykly hem bolar, ýöne şonuň bilen birlikde-de tutuş dokuz aýlap okamagam, ýazmagam gadagan bolsa, onda iň gowusy men gaçyp giderin. Agşama ýakyn, biz Attikusy garşy almak üçin ylganymyzda meniň meýilnamam eýýäm taýyndy, men hatda hemişekim ýaly Jimi ozmaga-da synanyşyk etmedim. Biz hemişe Attikusy işden soň garşy alýardyk we ol poçtanyň ýerleşen künjeginden görnen badyna oňa garşy ylgaşyp gaýdýardyk. Megerem, Attikus meniň gündiz ýazgarmaklyga sezewar edilendigimi undan bolar çemeli, mekdep baradaky sowallardan meniň üstümi gömdi. Men göwünli-göwünsiz jogap berýärdim, şonuň üçin ol hem beýlebir ýanjap sorap durmady. Megerem Kelpurniýa hem meniň günümiň öte agyr geçendigine düşünen bolara çemeli, maňa agşamlyk nahary üçin saçak ýazyşyny synlamaga rugsat berdi. Ol: -Gözüňi ýum-da, agzyňy aç-diýdi. Ol bizi kibirdewük çörejikler bilen juda seýrek hezzetleýärdi, hemişe elim degmeýär diýip aýdýardy, ýöne bu gün biziň ikimiz hem mekdebe gidipdik, şonuň üçinem onuň işi azrak bolan bolara çemeli. Ol meniň kibirdewük çörekçeleri nähili halaýandygymy bilýärdi. Ol: -Sizi göresim gelip, içim gysyp gitdi-diýdi:-Birhili öýümiz boşap galdy welin, iki sagatlyk dagy radiony işletmeli boldy. -Ol näme üçin? Biz Jim bilen barybir öýden çykman oturmaýarys ahyry, diňe ýagyş ýaganda diýäýmeseň… -Wah şeýle-le welin,-diýip Kelpurniýa aýtdy:-ýöne barybir, eger-de gygyrsaň ikiňizden biriňiz ylgap gelýärsiňiz ahyry. Men bolsa ýarym günläp dagy diňe sizi çagyryp geçirýärin ahyry. Onda näme, -diýip ol pessejik oturgyçdan turup durşuna üstüne goşdy:-Men ylaýyk çörejikleri guratmaga ýetişerin. Indi bolsa, bar ylga, maňa saçagy ýazmaga päsgel berme. Ol egildi-de meni öpdi. “Muňa näme bolduka, birden” diýip men ylgap barýarkam oýlandym. Megerem günäkärdigini özi hem bilip, ýaraşmak isleýär öýdýän. Hemişe maňa yrsarap ýördi welin, bu gün ahyrsoňy munuň adalatsyzdygyna düşünip, ökünen bolmaly, ýöne şonda-da hötjet bolandygy zerarly bu barada göni aýdaýmaýar. Bu gün men günüň dowamynda sebäpsiz göwnüme degmeklerinden halys ýadadym. Agşam naharyndan soň Attikus kürsüsine geçip, gazetini aldy-da, meni çagyrdy: -Hany, okap başlarysmy, Gözlüje? Ine muňa welin, men döz gelip biljek däldim, şonuň üçinem sesimi çykarman eýwana ötägitdim. Attikus yzym bilen geldi. -Gözlüje, näme boldy? Men ýaramajak bolýandygymy we eger-de ol garşy bolmasa, indiden beýläk mekdebe gitmejekdigimi aýtdym. Attikus hiňňildikde oturdy-da, aýagyny aýagyna atyp, elini sagat salynýan kisejigine sokdy. Ol hemişe şeýle etse özüniň has göwnejaý pikirlenip bilýändigini aýdýardy. Ol dymyp, duýgudaşlyk bilen garaşýardy, menem mundan peýdalanyp öz goranyş sepgitlerimi berkitmegi ýüregime düwdüm. -Sen mekdepde okamansyň ahyry, görýäňmi, saňa hiç zadam bolmandyr, menem şonuň üçin mekdebe gitmerin. Iň gowusy, seni we Jek kakamy atamyň okadyşy ýaly, özüň meni okadaý. Attikus: -Men başarmaryn-diýdi:-Men iýjek çöregimizi gazanmaly. Onsoňam, eger-de sen mekdebe gatnamasaň, meni türmä basarlar. Şonuň üçinem bu gün magneziýa iç, ertir bolsa okuwyňa gidersiň. -Äý ýok-la, men syrkaw däl-le. -Men şeýledirem öýtdüm. Ýeri näme boldy? Men kakama özümiň başdan geçirmelerim barada sözme-söz gürrüň berdim. -…onsoň mugallyma maňa diýýär, hamana sen meni nädogry okadypmyşyň, şonuň üçinem mundan beýläk ikimize hiç haçan, hiç haçan bilelikde okamak bolmaýarmyşyn. Ýalbarýan, meni indi mekdebe ugratma, ýalbarýan! Attikus ýerinden galdy-da, eýwanyň beýleki çetine ýöneldi. Şol ýerde çakdan aşa uzak hem öte yhlas bilen glisiniýa gülüniň şahajygyny öwrendi, soňra meniň ýanyma dolandy. Ol: -Ilki bilen, Gözlüje, bir juda ýönekeý emeli öwrenjek bol-diýdi:-Şonda saňa dürli häsiýetli adamlar bilen oňuşmak aňsat bolar. Adamyň nukdaýnazaryna geçmän, onuň ýerine özüňi goýup görmän, oňa hakykatdanam düşünmek juda kyn… -O nähili? -Onuň hamyna girmeli we onda birneme gezmeli. Attikus ýene-de bu gün meniň örän köp zady öwrenendigimi, hanym Kerolaýnyň hem käbir zatlary öwrenendigini aýtdy. Mysal üçin, Kaningemlere sadaka hödürlemeli däldigini, ýöne Uolter we men onuň hamyna giren bolsak, onuň bu hereketi göwne degmek üçin däl-de, ýalňyşyp edendigine düşünjek ekenik. Ol bary-ýogy birje günüň dowamynda meýkombyň ähli däp-dessurlaryna öwrenişip bilmez ahyry, şoňa görä-de, käbir zatlary bilmeýändigi üçin ony günälemek gerek däl. Men saklanyp bilmedim: -Goý, meni ýer hopsun!-diýdim:-Men oňa okasalar ýaramaýandygyny bilmändirin-ow, ol bolsa meni ýazgardy… Diňle, Attikus, maňa mekdebe gitmek düýbünden gerek däl!-diýip birden meniň aňyma ýetdi:-Men saňa Barris Ýuel barada gürrüň berdim ahyry! Ol her ýyl diňe ilkinji gün mekdebe gelýär. Gözegçi aýal ony sanawa goşýar we kanun boýunça ähli zat gülala-güllük… Attikus: -Bu bolmaz, Gözlüje,-diýdi:-Käbir ýagdaýlarda kanunyň daşyndan aýlanyp geçmek bolar. Ýöne seniň ýagdaýyňda welin, kanun eglişik edip bilmeýär. Şol sebäpli-de saňa mekdebe gatnamak hökmany bolar. -O näme üçin Ýuellere bolýar-da maňa bolmaýar? -Hany, diňle onda. Şondan soň Attikus Ýuelleriň eýýäm üç arka bäri mydama Meýkomb üçin masgaraçylyk bolup gelýändiklerini aýtdy. Ol özüni bileli bäri Ýuelleriň ýekejesi-de arassa zähmet bilen güzeran aýlamandyr. Ine täze ýylda, haçan-da baýramçylykdan soň içerini ýygnaşdyrýarkalar, ol meni ýanyna aljakmyş we olaryň nirede hem nähili ýaşaýandyklaryny görkezjekmiş. Olar adam ýaly däl-de, haýwan ýaly ýaşaýarmyşlar. Attikus: -Eger-de olarda jinnek ýaly okamaga isleg bolan bolsady, onda olar hemişe mekdebe gatnap bilerdiler-diýdi:-Elbetde olary güýç bilen hem mejbur edip bolardy, ýöne Ýueller ýaly adamlary olaryň barmak islemeýän ýerlerine zor bilen süýräp eltmek samsyklyk bolar… -Ýöne, eger-de, men ertir mekdebe gitmesem, sen meni zor bilen şol ýere süýräp äkidersiň ahyry. -Hany, bu barada besdir, indi-diýip Attikus gurak aýtdy:-Sen hem edil beýlekiler ýaly adam, hanym Gözlüje Finç. Şonuň üçinem özüňi kanunda bellenilişi ýaly alyp bar. Ol: “Ýueller beýleki adamlar ýaly däl, olaryň öz durmuşy endikleri bar” diýdi. Şonuň üçinem kähalatlarda adaty adamlar parasatlylyk bilen olara käbir artykmaçlyklary berýärler, has düşnükli aýdanyňda olaryň käbir etmişlerine göz ýumýarlar. Mysal üçin, Ýuellere mekdebe gitmezlige rugsat berýärler ýa-da Bob Ýuele, Barrisiň kakasyna, aw möwsümi bolmasa-da aw awlamaga we hepbik gurmaga rugsat berýärler. Men: -Ýöne bu örän erbet ahyry, Attikus!-diýdim. Meýkomb okrugynda gadagan edilen wagtda aw edilmegi kanun tarapyndan yzarlanýardy we beýle etmişi ähli ýaşaýjylar hem günäkärlere bagyşlamaýardylar. Kakam: -Hawa, elbetde bu bikanun,-diýdi:-munuň erbetdigi hem dogry. Ýöne adam özüne berilýän hemaýat puluny arak-şeraba sarp etse, onuň çagalary açlykdan ýaňa hünibirýan aglaýarlar. Men öz okrugymyzda şol çagalar üçin bir towşany gysganjak mülk eýesiniň bardygyny bilmeýärin, hatda olaryň kakasy şol towşany bikanun awlan hem bolsa. -Barybir jenap Ýuel gowy hereket-ä etmeýär… -Elbetde gowy hereket däl, ýöne ol hiç haçan düzelmez. Ýöne, bu sebäpli sen onuň çagalaryny hem ýazgarmarsyň ahbetin? -Ýok, jenap-diýip men myňňyldadym. Soň bolsa iň soňky synanyşygy etdim:-Ýöne, eger-de men mekdebe gatnasam, biziň ikimiz hiç haçan bileje okap bilmeris… -Bu seni gaty gynandyrýarmy? -Hawa, jenap. Attikus maňa nähilidir birhili üýtgeşik seretdi, men çuslandym. -A sen eglişigiň nämedigini bilýärsiňmi?-diýip ol sorady. -Bu haçan-da kanunyň daşyndan aýlanyp geçilmegimi? -Ýok, bu haçan-da, birek-birege eglişik edilmeginiň netijesinde ylalaşyga gelmek bolýar. Mysal üçin, eger-de sen mekdepde okamaga razy bolsaň, biz seniň bilen her agşam öňkümiz ýaly bileje okamagymyzy dowam ederis. Gepleşdikmi? -Hawa, jenap! -Meniň pikirimçe, adaty resmi kepillik hereketlerini amala aşyrmasak hem bolar diýip çak edýärin-diýip Attikus, onuň aýasyna tüýkürip şertleşigimizi berkitmekçi bolýandygymy görüp aýtdy. Haçan-da men gapyny açanymda bolsa ol yzymdan: -Ýöne, Gözlüje, mekdepde gowusy ikimiziň şertleşigimiz barada dil ýarmagyn. -Näme üçin? -Meniň pikirimçe, ikimiziň bu ugurdaky işjeňligimiz ýokary derejede abraýly şahslaryň makullamagyna mynasyp bolmasa gerek. -O nähili? Biz Jim bilen kakamyň wesýetnamalaryň hem kodeksleriň dilinde geplemegine bir mahal öwrenişipdik we eger-de onuň haýsydyr bir jümlesine düşünmesek, onuň sözüni bölüp, ondan şol söz düzüminiň ynsan dilinde nämäni aňladýandygyny soramaga haklydyk. Attikus: -Men hiç wagt mekdebe gatnamadym,-diýdi:-ýöne, meniň pikirimçe, eger-de hanym Kerolaýn ikimiziň her agşam bilelikde kitap okaýandygymyzy eşitse, ol eýýäm, diňe saňa däl-de, maňa hem erişip başlar, ine muny welin, men düýbünden islemeýärin. Şol gün agşam biz tä ýatýançak, Jim bilen gülüp-gülüp içimiz gyrlara geldi, sebäbi Attikus şol bir asuda keşbini saklap, bize, näme üçindir jaýyň üçegindäki baýdak asylýan sütüne münen we düşmek islemeýän adam barada içege ýaly uzyn hekaýany okap berdi. Şondan soň Jim bütin şenbäni biziň çynardaky öýjagazymyzda oturyp geçirmegi ýüregine düwdi. Ol öýjagazymyza ertirlikden soň mündi we tä gün ýaşýança ol ýerden düşmedi. Megerem gije hem düşmezdi welin, Attikus aragatnaşyk hem üpjünçilik ulgamynyň arasyny ýolaýdy. Uzakly gün men Jimiň tabşyryklary boýunça çynara münüp-düşüp, öý bilen ikiaralykda ylgap geçirdim, oňa kitap, iýmit, suw daşadym, haçan-da oňa gije üşemez ýaly ýorgany süýräp barýarkam bolsa, Attikus meni gapyp aldy we eger-de biz Jime üns bermesek, onuň özi irip, ýere düşer diýdi. Attikusyň aýdany dogry bolubam çykdy. Dowamy bar. | |
|
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Geñeşden öñki sala - 19.08.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ädikçi bilen atbakar - 21.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |