22:35 Tilki we horaz / erteki | |
TILKI WE HORAZ
Ertekiler
Günlerde bir gün horaz gezelenje çykýar. Ol derwezäniň ýanyndaky äpet daragta çykyp, «Ki-ki-di-dik» diýip gygyrmaga başlaýar. Muny tilki eşidýär. Ol öz ýanyndan: «Bu horaz meniň üçin gowuja ertirlig-ä boljak ekeni» diýip pikirlenýär-de, daragtyň ýanyna barýar we: — Salam, gadyrly horaz! Neneň, keýpiň gowumy?! — diýip, horazdan soraýar. — Sag boluň, örän ýagşy — diýip, horaz jogap berýär. — Sen bilýäňmi näme? Häzir hemme haýwanlar dostlaşdy: aýam, towşanam, item, pişigem, horazam, hatda tilkem. Indi biz jana-jan dost. — Örän gowy — diýip, horaz aýdýar. — Gel, bizem dostlaşaly. Uç-da gel meniň ýanyma. Men saňa erteki aýdyp bereýin. — Bolýar — diýip, horaz jogap berýär-de, soňam: — Ýöne seret, ol ýerde bir adam iti bilen dur. Men ertekini şolar bilen bilelikde diňlemek isleýärin. — Näme, näme?! It?! Onda men gitdim. Sag bol! — Näme üçin gaçýaň? Hany, hemme haýwanlar dostlaşdy diýdiň ahyry?! — diýip, horaz onuň yzyndan gygyranda, tilki: — Hawa, hemme haýwanlar dostlaşýar. Ýöne weli, it bilen tilki hiç haçan dost bolup bilmez — diýip, tilki gaçyp barşyna aýdypdyr. Nemesçeden terjime eden Osman ÖDÄÝEW. | |
|
Материалов за текущий период нет.
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||