18:43 Täsin habar / satiriki hekaýa | |
TÄSIN HABAR
Satiriki hekaýalar
Işleýän ýeriñ redaksiýa bolsa, günde ýüz dürli hat gelýär. Olaryñ gelýän ýerleri ýaly, mazmunlary-da dürli-dürli bolýar. Her kim bir zat hakynda ýazýar. Ine, bir günem men redaksiýa gelen hatlar bilen tanşyp otyrdym. Olaryñ arasynda obadan gelen bir hat bada-bat ünsümi özüne çekdi. Ol hatyñ ýokarsynda "Täsin habar" diýen ýazgy bardy. Men bu haty bir demimde okap çykdym. Dogrudanam, habar täsindi. "Biziñ obamyz dag eteginde ýerleşýär. Dagda her hili jandarlaryñ bardygyny bilsegem, ý9ne heniz beýle wakany görmändik. Günortanyñ depäñi deşip barýan yssysynda biziñ obamyza dag tilkisiniñ biri myhmançylyga geldi. Oba çagalary derrew ýañky tilkiniñ daşyny gabap aldylar. Ol tilki sapalagyny atyp gaçjak boldy. Ýöne welin çagalar ony sypdyrarly däldiler. Tilki gyssanjyna açyk duran penjireden kürsäp öýe girdi. Şeýdibem, tilki ele düşdi". Men bu haty okap boldum-da "Janawar gündiziñ günortany obada nä körüñ bar diýsene" diýip, ýerimden turdum. Bu habara redaktoryñ orunbasaram geñ galyp başyny ýaýkady. - Nobatdaky sanymyza beräýsek nädýär? - diýip, men oña sala saldym. Orunbasar sesini çykarman, elindäki çilimini otlady. Ondan birki gezek işdämenlik bilen sordy-da, ähli tüssäni içine dartdy. Az salymdan yzyna zogdurylyp çykan agymtyl tüsse otagyñ içinde zolajyk bulutjagaz emele getirdi. Soñra ol: "Indiki sanymyzamy?" diýip, ýüzüme soragly seretdi. "Gaty gyssanmaly-la, ýene bäş günden redaktoryñ özem gelýär, onsoñ şoña-da bir görkezäýeli. Her zadam bolsa başlyk - başlyk bor" diýip, maña maslahat berdi. Redaktoryñ komandirowkadan gelen güni men ýañky habar bilen onuñ ýanynda häzir boldum. Redaktor bu haty üns bilen okady. Soñra ýüzüme dikanlap seretdi-de: - Myrat Berdiýewiç, men her gezek ýygnanşygymyzda size janymdan syzdyryp aýdýaryn ahyryn. Biziñ gazetimiz beýleki gazetler ýaly däl, onuñ öz aýratynlygy bar. Şonuñ üçinem taýýarlaýan materiallaryñyz gönüden-göni medisina degişli bolsun. Bolmasa bolanok. Ýeri, ynha, şu habaryñ biziñ redaksiýamyza näme dahylly ýeri bar? - diýip, maña seretdi. Soñra menden jogap bolmansoñ: "Koneçno, ýok" diýip, öz soragyna özi jogap berdi. Men keýpsiz halda dolanyp ýerime bardym. Edebi işgärimizi çagyrdym-da, ondan awtora jogap taýýarlamagy haýyş etdim. Şondan soñ geçen bolsa bir hepde wagt geçendir-dä. Şol awtoryñ ýene-de bir haty maña gelip gowuşdy. Men ony dykgat bilen okadym. "Gadyrly redaksiýa! "Biziñ gazetimize degişli bolmany üçin iberen täsin habaryñyzy ulanyp bilmedik" diýipsiñiz. Ýöne men ol hatymda esasy zady unudanlygymy soñ bilip galdym. Şol tilkiniñ gaçyp giren ýeri obamyzdaky keselhananyñ baş wraçynyñ öýüdi. Onuñ üstesine-de tilkini tutan çagajyklaryñ arasynda şol wraçyñ ortanjy ogly Durdyjyk hem bardy. Belki, şolary göz öñünde tutup, meniñ iberen habarymyz öz gazetiñizde ulanarsyñyz. Salam bilen S.Weliýew". Men guş bolup uçdum. Hatyñ soñraky setirlerini redaktoryñ ýanyna barýarkam, koridoryñ ugrunda okadym. Başlygyñ işigine açanymyzda, onuñ ýanynda oturan del adama gözüm düşdi. Men gözüm ýok ýaly kürsäp girjek boldum. Redaktor maña birazajyk garaş diýýän äheñde elini salgady. Lotoreýa biletim "Žiguli utan ýaly, meni näme üçindir birhili begenç duýgusy gaplap aldy. Redaktoryñ ýanyna girmäge howlugýardym. Edil içimi it ýyrtyp barýardy. Hernä meniñ bagtyma ol nätanyş adam uzak oturman, derrew çykyp gitdi. Redaktor haty okap gördi-de: - Ine, munyñ bolýar. Ertir çykjak sanymyzdan bir zady aýyryñ-da, gyssagly şu habary ýerleşdiriñ. Özem sözbaşysyny "Wraçyñ öýüne tilki girdi" diýip goýuñ. Gördüñmi, ýoldaş bölüm müdiri! "Yhlas bilen aglasañ, sokur gözden ýaş çykýan ekeni, durmuşda hut şeýle-de bolmaly, hormatly Myrat Berdiýewiç!" diýip, maña bir käse çaý uzatdy. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |