16:42 Dostuñ dostlary | |
DOSTUÑ DOSTLARY
Publisistika
Kongres Netanýahuny agzalaryna ýüzlenmäge çagyrdy. Nähili gorkunjam bolsa, esasy habar Netanýahunyñ bu çakylygy kabul edendigini mälim etmegidir. Masgaralanmagy kabul edenler masgaralanmak agyr düşmeýär. Şular ýaly çakylyk şular ýalam masgaralanmaga mynasyp. ABŞ-nyñ Kongresindäki Respublikan we demokrat liderler Ysraýylyñ premýer-ministri Binýamin Netanýahuny Kongresdäki umumy ýygnanşyga ýüzlenip çykyş etmegi üçin çagyrdy / Fotosurat: AP (Arhiw) Ýakyn Gündogaryñ "ýeke-täk" demokratik ýurdy eýýäm bir ýyl bäri deñsiz-taýsyz demokratiýa tomaşasyny görkezýär! Demokrat "Likud" we "Haredi" partiýasynyñ agzalary-da bu tomaşa-da baş rollarda çykyş edýär. Netanýahu demokrat, Ben Gwirem güýçli. Indem jümle-jahana hoşniýetliligiñ, azatlyklaryñ, owadan görünmeleriñ we sypaýylygyñ ýyldyzy wada berilýär. Hakykatda, Ysraýyl bu uruşda iñ uly ýitgini Gazada däl-de, ähli çuñluklary bilen çaknyşygyñ ekranynda çekdi. Bu ýerde çakmyşyk siwilizlenen ýewropaly Gantz bilen günbatarly karikaturaçylaryñ suratlandyrmakdan ýadamaýan keşbi bilen wagşy, uzyn sakgally, eli hyýanat hanjarly arabyñ arasynda bilup geçýär. Tel-Awiwdäki syýasy haos sözde demokratik döwletiñ çökenliginden gelip çykýar. Garaşylman durka ruslar, nemesler we polýaklar biri-birlerinden daşlaşdy, ofiserler işden çykdy, sazlanşyklar ýitdi we tutuş struktura sarsdy. Az-kem öwrenişmäniñ daşynda geçen synag bilen bilelikdeligiñ we agzybirligiñ alamatlary ýom-ýok boldy. Wagşyýanalyk giñden ýaýrady, genosid medeniýeti agalyk sürüp başlady we "haýwanlaryñ" dilinden başga hemme dil ýok boldy. Bular "medeniýetleriñ çaknyşygynda" araplaryñ göz öñüne-de getirip bilmejek netijeleridi. Ysraýylda iñ medeni adam-a Ben Gwir, demokratiýanyñ halasgäri-de Awigdor Liberman boldy. Dünýä Gaza bilen Ysraýylyñ arasynda konflikte düşdi, indem ýakyp-ýumurmakda ýaryşýan iki bäsdeşiñ arasynda nätjegini bilenok. Kim beýlekisinden has köp ýakyp-ýumurmakda, öldürmekde, adamlaryñ elinden ýerlerini almakda we açlyga sezewar etmekde ýaryşýar. Demokratiýanyñ çürbaşyna gelenimizde bolsa, olam Ben Gwiriñ paýtagtynda däl-de, Benjamin Frankliniñ, Jorj Waşingtonyñ we beýleki düýbüni tutujy atalaryñ paýtagtynda görüldi. Iki mejlisi - Senaty we Wekiller palatasy bilen demokratiýanyñ maýagy bolan Kongres Netanýahuny agzalaryna ýüzlenmäge çagyrdy. Nähili gorkunjam bolsa, esasy habar Netanýahunyñ bu çakylygy kabul edendigini mälim etmegidir. Masgaralanmagy kabul edenler masgaralanmak agyr düşmeýär. Şular ýaly çakylyk şular ýalam masgaralanmaga mynasyp. Dosty Netanýahu bolanyñ sylagly agzalary-da dostlarydyr. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 04.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |