09:31 Syýasy ýelpewaç | |
SYÝASY ÝELPEWAÇ
Publisistika
Heniz ortada ideologiýa diýen düşünje ýokka, "çep" we "sag" adalgalary ilkinji gezek 1789-njy ýylyñ Beýik Fransuz rewolýusiýasy wagtynda döwlet mejlisiniñ agzalarynyñ arasynda orta atyldy: Mejlisiñ başlygynyñ sagynda dine, korola wepaly öñki režimiñ goldawçylary, çepinde bolsa radikal rewolýusionerler oturdy. 1791-nji ýyldan başlap mejlisiñ agzalary üýtgese-de, taraplaşmalar dowam etdi - "täzelikçiler", "ylymlylar" merkezde we çepde, özlerine konstitusiýanyñ wyždanly goragçylary" diýýän öñki režimiñ tarapdarlary sagda oturdy. Ýuwaş-ýuwaşdan "buržuaziýanyñ aristokratiýa bilen dil tapyşmagy" netijesinde bu düşünjelere "ekstremistik sag", "esktremistik çep" we "merkezi sag", "merkezi çep" adalgalary goşuldy... Işçiler synpy 1848-nji ýylyñ rewolýusiýasynda taraplaşma "demokratik sosialistler" bilen "yzagalaklar" hökmünde görüldi. 1871-nji ýylda Üçünji Respublikanyñ yglan edilmegi bilen birlikde adalgalar syýasy partiýalar tarapyndan oñlandy: Respublikaçy çep, Merkezi sag, Merkezi çep, Ekstremistik çep (1876) we Radikal çep (1881)... we ş.m. we ş.m. Şuny-da aýdyp geçeýin: "Çep" we "sag" sözleei ilkibaşda garşydaşlary tarapyndan sögünç söz hökmünde ulanyldy. Hakykatda çepdäkiler özlerini köplenç "respublikaçylar", sagdakylar bolsa özlerini "konserwatiw" diýip atlandyrýardylar... * * * "Çep" we "sag" sözleriniñ ulanşygy Fransiýadan beýleki ýurtlara ýaýrady. Mysal üçin, iñlis syýasatynda "sag" we "çep" adalgalary ilkinji gezek 30-njy ýyllaryñ ahyrlarynda Ispaniýanyñ graždanlyk uruşyna degişli jedeller bilen ulanşyga girdi. Täsin ýeri, ispan graždanlyk urşunda faşist falangistler "sag" we "çep" düşünjeleriniñ ýokdugyny (senkretik syýasaty) ilkinji bolup orta atan hereket boldy! Dünýäde umuman alanda çep ganat azatlyk, deñlik, doganlyk, adam hukuklary, progressiwlik, reforma, internasionalizm ýaly pikirlere, sag ganat häkimiýet, ierarhiýa, tertip-düzgýn, watansöýüjilik, borç ýaly düşünjelere agram berdi. Iki düşünjäniñ her ýurtda aýry-aýry manysynyñ bardygyny-da nygtamak gerek: Öñler köpçülik bölünişigiñ düýp faktorynyñ "synpdygyny" pikir edýärdi. Aýratynam Günbatarda kapitalistik ykdysadyýetler ösdügiçe, aristokratiýanyñ ýerini buržuaziýa eýeledigiçe, ýewropaly işçiler synpy koloniýalardan gelýän düşewüntlere "şärikdeş" edildigiçe "synp" nygtamalaryny azaltdy. Galyberse-de, Sowet Soýuzynyñ dargamagy Günbataryñ syýasy partiýalarynda düýpli üýgeşmelere getirdi. Günbatarly-Günbatarçy partiýalaryñ ykdysady-syýasy çemeleşmelerinde çep bilen sagyñ arasynda ideologik tapawut azalmaga başlady. Bölünişik awtoritarlyk, dünýewilik, jynsyýetçilik, feminizm, daşky gurşawyñ hapalygy, etnosite ýaly meselelere tarap taýdy... Mysal üçin: * * * Neoliberalizmiñ çepdäki "Üçünji ýolunyñ" wekili Toni Bleýr 2006-njy ýykda Angliýanyñ premýer-ministri bolup işleýän döwri syýasatdaky esasy bölünişige çep-sag däl-de, açyk-ýapyk hökmünde baha berdi. "Açyk" saýlawçylar medeni taýdan liberallaşmaga, köpmedeniýetlilige, globallaşmaga meýilli bolup, "ýapyk" saýlawçylar medeni taýdan konserwatiw, göçe garşy bolmak ýaly goragçylyga ýakyn durýardy! Ýagny... Syýasy çemeleşme diñe sosial-medeni meseleleriñ üstünden amala aşyrylmaga başlandy. Ýygy-ýygydan ýeke çep-sag gurşawynyñ syýasy garaýyşlardaky köpdürliligi kesgitlemek üçin ýeterlik däldigi öñe sürüldi. "Deñlikçilik" ýaly sosial adalat talaplary ýatdan çykaryldy. "Imperializm" komplimasiýaçy düşünje ýaly görkezilmäge başlandy! Hem dünýäniñ çar künjünde her garaýyşy gurşap alan we adyna "beýik çadyr partiýalary" diýilýän strukturalar orta çykdy. Şeýle-de: ekstremistik çepiñ we ekstremistik sagyñ garşydaş uç däl-de, birmeñzeşdigini öñe sürýän "at naly teoriýasy" orta atyldy! Netijede: Öz ideologiýasynyñ mümkin bolan ýeke-täk syýasy garaýyşdygyny öñe sürýänler çep we sag düşünjeleriniñ "möwritiniñ geçendigini" öñe sürdi! “Alеn” tahallusyny ulanan fransuz akyldary Emil-Ogýust Şartýeniñ 1931-nji ýylda aýdan sözüni mysal getireýin: "Adamlar maña sagçy partiýalar bilen çepçi partiýalar bölünişiginiñ häzirem güýjüniñ bardygyny-ýokdugyny soranlarynda kelläme gelýän birinji zat şu: Bu soragy berýän adam gürrüñsiz çepçi däl". Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |