21:36 Syry çözülmeýän zat: Wagt | |
SYRY ÇÖZÜLMEÝÄN ZAT: WAGT
Ylym we tehnologiýa
Günorta-günbatar Amerikada ýaşaýan hopi indeýleri we Kanadanyň demirgazyk polýusyna ýakyn sebitlerde ýaşaýan eskimoslar bu dünýä başlangyjy we ahyry bolmadyk, saklanman aýlanyp duran döwürleriň krweni höňkmünde garaýarlar. Hytaý we ýapon medeniýetlerinde-de şu pikir höküm sürýär. Ýöne hristian Günbatar dünýäsinde wagt geçmişden geljege tarap durnukly hereket edýän ulgam hasaplanýar. Kristen Lipponket “Hudaý hiç wagt yza hereket etmez” diýýär. Wagt käte suw ýaly akyp gidýär, käte-de edil hiç geçmeýän ýaly görünýär, emma her näme-de bolsa ol öňe hereket etmegini dowam etdirýär. Onuň gymmatyny bilýänimiz az, bilmeýänimiz bolsa örän köp. Oňa sabyrsyzlyk bilen garaşyşymyz ýaly, çalt geçmegini isleýän wagtymyzyň bolýandygy hem hakykat. Käbirlerimiz onuň bilen ýaryşmaga çalyşýarys. Ony ölçemek üçin ylmyň we tehnikanyň iň soňky täzeliklerinden, gazananlaryndan peýdalanýarys. Gepiň gysgasy, adamzat wagt bilen şeýle bir eriş-argaç bolupdyr welin, ony erkin barlyk hökmünde göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Eger ony erkin, ýagny biziň bilen baglanyşygy bolmadyk zat hökmünde göz öňüne getirmäge synanyşsak hem oňyn netije alyp bilmejegimiz hak. Atomyň üstüni açan, genleriň we älemiň inçe syrlaryny açmagy başaran alymlar wagtyň nämedigine enteklerem akyl ýetirip bilmeýärler. • “Wagtyň ahyry” 2000-nji ýyllarda Angliýanyň Grinwiç şäherinde ýerleşýän Korollyk obserwatoriýasynda geçirilen we wagt meselesini medeniýet, din, sungat, bilim nukdaýnazaryndan öwrenen “The Story of Time” (“Wagt hekaýaty”) atly sergi adamlarda uly gyzyklanma döredýär. Kitap dükanlaryndaky tekjelerde bolsa wagta degişli kitaplaryň sany köpelýär we olaryň ähmiýeti artýar. Amerikanyň meşhur ýazyjylarynyň biri Jeýms Gleýk özüniň “Faster” (“Has çalt”) atly kitabynda adam ömrüniň örän çalt geçýändiginden zeýrenýär. Angliýada 2000-nji ýylyñ ýanwar aýynda satuwa çykan “The End of Time” (“Wagtyň ahyry”) atly ylmy eserini ýazan iňlis fizigi Julian Barbur “wagt” diýen bir zadyň ýokdugy baradaky pikirini öňe sürýär. Onuň pikirine görä, wagt ynsan oglunyň gury hyýalyndan başga zat däldir. • Iriziji ideýa Tehnologiýanyň ösmegi wagty doly kesgitlemek we ýöretmek meýlini iriziji ideýa öwürdi. Senagat rewolýusiýasyndan öňki döwürlerde güni we wagty kesgitlemek münejjimler we deňizçiler üçin örän möhümdi. Beýleki adamlar üçin bolsa gün daň atmagy bilen başlaýardy. Gün süýr depä gelende günortan bolýardy, Günüň batmagy bilen bolsa agşam düşýärdi. • Sekundyň milliarddan biri 1790-njy ýylda amerikalykaryň bary-ýogy 10%-niň öýünde sagat bardy. Üstesine-de bu sagatlaryň köpüsinde sekundomer ýokdy. Mälim bolşy ýaly, häzirki kosmos eýýamynda sekundyň milliarddan birini ölçemäge-de zerurlyk bar. Şeýle kiçi wagt birligini ölçemäge mehaniki sagatlara beýle-de dursun, kwars kristally wagt ölçeýji gurallaryň hem güýji ýetmeýär. Emma Waşingtonyň demirgazyk-günortasyndaky wagt edarasy bu işi amala aşyryp bilýär. Bu ýerde şeýle hasaplama üçin 28 sany ýörite atom sagatlary bolup, olaryň dördüsi wodorod, galanlary bolsa seziý atomlary bilen işleýär. Lazer şöhleleri ýa-da mikrotolkunlar bilen hereketlendirilýän atomlar örän tertipli ýagdaýda titreýärler we kompýuterler arkaly gözegçilik edilýän bu hereketler her sekundyň başynda Amerikanyň ýerli sagadyna ýetirilýär. Şondan soň bu ýerde we dünýäniň beýleki ýerlerinde kesgitlenen wagt ölçegleri Pariždäki Milli ölçegler we agram birlikleri edarasyna mälim edilýär. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |