00:10 Telpege tüýkürden aýdym | |
TELPEGE TÜÝKÜRDEN AÝDYM
Aýdym-saz sungaty
Toý meýlisinde türkmen halk aýdymlaryny diňläp otyrdyk. Bagşy şirwan perdä çykyp, şirin labyz bilen aýdýardy. Aýdymdyr sazyň owazy adamlary şeýle bir janlandyrdy welin, olar taryplanýan näzenin zenanyň goýnunda ýazlap ýören ýalydy. Aýdym tamamlanandan soň, bagşa alkyş bary aýdyldy. Şonda aýdym-sazyň ölemen aşygy bir ýaşuly: “Bagşy, kesbiňden kemal tap. Ýaşyň uzak bolsun! Şu aýdymyň-a tüýs telpege tüýkürden aýdym boldy” diýdi. Her kim geňirgenip ýaňky ýaşula seretdi. Muny aňan ýaşuly bu sözüň gelip çykyşy barada şeýle gürrüň berdi: - Ir wagtlar bir gürrüňdeşlikde bagşylaryň haýsynyň oňat aýdýanlygy barada jedel bolupdyr. Şonda bir ýaşuly ady agzalýan bir bagşa göwni ýetmändigini ýaňzydypdyr. Bu gürrüň agyzdan- agza geçip, şol bagşynyň gulagyna ýetipdir. Bagşy bir toýda aýdym aýdyp otyrka şol adamy hoşamaýlap aýdymy diňlemäge alyp gelmegi birine tabşyrypdyr. Ýaňky ýaşulyny çagyryp getirip, bagşynyň golaýynda ýerleşdiripdirler. Öňünde dürli-dümen goýup hezzetläpdirler. Bagşy ýaşulyny tanansoň, aýdymy çynyrgadyp başlapdyr. Ýaşuly aýdym diňläp oturşyna telpegini çykaranynam hem duýmandyr. Bagşy halkyň göwnünden turýan bir aýdyma başlanda nas atypdyr. Aýdym tamamlanda bagşa her kim alkyş aýdypdyr. Bu ýaşulynyň hem aýdym aýdylyşyna göwni ýetip, bagşa alkyş aýtjak bolup, aljyrap nasyny telpegine tüýküripdir. Şonuň üçin naýbaşy aýdymlar aýdylanda "telpege tüýkürdýän aýdym boldy” diýmeleri bar. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |